awesome
30.12.2021 22:38
Gyş hakynda bir zat ýazmak isläp, elime alan ak kagyzym gar «düşelen» meýdany ýatlatdy. Harplar onuň ýüzünden aýak yzlaryny galdyryp barýana meňzeýärdi. Men hatda harplaryň aýak sesinem eşiden ýaly boldum: «Gütürt-gütürt...».
Şeýle ses kimi ho-ol beýikde typyp oýnaýan çagalaryň ýanyna eltse, gör, kimseleri hiç mahal unudylmajak ýakymly ýatlamalaryň gujagyna oklar. Bir tokga gara dönen gyş ýatlamalarymy elime alyp, ony saldarlap görýärin...
...Gyşyň käte eli şeýle bir açyk. Ol başky günlerini güýze paýlasa, soňragyndan ýaza berýär. Ol käte şeýle bir alňasap gelýär welin, güýzüň aýagyny basyp, ir bilen turanyňda, eýýäm penjiräňi kakyp durandyr. Oňa üns bermedik bolup, güýz ýapynjaň bilen daşary çykarsyň. Ony-muny edişdirersiň. Kibtini gysyp duran agaçlara üşerilip seredersiň. Gyşyň demi degen ýakymsyzja şemal bolsa bir eýläňe, bir beýläňe geçip, güýz ýapynjaň synyndan çeker. Ahyry utulanyňy bilip, egniňe has galyňrak zat atarsyň, başgabyňy geýersiň. Buza dönen kölçäniň ýüzünde bolsa gyşyň ýylgyryşy görner. Galyňja geýneniňi gören gyş seni ýylgyryp garşy alar. Senem ony...
* * *
Irden turup, agşam ýagan gary penjireden synlamakdan uly lezzet barmyka?! Düýnki oýnan ýerleriň ap-ak bolandyr?!. Kakaň goňşularyňyza barýan ýoluň garyny artyp ýörendir. Howlukmaçlyk bilen ertirlik edinersiň, bar pikiriň bolsa ädigiňi, elligiňi geýip, çaltrak daşary çykmakdyr...
Ine, sen eýýäm daşarda. Ilki näme etjegiňi bilmän, bir säginersiň. Kakaň garyny arassalan ýerleri bilen eýläk-beýläk ýöräp görersiň. Garyň üstünde galan aýak yzlaryňy synlarsyň. Typmakdan-a heniz irräk. Gar ýumşakdyr. Mallara ýylyjak suw berip ýören ejeň ýanyna bararsyň. Mallaryň burnundan çykýan bug hem öňündäki suwdan çykýan bugdan kem däldir...
Birdenem, edil özüň ýaly, eli elliklije, ädikli, boýnuna-ýüzüne şarf saralgy, ýöne iki gözjagazy ýanyp duran dostuňy görersiň. Ol galyň eşiklerinden ýaňa, aýaklary bilen däl-de tutuş göwresi bilen ýöräp gelýäne ogşaýandyr. Buw, ana, onsoň hezillik başlanar!..
* * *
Gyş haýsy tarapdan alanyňda-da öz işiniň ussady. Ol uzak gije penjireleriň ýüzüne seniň kagyza geçirip goýaýasyň gelýän nagyşlaryňy ussatlyk bilen çekip çykýar. Göýä, gyş baýramy üçin bezeýän ýaly edip, baglaryň şahalaryndan buzjagazlary asýar. Olar ir bilen dogan Günüň şöhlesine ýaldyrap, has-da owadan görünýärler. Owadan zatlar ýatda galgyç bolýar. Üns berip seretseň, garyň ýüzünde guşjagazlaryň düýnki goýan aýak yzlary şol durşuna durandyr. Gyş diňe bir gözellik döretmän, ony goramagyň hem ussadyna meňzeýär...
* * *
Ýene gyş. Ýene gar. Ýene sowuk. Näme üçindir, gyşda öýüň gözüňe has yssy görünýär. Sowuk howada digdenekläp gelşiňe, özüňi öýüňe atmagyň lezzeti üýtgeşik bolýar. Işden çykyp, uzakly gün eräp, ýagşyja ýukalan gary synlap gelşiňe, baglaryň şahalaryndaky damjalaryň doňjak-doňjagyň üstündedigini görersiň. Üns berip görseň, sowuk howada sesem uzaga gitmeýär, ýa bu meniň göwnüme şeýlemikä?! Ädimleriň sesini diňläp barşyňa, dünýäni ümsümlik gurşap alypdyr diýersiň. Hol çetde oturan gara garga bolsa bu ümsümligi bozmaga diňe öz haky bar ýaly, gagyldap, guşsyran bolýar!..
Biz gyşy daşarda goýup, ýylyjak öýlerimize girýäris. Bosagadan ätlän mahalymyz bizi: «Daşaryk çykjak» diýip ymtylýan körpelerimiz garşy alar. Olaryň gyşy ýeke goýaslary gelenok. Biziň olara düşünmegimiz gerek. Körpeleriň: «Gar adamymyzyň boýnuna şarf orap gaýtjak, ýogsa ol uzak gije daşarda üşär ahyryn!» diýen ýaly özelenmesi bir zatlary ýatlatmaýarmy? Hawa, olar biziň geçmişimizi gaýtalaýarlar...

ALLANUR ÇARYÝEW.
8
35
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.