awgust
05.02.2024 11:13
Bu endikden doly saplanmak we dyrnak gemirmäni bes etmek ün ilki biz bu hereketi näme ün edip başlayandygymyzy anyklamaly.

Dyrnagyňy (barmaklaryň syzylaryny) gemirmek endiginiň aýratyn häsiýete eýedigine düşünmeli.Ol adamyň psihologik ýagdaýy hem-de adamyň kadaly öz özüni alyp barşynyň bozulmagynyň netijesi bolup durýar.

Dyrnagyňy gemirmeklik- bu sözüň akyl ýetirmezden edilýän endik, biziň erkimizden we aňymyzdan daşary bolup geçýär hereket.
Ony näme döredýär?

Güýçli göwnüçökgünligiň sebäpleri dürli-dürli, hat-da global sebäpler hem bolup biler.

Lukmanlaryň nukdaýnazaryndan welin, dyrnagyňy gemirmek endiginden el çekmeklik hökmandyr.Adam dyrnagyny gemren mahaly, ol dyrnaklaryň arassalygy hakynda oýlanyp durmaýar.Şonuň ün hem dürli-dürli keselleri, soguljan ýumurtgalyklaryny ýokuşdyryp biler, dişleriň etine infeksiýa düşürip biler.

Gynansakda, bu zyýanly endikden dynmagyň halkara serişdesi heniz oýlanyp tapylmady.Iň esasy, dyrnagyňyzyň özüne çekijiliginiň sebäbini anyklamakdyr.

Zyyanly endiklerden daşda bolalyň mähribanlar!
30
43
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.