awesome
18.01.2022 12:03
Edilmedik dileg barmy dünýäde?
Ýa-da edilmesi agyr dilegler?
Adam hemme zatdan bolmaz dok mäde
Kyn gelse-de, bir gün artar tölegler

Ynha, eliň açyp Oňa ýalbarsyň
Düzüm-düzüm bolar, gutarmaz olar
Dilegsiz ýok, şolar bilen sen barsyň
Ol islese deňiz dolar, dag solar

Nebsiňe bäs gelip, bolarmy diläp
Özüňe ýekäni, özgä ikini
Eý, Biribar, ýürekleri eýeläp,
Her kime nesip et, hakyky dini?

Soňky demde aýrylmasyn imanlar
Sen razy bolmasaň, gerek däl jennet
Rähmet paýyň alsyn günäli janlar
Çekmäli hiç kimden dereksiz minnet

Söýgä öwür ýürekdäki kinleri
Dok wagtymyz, aç bolmasyn goňşular
Goý dost bolsun, gaýra bilen ileri
Şonda ýürek bir bolanda oňşular

Biz sebäp bolmaly özgäň derdine
Ýansak-da biz, goý ýanmasyn özgeler
Başgaň agyr ýükün alyp gerdene
Ýola çyksak, belki dünýä özgerer

Haýyr işiň gullaryňdan saklama
Rähmet ummanyňdan hiç zat kemelmez
Biri, begençlikäm, batsaýsa gama
Sen ýetişgin, meň elimden zat gelmez

Islemegi berdiň, islesin diýip
Özüme dilänim, özgä-de ýetir
Diňe başgalaryň gussasyn iýip,
Şolar üçin goýsam, haýyrly setir

Ömür geçip barýar, ömrümiz ýolup,
Bilýän, bir gün azar berer tölegler...
Näçe gyssansak-da, haýyrly bolup,
Öz wagtynda kabul bolar dilegler.

Çary ÝEGENMYRADOW.
8
17
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.