awesome
14.03.2022 08:42
Adam we Haýwan

Adam bilen haýwanyň tapawudy, adamyň haýwanlardaky ýaly belli bir hereket edýän programmasy yok. Haýwan, hemmesem haýwandyr. Emma adam özüni alyp barmak bilen perişdeden ýokarda we şeýtandan aşakda bolup bilme potensialy bardyr. Ine şu sebäpden adamlara umumy bir formula çyzmak aňy pesligiň alamatydyr. Daşary ýurtda okaýan eýle, bizde okaýan beýle. Internede girýän akylsyz, girmeýän asylly we ş.m pikirlerde bolan adamlara ýüzlenmäm:
Adama gezýän, ýaşayan ýerine, jynsyna, tiresine görä däl-de aňyna we häsiýetine görä baha bersinler.

Internet bolsa nygmatdyr. We internedi gyz ulanmaly däl, erkek ulanmaly diyilýän pikir, gyz çörek iýmeli däl, diňe erkek iymel-ä barýar. Esasy zat bolsa internede girmeýän gyzyň asyllydygny aýdyp umumylaşdyrmak hem nädogry. Internetiň jynsy ýok. Eger gyzlara oglan gözlemek utandyryjy yagdaý bolşy ýaly, edil şo derejede oglanyň hem gyz gözlemegi utandyryjydyr.

Pikir erkinligne gelsek, hemme kişiňem pikirlerini erkin beýan etmäge haky bar. Ýöne bir adamyň erkinligi beýleki adamlaryň erkinligine hüjüm edýän ýerinde gutarýar. Ýaňam aytdym. Adam haywan däl, we hemme  kişi birmeňzeş oýlanmaga mejbur däl. Eger bir gyz terbiýesine sygdyrsa islän işini edip biler we oňa diňe hossarlary garşy çykar. Emma gyzlary umumylaşdyryp, olaryň internede girýänlerini bolsa erbet gyza çykarmaklyk örän nädogry.
Bir türkmen beýleki bir turkmene milletimiň abraýyny gaçyrýaň diyip, haçanda özüne degişli hemmäni düzedenden soň aýdyp biler.!

Indi oglanlaryň wagt geçirmegine gelsek, oglan wagt geçirip bilýän bolsa gyz hem geçirip bilmeli. Ýöne wagt altyndan gymmat we wagt geçirmek gyz üçinem erkek üçinem nädogry zat. Musulmançylykda bolsa wagty isrip etmek, zaýalamagyň günäkärçiligi bar.

Gyz bilen wagt geçirmäge gelsek, şol seniň wagt geçirýän gyzyň başga biriniň jigisi, uýasy ýada gyzy. Eger sen jigiň, uyaň we gyzyň yok bolsa, geljekde-de bolmajagyna anyk gownüň ýetyän bolsa olar bilen wagt geçirip bilersiň.

Eger jigiňe, uýaňa internet öwretmän olary ýalňyşlykdan saklaýandyryn ödýän bolsaň, saňa diňe döwür bilen işi bolmadyk, GSM hyzmatlarynyň hem ulanylmagyny erbetlikden hasap edilýän we bu zatlara ätiýajy bolmadyk regionlarda ýaşaýan bolsaň mamla diyjek.

Şol hemme zatdan gorap saklaýan jigiňe,  uýaňa başda edep-ekram we Hudaýdan gorkmagy öwret. Soň internet däl, näme öwrensede yalňyş zad-a ulanmajagyna özi akyl ýetirer. Eger şolary öwretmeseň, ýa-da özüňem bilmeýän bolsaň, onda internedi, telefony günäkärläp azara galma. Ol nätsede ýoluny tapar erbetligiň.

Eger erkekleriň erbet gyza gitmegi dogry zat bolsa, aýallaryňam erbetligi etmegi şo dereje dogry diýip hasap etmeli. Ýöne bularyň ikisem deň derejede nädogry.
We şu ýerde belläp geçmeli zat, erbet gyzlara gidýän oglanlara bir maslahatym, özüňizi azajygam bolsa sylaň. Organizmiňizi sylaň. Başga biriniň müň sapar geýip çykaran jorabyny geýmäň.
We ýene bir zat: eger hiç bir erbet erkek bolmasa, erbet aýal hem bolmaz. Müşderi bolmasa dükan açylmaza?!

Bir erbet ýola ilki gadamyny goýýan oglanlaryň özi we muny öz tilsimleri b.n aldap gyzlaryň gözüni-başyny aýlaýar, we gyzyň hem erbet ýola girme ähtimaly örän belentlige galýar. Şol ýerde bozulan gyzdan has köp bozan oglan günäli. Hemmä belli gyzlaryň has ynanjandygy. Nämä gerek bu ejiz nokady ulanyp, soňam öýüňe baryp gyz jigiňi, gyzyňy gabap saklamak?
"Ýakma bişersiň, gazma düşersiň"


Biziň ýaş wagtymyz daşary ýurda okuwa gidýän gyzlar köpdi. Ýat ýurt, başga mentalitet, özüňi saklamak kyn hasap edilýärdi. We daşary ýurda giden gyzlar hakynda gowy gürrüňler edilmeýärdi. Bu meselede esasanam ene-atalary günäkär ederdiler. Daşary ýurda gyzyny ugradýan ene-atalar gyzyna (bagyşlaň welin)
k*nti bolup gel diýip ugradanok.
Her kimiňem arzuw-maksady bar, we ýene-de şol wagt içki ýagdaýa seredeňde finans ýagdaýy daşyna gitseň arzan düşýädi.


Gyzlarymyzyň bozulmagyna belli bir derejede gaty gynanýan. Ýöne daşary ýurtda bozulýan ýa-da bozulyp biljek gyzlary Türkmenistanda türkmen oglanlary bozýar. Meniň niýetim, erbetlikleri sanamak däl, diňe adamlary belli bir guta salyp bolmaýanlygyny görkezmek.
Sosialist däl men, aýal-erkegiň fiziki deňligini orta atar yaly...
Feminist däl men, aýallaryň hakyny aýal bolany üçin talap eder ýaly....
Diňe statik pikirli adamlaryň käbir zatlara göz ýetirmegini isleýän, olaram bu gün ýetirmese ertir ýetirerdä...

Ýazan: Dark Wolf
12
100
Aýdogdy
14 Mart 2022
Perishdee,1 nja gosulyan. Adam kop gorine gora dal gorene akyl yetirsine gora baha berilse dogry bolardy. Basgalarnadam gosulyan oran gowy post 👍👍👍👏👏
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
14 Mart 2022
👍......
MissBoss♕
14 Mart 2022
Gaty gowy post bolupdyr, berekella 👍🏻
ylham_1989
14 Mart 2022
👍👍👍👍👍
Myhman Myhman
14 Mart 2022
dogry ponyata
ŞirnazarTaganow
14 Mart 2022
Global ýagdaýa(meselä),oýlanyşykly,dogry göz ýetiripdir(Awtor)!👍
Возможность комментирования данной публикации было отключена.