awesome
13.03.2022 15:53
Çagalara aýdyp bermäň erteki, 
Agageldiň şygryn okabam bermäň. 
Ýok, erteki däldir, 
olaň ertesi 
Aňyrsynda bize nämälim perdäň. 

Olaň geljegine ýetmez ýaşymyz, 
Ömrümizem ýetmez, 
Ýetmez gözýetim. 
Ylym-bilim beriň, 
beriň baryňyz 
Öz ýoluny, goý, özleri gözlesin. 
Çagalara aýdyp bermäň erteki: 
Şer haýryň alnynda dilemez aman. 
Juda çylşyrymly olaň ertesi, 
Durmuşam toý bilen bolmaýar tamam! 
Şagyzy ýetdirmez suwama keljä, 
Uçmaz garyp gyzyň dokan halysy. 
Ejizleseň ne ýanyňa döw gelýä, 
Ne-de sumrug sorar seniň halyňy. 
Ne padyman weziri bor patyşaň, 
Ne bir köşge hüjüm etjek ulus bar. 
Garypdan şa çykmaz, 
çyksa şo zaman 
Ol dünýäniň garyplaryn unudýar. 

Çagalara aýdyp bermäň erteki, 
Olar juda sada, juda ýönekeý. 
Ertekisi bile bizi eldeki 
Hem türkana etmänmidi köneler. 

Çagalaň geljegi başgadyr asyl, 
Olaň kämil oýunlarna äňediň! 
Biz ýaňy zemine ýetirýäs akyl, 
Olar habaryny alýar älemiň. 

A zeminde ne gudrat bar, 
ne-de syr, 
Düýn syryldy dünýäň pynhan perdesi. 
Paýlaşyga düşen dünýä hem asyr 
Olar üçin barypýatan erteki, 

Çagalara aýdyp bermäň erteki... 

Nobatguly REJEBOW.
8
23
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.