awesome
28.03.2022 09:01
Rubagylar

Durmuş bu oýnuny bildirmän goýmaz,
Ol aglatman goýmaz, güldürmän goýmaz,
Batyryñ zarbasy sowular gider,
Gorkak bir ýapyşsa, öldürmän goýmaz!

***
Gapydan kowdular, törden kowdular,
Öýläne-de goýman, irden kowdular,
”Sesiñ sesimize meñzänok” diýip,
Gargalar bilbili hordan kowdular.

***
Tanyşyn, bilişin, görenin satýar,
Haryt alyp, haryt berenin satýar,
Ol tirýek satardy Käbä gitmänkä,
Hajy bolup gelip, geroin satýar!

***

Çeýnäniñ, ýuwdanyñ gumana boldy,
Boldy, dili kelte Amana boldy,
Zyñan köwşüñ bilen kowan aýalyñ
Gözläp ýörmeli bir zamana boldy.

***

Çeýnäniñ, ýuwdanyñ gumana boldy,
Hezillik Laçyna, Jemala boldy,
Düzeler-dä diýip, çak urýar kimler,
Emma düzeljegi gümana boldy.

***

Eziz adam derman seniñ dyrnagyñ,
Ýöne hakykady gaty görmegin,
Dogry aýdýañ, türkmen dürtmeseñ duýmaz,
Ýöne duýandan soñ dürtüp ýörmegin.

***

Bu durmuşda adalat kän, göreş kän,
Ýöne muña adalatlyk ýaraşýar,
Deñziñ kenaryna zyñlan balyk men,
Bir tolkunyñ gelerine garaşýan.

***

- ”Eşegiñ kellesine tylladan taññyr,
Düñder” – diýip, biri aýdypdyr öñ bir,
Eýder-beýder bildir eşekligini,
Ýa gulagyn çykar, ýa elhenç aññyr.

***

Gurbagany uçýar diýip ýamanlar,
Pyşbagany gaçýar diýip ýamanlar,
Eger ol Hudaýyñ öýün tapaýsa,
Muhammedi içýär diýip ýamanlar.

***

Gepleşilýän ýerde gepe düşerler,
Düşünmedik ýañsa alar, üşerler,
Eşeklerem juda akmak saýmagyn,
Eşek bolsañ, arasyna goşarlar.

***

Ýüregim bir erbet bulandy bu gün,
Göwnüm gaýga batdy, elendi bu gün,
Ak bazarda esräp duran ak iner
Eşek bahasyna dilendi bu gün.

***

Her geçip gideni gazdyr öýüdýär,
Her şemal öwsende ýazdyr öýüdýär,
Bir gün depesinden birje hoz gaçdy,
Indi bar agajy hozdur öýüdýär.

***

Käte gyşym, käte mylaýymym bar,
Eden işlerine müñ kaýylym bar,
“Jan” diýsem, emgenmän janymy aljak,
Ştatdan daşary Ezraýylym bar.

***

“Gepleme” diýýärsiñ, men name malmy?
Öñräkden gelýändir hakykat ylmy,
Atlananlar atasyny tananok,
Atasam tananok: oglumy, dälmi…

***

Diýmäñ: ”Amana-ha uşaklaýandyr”,
Susak tapmadyklar kaşyklaýandyr,
Nesip bolsa, setir baryn tirkärin,
Galyñ düşmekçi gar uşaklaýandyr.

***

Bu durmuşda işiñ telek bolmaly,
Goçam bolsañ, kelläñ kelek bolmaly,
Künti seni öýne çagyrsyn diýseñ,
Ýedi arkañda ýeke jelep bolmaly.

***

Gylygyna düşýär, oduna düşýär,
Köwsaryna düşýär, badyna düşýär,
Takwanyñ baru-ýok algy-bergisi,
Namaza duranda ýadyna düşýär.

***

Durmuş pelsepesi irizdi halys,
Indi ýakyn bolup görnenok alys,
Gapymyzda iki maşyn saklanýar,
Birisi tiz kömek, birisi polis.

***

Hany bir bakaýyn, göreýin çykýar,
Ajal hanjaryna gara gyn çykýar,
- ”Kurandan nur çykýar” diýýärsiñ, hajy,
Seniñ kitabyñdan geroin çykýar.

***

Dury suw gaýnatdyk, goýaljak boldy,
Tiz bitýän işlermiz haýaljak boldy,
Käbä gidip ant içip dur kezzaplar,
Mekge-Medine-de oýunjak boldy.

***

Göz alnymdan ençe gowulyk geçdi,
Gowulyk mydama öwülip geçdi,
Şir ýoluny pişik tutdy pezzerip,
Şir şirligin etdi – sowulyp geçdi.

***

Dünýe üçin tämiz ellerim taýýar,
Ýöne käte öñe geçäýýär haýýar,
Haly dokan gelin ýer dyrmap otyr,
Nas satan bazary göçürip barýar.

***

Gül arzysy gülzar gülde tapylsa,
Dil arzysy şeýda dilde tapylsa,
Telpek baryn tikdi telpek ussamyz,
Indi geýer ýaly kelle tapylsa.

***

Ynanmazdym muny biri aýytsa,
Göwnüm ýa-da şeýleräkdir öýütse,
Başyñ dikkä pişik bolup süýkenen
It bolup topulýar, işiñ gaýytsa.

***

Ýapyldy gapylar, unduldy törler,
Ýol-ýodalar ýitdi, sümsünşip ýörler,
Batyllar şährinde ýeke göz şady,
Onuñam gözüni çykardy körler.

***

Söwda häli-häzir entek goýberiñ,
Danany goýberiñ, tentek goýberiñ,
Aýal gitse, açylýandyr etegi,
Rysgy joşar ýaly erkek goýberiñ.

***

Jaýlaryñ ornunda haraba-da ýok,
Türkmene, buluja arabada ýok,
Her öýde bir maşyn bolar öýderdik,
Her öýde bir eşegaraba-da ýok.

***

Tüm deý tokaýlarda atyñ siz hallan,
Size berekedi berilen Allañ,
Goý, diýsinler geldi amatly pursat,
Eý, eziz maýmynlar, adam bir bolmañ!

***

Olañ täsin, uly hyýallary ýok,
Wah, o ýanlary ýok, bu ýanlary ýok,
Nämüçin aýallar uzak ýaşaýar?
Sebäbi olaryñ… aýallary ýok!

***
Bu señ öz ýeriñde goýuldygyñdyr,
Täleýden sypmarsyñ diýildigiñdir,
Semredilýän bolsañ, bilip goýgunyñ:
Eý goýun, jan goýun – soýuldygyñdyr!


Amandurdy ANNADURDY
6
16
awesome
27.03.2022 12:09
OSWENSIM OWAZLARY

▶ SYÝAHATÇYÑ MONOLOGY

Seýil edip giñ jahanyñ ýüzüni,
Müñläp-müñläp harabany gördüm men.
Şol harabañ keseklerniñ hersinde
Dyñzap duran gara dony gördüm men.

Gördüm lýudwikleriñ atan toplaryn,
Gördüm ryçardlaryñ ýakan toplaryn,
Çañyn syryp kakyp gördüm çalaja
Rimli rysarlaryñ söweş depregin.

Gördüm Napolýonyñ täji-tuguny,
Içdim Çud kölüniñ ajy suwuny,
Çüýräp giden pilçelere syn edip,
Tanadym seljuklañ aýsuluwyny.

Sökdüm Isgenderiñ söken çöllerin,
Müñläp leşgerleriñ çeken çöllerin,
Gezdim Çingizhanyñ gezen ýerlerin,
Gylyçly-naýzaly öten şol zaman
Basyrypdyr mazar bilen meñ Ýerim!

Ýuwupdyr gan bilen her bir gatyny,
Gan bilen ýugrupdyr her bir düwürin,
Togalak şar seýil edip älemde,
Ýatladypdyr adamzadyñ guburyn.

Hun hudaýy ýörüdipdir hökümin,
Aryklar damar deý öwsüpdir elwan.
Göwnüme bolmasa, ýeriñ düýbünde
Çaýkanýar henizem deñiz dek şol gan.

Adamlar gezip ýör ganyñ üstünde,
Şäherler gurup ýör ganyñ üstünde,
Tikip ýör, egrip ýör ganyñ üstünde,
Söýüp ýör, dogrup ýör ganyñ üstünde.

Iýip ýör, içip ýör ganyñ üstünde,
Ýüzüp ýör, uçup ýör ganyñ üstünde,
Aşakda çyrpynýan şol gyzyl deñiz
Gün ýaşsa, eşdilýär Şaryñ üstünde...

Gijelerde owaz edýän şol deñiz,
Ýatyranok müñläp-müñläp adamy.
Ýokarsyndan ejap edýän şol deñiz
Bir sowalmy?
Ýa gazapmy?
Nalamy?

Şol deñiziñ kartalarda ady ýok,
Ol deñiziñ gämiisi ýok, saly ýok,
Ýöne weli seýil etseñ jahana,
Şol deñizden sowa geçýän ýoly ýok!

Seýil edip okeany-derýany,
Nirä ýüzsem şol tolkuna girdim men.
Ol deñiziñ kenarynda oturyp,
Hem asyrlañ beýikligin gördüm men,
Hem asyrlañ nadanlygyn gördüm men.

Hem asyrlañ nadanlygyn gördüm men,
Gylyç salşyp ýadanlygyn gördüm men.
Ýigriminji ýüzýyllygyñ bir güni
Eý, OS-WEN-SIM!
Señ gapyñda aýak çekip durdum men...

Annaberdi Agabayew

OSWENSIM OWAZLARY

▶ SAÇLAR GÜRLEÝÄR

Oswensim boşadylanda onuñ skladlarynda 7 müñ kilogram adam saçy tapyldy. Müñläp kilo saçlardan Bawariýanyñ "Aleks sink" firmasynda mata dokalypdyr. (Kazimir Smolen, "Oswensim, 1940-1945").

♣ M e l e j e s a ç :

Ejem meni akja gulply legende
Pöwhüldedip her gün suwa düşiýrdi.
Köçä çyksak, göz deger diýip gabanyp,
Ýaglyk ýapyp al-arwahdan ýaşyýrdy.

Uzak gije gujagynda ýatyryp,
Sypalardy, 
tow bererdi, 
oýnardy.
Ertir turul mekdebime gidemde,
Darap-darap atyr sepip goýbärdi.

Güneş gülüo nur saçardy üstüme,
Baharda öperdi näzijek ýeller.
Gök gümmürdäp, geleninde öýlänçi,
Böküp-böküp edinerdim heziller!

Kakañky deý buýram-buýram bolupjyk -
Ejem - saçyñ ynha öser - diýerdi.
Onsoñ, balam, şäherdäki bar gyzlar
Ah çekişip, sen diýp gezer -diýerdi...
Ýadymda-la, ýadymda sen, ejejan...

♣ H u m a ý s a ç :

Deñze girip tolkun içre ýaýylsam,
Ýoldan geçen durup-durup garardy.
Suwdan çyksam, aýal bary üýşüşip,
- Özüñkimi şu saç? - diýip sorardy.

Bälçireşip obamyzyñ oglany,
Maña mydam "altyn guýruk" diýerdi.
Uzak gije garda garmon çalyşyp,
Jahyl bary gapymyzda buýardy.

Joralarym ýigitleri gabanyp,
Dökerdiler ýürejigniñ syryny:
Adam barnyñ başyn aýlap ýörme-de,
Saýla, a gyz, senem belli birini...

Kenardaky ýigitleriñ gerçegi
Eýesidi meniñ her bir tarymyñ.
Nowbaharda tokaýdaky gülleriñ
Şol ýygyp getirdi gylla ýaryny.

Örümlerme ýaşyl-gyzyl läleleñ
Dakardy şol oglan saýlap gowusyn.
Agşamara aý düşende tolkuna,
Eşiderdim onuñ ýyljak çawuşyn.

Şol dodaklar gyjygymy getiýrdi,
Galpyllardym şol lebleriñ howruna.
Gökde bolsa şamçyrag deý ýyldyzlar
Meñzeýärdi indi dogjak ogluma.

Dodaklar pyşyrdap çawuş çakardy:
Lagylym, göwherim, altynym meniñ,
Daglary ýararyn, ýykaryn ýeri,
El degse ýekeje taryña seniñ...

Ýadymda, söýgülim, hemmesi meniñ...

♣ A k s a ç :

Institutda studentlerim galdy meñ,
Kitaplarym hem depderim galdy meñ,
Işlenmedik formulalam galdy meñ,
Neresselem, görgülilem galdy meñ.

Käte-käte şeýle hyýal ederdim:
Bir jaýa ýygnasam ýeriñ ýaşlaryn.
Hem ele hek alyp şol juwanlara
Düşündirsem Eýnşteýniñ işlerin.

Düşündirsem şol adamyñ işlerin.
Saçym döksem şol sapagyñ şanyna,
Şujagazy: E - MC2 !
Guýup bilsem şol ýigitleñ añyna.

Guýup bilsem adamlaryñ añyna,
Ömrüm bersem bir sapagyñ şanyna!..

Institutda studentlem galdy meñ,
Kitaplarym hem depderim galdy meñ,
Çözülmedik formulalam galdy meñ,
Neresselem, görgülilem galdy meñ...

♣ M e l e j e, h u m a ý, a k s a ç l a r :

Ah, ine, indi
ýatyrys çüýräp,
Aýdyñ siz, arz edip baraly niräk?!

Annaberdi Agabayew

OSWENSIM OWAZLARY

▶ PEÇ ÝAKÝANLAÑ AÝDYMY

- Haýl Gitler!
- Haýl!
Biz - Ezraýyl!

Ýetmiş ýaşan babany ýakdyk,
Düýn dogan çagany ýakdyk,
Men diýen ärleri ýakdyk,
Ol näzenin hüýrleri ýakdyk,
Seni ýakmak nämemiş?!

O dünýäni görmedige,
O dünýäni görkezeris,
Ot diýlýäni görmedige
Ot diýlýäni görkezeris,

Stanokda ýatyrypjyk,
Geýimlerin sypyrypjyk,
Hol görünýän gyzyl hine,
Kä arkan, kä ýüzinligne
Ýatyrypjyk, gapgararys.
Çapak çarpyp, şat bolarys!
Çapak çarpyp, şat bolarys!
- Haýl Gitler!
- Haýl!
Biz - Ezraýyl!

Süñkler ýansyn gütürdeşip,
Sazak kimin şatyrdaşyp,
Ine, biraz garbanar-da,
Birki bulgur goýberer-de,
Bäş-alty döw kart oýnaşyp,
Kemerimiz berk guşaşyp,
Başlarys biz işimize.

Goý, tüssämiz gögi tutsun,
Ýeri tutsun,
Dagy tutsun!
Generalmyz hoşal bolup,
Biziñ ýakan pejimizden,
Ýene birjw haçjagazy
Daksyn biziñ döşümize!

Gündogara, Günbatara,
Okdurylsyn tanklarymyz,
Gan çaýkansyn ýer ýüzüne
Biziñ şanly polklarymyz,
Şol ýeñişe sowgat bolsun
Şu gün ýakjak süñklerimiz!
- Haýl Gitler!
- Haýl!
Biz - Ezraýyl!

Hawa, biraz garbanypjyk,
Başlamyzda öjümize,
Petde-petde maslyklary
Depişdirip pejimize,
Dykarys-da,
Hol kitapdan
Öçüreris nomurlary,
Sowurarys onsoñ ýele
Küldür gara kömürleri.
- Haýl Gitler!
- Haýl!
Biz - Ezraýyl!

Londonly şofýory ýakdyk,
Krakowly montýory ýakdyk,
Afinaly jahyly ýakdyk,
Aşgabatly şahyry ýakdyk,
Puşkini, Tagory ýakdyk,
Müñläp gelen wagony ýakdyk,
Seni ýakmak nämemiş?!

■ DAR AGAJYŇ AŞAGYNDA OÝLANMAK

Oswensimde baş galdyrjak bolanlar gezme dar agajynda asylardy. Ol köplenç kuhniýanyň öňünde durardy. (Kazimir Smolen. Oswensim, 1940-1945).

Hoş adamlar.
Razy boluň.
Sag boluň.
Ynha, meňem geldi soňky
Pursadym…

Ah, oglanjyk!
Nirededir yglap ýören oglanjyk,
Bir dilegim
Sen ulalyp şu zatlaryň barysyn
Göz öňüne bir getirip görsediň!

Hanha, bulutlaryň çeti gyzaryp,
Äpet güneş dogjak-dogjak bolup dur.
Men saňa galdyrýan şony, oglanjyk,
Sen säher şol güni ýüze sylyp tur.

Bulutlaň astynda şol güne tarap
Geçip barýar setir-setir durnalar.
Men saňa iberýän şony, oglanjyk,
Dirilere gymmat sowgatdyr şolar!

Durnalaryň aşagynda gök meýdan…
Yrgyllaşýar gülälekleň pyntygy…
Men saňa iberýän şony, oglanjyk,
Bilsin diýip bu ölýänleň kimdigin.

Howwa jijim, ondan bärsem demir sim,
Simiň öňem hatar-hatar bendiler.
Gundag bilen, niller bilen itekläp,
Olaň baryn ýaňy sürüp geldiler.

Olar maňa seredişip dur ine,
Sömmeldişip uzyn-uzyn süňklerin.
Gözlerine ýazylypdur ykbaly
Fransuzyň, polýagyn hem türkmeniň.

Töwerekde bolsa sary pagonlar,
Saýgylaýar başyn aşak salany.
Howwa jijim, bular ölşün görmeli 
Oswensimde göreş üçin galanyň.

Görmeli-de şondan sapak almaly,
Oswensimde goýun ýalak bolmaly.

…Oýunbazlyk, bu tomaşa ne derkar?!
Men eşidýän bu gerçekleň gursagyn!

Ah, oglanjyk!
Nirededir ylgap barýan oglanjyk,
Sen ulalyp şu minudy bir ýola
Göz öňüne getirip bir görsediň!

Sen ulalyp, şuňa düşnüp bilsediň,
Haklasadyň şu durnalaň sargydyn…
Ýer ýüzünde birje faşist galaýsa,
Ah, oglanjyk, ahmal bolma, yrgadyr!

Aňsat däldir Ýeri gorap saklamak,
Aňsat däldir sargydymyz haklamak!
Berk bolgun.
Mert bolgun.
Ýaşagyn
oglan!
Iňkisli ölmesin
senden öň doglan.

Sary baýyrlarda, ýaşyl gyrlarda
Biz ýigit çykmankak ölýäs seň üçin.
Sen ýigit çykarsyň… gojalarsyň sen…
Saňa gözüm gidýär… Ýaşa şoň üçin!

Çäge bilen, batga bilen basyrnyp
Biz bu gün gidýäris müdümi Uka.
Ýöne jigim, wehimi ýok, ölmegiň
Göz öňümde uzaklarda sen durkaň.

Ýok, ömrümden ahmyrym ýok şoň üçin,
Umytlarym paýrap galjak tohumdyr!
Seniň nirededir barlygyň üçin
Bu gün biziň ölmegimiz möhümdir…

Hawa, jigim, edil häzir ikimiz
Oturan bolsadyk gök çaý başynda,
Seni kepderi dek oturdyp dyzda,
Gür biýrdim entegem köp zat hakynda.

Gür biýrdim dyrnaklaň çekilşi hakda,
Gür biýrdim iňňeleň sokulşy hakda,
Gür biýrdim, oglanjyk, seniň boýdaşlaň
Ajyndan çişişip ýykylşy hakda.

Zeýli zyndanlardan gür biýrdim saňa,
Gamly daňdanlardan gür biýrdim saňa!

Sebäbi bilýärin parahatlyk bor.
Toý bolar. Burk urar çemenleň ysy.
Bilýärin. Aç-açan görýärin şony.
Ýöne soňra neneňsi bor şoň yzy?

Bu gün dünýä ajal saçýan gök niller
Şonda-da bir ýerde durarmy busup?
Ýa bir gün arkaýyn dem alyp zemin,
Taşlarmy şolary eredip-kesip?

Men senden soraýan şony, oglanjyk,
Toplar durjak bolsa toplara derek,
Taňklar durjak bolsa taňklara derek, − 
Men senden soroýan şuny oglanjyk, −
Onda meň ölmegim aýt, nämä gerek?

Sen maňa jogap ber gel-de şu ýere
Gelniň bilen 
Ençe ýyllar geçensoň,
Sen maňa jogap ber, näm bolar onsoň?
Bu gün dünýä ajal saçýan gök niller,
Şonda-da durarmy bir ýerde busup
Ýa bir gün arkaýyn gerinip zemin,
Taşlarmy şolary eredip-kesip?

Aňsat däldir ýeri abat saklamak,
Aňsat däldir wesýetleri haklamak.
Berk bolgun. Mert bolgun. Ýaşagyn, oglan!
Ýaşaman, göreşmän gubura girseň,
Tüýkrip geçmesin senden soň doglan!

…Howwa, jijim, halka gelýär sallanyp,−
Ynha-da, ol meni penjesne salýar.
Meň bolsa şu pursat şeýle bir zatlar
Kino lentasy dek göz öňüme gelýär:

Öňi apbasyly gumly gelinler…
Mäläp bökjekleşýär guzydyr-owlak…
Ah, oglan, ne gözel ýurtdyr o ýurtlar,
Sebäbi o ýurtlar… o ýurt-lar… oglan…

Annaberdi Agabayew
7
38
awesome
26.03.2022 12:58
GUNDELIGIMDAKI SETIRLERDEN

1. Adamyň zannynda üç sany altyna gaplaýmaly häsiýet bar: sabyr, çeniňi bilmek duýgusy we dymmagy başarmak. Adatça, durmuşda bu häsiýetleri adama akyldan, zehinden hem-de owadanlykdan has gowy ýardam berýärler.

2. Kimdir biri bilen hiç haçan pul üçin, çagalaryň hatyrasyna ýa-da dözmezçilikden ýaşama! Çünki, pul ýüregiňe düşer, çagalar ulalar, haýpygelme bolsa ýigrenje öwrüler.

3.Kimdir birinden iň gowy ar alyş – onsuzam oňup bilýändigiňi görkezmekdir!

4.Gowy adamlar size bagt getirer, erbet adamlar size tejribe berer, has ýaman adamlar size sapak berer, aňrybaşy ajaýyp adamlar bolsa size ajaýyp ýatlamalary peşgeş bererler.

5.Eger-de kimdir birini gowy tanajak bolsaň, ol barada özgeleriň aýdýanlaryny däl-de, onuň özgeler barada gepleýänlerini diňle!

6.Ýalňyzlykda öz pikirleriňize gözegçilik ediň! Maşgalaňyzyň arasynda öz häsiýetiňiziň ýüze çykmalaryny seljeriň! Tanyşlaryň arasynda diliňize eýelik ediň!

7.Hiç haçan özüňizi söýýänleriň öňünde-de, söýmeýäniň öňünde-de özüňizi aklamaga çytraşmaň! Çünki sizi halamaýana barybir näme diýseňizem ynanmaz, söýýän bolsa, size deregem sizi aklaýan zady oýlap tapar!
17
67
awesome
25.03.2022 13:11
«Welileriň ömür ýoluny öwrenýänleriň kalbyna Allatagalanyň merhemeti inýär».

Rowaýatlar

«Pirleriň biri aradan çykan Ýahýa Ammary düýşünde görüp, ondan Allatagalanyň özüni nähili garşy alanyny sorapdyr. Ammar şeýle jogap beripdir: «Allatagala günälerimi bir ýönekeý zat: musulmanlara sopularyň ömür ýoly barada gürrüň berip eden wagyzlarym üçin geçdi. Bir gezek Allatagalany jany-teni bilen söýýän meşhur pirleriň biri menden örän razy bolup, meniň üçin haýyr dogasyny etdi. Şol doganyň berekedi bilen
jeza çekmekden gutuldym».

***

Aby Aly Dakkak hezretlerinden: «Allatagalanyň weli gullaryny görmek nesip etmän, diňe olar hakdaky gürrüňleri diňlemek biziň üçin ýeterlik bolarmy?» diýip sorapdyrlar. Ol: «Ýeterlik bolar. Siz olar hakdaky gürrüňi diňleýän mahalyňyz Allatagala gowuşmak islegiňiz öz-özünden güýçlenýär we wagtyň geçmegi bilen sizi men-menlik, tekepbirlik ýaly duýgular terk edip, olaryň ýerini tabynlyk duýgusy eýeleýär» diýip jogap beripdir.

***

Jüneýit hezretleri: «Bu hekaýatlar gamgyn ýüreklere teselli berýär» diýipdir.

***

Muhammet alaýhyssalam: «Allatagala maňa: «Ýa, Muhammet! Men saňa gadymy pygamberleriň durmuşynda bolup geçen wakalar barada seniň ejiz kalbyňy kuwwatlandyrmak, ruhy açlygy başyňdan geçirmäge mümkinçilik döretmek we saňa teselli bermek maksady bilen gürrüň berýärin» diýip ýüzlendi» diýipdir.

***

Hezreti pygamberimiz ýene şeýle diýipdir: 

«Welileriň ömür ýoluny öwrenýänleriň kalbyna Allatagalanyň merhemeti inýär».

***

Abu Aly Sina: «Diňe iki sany islegim bar. Men diňe weliler hakdaky gürrüňi diňlemek isleýärin we diňe Allatagalanyň halan pirleri bilen duşuşmak isleýärin» diýipdir. 

***

Feridetdin Attar soňra şeýle diýýär: 

«Pirler hakdaky gürrüňleri diňleýän kişilerde Allatagalany tapmak we dünýäni kalbyňdan çykarmak islegi peýda bolýar, Allatagala bolan yşk güýçlenýär hem-de adamyň ýany bilen o dünýä alyp gidip biljek zerur häsiýetlerine eýe bolmak islegi artýar. Iň esasy-da ölümi ýatlamak olaryň durmuşynda möhüm orun eýelemäge başlaýar. 

***

Sahabalaryň Allatagala hakda pikirlenmek üçin iliň gözünden gizlenýän öýleriniň bosagasynyň öňünde ýatan ite şepagatçy boluşlary ýaly (dogrusy, men özümi itden hem pes hasaplaýaryn), kyýamat gününde olaryň maňa şepagatçy bolmagyny isleýärin. Bu islegimi
Jemal Müsli hakdaky rowaýat has hem güýçlendirýär. Ol ömrüni çile çekip geçiren hem bolsa, garyplara sowgat baryny berer eken. Jemal Müsliniň bir islegi bolupdyr. Ol özüni Pygamberimiziň (s.a.w.) aýagujynda jaýlamaklaryny we mazar daşyna: «Seniň itiň bosaganyň öňünde ýatyr» diýip ýazmaklaryny arzuw edipdir».

***

Jamy «Nefahat» atly eserinde Attaryň sopuçylyga baş urşuny beýan edipdir. Feridetdin bir gün dükanynda hysyrdanyp ýörşüne, durşy bilen işe berlipdir. Şol wagt bir derwüş gelip:
– Allahyň razylygy üçin bir zat ber! – diýip, birnäçe gezek gaýtalasa-da, iş bilen gümra bolup, dünýäni unudan Attar, oňa barmysyň hem diýmändir. Şondan soňra derwüş onuň golaýyna dykylyp baryp:
– Ependi, sen nädip öljegiňi bilýäňmi? – diýip sorapdyr.
– Sen nähili ölseň, men hem şeýdip ölerin-dä.
– Sen meniň ölşüm ýaly ölüp bilermiň?
– Munuň hiç gürrüňi bolmaz.
Bu jogaby eşiden derwüş elindäki agaç golçany ýerde düňderip goýup, oňa başyny goýupdyr we: «Allah!» diýäge-de, jan beripdir. Bu bolan işi gören Attaryň tüýsi üýtgäpdir. Şondan soňra ol dükanyny satyp, sopuçylyga ýüz urupdyr


Rowaýatlar Orazzgylyç Çaryýewiň Feridetdin Attaryň,, Tezkiretül-ewliýa,, atly kitaby hakynda ýazan ,, Syrlar dünýäsiniñ beýançysy,, diýen makalasyndan alynan
11
50
awesome
25.03.2022 13:10
Jüneÿit han.

Šamyrat Taganow / Jüneÿit han.

( powestden bôlek)

( Hojabaÿ aga Jûneÿit hanyñ kakasy.
Gurbanmámmet- Jûneÿit han)

-Bilśimiz ÿaly, Horezimiñ oÿunda Hywanyñ Širgazy han medresesi bilimiñ ojagy. Ôzem biziñ obamysdan taÿak atym ÿer. Magtymguly śahyr Garrygaladan gaÿdyp, Kemine sopy Saragtdan gelip, Hywa medresesinde okap bilim alypdyrlar. Olaryñ derejesini aÿtmagyñ size zerurlygy ÿok. Biz bolsa eñegmiziñ teÿindáki bilim ojagyndan peÿdalanyp bilmân elipden śermende bolup galdyk. Oglanlarmyzam okatmadyk, okatmaga gûÿjûmiz ÿetmán duranok. Heÿ, bolman oglanlaryñ birkisi okan bolanda biri bolmasa, beÿlekisi oba ymamlyk ederdi. Gowy okan ahun bolardy, pesirák okan molla bolardy. Beÿdip at mûnûp, il sôkûp dili dogalyny idáb-à ÿôrmezdik.
- Ÿogsam-da Hojabaÿ aga, ( Jûneÿit hanyñ kakasy) Gurbanmâmmet ( Jûneÿit han) alym hojanyñka gatnap okap ÿôren ÿalydy-la! - diÿip, uzynak gotur adam dillendi.
- Gurbanmámmet alym hojanyñka gatnadam, okamaga ukybam bardy, okap, ÿazyp òwrenibem barÿardy. O-da gôçûp gitdi. Soñ Gurbanmámmedem okaÿyn diÿmedi., menem belli bir zat aÿtmadym. Šeÿdibem galyberdi. Ÿakyndan bárem garry mirabyñ ÿanyna gatnan bolÿar.
- Garry mirabyñ tur- oturyna ÿarajak oglan gyt dál- le obamyzda. Ÿône Hywa gatnap okar ÿaly, hat- petekden gòzli bolsa, Gurbanmámmedi śol ÿola atarmagymyz gerek. Eger siz makul bilseñiz, hemmâmiz bileleśáge-de Gurbanmámmedi Hywa medresesine okuwa ibereliñ. Ôñem gôzû gara-çyra dûśen oglan, derrew sowat açar gider. Telpegmizi ôwûrmânkádem obamyz mollaly bolar- diÿip, çokga sakgal ôzûni teswirledi.
- Sakgaldaś okuwy ÿaśkañ okamaly.
- Gurbanmámmedem entek oglandyr-la Magtymguly hem Hywa gatnaÿarka, ter sakgally pyÿada eken.
- Gurbanmámmet okajak diÿse giç dál- le.
Hojabaÿ aga sakgalyny sypady:
- Gurbanmámmedi ôÿlendiràÿmek hyÿalymam bardy.
- Ôÿleneni hiç-le. Biziñ gyzygÿan zadymyz Gurbanmàmmetde ukyp bar, zehinli, dûśbi ÿigit. Hywa śáheri dâś ÿerde dàl, geler- gider durar. Alty- ÿedi ÿyl diÿeniñ hiç zat, há diÿmàn geçep gider.
- Setdar dogry aÿdÿar. Śu obada Gurbanmámmet ÿaly dûśûnjeli oglan ÿok. Baran ÿerinde-de baśyny carajak - diÿip, geñzew ÿigit taraś kepçe ÿaly eñegini gandala gyśartdy.
Hojabaÿ aga atyny uzak ÿeke çapmady. Maslahata gelenleriñ baśga matlaby B bardyram ôÿtmán, ylalaśyga geldi.
- Men- à Gurbanmàmmediñ okamagyna garśy dàl. Ÿône, ôzune-de geñeśip gôrûñ. Okajak Gurbanmámmet. Sizem aÿdyñ, menem diÿeÿin. Ÿône Gurbanmámmet okuwa gitmeli bolsa, gapdalyna ÿene birki oglan gośalyñ. ,,Ÿekelik Hudaÿa ÿagśy" diÿipdirler. Ÿoldaśly bolsa gowy bolar -diÿdi.
Oturanlaryñ baśy gôge ÿetdi. Iś bitiren adamlar uzak oturman turmak bilen boldular.

Gurbanmámmet Hywa medresesine okuwa gitdi. Ol medresá okuwa giren ÿyly- da oÿlendi. Gurbanmâmmet medresede iki- ûç ÿyllap yhlasy okady. Deñ- duś talyplaryndan zehinlidigini hem aÿan etdi. Oña sapak berÿán mollalaryn gowni ÿetÿàrdi. Gurbanmámmediñ gowy taraplary kôpdi. Ol ylaÿta- da ÿoldaślaryna wepalydy. Barly oglan ÿoldaślarynyñ ÿeter- ÿetmezine kômek berÿârdi. Ÿalan sôzlemeÿárdi, ÿalan sôzláni bolsa itden beter ÿigrenÿàrdi. Okanda- da, dynç alanda-da, naharlananda- da wagty hasaplydy. Kelç- kûlçi ÿokdy. Men- menlik satmagy, ôwûnmegi bilmeÿârdi. Ôzûni ôràn edepli, salykatly, ykjam alyp barÿardy. Kitaplary kôp okaÿardy. Sapaklaryna degiśli bolmadyk kitaplary-da okajak, biljek bolup haÿyr helákdi. Okuwda aÿdylÿan, diÿilÿánleri durśy bilen gulaga dônûp dinleyárdi.
Gurbanmámmet medresániñ golaÿjygyndaky hûjreleriñ birinde ÿaśaÿardy. Ol adamlaryñ hereketlerini ÿitilik bilen synlaÿardy. Onuñ ÿûregi kôp wagtdan bári bir zatlar syzyp ÿôrdi. Bir gije ÿatyrka gulagyna ses gelen ÿaly tisginip oÿandy. Gôwnûne bolmasa, daśarda bir çybśyldy eśidildi. Ol ilki ÿassykdan baśyny galdyrdy. Soñ ÿerinden turdy- da diñśirgendi. ,, Gijániñ bimahal çagy medresá girip ÿôren kim- kà?!"
Ogry- jûmrûmikâ? Mukaddes jaÿda ogry nàmiślesin" diÿip oÿurgandy. Pyśyrdy eśdilensoñ-a ÿûregine has- da howsala aralaśdy. ,,Dogrudanam ogra meñzeÿàr. Uly piriñ, ahunlatyñ dûśenÿàn halylaryna gôz gyzdyrÿarmykalkar, àteñenàletler? Sakçy uklap galaÿdymyka? diÿip, piśik basyśyny edip, ÿiwaśjadan ÿôràp medresàniñ iśiginden girdi. Medresàniñ tekjesindàki çyralar ÿanyk. Gôrse ôzûni okadÿan mollasy medresàniñ sûbsekeś gelini bilen gujaklaśyp, ôpûśip dur. Gurbanmàmmet bu ahwalaty dûÿśdûr ôÿtdi. Mukaddes saÿylÿan ÿerde beÿle wejeraçylygyñ bolup biljekdigini akylna sygdyryp bilmedi. Gijesi- gûndûzi onuñ bu ÿerde eśidÿàni din- iman, halallyk hakyndaky gûrrûñlerdi. Onuñ kalbyna howsala aralaśdy. 
,, Hut śu gûnem molla bize nika, maśgala, śerigat barada aÿdypdy. Binika zyna eden adamlar gôni dowzaha barmaly. Asyl śu duran mollamyzmyka biri?! Meniñ gôrÿànlerim molla lybasly arwah bilen sûbsekeś lybasly albassy bolaÿmasyn? Toba! Meniñ gôzlerim nàme gôrÿàr?" Gurbanmàmmet her nàme-de bolsa, bu ahwalatyñ duśyndan gôz ÿumup geçip biljek dàldi. Yns bolsa-da, jyns bolsa- da garpyśmakçydy. Ol hopugyp baryp, gujaklaśyp duranlaryñ alkymyna dykyldy.
- Tagsyr, bu nàme bokdugy? Bu edip duran iśiñizem śerigatyñ ÿoluna gabat gelÿàrmi? - diÿip, gorkusyny basmak ûçin gaty gepledi. Molla ,, Ogurlyk eden uÿalmaz, ûstûne gelen uÿalar" edip, ÿûzûne garany çekdi. 
- Heÿ- ÿ- ÿ, talyp jan, talyp jan, ,, Mollanyñ diÿenini et-de, edenini etme" diÿen nakyldan bihabar ekeniñ- ow- diÿip, Gurbanmámmediñ ÿûzûne ÿylgyryp seretdi.
Bu ÿylgyryś Gurbanmàmmediñ ynam sûtûnine dûÿbûnden palta urdy. Ol juda uly zadyny ÿitirendigini, baśynyñ aÿlanyp, ÿûreginiñ bulanÿandygyny duÿdy. Mollanyñ sôzûne náme jogap berjegini bilmàn gahary depesine çykan Gurbanmámmet hyrra yzyna ôwrûldi. Ol hûjresine dolanyp gelensoń ynjalmady. Kôp wagtlap, biline urulan ÿaly iki ÿana togalandy.
Yhlas bilen diñlenen dersler, okalan kitaplar, yslamyñ sarsmaz sûtûni...bularyñ hemnesi depesinden inip barÿana dôndi. ,, Wah, Allatagala maña bir garadan gaÿtmaz gûÿç- kuwwat berse, śu ÿurdyñ ygtyÿaryny hiç bolmasa birki ÿyl maña berseler, àrine dônûk orramsylaryñ, aÿalyna biwepa jalataÿlaryñ, ili çûrkàp ÿôren ogry- jûmrûleriñ, ejize ganymlaryñ hemmesini uçdantutma soñuna sogan ekerdim" - diÿip Gurbanmàmmet śol gijàni gôzûni ÿumman dik otiryp geçirdi. Ol indi bu ÿerde galyp biljek dàldi. Medirese-de, mollalary-da gôzûne ÿek gôrûnÿàrdi. Hemme zat hapysa, hemme zat yigrenjidi. 
Çaÿ- naharyñ ÿûzûne seredesi gelenokdy. Bu ÿeriniñ howasy-da demikdiriji, ÿûrekbulanjydy. Śunça ÿyllap uÿan, ynanan berjaÿ kylan paryzlarynyñ dûÿbi boś çykdy. Aÿak diràre daÿanç galmady. Dûÿpsiz ummanyñ gyrasynda ÿapyśalga ÿok. Ol ertesi hiç kime geñeśmàn, ÿoldaślaryna-da duÿdurman ôÿûne tarap ÿola dûśdi. Gurbanmàmet Hywadan gaÿdyp gelen soñ her kim her zat diÿdi. Biri ,, Gowy okansoñ derslerini tiz bitiripdir" diÿse, ÿene biri ,,Uruśyp gaÿdypdyrd-aÿt" diÿdi. ,, Okuwyna ÿene gitjekmiś" diÿenlerem tapyldy. Emma ol aÿdylanlsryñ hemnesi nàdogry bolup çykdy. Oba adamlary ony medresede okan hasabynda hormatladylar. Az wagtdanan Gurbanmàmmedi oba kazysy edip bellediler. Gurbanmàmmet oba kazysy bolansoñ, Gazabatdan Gûpjek molla diÿen kôneçàni oñat bilÿàn bir adamy obasyna gôçûrip getirdi. Ol molla oba ymamlyk edip baślady. 
Gurbanmàmet ,, Śerigat yzlasañ, gynama jany, hakykat yzlasañ ôldûr ÿylany" diÿilen, nakyly kôp gaÿtalaÿardy. Ol śerigatyñ ÿoluny dogry tutmagyñ ugrunda jan edÿàrdi. Ôzûne ÿûz tutup gelen adamlaryñ meselesini adalatly çôzûp bilmese, ôzûne kemlik bilÿàrdi. Mahlasy, oba, il Gurbanmàmmedi śol dôwûrde meselàni adalatly çôzmekde Horezmin oÿunda ÿeke-tàk kazy hasaplaÿardylar. Ol ôràn aladaçyl, bilesigeliji, dogruçylkygu jany- teni bilen sôÿÿàn adamdy. 
10
30
awesome
25.03.2022 13:10
📖📖📖📖

Iñ ynamdar adamlarym, kán bir tanamayanlarymdyr.

Adalat bolmadyk yerinde, ahlak yokdur.

Bir gapyny itip gôrmekden oñ, onuñ acykdygyny, gurukdygyny bilmersiniz.

Támiz sôygi, támiz yśk, utanmak we çekinmegiñ bar yerinde bardyr.

Ômrûñ manysy uzyn yaśamakda dáldir, gowy yaśamakdadyr...

Açyk gôwûnlileriñ dûśûnjeleri, beyik dûśûnjelerdir.

Iñ ynamdar adamlarym, kán bir tanamayanlarymdyr..


Michel de Montaigne



Eger bir ÿurekde ynam bar bolsa, ol yurekde sôÿgûde, durûslikde bardyr.

Nebsiñiz bilen duśman, sahylygynyz bilen dost gazanarsyñyz.

Umytsyz sôÿmegem bir umytdyr.

Ukynyñ basyp, yeñip bilmedik ajysy barmyka?!

Hasyrat çekmegiñiziñ jylawy siziñ eliñizde dâldir, hemiśe baśga biriniñ elindedir.

Honore De Balzac


Kôp zatlara akyl ÿetirmek, hyÿalyñ gûyjûdir.

Bir ogry bardyr. Ol adamzadyñ iñ lezzetli zatlaryny ogurlap alanda kanun oña hôkûm çykaryp bilmez. Ol wagtdyr...

Napoléon Bonaparte.

Belki siz yalancy dostlaryñyza bir sag bolsun bergidarsyñyz, saña dogruçyl, parasatly, sôygûli dostlaryñ bardygyny ÿatladany ûçin.

Meni bikarar goyan zat maña ÿalan sôzlánleriñ dáldir, indiden beÿlák size ynanyp bilmejegimdir.

Ôte ÿumśak bolma, ezilersiñ, beylede gaty bolma dôwûlersiñ!

Gowy adam bolmak añsatdyr, iñ kyn bolan zat adyl bolmakdyr.

Bir zady ôwreneniñden, birini sôÿeniñden soñ ôñki gûnleriñden kyn gûne galjagyñdan habaryñ bolsun!

Seni śeyle bir hyÿalymdan çykarmany sakladym, iñ soñunda-da hyÿalym bolup galyp baryarsyñ.

,,Gitmesene" diÿip bilÿán gûÿçli bolmak gowydyr, sebábi ôykeledenini unudyp biljek gûÿçli adam ÿok aslynda...

Iñ uly alyp biljek aryñ bagyślamakdyr, we garśyñdaka berjek iñ owadan jogabyñ ÿylgyrmakdyr.

Hawa men sôÿguli gapyma geldim, men ozûmden geçdim, men indi ÿok, sen kim bol diÿseñ śol bolmaga geldim men...

Ertirki gûnim mundan gowy bolar diÿip umytlaryñ içinde yaśayarys, náme, bu gun dûÿniñ ertiri dâlmidi?!

Zenanlar ôzûne dôzûlen her bir ôÿke kinâni bagyślarlar, ÿone ôlende içinde gider...

Ôlenden soñ yaśamak isleseñiz, ya okanyña degjek zatlar yazyñ, ÿa ol barada ÿazylmaga mynasyp iśler ediñ.

Gûlmek ûçin bagtly bolmaga garaśsam, gûlmánjik dûnÿâden ôtjek ekenim.

Ÿûregiñ boś bolanda gôzleriñ yaślara doly bolyar.

Maña yagyśyñ náhilli yagÿandygyny dûśûndirme, ÿag.

Ôlmek bir kyn zat dáldir, adam śekilli ÿaśamak kyn.


Wiktor Hugo.
11
44
awesome
24.03.2022 17:08
Beden- ruhuň eşigidir.

Owadan ruha uly we gelşiksiz bir beden (eşik) gelişermi? 
Ruh döreninden bäri gözellige we estetika meýillidir. Şol sebäpli ruh, semiz figuraň deregine sportsmenleriňki ýaly figuraly bolmak islär. Elbetde, ählimiziň dogulyşdaky we soňky göwrämiz tapawutly. Emma, figuramyzy üýtgetmek öz elimizdäki zat. Figuraň owadanlygy ýaşa däl-de ýaşaýyş şeklimize bagly. Gowy görünjek bolsak, hem dogry iýmitlenmeli hem-de maşk etmeli. Esasan terje miweler, gök-önümler bilen iýmitlenmeli. Bu iýmitler bize köp mukdarda energiýa berýär we figuramyzyň ölçeglerini goraýar.
Ýaşajyk görünmegiň we uzak ýaşamagyň syry, az iýmekdir. Şol bir ýaşly 2 sany maýmynda bir barlag geçirilýär. Birinji maýmyna 10 ýyla ýeter ýaly iýmit, ikinjä şoň ýarysy ýaly iýmit berilipdir. Iki maýmyn 10 ýyl soňra bir ýere getirilende, 2-nji maýmynyň beýleki maýmyna garanyňda ýaş görünýändigi kesgitlenipdir. Edil şuňa meňzeş barlag syçanlarda-da geçirilipdir. Netije az iýmit iýen syçanlaryň grupbasy uzak ýaşapdyr. Bu ýagdaý adamlarada degişli. Bizem az iýip, ýaş görüneliň. :) 
Figura bozujy semizligiň esasy sebäbem köp iýmek. Aslynda köp iýmekligem edil çilim çekmek, alkogolly içgileri içmek ýaly endikdir. Semizlik ynsana ömri boýunça psihologiki agyry berer. Häzirki wagtda ynsanlar biri-birine baha berenlerinde figura köp üns berilýär. Hatda birini taryp edenimizde-de, çişik ýa hordygyny dile getirýäs. Şonuň üçin figuramyzy ideal derejede saklajak bolmaly. Käbir ynsanlar pil ýaly. Ýerinden turanlarynda, ýöränlerinde kynlyk bilen agyr hereket edýärler. Semiz bedene eýe bolan ynsanlar energiýalaryny köp oturmak, ýatmak arkaly sarp edýärler. Sport bilen meşgullanmak, maşk etmek myşsalarymyzy güýçlendirýär. Yzygiderli maşk etsek, 75-80 ýaşymyzda wagtymyz, güýjimiz 35-40 ýaşlyňky ýaly bolar. Şuny ýadyňyzdan çykarmaň, sporta wagt aýyrmaýanlar soň kesellerine wagt aýyrmaly bolarlar. 

Duruş (pozisiýa)
Duruş- ynsanyň bedenini tutma formaty. Ynsan özüni duruşy bilen sergilär. Ilki bilen isle dik duraňda, isle oturaňda dikje durmaly. Dogry duruşda aýaklaryň arasy egniň arasy ýaly açylmaly. Bedeniň agramyny aýaklara bermeli, aýagyň aşagynyň bar ýerine deň-derejede basylmaly, elleri rahatja sallamaly. Hemem başyňyz dik bolmaly. Karizmatik ynsanlar başlaryny dik tutýarlar. Başyň öňe tarap egilýän bolsa, hem bedene artykmaç agram berýär hemem ynamsyzlygy aňlatýar. Oturanymyzda-da dik oturmaly. Dogry oturylyşda g*t we arka oturgyja gowy degmeli. Käte özümizi gowy duýýan wagtymyz ýat ýerde dagap oturýarys. A ynamsyz bir öwrenişmedik ýerimizde bolsa, oturgyjyň ujunda gaçyp gitjek ýaly bolup oturýas. Dogry ýöreýişde elleri rahat göýbermeli. Ne ýuwaş, ne çalt ýöremeli. Gözler ýerde, eller jübüde ýöremegem şekilimizi bozýar. Garaz, dik ýöremeli, dik oturmaly, dik durmaly. Oňurga dik bolsa, bedendäki gan aýlanşygyda gowy bolýar. 
Örän geň galdyryjy ýeri bolsa, dik duran dogry düşünýär, dogry düşünenem dik durýar. 
Üns berýän bolsaňyz, özüne ynamly adamlar dik durýandyr. Meselem, sapaga geçeniňizde bilýän zadyňyzy dikje durup ynamly aýtýaňyz. Bilmeseňiz, eýlä-beýlä köp hereket etýäňiz. Egniňiz asyk bolýar. Ynsanyň dik dursa agyrlyk güýjüne dogry, dik durmasa agyrlyk güýjüne garşy güýç sarp edýär. Duruşymyz duýgularymyzada täsir edýär. Meselem, egnimiz asyk wagty, gaşlarymyz çytylan wagty, elimizi gysyp, aýaklarymyzam biri-biriniň öňünden geçirenimizde duýgularymyz negatiw bolýar. Bagtly, begenýän wagtymyzam durşymyz düzelýär. 
Diýmek, durşymyzyň duýgularymyza täsir edişi ýaly, duýgularymyzam durşymyza täsir edýär. 
Duruşlar öwrenmäge-de täsir edýär. 2 topar okuwçylaryň arasynda konferensiýa geçirilýär. Birinji toparyň okuwçylaryna bir aýagyňyzy beýlekisiniň üstüne geçirip, ellerinem gysyp oturmagy, beýleki topara onuň tersini, rahatja oturmagy isläpdirler. Netijede, birinji toparyň okuwçylary beýleki topara garanyňda 38% az zat öwrenendiklerine göz ýetiripdirler. 
Dogry duruş üçin, köp mukdarda energiýa gerekdir. 

Ruh gözelligi.
9
38
awesome
23.03.2022 18:56
Sigmund Freud-yň sözleri!

1. Aýdyp bilmedik duýgularymyz hiç wagt ölmez, olar diri-diri gömülerler we soňra has erbet ýagdaýda ýüze çykarlar.
2. Ýaşlyk - bilip bilsedi, garrylyk - edip bilsedi...
3. Bir gün yzyňa bakyp seredeňde, ýyllar boýy durmuş ugrundaky beren göreşleriň iň gowy ýatlamalaryň bolar!
4. SÖZLERIŇ örän uly güýji bardyr! Ýa iň uly şatlygy getirerler ýa-da iň çuň umytsyzlygy!
5. Özüňizi deňeşdirip biljegiňiz ýekeje kişi, siziň geçmişdäki kişiligiňizdir we bolmagyňyz gereken ýekeje kişi şu wagtky ýagdaýyňyzdyr!
6. Kiçi meselelerde aklyňyza ynanyň, uly meselelerde ýüregiňize!
7. Aç bolan nahardan, pulsuz bolan puldan, baňkda kredit berýän adamlar hem ahlakdan gep ederler!
8. Dünýä ýalňyz şekilde geldik, gidemizde hem ýalňyz ýagdaýda gideris!
9. Her bir adam tebigata bir ölüm borçlydyr!
10. Taryh - bu öňki ýalňyşlyklary gaýtalaýan täze adamlardyr!
13
60
awesome
22.03.2022 21:49
Bu men-
Enwer.
 Siziň köne tanşyňyz.
 Bagyşlaň bimahal bimaza edýän.

GEL, MENI ÝAŞA!


Saçlaň ömrüme seçek bor,
Sesiň melhem daga-daşa.
Çözüp wagtyň iligini,
Gel, eý durnam, meni ýaşa!

Bu bahar seni görmeden,
Gitmesin başga illere.
(Mydam uçup bolmaz ahyr,
Bir gün gonmaly bor ýere).

Däli Jeýhun gaýmaklapdyr,
Görüp düýşünde geljegiň.
Giňdir biziň ýaýlalarmyz,
Bilýän, görseň begenjegiň.

Bulutlarmyz duýguçyldyr,
Dert däl, yşk getirler başa.
Owuç deý göwnüm dolduryp,
Gel, eý durnam, meni ýaşa!


ERK

Üstüme dag, daş ýagdyryp,
Göm, ýöne “Namart!” diýmegin!
Aýypmy meň seni däl-de,
Ýagyşy, ýazy söýmegim?

Gözelligiň öwlüp biler,
Barlygňa ediler şükür.
Aklyň gözüňde bolmasa,
Birwagt ederdiň pikir...

Erkin guşlar ýalňyz ýaşar,
Ýalňyz ýaşan bolar erkin.
Dünýä saňa galsyn, galsa
Maňa bolsa meniň erkim.

Dost


Dost baýrak däl, ,
Dost Baýdakdyr.
Ýelden, Günden gorap bilýän.
Gözün ýumsa özün däl-de,
Ilki bilen seni görýän.
Uzak ýollaň ýadawlygy,
Kem-kem ýüze çykar sürnüp.
Şonda dost has köp küýseler,
Sebäp ol seň juwan düýnüň.
Könelmeýär Asman, Zemin,
Könelse-de täzelikler.
Tutuş ömre ylham berýän,
Dost hemişe täzelikdir.

Duşuşyk

Bu men-
Enwer.
Siziň köne tanşyňyz.
Bagyşlaň bimahal bimaza edýän.
Şu wagt sizi juda göresim gelýär.
Hem okap beresim gelýär
ýaňyja
göbegi kesilen täze şygrymy.

...Şu günler şeýle bir ýekesireýän
Hiç çydap bilemok, ynanyň walla.
Garaşyp ýaşaýan kimdir birine
Ýadawlykdan ýaňa gözlem kepedi.
Aý, zyýany ýok-laý.
Bu-da geçer...
Dogrusy, men bir Ependi
size geljekde
gül bile bagtly gülki paýlajak.

Bu gün baglaň topbak-topbak kölegesiniň,
derýalaň, çölleriň üstünden aşyp
Men size hoş habar―
“Buşluk!” getirdim.
Eşitseňiz juda begenersiňiz...

...Uzak obamyzdan ýantorbasyna
Uly ynam bilen kän süýji salyp,
Ejem goşgymdaky paýtagtly gyzyň
geljekmiş öýüne gudaçylyga.

Ýazlar kämillige ýetirer meni,
Duşuşarys alys ýollaň bilinde.
Ýene bir gün kakyp siziň gapyňyz
bagt bolup törüňizden örerin.
Häzirlikçe...
hökman garaşyň onda.
Men gelerin!
Men gelerin! Gelerin!..


Ýene sen...


Bir gün sowuk bulda öwrülerin-de,
Deňiz ýaly gözleriňden bugaryp
Uçaryn. Şo halat ýyldyrym deýin,
Sen ýene öňümden çykarsyň meniň.

Men ýene erärin ýylgyryş bolup,
Ýagyş bolup eljirärin öňüňde.
Kirpikleň ýüregme dyňzaýa,
misli ykbalymyň jylawy deý elimde.

Ýyllar aýna ýaly çym-pytrak edip
Owradar ömrümi, sen bolsa ýene
Çöpläp gözleriňde aýarsyň ony,
Hem aýarsyň meni...
Bu serhoş baglar
Düýşüme girerler begenenimde.
Sen dilime şygyr bolup gelersiň.
Ses-üýnsüz, şowhunsyz dabara bile.
Sen ýene...
Ýene sen... Ýene sen... Ýene!

Ikimiz

Yşgyň elinde täleýim,
Göwnüm duzak gurup maňa –
Seň bilen sensiz ýaşasam
Bagyşlama!
Bagyşlama, harlanymy
Bilseň çöregi hem sözi.
…Gülüm, biziň ykbalymyz,
Bir ýapragyň iki ýüzi.
…Güýz şemaly öwsüp, ony
Salsa demne tolkunlaryň –
Ikimiz deň, a belki-de,
Men öňürti hopugaryn.


Meñześlik.


Saňa öwrenşip bilemok,
Hem ýaşap bilemok sensiz.
Owujymda ýel öwüsýär,
Durmuş düşnüksiz birgeňsi.

Meni duýgudan çişiren,
Günleň özi galdy yzda.
Bizi duşuran yşk indi,
Dymyp otyr aramyzda.

Üstümde tegelek asman,
Daşymda dünýäň diwary.
Gözüm ýumup azaşamda,
Ýoldan çykyp gitmez ýaly.

Şu güne ýetdim soňunda,
Ýaşap tijene-tijene.
A sen maňa mähriň bilen,
Meňzäp barýarsyň еjeme

Pursat

Gabanjaň gelin deý öýkelek bulut,
Güýzüň ümsümligin sorup içine,
Gör, maňa birhili nägile bakýar,
Algyly nazaryn çenäp içime.

Eginleri üýşen üşek asmanyň,
Sallanypdyr halys demirgazygy...
Häzir ümsümlikden üzülip meniň,
Durnalaň ýüregne gaçasym gelýär.

Hem uçasym gelýär.
Söýgi bile arzuw göterip serde,
Elýeterden, gözýeterden, özümden
Has belentlerde...

Şu wagt dilime düşünse baglar,
Ýa iň ýakyn dostum ýanymda bolsa...
...Biz goşgy bolsak...

****

Gijäň rahat bolsun, ukla, ezizim!
Ýadansyň.
Kepderiň ganaty ýaly
Akja elleriňi alyp elime,
Sypaýyn, ogşaýyn, goşgy ýazaýyn.
Sen ukla!
Bilýän.
Sen düýş görmegi
Juda gowy görýäň.
Şoňa,
Seň görjek düýşleriň üstüne, janym,
Dammazlygy üçin bir çümmük gije,
Örteýin ýüzüňi ýyldyzlar bilen,
Ho-ol Aý —
Saňa meňzeş saryýagyz Aý
Maňlaýyňdan birje ogşamak üçin,
Uzak gije başujyňda oturýar,
Kirpiginem gyrpanok.
Sebäbi seň oýanmagyň mümkin.
Şoň üçinem ol
Ertire çenli garaşmaly bolýar.
Goý, garaşsyn.
Başga näme işi bar?!
Sen ukla.
Arkaýyn dynjyň al.
Men ýanyňda…

Garašÿar maña

Uzakda bir aýal garaşýar maña,
Ýatlamasa asla oñup bilenok.
Göresi gelende aglap bir pursat,
Maña bagt dileýär, "özüm" diýenok.

Ol gaty ynanjañ, güýz ýaly sada,
Utananok saçlarynyñ agyndan.
Utanýar özüni günäli duýup,
Meñ wysal bolmadyk arzuwlarymdan.

Bar zatdan habarly, göýä, men onuñ
Aýnada gören deý aýan elinde.
Iýende, geýende aýyryp paýym,
Akla ýuwundyrýar ýeri gelende.

Uzakda bir aýal garaşýar maña,
Sabra ejizligin bildirmän hijem.
Ýyllaryñ gözünde garalyp barýan -
Ol meniñ EJEM!


Wada.

Dünýä düşende gerdene,
Gowşar yşk merdan-merdine.
Bu ýollar derman derdime,
Gitsem, gaýdyp geljegimdir.

Gar söýer dagyň başyny,
Ýar söýer ýazyň ýagşyny,
Ýumruk deý düwme gaşyňy,
Şahyr, yhlas ölçegimdir.

Ýüz utanmaz gülüp dursa,
Söz ýürege kökün ursa.
Ýüwrük Zemin dönüp dursa,
Demim alman söýjegimdir.

***

Men ätläp geçip bilmedim
Yşgyň kenary deý gaşlan üstünden.
Gözleriňe gaçdym, oň çuňlugyna
Boýum däl, hat-da, dilimem ýetmedi.
Şonda
Gursagymda halys lälik saklanan
ýüregim üýtgdi.

Gözlerim ýüzüňden öpdi duýdansyz
Göreçlerimiň yzy galdy ýelmeşip.
Üsti-başym, dünýäm- daşym şepbeşik…

Kirpikleň ýolumda demir tiken deý
ýöresem aýagyma çümýä.
Görýäňmi?
Men hiç ýana gidip bilemok…

***

“Beýdip kän seretme, söýmegiň ahmal”
Diýip, syrly gülýäň.
Bolup biler.
Sebäbi meň ýüregim ýuka.
Ony özüňem bilýäň.

Ýöne ýetmiş ýylda çözülmez ýaly
Adam eli bile el-aýagymy
Agzymy-burnumy, ykbalym daňyp
Söýgi seň öňüňe oklad-a eýýäm!
Indi giç bolaýmasa…


Derdimi deňiz diňlär


Kölgeler geçse öňe,
Güýz gelip, Güneş iňlär.
Her göwün bir oý-ojak,
Derdimi deňiz diňlär.

Ganatly guşmuş sözler,
Gün görse gülýär ýüzler,
Düýnki mes bolan gözler,
Bu gün gaşlarym geňlär.

Güýçsüz däl yza galan,
Howaň tozudyr ýalan.
Içi syýasyz galam,
Gyşyk setirmi deňlär.

Aÿralyk

Düýn agşamky yhlasymy unutdym ak säher bilen,
Ýüz bersem ýüzin düşürdi ykbalymy takat-sabyr.
Seni söýen günlerimiň ezýetini çekýän indi,
Bu güýz sensiz geljek günleñ goly bagly azabydyr.

Jeýhunyñ suwy azalyp, dodagy kepän kenarlañ,
Kenarda uklan durnalar oýarmaga dözemok hiç.
Sen henizem öýkelimiñ, öz göwniboş şahyryñdan,
Güýz gündizleñ gadry ýokdur, gijeler has göze ilgiç.

Saryýagyz oktýabr, goñras ýüzli noýabr,
Galamymy çişiripdir ýatlamalañ ysyndan.
Başym çalarýar diýmesem, mañlaýym-a şol öñki,
Sary sakgal oglanlygym ýetip gelýär yzymdan.

Saña meñzeş oktýabr, maña meñzeş noýabr,
Bu göwräm peje öwürdi (belki, ykbalym şeýledir).
Çal bulutlar gözi bilen sorup güýjüm-kuwwatymy,
Meni sensiz hassa edýär howa hem asman şeýle bir.

Güýz...

Aýagyn asmana göterip ýatan
Sary ýapraklar... sansyz yapraklar...
Olar öten agşam düýşüme girip,
Meni çöpläp ýör...

Ýene şo-ol durnalar, şol şoh durnalar,
Uçýarlar umytly yzyna garap.
Düýn bile oturan günlerim ýaly,
Ýüregim ah çekýä, barýan deý garrap.

Göýä gür saçlary darak görmedik,
Gözüne suw degmedik hol çal bulutlar
Baslygyp gidipdir, basym ýagmasa
Zaýalanjak olar...

“Tamda gulak bara” döndi bu günler,
Ýel ädimin sanap barýa ýadaman.
Bu baglary synlap çümýän pikire ,
Bir gowy zat düşjek bolýa ýadyma...

Elbetde

Sen ýeke galmarsyň, menem
Bu ömri ötürmen ýalňyz.
Saýlan ýigit ýygryldykça,
Näz edermiş saýlanan gyz.

Ýalňyşdygyn bilip durkam,
Aň däl, duýgulaň diýýäni.
Men hemişe söýeni däl,
Söýdüm göwnüme degýäni.

Ýollar dünýäniň başydyr,
Aýagy syrly elekde.
Bir – biregi tapmarys biz,
“Birin” taparys, elbetde.

Aÿal dogan

Neçüýn gözleriň gülenok,
Ümürli sen, aýal dogan?
Aýaklam boýun egenok,
Gapyň maňa hyýal, dogan!

Bagtyň bizi ýyladyp ýör,
Göz degmesin günüňize.
Saňa ýüz berip bilemok,
Ýüz berýänlem ýüzüm ezýär.

Öýkeläňok öňküler deý,
Arada yssy ýylgyryş.
Durmuş bizi böldi ikä,
Uzaklaşýas garyş-garyş.

Seni mydam begendirip,
Beresim gelýär bir zatlar.
Ýöne ýok meniň elimde
“Sag boldan” başga hiç zadym.

Neçüýn gözleriň gülenok,
Ümürli sen, aýal dogan?
Aýaklam boýun egenok,
Gapyň maňa hyýal, dogan!

Portret

Güleniňde ýyldyrym sen,
Gürläniňde güýz şemaly.
Dideleriň Aşgabadyň,
Aşyk gijeleri ýaly.

Ýüregiň bir damja suwmy?
Lebiňden bugarýar şapak.
Kirpikleriň kapyýa meňzeş,
Saçlaryň dutara sapak.

Meniň bir damja ýazym sen,
Bakyşyň guşlaň sürüsi.
Seni Hudaýa tabşyrdym,
Goşgularmyň Perişdesi!


Şol gün asla tanamarsyñ


Bir gün asla tanamarsyň,
Ýadyňa düşmez menligim.

Ykbal ýakaňdan ýapyşyp,
Tutar seni men-menligiň.

Şol gün bar zat menlik bolar,
Geňlik bolar, eý, dilberim.
Hat-da, seni ýazgaryplar,
Gözýaş döker arzuwlaryň.

Wagt hasaby bilenok,
Kä-te ýumşak, kä-te gaty.
Bagt bir ýerde duranok,
Aýlanyp ýör gapy-gapy.

Şol gün asla tanamarsyň,
Ýadyňa düşmez menligim.
Çat maňlaýyňda gögärin,
Gör-ä, wagtyň mergenligin.

Jogap

“Maňa goşgy ýaz” diýme,
“Öw” diýme, gara gözüm!
Bilegim güýçli, ýöne,
Galama geçmez sözüm.

Sözler azaşar, ýiter,
Çyn ýürekden gelmese.
Söýgi asla ölmezmiş,
Bagtlymyş öwülmese.

Bagyşla, ejizligim,
Bagyşla, ezizligim.
Hem unutma harplaryň,
Maňa has ezizdigin.

Parh

Hiç bir ýürek daşdan däldir,
Açmaz deý köne çiläni.
Biz taýaklap kakyp alýas,
Elde ýygmaly miwäni.

Ýapyk gapy ýokdur asla,
Hem jogapsyz galan sowal.
Bu dünýä, gör, kimler üçin,
Syrly, soragly bir çuwal.

Okalmadyk kitaplar bar,
Elimizde ýalňyş açar.
Ömri beren islemese
Kim kimiň ýoluny açar.

Hiç kim ýalňyz däldir munda,
Ýalňyz ýaşalan günler bar.
Ýalňyş ysgalan güller bar.
Betbagt bolup dogulan ýok,
Gadyr bilmeýän eller bar.

****

Meň ýüregim gysýa,
ýekeje özüm,
Asmanyň astynda içim hümledip,
Otyryn şäheriň bir gyrasynda.
Iller uka gitdi öýli-öýünde,
Olar islän düýşün görýär arkaýyn,
…Häzir gapylaryn gurup içinden.
Daşaryda ýyldyzlary synlaýan.
Şaňlaýandyr obamyzyň gulagy,
Men ony ýatlaýan.
Syzýan deý özi,
Iň bagtly günlerim ýadyma salýa.
Göz öňümde ulumsyja öýümiz
Ejem, kakam, doganlarym
Meň eken baglarym, güllerim…
Olar eýýäm şu ýyl hasyla durýa.
Şähere gaýdamda ses edip aglap
Gynandyran gyzjagazy goňşymyň
Ýedi ýaşan, basym okuwa barýa.
Jigim gullukdan gelýä.
Dostum öýlenýä…
…Aý, garaz, obamyz, öýümiz
Durşy bilen täzelik,
Bir men ýok diýäýmesem…

Yşgyň talyby

Ynanma her sözüme,
Unutdym çaky-çeni.
Söýgi seniň öňüňde,
Kyrk ýüzli etdi meni.

Kyrk ýyl ulalyp birden,
Dyza däl, gyza çökdüm.
Derlemedim jöwzada,
Deňizden gury çykdym.

Bilýänlerim ýat boldy,
Bu ýaşymda, bu çakda.
Saňa kän gürrüň berýän,
Bilmeýän zatlam hakda.

Ýazyp, pozup özümi,
Dörüp dünýäleň törün,
Kalbyň ak kagyz, oňa
“Meni” göçürüp ýörün.

EnšAlla...

Saňa kän zat söz bermäýin,
Umytlaryň boş çykmasyn.
Daşdan gurlan öýümizde,
Hiç wagt göwnüň ýykmaryn.
Aldamaryn, aglamarsyň
Sagada bakyp gijeler.
Çagalarmyz hor etmerin,
Oýunjak, köke-süýjüden.
Gözüm mydam köpi islär,
Göwnüm ýanynda azlygyň.
Gezýän çyg toprak üstünde,
Mümkin däl ýalňyşmazlygym.
Mümkin däl ýalňyşmazlygam.
Seni syr deý gorap, ýarym –
Meni söýen gözleň bilen,
Dünýäň alnyndan ogşaryn…
Saňa kän zat söz bermäýin…


****

Bu nämäniň alamaty,
Ýygra gaşlaryň dyrmalap –
Sebäp gözläp her sözümden,
Seň meni öwüp durmagyň.

Düýn agşamky gören düýşleň,
Kirpiklerňe siňen ysy –
Sandyradyp dabanymy
Gara saçlaň ygşyldysy –

Alaň ýaly ýüregime,
Görkezip dur oýun baryn.
Bu nämäniň alamaty,
Niçik synagy ykbalyň?!

Göz öňümden gidenok hiç,
Ýelek ýaly barmaklaryň.
Seň birje posaň bolsa, wah...
Suw syçran deý aýňaljak men.

Bu nämäniň alamaty,

Ynam

Ol durna uzak gitmez,
Hoş söz bile awlaryn.
Göwni onuň gözünde,
Ýüregime baglaryn.

Duýmaz durnam özüniň,
Orta ýolda galanyn.
Sebäp ýeňilýä mydam,
Yşkdan özün gabanan.

... Goý, ýele degmesin seň,
Gözden ýiti aýaklaň.
Hemem düýş deý ganatlaň!
...Eý, durnam, bagtym bolup.
Süýr depämde ganat ýaý!


Bagt kenary

Hanha, alyslarda deňziň üstünde
ot ýanýa ýylgyryp, äpet ýürek deý.

Deňiz tolkunlaryn gujaklap mäkäm
şatlygyndan iki ýana uçup ýör...

Şapak ýeli çykan gyzyl şar ýaly,
kem-kemden kiçelip bolýar bir gysym.

Ýatyr göz öňümde ýaýylyp gije,
Ýatyr göz öňümde ýaýylyp dünýä.

Gursagymda deňzi küýsän duýgulam,
Tüweleýläp dänjireýä, gerinýä.

Watan màhri

Bilýän, bu ýerlerde azaşmaryn hiç,
Ýa sylag-hormatym tutulmaz kemter.
Ýollar ýitsem meni dost öýüne ýa
Bir mährem türkmeniň gapysyna elter.
Adamlaň elleri ýyp-ýyly, olaň
Ýylgyrsa ýüzüne çykýar ýüregi.
Bu ýerde başgaça öwüsýär durmuş,
Müň derde dermandyr tamdyr çöregi.
Bu ýerde hiç wagt bolmaryn ýalňyz,
Tapylmaz bagtyma gözlerin gatan.
Söýgä söýgi bilen berýärin jogap,
Daşymda halkym bar, arkamda Watan!


Gözýetim.

Pökgüje, çişik gözýetim,
Unudyp barlygy, unudyp özün.
Hyýallaryň ganatynda uklapdyr,
Gözlerin güldürip, derledip ýüzün.

Eliň aýasy deý tem-tekiz howa
Otyr göreçlerime ýaplanyp, ine. …
Asman, mawy deňiz garyldy eýýäm,
Bu gijäniň bagt goşulan reňkine.

Ylgap, suw-sil bolup ýeňil tolkunlaň,
Ýeteninde ak arzuwly kenara.
Bir-birini gujaklaşyp, elleşip,
Gutlaýyşy, gör, nähili enaýy!

Olaň arzuwlary, suwuň owazy,
Ýakýar gulaklara bal ýakan ýaly

***

Indi
öz gözlerim bilen görýän durmuşy,
Ýöreýän aýaklam―öz kelläm bile.
Maňa ony hiç kim salgy berenok.
Diňlejek bolamok her ýeten kişin
Men durmuşdan ömür boýy algyly
Men bu adamlara bergili mydam!
Bu mawy saçlarym boýap şatlyga
Uly ynam bilen barýan
alnymda
ýene giden gözýetim...
ýene giden gözlegler...
Bary maňa garaşýar...
Bary maňa garaşýar...

SÜRGÜN

Sowuk nazarlaryň ýyladýar, ýogsam,
Bugarardym üşän deňiz mysaly.
Meni ýalňyzlyga sürgün etdiň sen,
Unutdym bir ýerde arzuw – wysalym.

Unutdym bir ýerde alan demimi,
Ýiten ýaşlygyma gynanamok hiç.
Umytlam aýagny ýygnap bireýýäm,
Dolandy, yzyna gitmez ir-u-giç.

...Bu gün söýgi bile çekişýärin jan,
Bilemok, gör, ony hiç kime aýdyp.
Dodaklaryň bilen möhürläp gitdiň,
Seň eliň degmese açylman gaýdyp.

Enwer NYZAMOW.
8
46
awesome
21.03.2022 21:31
Adam ýaly adam bolmak umydy bilen…

Biz bir çyg süýt emen barlyklar. Görenlerimizden kän, eşidenlerimize ynanýas. Gybat etmegi gowy görýäris.
Gadyr bilemzok, köplenç söýmeli ýerimizde göwne degýäris, ýürekleri döwýäris. Elimizdäki bilen kaýyl bolmagy bilmän, elimizdäkiň gadyryny ýitirenimizde bilýäris. Ilkinji pursatda has berk düwün etmegiň ýerine, hemme zady has inçe ýerinden ýyrtýarys.
Bäş minut soňumyzyň garantiýasy ýok welin, ynsanlaryň ýapyşan şahasyny, arzuwlaryny ýykýas. Biz hemişe bilelikde gülüp bilsek hem, aglamagyň tarapdary. Gürlemeli zadymyza lal, eşdilmeli zatlara ker biz. 
Bu durmuşda hemme zadyň başlangyjynyň bolşy ýaly, soňam bar. Her ynsanyň ölüm ajysyny dadyşy, her yşkyň aýralygy dadyşy ýaly…
Baky bolan zat bolsa, merhemet we wyždan.
Merhemet ynsandan gitmesin, galan zat näme-de bolsa çözüler. Garşyňyza kim çyksa çyksyn, söýen bolsaňyz, ýerine başgasy goýulsa-da, merhemediňizden we wyždanyňyzdan uzaklaşmaň. Çünki uzaklaşanlar ýoluny tapanoklar…
Sizden gidenlere gargynmaga gerek ýok. “Allajan göwnüňe görä bersin” diýip, gidiş biledini kesiň. Bu oňa-da ýeter, size-de. Gün geler yşkyň geçijisi däl-de hakykysy girer kalbyňyza. Şeýlelik-de bir ömür iň owadan söýgi bilen bile galarsyňyz. 
Ýylgyrmagyň hem sadaka bolan bu durmuşynda, gowy niýetli ynsanlaryň, erbet niýetli ynsanlara baryny bermesi, zyýan däl, Allaň gatynda bereketdir. Netijede söýgi aňsat gazanylýan zat däl. 
Ýagşylyk barada şeýle bir hekaýa bardy.
“Günleriň birinde Hz. Musa bir itiň ýarasyndan syzlanyp ýatyşyny görüp oňa ýakynlaşýar. Muny gören ynsanlar, itiň we Hz. Musanyň ýanyna gelýärler. Hz. Musa itiň aýagyna tiken çümenini görýär. Ol ynsanlar: “Eý Musa ol itdir, ýagşylyk bilmez, dişlär seni, goý şeýle galsyn” diýerler. Emma Hz. Musa itiň bu naýynjar ýatyşy üçin, ol ynsanlary diňlemän, itiň aýagyndaky tikeni çykarjak bolýar. It janynyň ýangyjyna Hz. Musany dişleýär. Emma tikeni çykarmagy başarýar. Soňra ynsanlar özlerini hakly çykarjak bolup: “Itiň ýagşylyk bilmejegini, seni dişlejegini aýdypdyk. Näme üçin bizi diňlemediň?” diýip soraýarlar. 
Hz. Musa: “Ol it, men ynsan. Ol itligini etdi, men hem ynsanlygymy…”
Ýagny, ýagşylykdan geçmäň. Hemişe duýgularyňyzyň yzyndan gidiň. Ajysyny çekmelem bolsa, yşka ajy bilen serediň. Gynanjagyňyzy bilip söýüň. Ajysy bol yşkyň, ömri uzak bolar…
Ynsan köplenç yşkdan uzaklaşan wagty, duýgularyndaky ol ýylylygy gözleýär. Itleriň hem itligini eden, gynansakda ynsanlaryň ynsanlygyny etmeýän bir gök asmanyň aşagynda dem alýarys. It ýaly wepadar bolmaýan ynsanlaryň ýaşaýan dünýäsinde, itiň itligine edişini geň görülmez. Söýmekden çekinmäň. Her näme bolsa-da, erbetlige gowulyk bilen serediň. Alla bize bir sežde, iki elimiziň aýasy ýaly ýakyn. Durmuşyňdaky ýoklar üçin gynanma. Alla biz bilen. Niýetimizi gören Alla iň haýyrly gapylary açar kalbymyza…
10
26