awesome
28.12.2021 12:01
Kämahal şeýlebir gepläsim gelýär, 
Küýseýän şeýlekin hemsyrdaş adam
Dyzba-dyz oturyp şol adam bilen, 
Geçmiş elipbiýin hetjikläp ,,A"-dan,
,,Ýa" harpyna çenli çözläsim gelýär. 
Isle zenan adam, isle-de erkek
Sözledesim gelýär, Sözläsim gelýär.
Emma beýle döwlet 
Duşdumy entek?

Iň bagtly günümde duşupdy biri 
Sözläpdim, diňläpdim.
Giňäpdi göwün.
Işimem şowlydy,ýüzümem ýagty,
Ýüregmiň urşy-da başgady şol gün...

Kämahal şeýlebir dymasym gelýär.
Ne adam küýseýän, ne-de bir gürrüň. 
Dyzba-dyz oturyp öz-özüm bilen,
Gaýgym,
söýgim,
ömrüm,
aladam,
döwrüm
Hakynda gürrüňler edesim gelýär.
Özümden özgäni küýsänok ýürek.
...Häp-häzir nähili? Häzirem şeýle. 
Diňe özüm bilen 
Gepleşmek gerek.

Kerim Gurbannepesow
12
48
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.