awesome
18.01.2022 12:03
Edilmedik dileg barmy dünýäde?
Ýa-da edilmesi agyr dilegler?
Adam hemme zatdan bolmaz dok mäde
Kyn gelse-de, bir gün artar tölegler

Ynha, eliň açyp Oňa ýalbarsyň
Düzüm-düzüm bolar, gutarmaz olar
Dilegsiz ýok, şolar bilen sen barsyň
Ol islese deňiz dolar, dag solar

Nebsiňe bäs gelip, bolarmy diläp
Özüňe ýekäni, özgä ikini
Eý, Biribar, ýürekleri eýeläp,
Her kime nesip et, hakyky dini?

Soňky demde aýrylmasyn imanlar
Sen razy bolmasaň, gerek däl jennet
Rähmet paýyň alsyn günäli janlar
Çekmäli hiç kimden dereksiz minnet

Söýgä öwür ýürekdäki kinleri
Dok wagtymyz, aç bolmasyn goňşular
Goý dost bolsun, gaýra bilen ileri
Şonda ýürek bir bolanda oňşular

Biz sebäp bolmaly özgäň derdine
Ýansak-da biz, goý ýanmasyn özgeler
Başgaň agyr ýükün alyp gerdene
Ýola çyksak, belki dünýä özgerer

Haýyr işiň gullaryňdan saklama
Rähmet ummanyňdan hiç zat kemelmez
Biri, begençlikäm, batsaýsa gama
Sen ýetişgin, meň elimden zat gelmez

Islemegi berdiň, islesin diýip
Özüme dilänim, özgä-de ýetir
Diňe başgalaryň gussasyn iýip,
Şolar üçin goýsam, haýyrly setir

Ömür geçip barýar, ömrümiz ýolup,
Bilýän, bir gün azar berer tölegler...
Näçe gyssansak-da, haýyrly bolup,
Öz wagtynda kabul bolar dilegler.

Çary ÝEGENMYRADOW.
8
17
awesome
17.01.2022 16:12
Gadyyym döwürlerde (563-483 b.e.ö) şuwagtky Nepalda owagtlar Lumbini diýen ýerde, gurplyja bir maşgalada gowja oglanjyk ýaşap ýör eken. Bir diýeni iki gaýtalanmaýan, döwrüniñ şertlerine görä maddy ýagdaýy gaty gowy bolan bu oglanjyk bir gün, bu zatlaryñ hiiiiiçisinden lezzet alyp bilmeýändigine göz ýetiripdir. Şeýdip Akyşyñ "bagt näme diýseler, puldur öýtmäñ adamlar" aýdymynyñ sözlerini pikirlenmäne başlapdyr.
Yañky oglanjygymyz, Siddharta Gautama, haaas meşhur ady bilen Buddha (ýagtylanan-durmuşy çözüp taşlan diýen manyda), bu barada pikirlenip başlapdyr. Buddha bu keýpleriñ ahyr soñy näme üçin jebir berýändigine düşünjek bolupdyr. We şeýle netijä gelipdir. Bu lezzetleriñ ahyr bir gün hassalyklar, ölüm we garrylyk ýaly sebäpler bilen soñunyñ geljegi bize ejir çekdirýär. Diýmek aslynda ejir çekmegimize sebäp bolýan zat bu lezzetleriñ dowamly bolmagyna bolan islegimiz we höwesimiz. Onda biz ejir çekmekden halas bolmak üçin isleglerimizden we höweslerimizden gopmalydyrs, olardan halas bolmalydyrs, diýip pikir edipdir. Ýöne özüne sütem berip bagt tapjak bolýanlaryñky ýaly eýlesini beýlesini kesmändir.
Onuñ ýerine has üýtgeşigräk ýoly, türkmençilikde-de aýdylyşy ýaly derwüşligi saýlapdyr we günorta tarap Hindistana aýlanmana başlapdyr. Bu höwes we arzuwlardan nädip halas bolmalydygynyñ ýoluny gözläp ýörkä birden kellesine bu arzuwlaryñ "EGO" ýagny bir "MEN"-e baglydygy gelipdir. Bu islegler bizin tebigatymyzda bar bolsa, olaryñ hem bary "EGO" bagly bolsa, onda men eýdip beýdip öz menligimden dynmaly diýägede ony nädip sadalaşdyrmalydygyñ ýoluny gözläpdir. Soñam şeý diýipdir: Biz bu durmuşdan aýry bir bölek däl, bizden öñkiler bar, we bizden soñkylar bolmaly, şeýlelikde biz aralykda ýönekeýje bir köpri. Onda "MEN"lik duygusyna beýle uly baha bermek hökman däl. Netijede Buddha "MEN"ligi ýok hasap etmezden sadalaşdyrmagyñ özüçe ýoluny tapypdyr, we bu ýol arkaly ýetilýän bagtyñ çür depesine NIRWANA diýip at beripdir.
Buddhañ maslahaty boýunça NIRWANA eltýän sekiz ýoly hem aýdyp gürrüñi tamamlaýaly:
1. Dogry añ
2. Dogry düşünje
3. Dogry gürrüñ
4. Dogry üns
5. Dogry yhlas
6. Dogry güzeran
7. Dogry niýet
8. Dogry hereket
"Asudalyk içiñden gelýändir, ony daşarydan gözleme!" - Siddharta Gautama

Galamkeş. @Nirvana
9
32
awesome
12.01.2022 08:52
Gökdepe
gökdepe! syrylyp gaflat perdesi,
türkmene sowulmaz döwran dönüpdir.
gökdepe metjidi – ajap erteki
asman gämisi deý ýere gonupdyr.
mermer metjit – wysal bolan hyýalym,
ýaraşypdyr owsun atýan zamana.
uzynly gün zähmet çeken diýarym
haka sygynyp, gulak salýar azana.
minaralar – owazy deý azanyň
çar ýandan uzaýar asmana bakan.
gökdepe şehidi – garry atamyň
ruhuna siz juma namazyn okañ!
munda gazap bilen dişläpdir hyrçyn,
paralanan döşden sarkyp gara gan,
gujagyna alyp şahly hyrlysyn,
ýatyr garry atam – şehit artyk han.
ýatyr munda gyrmyzy gan – pajyga,
türkmeniň namyrat gussasy ýatyr.
ärleriň-şirleriñ, pirleň ganyna
boýalyp erkeklik nusgasy ýatyr!
jem bolup namaza durýar jemagat,
mertligiň alnynda başlar egilýär.
şehitleriň ruhuny ýagşy senadan
gandyryp şirlere degsin edilýär.
saparmyrat, geçmiş gaflat perdesi,
türkmene sowulmaz döwran dönüpdir.
gökdepe metjidi – allanyň emri,
asman gämisi deý ýere gonupdyr.

Sapar Atayewic Nyyazow
13
85
awesome
12.01.2022 08:50
Gökdepe mukamy
Ýada salsak munda ýatan janlary,
Jan alyp, jan beren jan ýatyr munda.
Ýazyksyz ýazgarlyp, ýazgytsyz ýazlan,
Ýasy ýatlanmaýan ýan ýatyr munda.

Aýry-aýry tutup bilmen atlary,
Çohdur pälwanlary, gerçek zatlary,
At tutup, ýat ediň ruhy şatlary,
Otsuz köýük bolan kül ýatyr munda.

Toprak söýen ýatyr topragyn guçup,
Bir şoňa kaýyl ol, bar zatdan geçip,
Ok tapman, ganyma gyrkylyk sanjyp,
Gerdenin ýaý eden ýar ýatyr munda.

Watan üçin, yslam üçin, din üçin,
Baş goýdular toprak üçin, il üçin,
Namys üçin, perheň üçin, müň üçin,
Ah, armanly giden ar ýatyr munda.

Gugaryp galypsyň ötüp ýüz ýylyň,
Açylmady syryň, lal boldy diliň,
Göter başyň, hany däbiň, perheňiň?!
Dessurly, dergähli il ýatyr munda.

Kuruş şa çozanda Türkmen üstüne,
Tumargyz ýeňipdi Garagum bile.
„Hytaý diwarydyr beýik Garagum“ –
diýip, duşman ýeňen gyz ýatyr munda.

„Meýletin“ diýp taryh ýazdy o biri,
Ol kişi tanaman öli-dirini.
Jandan gorkup „ak“ diýip dur garany,
Taryhy ters ýazlan il ýatyr munda.

Bu pelek pyrlapdyr elinde çarhy,
Mertmi sen, namartmy, ýok oňa parhy.
Ýagşyga-ýamanga bir goýan parhy:
Bary bir şekilde gö:r ýatyr munda.

Gulagymdan gitmez neda-nalasy,
Bu jebri çekipdir Türkmen balasy.
Gyz, juwany, gelni, ýaşy, garrysy,
Owazy ahy-zar zar ýatyr munda.

Onça gerçek gitdi „gazy“ at bilen,
Nije ýesir gitdi dat-bidat bilen,
Ençe ýaş balalar ýanyp ot bilen,
Mukamy hary-zar saz ýatyr munda.

Diýipdir: „Bolsady söweş başa-baş“,
Ýa bolmasa, diýdi: „Birimize bäş
Garpyşardym läş üstüne serip läş...“
Müňüne taý gelen bir ýatyr munda.

Keýmir kör zürýady gerçek Meňli han
Sap duran goşuna berip serenjam,
Diýdi: „Müň jan alman, bermen ýeke jan!“
Gara dag gaýasy Zal ýatyr munda.

Akyl-paýhasyndan wehm etdi şalar,
Hemişe ýeňişde akylly ärler.
On müň bilen agyr leşger kowan är
Nurberdi han, gerçek ner ýatyr munda.

Garagumda doglan Garagum gurdy
Ak işan pataly bir dana nurdy.
Durdygözel enäň gerçek perzendi
Gara batyr atly şir ýatyr munda.

Gözel zenan ogly ibn Ataly
Goşa paýmyş üleşikde ýeteni.
Han hezretniň „janpenam“ diýip tutany
Bahadyr Ataly ner ýatyr munda.

Ne gerçek ýigitmiş batyr Agaly,
Goç ýigidi gören etdi togaby.
Ýowuz güni han hezretniň diregi
Goç guzy, Gurbanly şir ýatyr munda.

Gaharna bäs gelmän gany garalan,
Azmyndan lerzandy çar ýanda duşman.
Ganymyny gazap bilen dabalan
Çopan batyr, aždar-mar ýatyr munda.

Üçi ärdir, gaýdyp dogmaz eneden,
Deň gelmez güýç bilen bu ters täleýden.
Gara batyr, Berdi kary, Gönübekden
Takdyry kyýamat ar ýatyr munda.

Dokma keser bilen bir gyz juwandan
Ýedi esger jähennemne berdi jan.
Ýanaraldan serpaý alan ol zenan,
Meýdi merde mekdep ýar ýatyr munda.

Pyragam bir, Kerimem bir, ker hem bir,
Bary bir ýatyşda ýatyr, görem bir.
Täleýi ters gelen diri – öli, bil!
Pelege şam beren jam ýatyr munda.

Ýatandyr galany basyp bagryna,
Aýak diräp gaýra ganat diwarna.
Serwer bolup Hamy şumuň diýarna,
Gurbanmyrat işan, pir ýatyr munda.

Juma namazynda ymam, ser şonda,
Kaza oky ýykan namaz borjunda.
Agla şehit ýatyr jemyg künjünde,
Ady Hajy işan, nur ýatyr munda.

Okatdy, öwretdi ençe ýetimni,
Kemala getirdi Nury ýetimi,
Ölinçä gorady han hezretini,
Nury ýetim, azat şir ýatyr munda.

Bedeni demirden, boýlary çynar,
Mertlik meýdanynda ärlerden çyn är,
Mädemin kellesin çapyp çekdi jar,
Gowşut han, tekeli är ýatyr munda.

Gazaba galkanda Kelhan Kepele,
Gyljynyň zarbyndan gopmuş zenzele,
Taryhda görmedim kimsäni beýle,
Ajala ýylgyran är ýatyr munda.

Dört äriň biridi ol Nury ýetim,
Parçalap, ganymlaň titredip etin,
Köp ene-ataly hem başy bitin,
Il üçin baş goýan kän ýatyr munda.

Tä kyýamat ady gitmez jahandan,
Guwanyp, çalarlar jan edip çyndan.
Doýulmaz, dänilmez bu şirin jandan,
Mukamçy Gönübek nur ýatyr munda.

Görüler gözgüsi Öwezbaý ogly,
Misli Süleýmanyň asyf weziri.
Ylmy-gaýyp paýly, dürdäne sözli,
Jemşidiň jamy dek ser ýatyr munda.

Söweş güni „Şir men“ diýen Şir batyr,
Akmeret, Kepele, Serti, Gulbatyr,
Ol Aman Atalyk serdar, pynhan syr,
Jampuslar köýdüren syr ýatyr munda.

Ýetim ýigitleri ýygnap Han hezret,
Okadyp, öwredip, berip terbiýe,
Kemal ýetim, Nury ýetim şir sypat,
Hezrete janpena şir ýatyr munda.

Aýdar Weli, muňa gelen dat eder,
Müňün guma garyp, birin şat eder,
Akyl aglar, gerçeklerin ýat eder,
Keýmir kör dikelden tug ýatyr munda.
14
79
awesome
08.01.2022 19:42
Ol örän düşnüksiz adam. Durmuşda ol özüni hakyky realist yaly görkezmäge çalyşýar. Onuñ töweregindäkiler barlyga hakykatyñ gözi bilen seredýänlerden. Şonuñ üçinem ol beýlekileriñ öñünde gülkä galmazlygyñ hatyrasyna, özüni real dünýäniñ wekili edip görkezjek bolýan bolmagy-da ähtimal. Ýogsa, kä mahal onuñ hem köpçülige goşulasy, diline gelen sözleri aýdasy,çaga ýaly oýnasy, ýaýnasy, ylgasy,gygyrasy,aglasy we köpden-köp emosiýalary içki dünýäsinden daşky dünýäsine çykarasy, käte özgeleriñ öñünde ejizligini, käte bolsa gaýratyny görkezmekden lezzet alasy gelýär. Ony tanaýanlar onuñ özüne örän ynamlylygyny,agraslygyny,geplemezekligini, öydeçilligini bilyärler. Adamlaryñ käbiri onuñ bilen tanyşmaga-da çekinyärmiş.
Ol örän gaharjañ. Hut şu häsiyeti üçin hem özüni ýazgaryar. Bu onuñ içki dünyäsinde bolup geçyän hadysalaryñ biri. Ol aslynda hakyky arzuwçyl -"Howada köşk gurýanlardan". Ol gudrata ynanyar, emma garaşmayar. Arzuwlaryny hakykata öwürmek üçin synanyşsa-da, olar kän bir başa baranok. Onun arzuwçyllygy hetdenaşa güýçli. Yöne eger arzuwy A harpy bilen, hereketi H harpy bilen belgilesek, onda şeyle formula gelip çykyar: A=H
Arzuw herekete deñdir. Diymek, arzuwçyllyk näçe güýçli bolsa-da, hereket ondan pes bolsa, hiç hili netije gazanyp bolmaz. Hut şu sebäplere görä-de gudrata garaşmaýar. Gudraty diñe mynasyplar görüp bilýär diýip hasaplaýar.
... Ol bu düzgüni hem bilyär. Bilýän bolsa-da,barybir öñküligine galyanlygy üçin özüni yene bir gezek kötekleýär. Şeýlelikde, iki gezek özüne bolan kötegini iki sany ayyrmaga(-) deñ edip alsak, onda iki aýyrmak goşmaga(+) öwrülýär. Diymek,şol köteklemelerden soñra ol öz kemçiliklerini düzetmäge çalşyp başlayar.
Ol köplenç yalñyz galmagy halayar. Yekelik oña göze görünmeyän dünyäden özüniñ hyýaly dünýäsine geçmegi üçin ajaýyp mümkinçilik beryär. Ol hyýalynda aýdym aýdýar, saz çalýar,duýgular ummanynyñ çuñlugyna aralaşýar, yitip gidyär... Şeyle pursatlarda kimdir biri oña päsgel berse, ol juda gaharlanyar.
Ol bir görseñ adamlary söýýär, özüni ýazgaryar, bir görseñem tersine. Onun käte öz-özüni yitirip-tapyp yörşi yaly,ynam hem onun yüreginde käte peýda,käte-de yitirim bolyar.
Ol ynsan mana şeyle ýakyn hem tanyş,emma ony özümiñ hem doly tanaýanlygyma şübhelenmänem duramok. Ol - men.

Meňli AŞYROWA
13
109
awesome
06.01.2022 09:19
Söýüň meni!
Ýürek söýgi küýseýär,
Şeýle bir küýseýär, ýok çaky-çeni.
Ýekeje adama ýeterlik söýgi
bilen bir pursatlyk söýüň siz meni. 

Maňa kän zat, uly bir zat gerek däl,
Eliňizi ýüregňize goýuň siz:
Size söýgi bilen ýüzlenýän günlem
Sözlerimi kesä çekmän söýüň siz. 

Söýüň meni — ähli erki hem durky
bilen size tarap ýollar çekeni.
Ýeke özüň söýüp ýörseň elmydam,
Birazajyk agyr düşjek ekeni. 

Söýüň meni — siziň sadyk guluňyz,
Soňra menden size galar şeýle paý:
Men size bahasyz serpaý ederin —
Şalaryň elinden gelmejek serpaý.

Gurbannazar EZIZOW
13
75
awesome
31.12.2021 00:31
Hany, geçiň giň saçagyň başyna!
Bäş minut galypdyr onki bolmana.
Döz geldik biz ýyllaň tomus, gyşyna,
Sarpa goýdyk bereketli ummana.

Döz geldik tupandyr tüweleýlere,
Guran binamyza söýenýär asman.
Görenler diýerler: «Baý tüweleme!»
Haýran galar rowaýaty gahryman.

Men, Täze ýyl, saňa kän haýyşym ýok,
Şatlyk hem bagtymyň öňküsem ýeter.
Gussa-gaýgym bolmasyn-a diýemok,
Ýöne köp bolmasyn öňküden beter.

Dostlarym ýyl-ýyldan azalyp gelýär,
Hemmäniň ýagdaýam bolmaly şeýle.
Doganymça bolsa, diýmek dostum däl,
Dogandanam eziz ýeke dost saýla.

Öz ýerinde bolsun ýagmyrdyr duman,
Öz ýerinde tomus bolsun, ýaz bolsun.
Toý gününde oturşykda oturan
Daş çykanda oň gybaty az bolsun.

Agşamara işden gaýdyp geliner,
Şonda öýde çäýnek-käse döwülsin.
Sögünmesin onuň üçin gelinler,
Onuň üçin çagalarmyz söýülsin.

Soňky sözüm: onki jaňyn kakanda,
Täze ýyl, ýoluňa sepilsin güller.
Men näm bolsam şo bolaýyn jahanda,
Saňa nesip etsin ajaýyp günler!


©Gurbannazar Ezizow
1970ý
12
107
awesome
30.12.2021 22:38
Gyş hakynda bir zat ýazmak isläp, elime alan ak kagyzym gar «düşelen» meýdany ýatlatdy. Harplar onuň ýüzünden aýak yzlaryny galdyryp barýana meňzeýärdi. Men hatda harplaryň aýak sesinem eşiden ýaly boldum: «Gütürt-gütürt...».
Şeýle ses kimi ho-ol beýikde typyp oýnaýan çagalaryň ýanyna eltse, gör, kimseleri hiç mahal unudylmajak ýakymly ýatlamalaryň gujagyna oklar. Bir tokga gara dönen gyş ýatlamalarymy elime alyp, ony saldarlap görýärin...
...Gyşyň käte eli şeýle bir açyk. Ol başky günlerini güýze paýlasa, soňragyndan ýaza berýär. Ol käte şeýle bir alňasap gelýär welin, güýzüň aýagyny basyp, ir bilen turanyňda, eýýäm penjiräňi kakyp durandyr. Oňa üns bermedik bolup, güýz ýapynjaň bilen daşary çykarsyň. Ony-muny edişdirersiň. Kibtini gysyp duran agaçlara üşerilip seredersiň. Gyşyň demi degen ýakymsyzja şemal bolsa bir eýläňe, bir beýläňe geçip, güýz ýapynjaň synyndan çeker. Ahyry utulanyňy bilip, egniňe has galyňrak zat atarsyň, başgabyňy geýersiň. Buza dönen kölçäniň ýüzünde bolsa gyşyň ýylgyryşy görner. Galyňja geýneniňi gören gyş seni ýylgyryp garşy alar. Senem ony...
* * *
Irden turup, agşam ýagan gary penjireden synlamakdan uly lezzet barmyka?! Düýnki oýnan ýerleriň ap-ak bolandyr?!. Kakaň goňşularyňyza barýan ýoluň garyny artyp ýörendir. Howlukmaçlyk bilen ertirlik edinersiň, bar pikiriň bolsa ädigiňi, elligiňi geýip, çaltrak daşary çykmakdyr...
Ine, sen eýýäm daşarda. Ilki näme etjegiňi bilmän, bir säginersiň. Kakaň garyny arassalan ýerleri bilen eýläk-beýläk ýöräp görersiň. Garyň üstünde galan aýak yzlaryňy synlarsyň. Typmakdan-a heniz irräk. Gar ýumşakdyr. Mallara ýylyjak suw berip ýören ejeň ýanyna bararsyň. Mallaryň burnundan çykýan bug hem öňündäki suwdan çykýan bugdan kem däldir...
Birdenem, edil özüň ýaly, eli elliklije, ädikli, boýnuna-ýüzüne şarf saralgy, ýöne iki gözjagazy ýanyp duran dostuňy görersiň. Ol galyň eşiklerinden ýaňa, aýaklary bilen däl-de tutuş göwresi bilen ýöräp gelýäne ogşaýandyr. Buw, ana, onsoň hezillik başlanar!..
* * *
Gyş haýsy tarapdan alanyňda-da öz işiniň ussady. Ol uzak gije penjireleriň ýüzüne seniň kagyza geçirip goýaýasyň gelýän nagyşlaryňy ussatlyk bilen çekip çykýar. Göýä, gyş baýramy üçin bezeýän ýaly edip, baglaryň şahalaryndan buzjagazlary asýar. Olar ir bilen dogan Günüň şöhlesine ýaldyrap, has-da owadan görünýärler. Owadan zatlar ýatda galgyç bolýar. Üns berip seretseň, garyň ýüzünde guşjagazlaryň düýnki goýan aýak yzlary şol durşuna durandyr. Gyş diňe bir gözellik döretmän, ony goramagyň hem ussadyna meňzeýär...
* * *
Ýene gyş. Ýene gar. Ýene sowuk. Näme üçindir, gyşda öýüň gözüňe has yssy görünýär. Sowuk howada digdenekläp gelşiňe, özüňi öýüňe atmagyň lezzeti üýtgeşik bolýar. Işden çykyp, uzakly gün eräp, ýagşyja ýukalan gary synlap gelşiňe, baglaryň şahalaryndaky damjalaryň doňjak-doňjagyň üstündedigini görersiň. Üns berip görseň, sowuk howada sesem uzaga gitmeýär, ýa bu meniň göwnüme şeýlemikä?! Ädimleriň sesini diňläp barşyňa, dünýäni ümsümlik gurşap alypdyr diýersiň. Hol çetde oturan gara garga bolsa bu ümsümligi bozmaga diňe öz haky bar ýaly, gagyldap, guşsyran bolýar!..
Biz gyşy daşarda goýup, ýylyjak öýlerimize girýäris. Bosagadan ätlän mahalymyz bizi: «Daşaryk çykjak» diýip ymtylýan körpelerimiz garşy alar. Olaryň gyşy ýeke goýaslary gelenok. Biziň olara düşünmegimiz gerek. Körpeleriň: «Gar adamymyzyň boýnuna şarf orap gaýtjak, ýogsa ol uzak gije daşarda üşär ahyryn!» diýen ýaly özelenmesi bir zatlary ýatlatmaýarmy? Hawa, olar biziň geçmişimizi gaýtalaýarlar...

ALLANUR ÇARYÝEW.
8
35
awesome
29.12.2021 22:47
Bir aýdym diňlärsiň käte...
Gaýta-gaýta...
​​Ganabilmän bir çende.
Haýranlar galarsyň ýaşalan ýyllaň,
Geçilen ýollaryň sähel pursada
hem birje owaza sygyp biljegne.

Aýdymlar diňlärsiň käte...
Olar kalbyň oklap biri-birine, 
Otdan-suwa, suwdan-oda atar-da,
Alyslara alyp gider ýüregňi,
Meňzäp durnalaryň nepis hatarna.

Käte-de hiç aýdym gozgamaz göwni,
Bu uly dünýäde göýä özüňi
Ýek-ýalňyz galansyň öýdüp başlarsyň.
Onsoň öz ýanyňdan täsin hiňlene,
Hatda özüňe-de saýry heň bile, 
Sen öz aýdymyňy aýdyp başlarsyň...

Kakamyrat Rejepow.
10
187
awesome
28.12.2021 12:01
Kämahal şeýlebir gepläsim gelýär, 
Küýseýän şeýlekin hemsyrdaş adam
Dyzba-dyz oturyp şol adam bilen, 
Geçmiş elipbiýin hetjikläp ,,A"-dan,
,,Ýa" harpyna çenli çözläsim gelýär. 
Isle zenan adam, isle-de erkek
Sözledesim gelýär, Sözläsim gelýär.
Emma beýle döwlet 
Duşdumy entek?

Iň bagtly günümde duşupdy biri 
Sözläpdim, diňläpdim.
Giňäpdi göwün.
Işimem şowlydy,ýüzümem ýagty,
Ýüregmiň urşy-da başgady şol gün...

Kämahal şeýlebir dymasym gelýär.
Ne adam küýseýän, ne-de bir gürrüň. 
Dyzba-dyz oturyp öz-özüm bilen,
Gaýgym,
söýgim,
ömrüm,
aladam,
döwrüm
Hakynda gürrüňler edesim gelýär.
Özümden özgäni küýsänok ýürek.
...Häp-häzir nähili? Häzirem şeýle. 
Diňe özüm bilen 
Gepleşmek gerek.

Kerim Gurbannepesow
12
48