awesome
17.03.2022 16:56
Ernest Hemingueýiň Pikirlerinden
Wagty geler, adam asyl ýaradylyşy ykbaly bilen ýüzbe-ýüz çaknyşar — şonda şeýle bir partlama dörär!..

Diňlemegi halaýaryn. Ynsalary ünsli diňlemek bilen köp zat öwrendim. Käbir adam söhbetdeşini asla diňlemeýär.

Aşa pikirlenýän her bir adam ateistdir.

Garşylyk görkezmezden öň pikirlen, sowmazdan öňürti gazan. Ýazgarmaga howlukma, “bolanok” diýme, täzeden synanyş. Aýrylmazdan öňürti geçenleriňi ýatla. Her näme etseň-de, gowuja oýlan.

Köp synaglary başyndan geçiren adam wagta öz kömekçisi ýaly garap başlaýar.

Wagt — peýdasyna ýa-da zyýanyna ulanylandygyna baglylykda garrylygyň başujunda duran teselliçi ýa-da jellatdyr.

Ömrüň nämedigine düşünýänçäk, eýýäm gutaraňkyrlaýar.

Gör, nähili gymmatly minutlarymyzy öz ejizligimiziň edenine däl diýip bilmän sarp edýäris. Olar ýeňles güýmenjeleriň, boş gürrüňleriň, şübheli we peýdasyz şagalaňlaryň pidasy bolýar.

Ýalňyzlyk – ruhy güýçli ynsany terbiýelese, ejiz ruhlular üçin ol jebirdir.

Paýhas — ykbalyň bişişen akyla iň soňky peşgeşidir

Ylham hem edil söýgi ýaly joşgunly bolup bilýär.

Meniň ýazyjylyk endiklerim ýönekeý: uzak oýlanmak we gysga wagtda ýazmak. Işimiň köp bölegini aňymda bişirýärin. Pikirlerim belli bir tertibe gelýänçä ýazmaga başlamaýaryn.

Okyjy has inçe pikirleri sypdyrmazlyk üçin üme düşünmeli.

Mende seýrek duşýan, öz eserlerime kesekiniň nazary bilen seredip bilmek ukyby bar. Başga bir ynsaby pesräk ýazyjynyň kabul etjek zadyny köp gezek ýaýdanman inkär edýärdim.

Gowy kitabyň gymmatlylygy we özüne çekijiligi onuň kämil derejede sadalygynda, aç-açanlygynda, häsiýetleri we hereketleri döredýän islegleri hamala säwlik bilen diýen ýaly edip açyp bilmeginde. Bu – diliň hem pikiriň sadalygy.

Häzirki zaman ýazyjylarynyň iň uly aýby — bezegçilige we daşky ýylpylda höwesjeňlikleridir.
18
115
ŞirnazarTaganow
17 Mart 2022
IDEALLIDER,kämil adamlañ ýörelgesi!👏👍
ideallider
17 Mart 2022
LORD, aý bilmedim. Men özüme adamlaryň gözi bilen baha berýän.
ideallider
17 Mart 2022
LORD, howwa menem özüme ateistdirin öýdemok. Emma men "Allah bu zatlary nädip edýärkä. Ol "Bolsun" diýeninde nädip bu zatlar bolýarka" diýen soraga köp jogap gözledim. Ahyrynda "Ondan beýik ýok, gelejekde hasaplaşygyma baranymda sorapgörerindä. Ýöne jogaby "Aýtsam beýniň erär" bolar. Onsaň soramarynam diýip goý bolsun etdim. Belki ol "Giper pikirlenme" barada aýdan bolaýmasyn!? Ýagny IQ 500-leriňki👍
ideallider
17 Mart 2022
Ajap pikirleri bar!😊👍
Lälijek
17 Mart 2022
🖒🖒🖒🖒🖒
Возможность комментирования данной публикации было отключена.