awgust
10.02.2024 13:52
Bir Haka, bir saňa aýdyp bilerin,
Ýüregimde beslän öz myradymy.
Eje, meni uzak ýaşatmak üçin,
Sen dakypsyň maňa Çynar adymy.

Ynan,agyr keşik düşse başyma,
Hassalansam, ýa-da ýüregim gyssa
Sen duýýaň baryny, gel-de, köşeşdir
Öz körpe gyzyňy bagryňa basda.

Bagt, şatlyk gyjyklasa böwrümi,
Hezil edip jak-jak urup gülerin.
Onsoň begenjime gaýybana ötüp,
Täzeden has bagtly bolup gelerin.

Durmuş ýörelgäme nur saçar ýaly,
Ýagşy öwüt-nesihatyň berip dur.
Kisäňe-de delje süýjüler salyp,
Agtyklaň ýanyna ýygy gelip dur.

Gussa güyçli,asgyn gelmegim mümkin,
Mertlik hergiz gerek bolyar adama.
Meni munda etmez yaly endişe,
"Gyzyň haly gowy" diýgin kakama.


10.02.2024
#Awgust güli Ç.M
(özüm)
45
165
rusick
25 Fewral 2024
@awgust, Menin ishdeshim menin halypam. Tuveleme goshgularyna soz yok. Galamyn ujy yiti bolsun halypam 🌹
wise
25 Fewral 2024
@awgust, galamyň ujy ýiti bolsun 👍
rusick
25 Fewral 2024
@awgust, halypaa 🙋‍♂️ I'm here!!!
wise
25 Fewral 2024
Salam gowy goşgy özüňiz ýazdyňyzmy?
sabyrly
11 Fewral 2024
@tmcell, salam ýok men size nädogry maglumat berdiñiz ýa beýleki diýmedim şol setiri ýazyp tankyt edendir ýa şèydiýmek bilen goşgynyñ kemi bar diyjek bolmadym sizem meni tankyt etýändir öýdüp düşündiriş berensiñiz öýtdum şoñ üçin ýalnyş düşünipsiñ diyip ýazypdym
2106
11 Fewral 2024
Gowy goşgy 👍👍❤️
sabyrly
10 Fewral 2024
@tmcell, sizem meni ters düşünipsiñiz aýtýanlarñyzyñ hemmesi dogry men şol setiri gowy görüp mysal getiripdim ondada ünsden düşürmäniñize minnetdar
sabyrly
10 Fewral 2024
@awgust, käbir adamlar bar diyip başgalary göz öñüne tutdum goşga söz yzy gür bolsun
sabyrly
10 Fewral 2024
@awgust, gelneje men sizi mysal getirdim ynha şeydip sada dilde ýazsañ ýürege ýakyn bolýar diyip aytdym ters düşünipsiñizä meni
sabyrly
10 Fewral 2024
Eje meni uzak ýaşatmak üçin,Sen dakypsyñ maña Çynar adyny. Käbirlerne düşünemok gosgyny çylşyrymlaşdygyça çylşyrymlaşdyrýalar şeýle hakykadyñ özüni aýtsañam sadalygyñ özem owadana üstünlik gowja goşgy galamyñyz ýiti bolsun
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.