awesome
21.03.2022 00:49
Ýüz pikirleriň aýnasydyr.

Köplenç, ynsanyň pikirlerini ýüzünden okap bolýar. Şol sanda ynsanyň özüni nähili duýýany hem ýüzünden belli bolýar. Biriniň pikirleri we duýgylaryny okamak islesek, ilki bilen onuň ýüzüni gözden geçirmeli. 
Ýüze üns berip seretsek, birnäçe many görüp bileris. Ýüzlere seredip, ynsanyň günäli ýa-da günäsizdigini tapawutlandyryp bolýar. Ynandyryjy bolmak üçin sözlerimiz bilen ýüz yşaratlarymyz (mimika) biri-birine laýyk bolmaly. Käbirleri “Janym” diýende, ýüzleri “Janyň ýansyn” diýýär. Şol sanda göz bilen ýüzem biri-birine laýykdyr. 
Ýüzümizde iň esasy organymyz gözler, beýleki ünsi çekýän organlar bolsa, dodaklar we dişlerdir. 
Dodaklar birnäçe sms-iň çeşmesidir. Ynsan gaharlananda dodagyny dişleýär. Bu iç dartgynlylygyň alamatydyr. Dodakda çykýan uçuk bolsa, kanagatlanylmaýan duýgylaryň döredýän lapykeçlikden gözbaş alýar. Ynsan özüni gowy duýanda dodaklary gülgüne bolup gyzarýar. Daş keşbine üns berýän adamlaryň gözleri ýalpyldawuk, ýüzlerinde ýylgyryş, dişleri tämiz we akjadyr. 

Saçlar.
Saçlaram daş keşbimizi bezeýän zatlaryň biridir. 
Eger kesilen bolsa, tekiz, göni kesilen, tämiz, ýalpyldaýan, ýörite saç serişdeleri bilen iýmitlendirilen bolsa, ynsanyň daş keşbine gözellik goşýar. 
Garrylyk- bir nukdaýnazardan seredeniňde, bu ruhy kämillik döwri. Ak saçlaram kämillik şapagynyň aýdyňlanmagydyr. Ynsan garradygyça fiziki funksiýalarynyň işjeňlegi azalýar, emma, ruhy kämilleşmesi artýar. Tebigy taýdan ynsan garradykça organlary könelişýär we beden güýjini bölekleýin ýitirip başlaýar. Ýöne, ynsanyň ruhy garrasada ölmeýär. Ol soňuna çenli ýaşaýar. 
Aslynda ynsanyň ýaşy hasaplananda aşakdaky 4 zady gözöňünde tutmaly. 
1. Ynsanyň görkezýän ýaşy.
2. Özüni duýýan ýaşy. 
3. Senenamadaky ýaşy.
4. Ynsanyň akyl ýaşy.
Bilýänsiňiz, käbir adamlar 30 ýaşynda garry görünýär, käbirleri bolsa 70 ýaşasa-da ýaş görünýär. Ýa-da “ýaşyňdan uly görünýäň” ýa “kiçi görünýärsiň” diýen sözlerimizi ýada salalyň. Bu ýaşaýyş şekli, düşünje, pikir we duýmak bilen bagly ýagdaýdyr. 
Gysgaça, özüňizi näçe ýaşda duýýan bolsaňyz, ol ýaşdasyňyz. 
Wagt üýtgeýän zat (otnositellik ýagdaýda, türkçe göreceli) Einstein’den öň wagt ýeke we mutlakdy (üýtemeýän). Ol, wagtyň ynsandan ynsana üýtgeýändigini bize subut etdi. 
Einstein: “Bir ynsan söýýän adamsy bilen bir sagat gürrüň etse, bu söhbetdeşligiň 10 minut dowam edendigini aýdyp biler, şol bir ynsany pejiň üstünde 10 minut oturtsaňyz, turanda 1 sagat oturandygny aýdar” diýýär. Hakykatdanam gowy görýän, söýýän adamlarymyz bilen bile wagtymyz, wagt suw ýaly akyp gitýär, emma, halamaýan birimize 5 minudam zordan çydaýas. Ine bu, wagtyň otnositellik ýagdaýydyr. Ýagny, şertlere görä wagtyň ynsanlar tarapyndan düşünilşinde tapawut bolýar. 
Sagadyň ölçeýän wagty bilen duýýan wagtymyz tapawutly bolup biler. 

Gorky bedeniň adrenalin bölüp çykarmagyna sebäp bolýar. Çalt garramak hem esasy gorkylardan gözbaş alýar. 
Agaran saçlar ölümi ýatladyp, ynsanyň hereketlerine, özüne, saçyna has köp üns berip, gowy seretmegine täsir edýär.
12
37
awesome
20.03.2022 18:20
Ruh gözelligi.

Içimiz owadan bolmasa, daşky keşbimizem, gylyk-häsiýetimizem owadan bolmaz. Ynsan üçin daşky dünýä, özüni synlaýan bir aýnasy ýalydyr. Ynsanyň daşky gözelligi, içine täsir etmez, emma, içki gözelligi daşyna täsirini ýetirer. Sebäbi, daşky gözelligi Alla berýär. Içki gözelligimiz üçin, akylly saýlawlar, islegli tagalla etmegimiz gerek. Içi, ýagny, ruhy owadan ynsanlar, ilki içinde bir yşyk ýakyp soňra ony daşara çykaryp bilýänlerdir. 
Halama we halanylma şekil ýoly bilen bolýar. Çünki, daşky dünýäni duýmakda wizual kanallar has agdyklyk edýär. Umuman, göz bilen beýni arasyndaky nerwler, gulak bilen beýin arasyndaky nerwlerden takmynan ýigrimi esse güýçlidir. Täze tanyşan adamymyzyň adyny unudyp bileris, emma ýüz şeklini unutmarys. Çünki ýüz, şekilli bir surat hökmünde beýne, aňymyza has güýçli ýazga geçirilýär.
Daşky görnüş, isle halamagyň, isle halanmagyň jan damarydyr. 
Täsir etmekde we täsir edilmekde ilkinji täsir örän zerudyr. Birini ilkinji gezek görenimizde ýa özüne çekiji ýa-da ýigrenji göreris. Bu ilkinji täsir aňsat-aňsadam üýtgemez. Şu sebäpli, ynsanlara daşky görnüşimiz we hereketlerimiz bilen gowy täsir etmäge synanyşmaly. Başgalaryň üstünde galdyrylan täsiriň möhüm bölümem daşky görnüş, bakyşlar (nazar) we ses bilen baglydyr. Başgalaryna gowy täsir eden ynsanlaryň daşky görnüşleri özüne çekiji, gözleri parlap duran, ses tony mylaýymjadyr. 
Daşky görnüş, halanylmagyň açarydyr. Birnäçe gözlegleriň netijesinde, erkekleriň özlerine ýar saýlanlarynda daşky görnüşe has üns berýändigi mälim boldy. Umuman erkekleriň köpüsi owadan görmedik zenanlaryndan ýüz öwürýärler. Bu hakykaty bilýän zenanlaram, owadan bolmak üçin bol-bol pul sowýarlar. Belki şonuň üçindir, ekonomika sektorynda gözellik we kosmetika serişdeleri dünýäde öňde durýar. 
Aslynda, zenanlar ýar saýlanlarynda daşky keşbe erkeklerden az üns berýärler. Emma, zenanlaryňam görmegeý erkekleri saýlaýandyklaryny subut edýän gözleglerem bar. 
Ýagny, owadan daş görnüş, ynsanlary durmuşda möhüm artykmaçlyklar bilen üpjün edýär. 
Diňe adamlarda däl, haýwanlarda-da daşky görnüşe üns berilýär. Haýwanlaram owadan haýwanlar bilen jübütleşýärler. 
Geçirlen ylmy barlaglaryň netijesinde, daşky görnüşde ynsanlara täsir edýän zatlar: gözler, ýüz, ýylgyryş, beden ölçegleri (figura), duruş, el hereketleri we egin-eşik. Bulara dykgat edip, özümize üns bersek, täsirleýiji bolup bileris. Bulary aýratynlykda soňra ýazaryn. 

Içiňizi näçe köp bejerseňiz, daşyňyz şonça-da owadan bolýar.
14
47
awesome
20.03.2022 15:20
Gözlerimiz ruhymyzyň penjireleridir.

Dünýädeki birnäçe zatlary gözümiziň kömegi bilen duýýarys. Ynsan daşky dünýäni ortaça 87% gözleri, 9% gulaklary, 4% beýleki duýgy organlarynyň üsti bilen duýýar. 
Gözler we göz bäbegi (зрачок, pupil) garşymyzdaky ynsanyň ruhyny okamakda möhüm düşündirişleri berýär. Käwagt biriniň bize bolan söýgüsinden şübhelenenimizde, “gözümiň içine seredip aýt” diýýäs. Garşymyzdaky biziň gözlerimize seredende onuň hakyky pikirlerini we duýgularyny öwrenip bileris. Hakykatlar köplenç ýüz-ýüze wagtymyz ýüze çykýar. 
Ynsanlar:
1. Özüni kemçilikli we hor duýanlarynda;
2. Şol garşysyndaka gaharly ýa-da öýkeli bolsa;
3. Bir zat gizleseler ýa-da ýalan sözlänlerinde;
4. Birinden utansalar, göz-göze gelmekden çekinerler. 
Şu ýagdaýlarda admalar nazarlaryny saga-çepe serederler ýa-da ýere bakarlar. 
Gözler bilen bagly iň köp düşündiriş berýän göz bäbekleridir. Olar ýagtylykda kiçelýär, garaňkylykda ulalýarlar. 
Ynsan bir ýeri, bir zady, bir ynsany halasa göz bäbekleri ulalýar, halamasa kiçelýär. Esasanam garşy jynsa gyzyklanma dörände biriniň göz bäbekleri ulalyp, içi parlap başlaýar. Ýene bir zat göz bäbekleri ulalan biriniň gözüne bakanyňam göz bäbekleri ulalýar. Bu ýagdaýa isleg bilen seredýän adam islenýär diýip bileris. 
Gözüň ortasyndaky kiçi gara nokat ullakan bir tegelek görnüşe gelýän bolsa, bu söýgüň alamatydyr. Diýmek, biriniň bizi halap halamadygyny onuň göz bäbeklerine seredip bilip bilýäs. 
Ynsanyň ruhy ýagdaýy gowydan erbede tarap üýtgese, göz bäbekleri kiçelýär, erbetden gowa tarap üýtgedikçe gözleri ulalýar. 
Göz bäbekleriniň ulalmagy ynsany has özüne çekiji, ýakymly we owadanlaşdyrýar. 
Bir barlagda 100 sany erkege, göz bäbekleri ulalan bir zenan suratyny görkezipdirler. Olaryň 80%-i ol zenany özüne çekiji we owadan görüpdirler. 100 sany başga topardaky erkeklere-de, şol zenanyň göz bäbekleri kiçelen bir suratyny görkezipdirler. Netijede 80%-i, bu zenany owadan däl hasaplapdyrlar. 
Göz bäbekleri emosional ýagdaýlarada duýgur bolýarlar. Gözümiziň garasy bolan göz bäbeklerimiz näçe ulaldygyça emosionallyk şonça artýar. Emosional güýçlilik başdan geçirilse, lakrimal (gözýaşy) bezleri işjeňligini artdyrýar. Esasanam begençli we gaýgyly ruhy ýagdaýda wagty, ynsanyň gözlerinden gözýaşlary döküliberýär. 
Gözleriň beýleki dykgatyňy çekýän aksessuarlary (esbaplar) kirpikler we gaşlardyr. “Ok ýaly uzyn kirpikler”, galam ýaly inçejik gaşly ýa-da galam gaşlar, ýaly sözler edebiýatymyzda ulanylýan gözellii wasp ediji sözlerimizdir. 
Gözel bir ruhyň daşaryk täsiri has söýgi bilen bakýan gözlerde görülýändir. 
Söýgüniň ynsany gözelleşdirip, ýaşartýandygy hakykatdyr. Ruhyny söýgi bilen dolduran ynsanlaryň gözleriniň, tenleriniň, saçlarynyň parlaklygy gün-günden artar. Gözleri parlaýandyr käbir adamlaryň, ana şolar ruhy gözelliginiň daşyna çykmagy bolýar.
Söýgi bilen seredýän gözler, hemme zadyň gowy we gözel taraplaryny görýär. Bu pozitiw görüş, daşky dünýäden ynsanyň iç dünýäsine artykmajy bilen yzyna gelýär. 
Bilýänsiňiz, älemdäki duýgular we ähli zatlar öz çesmesine ýene gaýdyp gelýär. Şeýlelik-de, içiňizdäki duýgular owadan bolsa bolsa, içiňize ýene gaýdyp geljek duýgularam gözel, owadan duýgulardyr. 
Garaýyşlara (bakyşlara) jogap bermezlik, garşyňdaky ynsany ýok hasaplamakdyr. Ynsany iň birahat edýän zat hem söýýän adamsy tarapyndan ýok hasaplanmakdyr.
Köplenç bakýanlarymyzy duýman, diňe göreris. Şol bir wagtyň özünde görmek ýeterlik däldir. Esasy zat duýmakdyr. Şeýle-de bolsa, duýanymyzda gören zadymyz has manyly bolýar. 
Depressiýadaky ynsanlarda umuman, aşak ýere bakma meýli bolýar. Şol ýagdaýda söýgi bilen başgalara seredip bilseler, depressiýany ýeňmegem aňsat bolar. 
Iň owadan gözler, söýgi bilen seredýän gözlerdigi hiç şübhesizdir.
11
38
awesome
19.03.2022 20:15
Agzyňy beklemegiň we Remezanyň fazyleti barada hadyslar🌙

Ebu Hüreýreden (r.a.) rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Kimde-kim remezan aýynyň mübärek aýdygyna ynanyp we peşgeşini diňe Alladan almagy umyt edip tarawa namazyny okasa, onuň öňki eden günäleri geçiler»

***
Ebu Hüreýreden (r.a.) rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Mübärek gijedigine ynanyp we Allahdan yalkanmagyny diläp Gadyr gijesini tagat-ybadat bilen geçiren kişiniň öňki eden günäleri geçiler»

Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Pygamber serwerimizden (s.a.w.): «Gadyr gijesiniň haýsy gijedigini bilsem, şol gije nähili dileg edeýin?» diýip soradym. Şonda ol maňa: «Allahym! Sen bagyşlaýjysyň! Sen bagyşlamagy gowy görýärsiň! Meni bagyşla! (Allahümme inneke afuwwun tuhybbul afwe feafu anni)» diýip dileg etmegi maslahat berdi»

***
Sehl ibn Sagtdan (r.a.) rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Jennetiň «Reýýan» atly gapysy bardyr. Kyýamat güni şol gapydan diňe oraza tutanlar girer. Olardan başga hiç kim şol gapydan goýberilmez. «Oraza tutanlar nirede?» diýip ses eşidiler we olar ýerlerinde turup şol gapa tarap ugrarlar. Bu gapyndan olardan başga hiç kim asla girip bilmez. Oraza tutanlar girip bolaram welin, gapy ýapylar we soň gaýdyp şol gapydan hiç kim girip bilmez»

***
Ebu Sagyt Hudrydan (r.a.) rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Kimde-kim Allatagalanyň razylygy üçin ýeke gün oraza tutsa, şol ýekeje gün orazasy üçin Allatagala ony dowzah odundan ýetmiş ýyllap daşlaşdyrar»


Ebu Hüreýreden (r.a.) rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Kimde-kim mübärek aýdygyna ynanyp we Alladan ýalkanmagyny diläp remezan orazasyny tutsa, onuň öňki eden günäleri bagyşlanar»

***
Amr ibn Asyň (r.a.) adyndan rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Biziň orazamyz bilen Ehli-Kitabyň orazasynyň arasyndaky iň esasy tapawut selälik naharydyr»

***
Ebu Hüreýreden (r.a.) rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Allatagala: «Meniň iň halaýan gulum agzyny açmaly bolanda haýal-ýagallyk etmeýän kişidir» diýdi»

***
Selman ibn Amirden (r.a.) rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Agzyňyzy açanyňyzda hurma bilen açyň! Eger hurma ýok bolsa, suw bilen açyň! Suw päkdir»

***

Ebu Hüreýreden (r.a.) rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Agzyňyz bekli mahaly asla hapa söz aýtmaň we hiç kim bilen dawalaşmaň! Eger kimdir-biri size paýyş söz aýtsa ýa-da şer arap ýanyňyza gelse, oňa «meniň agzym bekli» diýip jogap beriň»

***
Ebu Hüreýreden (r.a.) rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Remezan orazasyndan soň iň sogaply oraza Muharrem aýynda tutulýan orazadyr. Parz namazlaryndan soň iň sogaply namaz gije okalýan namazdyr»

***
Ebu Eýýup Ensarynyň (r.a.) adyndan rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Remezan orazasyny doly tutup we şondan daşgary hem şewwal aýynda alty gün oraza tutan kişi bir ýyly tutuş oraza tutup geçiren ýaly bolar»


Ebu Hüreýreden (r.a.) rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Duşenbe we penşenbe günleri amallar Allahyň huzuryna çykarylar. Men agzym bekli mahaly amallarymyň Allahyň huzuryna çykmagyny islärdim»

***
Abdullah ibn Amr ibn Asyň (r.a.) adyndan rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Her aý üç gün agyz beklemek, tutuş bir ýyly orazaly geçirmek diýmekdir»

***
Zeýt ibn Halyt Jüheniniň (r.a.) rowaýat etmegine görä, Pygamber serwerimiz (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Kimde-kim oraza tutan bir adama agzaçarda iýdirip-içirse, oraza tutanyň sogaby ýaly sogaba eýe bolar. Beýle ýagdaýda oraza tutanyň sogaby asla kemelmez».

Agzyňy beklemegiň we Remezanyň fazyleti barada hadyslar🌙

Ebu Hüreýreden (r.a.) rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Kimde-kim remezan aýynyň mübärek aýdygyna ynanyp we peşgeşini diňe Alladan almagy umyt edip tarawa namazyny okasa, onuň öňki eden günäleri geçiler»

***
Ebu Hüreýreden (r.a.) rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Mübärek gijedigine ynanyp we Allahdan yalkanmagyny diläp Gadyr gijesini tagat-ybadat bilen geçiren kişiniň öňki eden günäleri geçiler»

Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Pygamber serwerimizden (s.a.w.): «Gadyr gijesiniň haýsy gijedigini bilsem, şol gije nähili dileg edeýin?» diýip soradym. Şonda ol maňa: «Allahym! Sen bagyşlaýjysyň! Sen bagyşlamagy gowy görýärsiň! Meni bagyşla! (Allahümme inneke afuwwun tuhybbul afwe feafu anni)» diýip dileg etmegi maslahat berdi»

***
Sehl ibn Sagtdan (r.a.) rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Jennetiň «Reýýan» atly gapysy bardyr. Kyýamat güni şol gapydan diňe oraza tutanlar girer. Olardan başga hiç kim şol gapydan goýberilmez. «Oraza tutanlar nirede?» diýip ses eşidiler we olar ýerlerinde turup şol gapa tarap ugrarlar. Bu gapyndan olardan başga hiç kim asla girip bilmez. Oraza tutanlar girip bolaram welin, gapy ýapylar we soň gaýdyp şol gapydan hiç kim girip bilmez»

***
Ebu Sagyt Hudrydan (r.a.) rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Kimde-kim Allatagalanyň razylygy üçin ýeke gün oraza tutsa, şol ýekeje gün orazasy üçin Allatagala ony dowzah odundan ýetmiş ýyllap daşlaşdyrar»


Ebu Hüreýreden (r.a.) rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Kimde-kim mübärek aýdygyna ynanyp we Alladan ýalkanmagyny diläp remezan orazasyny tutsa, onuň öňki eden günäleri bagyşlanar»

***
Amr ibn Asyň (r.a.) adyndan rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Biziň orazamyz bilen Ehli-Kitabyň orazasynyň arasyndaky iň esasy tapawut selälik naharydyr»

***
Ebu Hüreýreden (r.a.) rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Allatagala: «Meniň iň halaýan gulum agzyny açmaly bolanda haýal-ýagallyk etmeýän kişidir» diýdi»

***
Selman ibn Amirden (r.a.) rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Agzyňyzy açanyňyzda hurma bilen açyň! Eger hurma ýok bolsa, suw bilen açyň! Suw päkdir»

***

Ebu Hüreýreden (r.a.) rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Agzyňyz bekli mahaly asla hapa söz aýtmaň we hiç kim bilen dawalaşmaň! Eger kimdir-biri size paýyş söz aýtsa ýa-da şer arap ýanyňyza gelse, oňa «meniň agzym bekli» diýip jogap beriň»

***
Ebu Hüreýreden (r.a.) rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Remezan orazasyndan soň iň sogaply oraza Muharrem aýynda tutulýan orazadyr. Parz namazlaryndan soň iň sogaply namaz gije okalýan namazdyr»

***
Ebu Eýýup Ensarynyň (r.a.) adyndan rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Remezan orazasyny doly tutup we şondan daşgary hem şewwal aýynda alty gün oraza tutan kişi bir ýyly tutuş oraza tutup geçiren ýaly bolar»


Ebu Hüreýreden (r.a.) rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Duşenbe we penşenbe günleri amallar Allahyň huzuryna çykarylar. Men agzym bekli mahaly amallarymyň Allahyň huzuryna çykmagyny islärdim»

***
Abdullah ibn Amr ibn Asyň (r.a.) adyndan rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Her aý üç gün agyz beklemek, tutuş bir ýyly orazaly geçirmek diýmekdir»

***
Zeýt ibn Halyt Jüheniniň (r.a.) rowaýat etmegine görä, Pygamber serwerimiz (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Kimde-kim oraza tutan bir adama agzaçarda iýdirip-içirse, oraza tutanyň sogaby ýaly sogaba eýe bolar. Beýle ýagdaýda oraza tutanyň sogaby asla kemelmez».
18
106
awesome
18.03.2022 14:00
“Üstünlik münberinde sözi zenana beriň!”

Zenan bolup, zenan dünýäsi, zenanyň ýüreginiň täsin güýji hakynda ýazmak, bir tarapdan öz-özüňi taryplamak ýaly görünse-de, bu asla beýle däl. Eýsem, zenany zenandan gowy kim tanar?! Erkek kişiler köp babatda zenanyň diňe daşky keşbine laýyklykda baha berýärler ahyry. Ol baha bolsa, tas elmydama diýen ýaly ýalňyş netije berýär. Diýmek, durşy bilen syra eýlenen zenan dünýäsini açmak, onuň ýekeje jadyly söze näzik göwnüni tapmak hemme erkek kişä başardanok…
Ýogsa-da, siz “Makala üstünlik hakynda bolmaly dälmidi? Awtor gele-gelmäne zenan dünýäsi barada söz açyp başlaberdi-le?” diýýänsiňiz. Gyssanmaň, meniň bu makalam diňe göräýmäge zenan hakynda ýalydyr…
Boýun almak gerek, ilçilikde gowy terbiýeli
maşgalalardan hem başynagidenräk, öýüň
terbiýesinden köçe terbiýesini ileri kabul eden ogullar çykýar. Elbetde, bu ýagdaý maşgalanyň ähli agzalaryny: ene-atasyndan başlap, aga-ýeňňesiniň, daýy-daýzasynyň hem ýüregini agyrdyp, kellesini
döwmäge mejbur edýär. Dürli çykalga agtarýan kelleler hakykatdanam döwülere gelýär. Netijede, köplenç oglany gowy terbiýeli, ýerlikli ýeriň gyzyna öýlendirmek
kararyna gelýärler. Aslynda dogry karar. Siz nähili pikir edýärsiňiz, näme üçin olar öz eýgermedik ogullaryny alaga-da, entek tanamaýan, özlerinden däl bir ýat gyza
ynanmagy göwnejaý hasaplaýarlarka? Men bu soragyň jogabyny her kimiň özüne goýup, makalamy dowam ediberýän.
Üstünlik barada ýazylan birnäçe makalalary okap, men bir zada göz ýetirdim. Biziň gaty köp bölegimiz üstünlik
diýip, öz iş ýagdaýymyza, wezipe basgançaklaryna düşünýän ekenik. Emma haýp! Esasy üstünlik, ilki öz durmuşyňy tertipläp bilmekdir. Öýde senden
seniň aýalyň – maşgalaň süňňi-sütüni närazy bolsa, seniň işdäki gazanan üstünlikleriň düýbi berk bolup bilermi? Işden soň rahat dynç almak üçin öýüňe
geleňde saňa ykbalyny baglan zenanyň senden närazy ýüzünden ertirki etjek işleriňe güýç alyp bilermiň?!
Belki, meniň bu aýdýanlarymyň käbir erkek kişilere ”Aýal-aýaldyr-da! Gülseň güler, ýogsa-da oturar-da!” diýdirmegi-de mümkin. Eger hakykatdanam şeýle
diýýän bolsaňyz, onda ol, bir jümle bilen aýdanyňda, aýagymdan urjak paltam eýýäm elimde diýdigiňizdir…
Meniň bu aýdýanlarym howaýy gürrüň däl. Dünýäniň köp döwletlerinde geçirilen pikir soraşmalaryna, durmuş wakalaryndan çykarylan netijelere, seljerilen hadysalara görä-de, kimde-kim öz aýalyna sowuk
hem-de äsgermezçilik bilen garaýan bolsa, onda üstünlik ol adamdan hemişelik ýüz öwürýär. Çünki zenanyň pikirleniş derejesi erkek kişiniňkiden köptaraplaýyn hem-de has döredijilikli bolup, ol zenana öz ykbalyndan daşary söýgüli ýanýoldaşynyň ykbalyna oňyn täsir etmäge-de şert döredýär. Haçanda aýal öz durmuşyndan, özüne goýlan hormatdan razy, bagtly halda ýaşasa, onda onuň ýanýoldaşynyň işleri şowlap, ýapyk gapylar açylyp, üstünlik hakyt onuň ökjesini sydyrdyp diýen ýaly ony yzarlamaga başlaýar.
Bu ýagdaý zenanyň içki dünýäsinde döreýän ýakymly rahatlygyň, aňrybaş göwnühoşlugyň netijesinde emele
gelip, öz zenanyny şeýle bagtyýar halda ýaşadýan erkek kişiniň şowlulygy we girdejini hut magnit mysaly özüne çekip durmagyna getirýär. Bu ýerde jadynyň ýa doga-tilsimiň ysy ýok. Muny zenan
psihologiýasyny gowy öwrenen bilermenler zenanyň güýçli duýgurlygy, gözbaşy kepemeýän gujurlylygy bilen düşündirýärler, hut şolaryň hasabyna-da,
zenanlaryň edýän pikiri, arzuwy durmuşa tiz ornaşýar.
Şu ýerde erkekleriň arasynda ýoň bolan “Aýallar diýýän bolsa dogrudyr” diýen degişme görnüşli aýtgynyň manysy-da öz-özünden açylyp goýberýär.
Britan kompaniýalarynda geçirilen seljermeler boýunça bolsa, maşgalaly erkek kişiler öz işlerinde görelde görkezip, wezipe basgançagynda ýokary galmakda sallah erkek kişilerden has öňde bolup çykdylar.
Eýse nä, öz tebigaty, ýaradylyşy boýunça gazanç, eklenç etmek buýrulan erkek kişä öz hakyky erkeklik borjuny duýup bilmegi üçin akylly-başly zenan, şol zenan bilen gurlan maşgala, ondan önjek perzentler
gerek. Ol şeýdip, söýgüli ýanýoldaşa, mähriban kaka öwrülmek arkaly durmuş ýodasyndan şowlulyk tigrine münüp, üstünlikden üstünlige sary müşgilsiz
aşyberýär. Çünki onuň öýünde ol hakynda ýagşy dilegler edip, onuň çagalaryny ýelden-Günden gorap, ezizläp oturan söýgüli aýaly bar. Oňa YNANÝAN,
BUÝSANÝAN, GUWANÝAN şol mähribanlary öňküdende begendirmek, öňküden-de bagtly etmek üçin ol üstünlik gazanman, dagy neýlesin! Dogry, taýagyň iki ujy bolşy ýaly, bu aýdylanlar zenan maşgalalara hem degişli. Zenan özüne Alla
tarapyn rowa görülen gyzgyn ýüregi, çäksiz mähri, ýumşak hamraklygy, nepis näzikligi öz maşgalasy, ýanýoldaşy üçin sarp edende durmuşynyň nähili özgerip, maşgalanyň neneňsi bagta eýe bolup
biljekdigine akyl ýetirmegi başarmalydyr we şoňa tarap ymtylmalydyr. Özüňizem pikir edip göräýiň, maşgalaň bilen bir jan, bir ten bolup, üstünlige ýetmek döwlet
üçin hem iňňän peýdaly. Bir maşgala – döwletiň bir bölegi. Onuň abat, agzybir bolmagy döwletiň peýdasyna. Ol maşgaladan görelde alýan maşgalalaryň
köpelmegi bolsa, döwletiň utuşy.
Üstünlik gazanmak üçin sagat näçede oýanyp, haýsy tarapyňa turup hereket etmegiň hem belli bir derejede täsiri bar bolmagy mümkin. Ýöne seni, hatda oýanmaly wagtyňdan ir hem bolsa, gurulgy sagadyň däl-de, öz mähriban aýalyň mylaýym sesi, öz çagalaryň gülküsi
oýarsa nähili gowy! Ol seniň öz iş günüňde üstünlik gazanmaga, özem hökman gazanmaga ýeterlik sebäbiň bardygyny aňladýar…
Men sözümiň soňuny bir tymsal bilen jemlemekçi: bir wagtlar Detroýtdaky elektrik kompaniýasynda bir ýaş
mehanik işleýän eken. Ol hepdede 11 dollar gazanç edipdir. Günde on sagat çeken zähmetinden soňam ol öz öýündäki saraýda ýarygijeden daňa çenli ulag
hereketlendirijisiniň täze görnüşini ýasamak arzuwy bilen ýatman işläpdir. Ony öz kakasy wagtyny biderek ýere giderýän, goňşulary bolsa aklyndan azaşan diýip
hasap edipdirler. Ýaş mehanige onuň aýalyndan başga hiç kim ynanmandyr…
Aýaly kerosin çyrany ýanýoldaşynyň kellesiniň üstünde ýadaman saklap durup, oňa kömek beripdir. Sowukdan
ýaňa aýalyň elleri gögerip, dişleri şakyrdap dursa-da, ol bir minudam ýanýoldaşynyň ýanyndan aýrylmandyr.
Çünki ol oňa şeýle bir ynanypdyr!
Günlerde bir gün şol mehanigiň saraýyndan ulag hereketlendirijisiniň sesi eşidilipdir. Biraz wagtdan bolsa goňşulary ýoldan “aklyndan azaşan” bilen
aýalynyň atsyz arabada gelýändigini görüpdirler. “Aklyndan azaşanyň” adyna Genri Ford diýýän ekenler. Ençeme wagtdan soň bilesigeliji žurnalistleriň biri
Forda şeýle sorag beripdir: “Aýtsaňyz-laň, eger siz dünýä täzeden inseňiz, onda kim bolmak islärdiňiz?”.
Forduň jogaby diýseň düşnükli we kesgitli bolupdyr:
“Tapawudy ýok. Ýanymda aýalym bolsa, bolany!”


Aýgül GARAÝEWA
14
99
awesome
17.03.2022 16:56
Ernest Hemingueýiň Pikirlerinden
Wagty geler, adam asyl ýaradylyşy ykbaly bilen ýüzbe-ýüz çaknyşar — şonda şeýle bir partlama dörär!..

Diňlemegi halaýaryn. Ynsalary ünsli diňlemek bilen köp zat öwrendim. Käbir adam söhbetdeşini asla diňlemeýär.

Aşa pikirlenýän her bir adam ateistdir.

Garşylyk görkezmezden öň pikirlen, sowmazdan öňürti gazan. Ýazgarmaga howlukma, “bolanok” diýme, täzeden synanyş. Aýrylmazdan öňürti geçenleriňi ýatla. Her näme etseň-de, gowuja oýlan.

Köp synaglary başyndan geçiren adam wagta öz kömekçisi ýaly garap başlaýar.

Wagt — peýdasyna ýa-da zyýanyna ulanylandygyna baglylykda garrylygyň başujunda duran teselliçi ýa-da jellatdyr.

Ömrüň nämedigine düşünýänçäk, eýýäm gutaraňkyrlaýar.

Gör, nähili gymmatly minutlarymyzy öz ejizligimiziň edenine däl diýip bilmän sarp edýäris. Olar ýeňles güýmenjeleriň, boş gürrüňleriň, şübheli we peýdasyz şagalaňlaryň pidasy bolýar.

Ýalňyzlyk – ruhy güýçli ynsany terbiýelese, ejiz ruhlular üçin ol jebirdir.

Paýhas — ykbalyň bişişen akyla iň soňky peşgeşidir

Ylham hem edil söýgi ýaly joşgunly bolup bilýär.

Meniň ýazyjylyk endiklerim ýönekeý: uzak oýlanmak we gysga wagtda ýazmak. Işimiň köp bölegini aňymda bişirýärin. Pikirlerim belli bir tertibe gelýänçä ýazmaga başlamaýaryn.

Okyjy has inçe pikirleri sypdyrmazlyk üçin üme düşünmeli.

Mende seýrek duşýan, öz eserlerime kesekiniň nazary bilen seredip bilmek ukyby bar. Başga bir ynsaby pesräk ýazyjynyň kabul etjek zadyny köp gezek ýaýdanman inkär edýärdim.

Gowy kitabyň gymmatlylygy we özüne çekijiligi onuň kämil derejede sadalygynda, aç-açanlygynda, häsiýetleri we hereketleri döredýän islegleri hamala säwlik bilen diýen ýaly edip açyp bilmeginde. Bu – diliň hem pikiriň sadalygy.

Häzirki zaman ýazyjylarynyň iň uly aýby — bezegçilige we daşky ýylpylda höwesjeňlikleridir.
18
115
awesome
16.03.2022 23:02
Nury Halmámmedowyñ bellikler depderinden.

Adamzat ösdügiçe wagşylyk azalar öýdýändirler. Muhammet pygamberiň dişini döwdüler, Mansur Hallajy parça-parça bölekläp, odun ýaly ýakdylar, Jelaleddin Rumyny mazara alyp barýarkalar tabydyny omurdylar, Nesimini dabanyndan soýdular, Magtymgulynyň kitaplaryny yakdylar... Soňuny özüň sanaber.

***

“Keýpler niçik” diýsem, “Töhmete galyp, dar agajynyň aşagynda duranyňky ýaly” diýýär.


***


Onuň jaň etmesi ýokdy. Bir gün jaň edýär: “Men gaýdyp barýan, razy bolmaşak” diýýär. “Nira gaýdyp barýaň?” diýsem: “O dünýä” diýýär. Özem gaty rahat, başga bir şähere gezelenje gidýän ýaly. Men-ä oýun edýändir öýtdüm. Bäş-üç gün geçdimi-geçmedimi, öldi habary geläýdi.

***


“Sesim ýyldyza ýeten aýdymçydym, arman, kerler diňleýjim boldy.” diýip ah çekdi.


***

Aýaly näçe zeýrense-de, aýlygyny alan güni bir gujak kitap satyn alýar. “Mukaddes kitabymyzyň ilkinji buýrugy “Oka!” diýlip başlanýar” diýýär.

***

Gurbaga pişige: “Ogry, gorkak bolmadyk bolsaň, gaplaň bolardyň” diýdi. Pişik gurbaga: “Ýeňles, ýalta bolmadyk bolsaň, krokodil bolardyň” diýdi.

***

Ol güýçli alymdy. Ölmezinden öň ähli ýazanlaryny ýakaýdy. Oňa däliredi diýenlerem, aklyna aýlandy diýenlerem boldy.



Çeśme: ORAZ YAĞMUR ,,Beÿik köñle syÿahat" kitabyndan.
11
32
awesome
15.03.2022 20:39
STEFAN ZWEİG / KITAP — DÜNÝÄNIŇ DERWEZESI

Esse


KITAP — DÜNÝÄNIŇ DERWEZESI
(Eserden bölekler)

...Men italýan gämisinde Ortaýer deňzi bilen Genuýadan Neapola, Neapoldan Tunise, Tunisden Alžire syýahat edýärdim. Syýahat birnäçe güne çekmelidi, gämi bolsa tas boş diýen ýalydy. Men gämä erk edijileriň arasynda bir ýaş italiýaly ýigit bilen ýygy-ýygydan gürrüňdeş bolýardym. Ol gäminiň ýolbelediniň kömekçisidi, kaýutalary süpürýärdi, gapagy ýuwýardy, garaz, gara iş hasap edilýänleri ýerine ýetirýärdi. Men ýylgyranda hünji ýaly owadan dişleri görünýän gujurly, gara gözli, garaýagyz oglana uly höwes bilen syn edýärdim. Ol ýygy-ýygydan ýylgyrýardy, özüniň hoşowazly ýiti dilini gowy görýärdi we italýan diliniň heňiniň üstüni täsirli hereketleri bilen ýetirmegi hem ýatdan çykaranokdy. Adatdan daşary baý üm hereketlerine eýe bolmak bilen, ol islendik adamyň endiklerine öýkünip, olary gižželeýärdi: dişsiz gämibaşynyň wazzy-wuzzy edişine, garry iňlis jenabynyň çep egnini öňe atyp, gäminiň gapagynda ýöräp ýörşüne, günorta naharyndan soň, özüniň alada etmeginde garynlaryny pökgerden ýolagçylara synçy nazaryny aýlap, gopbamsylyk bilen gezim edip ýören aşpeze öýkünýärdi. Biraz ýadyrgaýan bu garaýagyz ýetginjek bilen gürrüňdeş bolmak örän gyzyklydy, sebäbi özüniň aýtmagyna görä, köp ýyllar öz watany bolan Lipar adalarynda goýun bakan giň maňlaýly, ellerine surat çekilen bu oglanjyk edil wagşy haýwanyň çagasynyňky ýaly hoşgylawly wepadarlygy bilen tapawutlanýardy. Ol meniň özüne oňat garaýandygymy, diňe özi bilen höwesjeň söhbetdeş bolýandygymy dessine aňdy. Şonuň üçinem özi barada bilýän zatlarynyň baryny açykdan-açyk gürrüň berdi we iki gün geçmänkä, biz hakyky dosta öwrüldik.
Birdenkä aramyzda göze görünmeýän päsgelçilik ýüze çykdy. Biz Neapolda labyr taşlap, gämä gerek adaty zatlardan — kömürden, ýolagçylardan, gök önümlerden we hatlardan ýükümizi tutup, deňze çykdyk. Buýsançly Pozilip kiçijik baýry ýatladyp, Wezuwiniň üstündäki bulutlar ýeňiljek çilim tüssesi ýaly halka öwrülende, ol birden emini gulaklaryna ýetirip ýylgyryp geldi-de, buýsanç bilen maňa ýygyrt-ýygyrt bolan, ýaňyja alan hatyny görkezip, ony okap bermegimi haýyş etdi.
Men birbada düşünmedim. Jowanni bir gyzdan daşary ýurt dilinde — nemes ýa fransuz dilinde hat alandyr öýtdüm, sebäbi munuň ýaly ýigidiň gyzlaryň göwnünden turjagy bildirip durdy. Ol meniň haty italýan diline terjime etmegimi isleýändir diýip oýlandym. Emma hat italýança ýazylandy. Oň niýeti nämekä? Meniň oňa näme ýazýandyklaryny bilerimi isleýärmikä? Jowanni bu soragyma gatyrganyp, haty daşymdam okap bermegimi sorady. Şu ýerde-de men bar zada düşündim: bu gelşikli, akylly, dogabitdi edep-ekrama we hakyky görmegeýlige eýe bolan ýigit statistika arkaly takyklanan okap bilmeýän italiýalylaryň ýedi ýa sekiz göteriminiň hataryna girýän eken. Ol sowatsyz eken! Men Ýewropada ýiteňkirläp ugran sowatsyzlaryň wekili bilen irde-giçde söhbetdeş bolan pursadymy ýadyma salyp bilmedim. Jowanni duş gelen ilkinji ýewropaly sowatsyzymdy, şo sebäpli men oňa geň galyp sereden borly — eýýäm dostum we ýoldaşym däl-de, muzeý eksponaty hökmünde. Men haty, elbetde, okap berdim, ony Mariýamy ýa Karolinamy, bir tikinçi gyz ýazan eken. Hatda dünýäniň hemme ýurtlarynda, dürli dillerde gyzlaryň oglanlara aýdýan zatlary ýazylan eken. Ol dodaklarymyň hereketine içgin seredýärdi, menem onuň her sözi ýat tutmaga synanyşýandygyny duýdum. Ol bar zady ýat tutjak bolup, şeýlebir dykgatly üns berýärdi welin, maňlaýynyň ýygyrtlary gasyn-gasyn bolup gidýärdi. Men haty haýaljakdan, düşnükli edip, iki gezek okap berdim; ol her sözi edil sorguç ýaly sorýardy, gözleri ýaldyrap, dodaklary edil açylan gyzyl bägül ýaly gyzgylt öwüşgin atýardy. Şu ýerde-de bir serkerde geldi, Jowanni-de gürüm-jürüm boldy.
Ine, bar bolany. Ýöne, dogrusy, bu zatlara has soňrak aň ýetirdim. Men eplenip açylýan ýeňiljek kürsüde günorta gijesini synlap otyrdym. Täsin açyşym meni günüme goýanokdy. Men ýönekeý birine däl-de, eýsem, sowatsyz ýewropala ilkinji gezek duşýardym, özem, meniň pikirimçe, ol örän düşbüjedi. Men onuň bilen edil öz deňim ýaly söhbetdeş bolýardym, şonuň üçinem gurşap alýan dünýä ýazuwa böwet basylan bu beýnide nähili şöhlelenýärkä diýen pikir gyzyklandyrýardy, has dogrusy, ejir çekdirýärdi.
Men özümi bu adamyň ýerine goýup, okap bilmezligiň nämedigini göz öňüne getirjek boldum. Ine, ol gazeti eline alýar-da, hiç zada düşünenok. Kitaby alyp, agramyny ölçerip görýär — bir töňňe agaçdan ýa demirden sähel ýeňilräk, dörtburç, ala-mula, gerekmejek zat. Näme etjegini bilmän, onam bir gyra süýşürýär. Ine-de, kitap dükanynyň öňünde saklanýar — daşy zer bilen nagyşlanan, owadan, ala-mula, sary, gyzyl, ak gönüburçluklar onuň üçin ýasama miwelerden ýa ys çykarmaýan ýapyk atyr çüýşejiklerinden enaýy däl. Onuň ýanynda Gýöte, Dante, Şiller ýaly mukaddes atlary agzaýarlar, emma olar onuň kalbyna hiç hili gozgalaň salmaýar. Onuň üçin bular boş sözler, bogunlaryň bimany baglanyşygy. Ol görgülijik, hamala, gara bulutlaryň aňyrsyndan çykan kümüşsöw Aý ýaly şöhle saçýan ýekeje setiriň adama nähili lezzet berýändigini bilmeýär, kalbyňda ýat, toslanyp tapylan ykbal ýaşap ugranda peýda bolýan çuňňur duýgulardan habarsyz bolýar. Ol öz içki dünýäsinden çykyp bilmeýär, sebäbi kitabyň nämedigini bilenok, troglodit (gowaklarda ýaşaýan gadymy adam) ýaly çäkli durmuşda ýaşaýar we onuň dünýäden üzňelikde bu durmuşa hötde gelşine, düşünjesiniň darlygy zerarly boglup ölmeýşine düşünmek kyn. Tötänleýin gören ýa eşiden zadyňdan başga hiç zady bilmän, kitaplardan syzylyp çykýan dünýäniň öwüsgininden dem alman nädip ýaşap bolar. Men ruhy dünýäden üzňe, okap bilmeýän adair ýagdaýyny göz öňüne getirmäge jan edýärdim, alymyň bir tapyndynyň üsti bilen brahisefalyň (gadymy ýasy kelleli adam) ýa-da neandertallynyň (irki we orta paleolit döwrüniň adamy) durmuşyny göz öňüne getirjek bolşy ýaly, emeli ýagdaýda onuň ýaşaýşyny dikeltmäge çalyşýardym. Ýöne men bular ýaly adamlaryň aňyna aralaşyp bilemokdym, depme keriň ýazgylar boýunça sazyň jadyly güýjüne düşünip bilmeýşi ýaly, bütin ömrüne ýeke kitap hem okamadyk ýewropalynyň pikirini okap bilemokdym...

***

Bir kitap arkalymy ýa köp kitabyň üsti bilenmi, tapawudy ýok, ýazylan we çap edilen zadyň, ruhy taýdan ýakynlygyň bahasyna aň ýetiren adam, şu gün, hatda akylly adamlary-da gurşap alan ruhdan düşmekligi görüp, diňe gynanç bilen ýylgyraýar. Kitabyň möwriti geçdi, indi söz tehnika degişli diýip, olar ah çekýärler; sözi we pikiri has ussat, amatly geçirijiler hökmünde grammafon, kinematograf, radio kitaby gysyp çykarýar, tiz wagtdan onuň medeni-taryhy wezipesi geçmişde galar. Nähili çäkli pikir, neneňsi dar düşünje! Müň ýyl mundan öň bize kitabyň beren täsinliginden artyk geljek ýa iň bolmanda onuň bilen deňeşip biljek ýekeje täsinligi-de amala aşyrmak tehnika nirede we haçan başartdyka? Dünýäni şeýle derejede sarsdyryp biljek partlaýjy maddany himiýa oýlap tapmady; ömrüniň uzaklygy bilen şu basma belgiler ýazylan kagyz petdejiginiň öňüne geçip biljek polat ýa demir-beton ýok. Energiýa çeşmeleriniň hiç birine kähalatlarda şu kiçijik jiltden çykýan şöhläniňki ýaly ýagtylygy döretmek başartmady, hiç haçan elektrik akymy çap edilen esere salnan elektrigiňki ýaly kuwwata eýe bolmady. Iň bir doly we köptaraply görnüşdäki könelmeýän we mizemez, wagta tabyn bolmadyk iň baý güýç — ine, kitap näme; indi ol tehnikadan gorkmaly boldumy? Eger kitaplaryň kömegi bolmadyk bolsa, tehnika nädip kämilleşip we giňişleýin ýaýrap bilerdikä? Diňe bir şahsy durmuşymyzda däl, eýse, hemme ýerde kitap bilimiň alfasy hem omegasydyr, her bir ylmyň gözbaşydyr. Şonuň üçinem sen kitap bilen hernäçe berk gatnaşykda boldugyňça, durmuş şonça-da çuňňur açylar, sebäbi şonuň kömegi bilen seniň dünýäň köpsanly adamlaryň içki dünýäsi bilen garyşýar we sen, ony söýmek bilen, dünýä ýüz esse has doly hem çuňňur aralaşýaň we
aň ýetirýäň.

DÜŞNÜKSIZ ADAM

ýa-da Stefan Sweýgiň bagtsyz ölümi hakda kelam agyz

Heran haçan şu şahsyýet hakynda bir zat ýazmaly bolsam, oňa şundan laýyk sözbaşy tapmazdym. Çünki ýüregi hemmeler üçin aýnada ýaly görünip duran adam ömrüniň ahyrynda düýbünden düşnüksiz bir şahsyýete öwrüldi oturyberdi.
1942-nji ýylyň 23-nji fewralynda dünýä metbugatynyň ilkinji sahypasyny täsin habar eýeledi. Onda: "Awstriýaly meşhur ýazyjy Stefan Sweýg hem-de onuň aýaly Şarlotta Rio-de-Žaneýronyň golaýynda ýerleşýän Petropolis şäherçesindäki öýleriň birinde öz janlaryna kast etdiler" diýilýärdi. Hawa, Stefan Sweýg aýaly bilen bilelikde öz janyna kast edipdi. Dünýäde uruş gidýärdi, şol sebäpli hem bu habar dillerde kän eglenmedi. Emma bu ajy habar edebiýaty söýüjileri welin biparh goýmady. Göräýmäge, beýle ýagdaýa düşer ýaly, ýazyjyda düýpli bir sebäbem ýokdy. Maliýe tarapdan gurgundy, döredijilik tarapdanam iň bir önjeýli işleýän döwürleridi. Dogry, 30-njy ýyllarda Germaniýada onuň kitaplary gadagan edilipdi. Oňa derek ABŞ-nyň neşirýatlary ony gujak açyp garşylaýardylar. Söýgüli aýaly hem ýanyndady...
Ýöne oňa diňe bir zat ýetenokdy. Ol watandy. "Adamlaryň arasynda özüňi ýalňyz duýmakdan erbet zat ýokdur". Ine, Sweýgiň ömür ýoluny, betbagt ölüminiň sebäbini açyp berýän jümle. Bu onuň öz sözi we ol hakykatdanam ýat adamlaryň arasynda watanynyň zaryny çekýärdi. Bu hakynda Erih Mariýa Remark "Behiştdäki kölgeler" romanynda şeýle belleýär: "Eger uzak Braziliýada öz janyna kast eden Stefan Sweýgde hem-de onuň söýgüli aýalynda şol pajygaly gije, bolmanda, telefon arkaly kimdir biri bilen derdinişip, iç döküşere mümkinçiligi bolan bolsady, onda bu aýylganç ölüm bolmasa bolmazdam. Ýöne, hernäçe gynansak-da, Sweýg ýat ilde, ýat adamlaryň arasyndady..."
Hoşlaşyk hatynda Sweýg şeýle ýazypdyr: "Altmyşdan soň durmuşa täzeden başlamak üçin biçak uly güýç gerek bolar eken. Men bolsa uzak ýyllaryň dowamynda watanymyň zarynda güýç-kuwwatdan galdym.
Başymy dik tutup, dirilik kitabyna häziriň özünde nokat goýan ýagşy diýip pikir edýärin. Barça dost-ýarlaryma gowulyk dileýärin. Uzak höküm süren tümlügiň aňyrsyndan lowurdap görünjek ýagtylygy, goý, olar görsün. Meniň bolsa oňa garaşara takadym ýok"... German Gesse bolsa, müňlerçe okyjylar ýaly, Sweýgi başgaça tanapdy: " Stefan Sweýg — dostana ynsandy". Ol hakynda aýdylan şular ýaly gowy sözler başga-da kän. "Ol ähli taraplaýyn baý", " Sweýg — tüýs bagty getiren"... Bularyň barynyň üstüni Sweýg ömrüniň ahyrynda gelen garaşylmadyk karary bilen çyzdy. Düşnüksiz adam! Dünýä ony şeýle atlandyrdy. Çünki döreden eserleri bilen millionlaryň ýaşaýşa bolan höwesini artdyran ýazyjy bu höwesi özünde oýaryp bilmändi...

Terjime eden: Baýramgeldi Aliýew.
10
29
awesome
14.03.2022 08:42
Adam we Haýwan

Adam bilen haýwanyň tapawudy, adamyň haýwanlardaky ýaly belli bir hereket edýän programmasy yok. Haýwan, hemmesem haýwandyr. Emma adam özüni alyp barmak bilen perişdeden ýokarda we şeýtandan aşakda bolup bilme potensialy bardyr. Ine şu sebäpden adamlara umumy bir formula çyzmak aňy pesligiň alamatydyr. Daşary ýurtda okaýan eýle, bizde okaýan beýle. Internede girýän akylsyz, girmeýän asylly we ş.m pikirlerde bolan adamlara ýüzlenmäm:
Adama gezýän, ýaşayan ýerine, jynsyna, tiresine görä däl-de aňyna we häsiýetine görä baha bersinler.

Internet bolsa nygmatdyr. We internedi gyz ulanmaly däl, erkek ulanmaly diyilýän pikir, gyz çörek iýmeli däl, diňe erkek iymel-ä barýar. Esasy zat bolsa internede girmeýän gyzyň asyllydygny aýdyp umumylaşdyrmak hem nädogry. Internetiň jynsy ýok. Eger gyzlara oglan gözlemek utandyryjy yagdaý bolşy ýaly, edil şo derejede oglanyň hem gyz gözlemegi utandyryjydyr.

Pikir erkinligne gelsek, hemme kişiňem pikirlerini erkin beýan etmäge haky bar. Ýöne bir adamyň erkinligi beýleki adamlaryň erkinligine hüjüm edýän ýerinde gutarýar. Ýaňam aytdym. Adam haywan däl, we hemme  kişi birmeňzeş oýlanmaga mejbur däl. Eger bir gyz terbiýesine sygdyrsa islän işini edip biler we oňa diňe hossarlary garşy çykar. Emma gyzlary umumylaşdyryp, olaryň internede girýänlerini bolsa erbet gyza çykarmaklyk örän nädogry.
Bir türkmen beýleki bir turkmene milletimiň abraýyny gaçyrýaň diyip, haçanda özüne degişli hemmäni düzedenden soň aýdyp biler.!

Indi oglanlaryň wagt geçirmegine gelsek, oglan wagt geçirip bilýän bolsa gyz hem geçirip bilmeli. Ýöne wagt altyndan gymmat we wagt geçirmek gyz üçinem erkek üçinem nädogry zat. Musulmançylykda bolsa wagty isrip etmek, zaýalamagyň günäkärçiligi bar.

Gyz bilen wagt geçirmäge gelsek, şol seniň wagt geçirýän gyzyň başga biriniň jigisi, uýasy ýada gyzy. Eger sen jigiň, uyaň we gyzyň yok bolsa, geljekde-de bolmajagyna anyk gownüň ýetyän bolsa olar bilen wagt geçirip bilersiň.

Eger jigiňe, uýaňa internet öwretmän olary ýalňyşlykdan saklaýandyryn ödýän bolsaň, saňa diňe döwür bilen işi bolmadyk, GSM hyzmatlarynyň hem ulanylmagyny erbetlikden hasap edilýän we bu zatlara ätiýajy bolmadyk regionlarda ýaşaýan bolsaň mamla diyjek.

Şol hemme zatdan gorap saklaýan jigiňe,  uýaňa başda edep-ekram we Hudaýdan gorkmagy öwret. Soň internet däl, näme öwrensede yalňyş zad-a ulanmajagyna özi akyl ýetirer. Eger şolary öwretmeseň, ýa-da özüňem bilmeýän bolsaň, onda internedi, telefony günäkärläp azara galma. Ol nätsede ýoluny tapar erbetligiň.

Eger erkekleriň erbet gyza gitmegi dogry zat bolsa, aýallaryňam erbetligi etmegi şo dereje dogry diýip hasap etmeli. Ýöne bularyň ikisem deň derejede nädogry.
We şu ýerde belläp geçmeli zat, erbet gyzlara gidýän oglanlara bir maslahatym, özüňizi azajygam bolsa sylaň. Organizmiňizi sylaň. Başga biriniň müň sapar geýip çykaran jorabyny geýmäň.
We ýene bir zat: eger hiç bir erbet erkek bolmasa, erbet aýal hem bolmaz. Müşderi bolmasa dükan açylmaza?!

Bir erbet ýola ilki gadamyny goýýan oglanlaryň özi we muny öz tilsimleri b.n aldap gyzlaryň gözüni-başyny aýlaýar, we gyzyň hem erbet ýola girme ähtimaly örän belentlige galýar. Şol ýerde bozulan gyzdan has köp bozan oglan günäli. Hemmä belli gyzlaryň has ynanjandygy. Nämä gerek bu ejiz nokady ulanyp, soňam öýüňe baryp gyz jigiňi, gyzyňy gabap saklamak?
"Ýakma bişersiň, gazma düşersiň"


Biziň ýaş wagtymyz daşary ýurda okuwa gidýän gyzlar köpdi. Ýat ýurt, başga mentalitet, özüňi saklamak kyn hasap edilýärdi. We daşary ýurda giden gyzlar hakynda gowy gürrüňler edilmeýärdi. Bu meselede esasanam ene-atalary günäkär ederdiler. Daşary ýurda gyzyny ugradýan ene-atalar gyzyna (bagyşlaň welin)
k*nti bolup gel diýip ugradanok.
Her kimiňem arzuw-maksady bar, we ýene-de şol wagt içki ýagdaýa seredeňde finans ýagdaýy daşyna gitseň arzan düşýädi.


Gyzlarymyzyň bozulmagyna belli bir derejede gaty gynanýan. Ýöne daşary ýurtda bozulýan ýa-da bozulyp biljek gyzlary Türkmenistanda türkmen oglanlary bozýar. Meniň niýetim, erbetlikleri sanamak däl, diňe adamlary belli bir guta salyp bolmaýanlygyny görkezmek.
Sosialist däl men, aýal-erkegiň fiziki deňligini orta atar yaly...
Feminist däl men, aýallaryň hakyny aýal bolany üçin talap eder ýaly....
Diňe statik pikirli adamlaryň käbir zatlara göz ýetirmegini isleýän, olaram bu gün ýetirmese ertir ýetirerdä...

Ýazan: Dark Wolf
12
100
awesome
13.03.2022 15:53
Çagalara aýdyp bermäň erteki, 
Agageldiň şygryn okabam bermäň. 
Ýok, erteki däldir, 
olaň ertesi 
Aňyrsynda bize nämälim perdäň. 

Olaň geljegine ýetmez ýaşymyz, 
Ömrümizem ýetmez, 
Ýetmez gözýetim. 
Ylym-bilim beriň, 
beriň baryňyz 
Öz ýoluny, goý, özleri gözlesin. 
Çagalara aýdyp bermäň erteki: 
Şer haýryň alnynda dilemez aman. 
Juda çylşyrymly olaň ertesi, 
Durmuşam toý bilen bolmaýar tamam! 
Şagyzy ýetdirmez suwama keljä, 
Uçmaz garyp gyzyň dokan halysy. 
Ejizleseň ne ýanyňa döw gelýä, 
Ne-de sumrug sorar seniň halyňy. 
Ne padyman weziri bor patyşaň, 
Ne bir köşge hüjüm etjek ulus bar. 
Garypdan şa çykmaz, 
çyksa şo zaman 
Ol dünýäniň garyplaryn unudýar. 

Çagalara aýdyp bermäň erteki, 
Olar juda sada, juda ýönekeý. 
Ertekisi bile bizi eldeki 
Hem türkana etmänmidi köneler. 

Çagalaň geljegi başgadyr asyl, 
Olaň kämil oýunlarna äňediň! 
Biz ýaňy zemine ýetirýäs akyl, 
Olar habaryny alýar älemiň. 

A zeminde ne gudrat bar, 
ne-de syr, 
Düýn syryldy dünýäň pynhan perdesi. 
Paýlaşyga düşen dünýä hem asyr 
Olar üçin barypýatan erteki, 

Çagalara aýdyp bermäň erteki... 

Nobatguly REJEBOW.
8
23