awesome
22.03.2022 21:49
Bu men-
Enwer.
 Siziň köne tanşyňyz.
 Bagyşlaň bimahal bimaza edýän.

GEL, MENI ÝAŞA!


Saçlaň ömrüme seçek bor,
Sesiň melhem daga-daşa.
Çözüp wagtyň iligini,
Gel, eý durnam, meni ýaşa!

Bu bahar seni görmeden,
Gitmesin başga illere.
(Mydam uçup bolmaz ahyr,
Bir gün gonmaly bor ýere).

Däli Jeýhun gaýmaklapdyr,
Görüp düýşünde geljegiň.
Giňdir biziň ýaýlalarmyz,
Bilýän, görseň begenjegiň.

Bulutlarmyz duýguçyldyr,
Dert däl, yşk getirler başa.
Owuç deý göwnüm dolduryp,
Gel, eý durnam, meni ýaşa!


ERK

Üstüme dag, daş ýagdyryp,
Göm, ýöne “Namart!” diýmegin!
Aýypmy meň seni däl-de,
Ýagyşy, ýazy söýmegim?

Gözelligiň öwlüp biler,
Barlygňa ediler şükür.
Aklyň gözüňde bolmasa,
Birwagt ederdiň pikir...

Erkin guşlar ýalňyz ýaşar,
Ýalňyz ýaşan bolar erkin.
Dünýä saňa galsyn, galsa
Maňa bolsa meniň erkim.

Dost


Dost baýrak däl, ,
Dost Baýdakdyr.
Ýelden, Günden gorap bilýän.
Gözün ýumsa özün däl-de,
Ilki bilen seni görýän.
Uzak ýollaň ýadawlygy,
Kem-kem ýüze çykar sürnüp.
Şonda dost has köp küýseler,
Sebäp ol seň juwan düýnüň.
Könelmeýär Asman, Zemin,
Könelse-de täzelikler.
Tutuş ömre ylham berýän,
Dost hemişe täzelikdir.

Duşuşyk

Bu men-
Enwer.
Siziň köne tanşyňyz.
Bagyşlaň bimahal bimaza edýän.
Şu wagt sizi juda göresim gelýär.
Hem okap beresim gelýär
ýaňyja
göbegi kesilen täze şygrymy.

...Şu günler şeýle bir ýekesireýän
Hiç çydap bilemok, ynanyň walla.
Garaşyp ýaşaýan kimdir birine
Ýadawlykdan ýaňa gözlem kepedi.
Aý, zyýany ýok-laý.
Bu-da geçer...
Dogrusy, men bir Ependi
size geljekde
gül bile bagtly gülki paýlajak.

Bu gün baglaň topbak-topbak kölegesiniň,
derýalaň, çölleriň üstünden aşyp
Men size hoş habar―
“Buşluk!” getirdim.
Eşitseňiz juda begenersiňiz...

...Uzak obamyzdan ýantorbasyna
Uly ynam bilen kän süýji salyp,
Ejem goşgymdaky paýtagtly gyzyň
geljekmiş öýüne gudaçylyga.

Ýazlar kämillige ýetirer meni,
Duşuşarys alys ýollaň bilinde.
Ýene bir gün kakyp siziň gapyňyz
bagt bolup törüňizden örerin.
Häzirlikçe...
hökman garaşyň onda.
Men gelerin!
Men gelerin! Gelerin!..


Ýene sen...


Bir gün sowuk bulda öwrülerin-de,
Deňiz ýaly gözleriňden bugaryp
Uçaryn. Şo halat ýyldyrym deýin,
Sen ýene öňümden çykarsyň meniň.

Men ýene erärin ýylgyryş bolup,
Ýagyş bolup eljirärin öňüňde.
Kirpikleň ýüregme dyňzaýa,
misli ykbalymyň jylawy deý elimde.

Ýyllar aýna ýaly çym-pytrak edip
Owradar ömrümi, sen bolsa ýene
Çöpläp gözleriňde aýarsyň ony,
Hem aýarsyň meni...
Bu serhoş baglar
Düýşüme girerler begenenimde.
Sen dilime şygyr bolup gelersiň.
Ses-üýnsüz, şowhunsyz dabara bile.
Sen ýene...
Ýene sen... Ýene sen... Ýene!

Ikimiz

Yşgyň elinde täleýim,
Göwnüm duzak gurup maňa –
Seň bilen sensiz ýaşasam
Bagyşlama!
Bagyşlama, harlanymy
Bilseň çöregi hem sözi.
…Gülüm, biziň ykbalymyz,
Bir ýapragyň iki ýüzi.
…Güýz şemaly öwsüp, ony
Salsa demne tolkunlaryň –
Ikimiz deň, a belki-de,
Men öňürti hopugaryn.


Meñześlik.


Saňa öwrenşip bilemok,
Hem ýaşap bilemok sensiz.
Owujymda ýel öwüsýär,
Durmuş düşnüksiz birgeňsi.

Meni duýgudan çişiren,
Günleň özi galdy yzda.
Bizi duşuran yşk indi,
Dymyp otyr aramyzda.

Üstümde tegelek asman,
Daşymda dünýäň diwary.
Gözüm ýumup azaşamda,
Ýoldan çykyp gitmez ýaly.

Şu güne ýetdim soňunda,
Ýaşap tijene-tijene.
A sen maňa mähriň bilen,
Meňzäp barýarsyň еjeme

Pursat

Gabanjaň gelin deý öýkelek bulut,
Güýzüň ümsümligin sorup içine,
Gör, maňa birhili nägile bakýar,
Algyly nazaryn çenäp içime.

Eginleri üýşen üşek asmanyň,
Sallanypdyr halys demirgazygy...
Häzir ümsümlikden üzülip meniň,
Durnalaň ýüregne gaçasym gelýär.

Hem uçasym gelýär.
Söýgi bile arzuw göterip serde,
Elýeterden, gözýeterden, özümden
Has belentlerde...

Şu wagt dilime düşünse baglar,
Ýa iň ýakyn dostum ýanymda bolsa...
...Biz goşgy bolsak...

****

Gijäň rahat bolsun, ukla, ezizim!
Ýadansyň.
Kepderiň ganaty ýaly
Akja elleriňi alyp elime,
Sypaýyn, ogşaýyn, goşgy ýazaýyn.
Sen ukla!
Bilýän.
Sen düýş görmegi
Juda gowy görýäň.
Şoňa,
Seň görjek düýşleriň üstüne, janym,
Dammazlygy üçin bir çümmük gije,
Örteýin ýüzüňi ýyldyzlar bilen,
Ho-ol Aý —
Saňa meňzeş saryýagyz Aý
Maňlaýyňdan birje ogşamak üçin,
Uzak gije başujyňda oturýar,
Kirpiginem gyrpanok.
Sebäbi seň oýanmagyň mümkin.
Şoň üçinem ol
Ertire çenli garaşmaly bolýar.
Goý, garaşsyn.
Başga näme işi bar?!
Sen ukla.
Arkaýyn dynjyň al.
Men ýanyňda…

Garašÿar maña

Uzakda bir aýal garaşýar maña,
Ýatlamasa asla oñup bilenok.
Göresi gelende aglap bir pursat,
Maña bagt dileýär, "özüm" diýenok.

Ol gaty ynanjañ, güýz ýaly sada,
Utananok saçlarynyñ agyndan.
Utanýar özüni günäli duýup,
Meñ wysal bolmadyk arzuwlarymdan.

Bar zatdan habarly, göýä, men onuñ
Aýnada gören deý aýan elinde.
Iýende, geýende aýyryp paýym,
Akla ýuwundyrýar ýeri gelende.

Uzakda bir aýal garaşýar maña,
Sabra ejizligin bildirmän hijem.
Ýyllaryñ gözünde garalyp barýan -
Ol meniñ EJEM!


Wada.

Dünýä düşende gerdene,
Gowşar yşk merdan-merdine.
Bu ýollar derman derdime,
Gitsem, gaýdyp geljegimdir.

Gar söýer dagyň başyny,
Ýar söýer ýazyň ýagşyny,
Ýumruk deý düwme gaşyňy,
Şahyr, yhlas ölçegimdir.

Ýüz utanmaz gülüp dursa,
Söz ýürege kökün ursa.
Ýüwrük Zemin dönüp dursa,
Demim alman söýjegimdir.

***

Men ätläp geçip bilmedim
Yşgyň kenary deý gaşlan üstünden.
Gözleriňe gaçdym, oň çuňlugyna
Boýum däl, hat-da, dilimem ýetmedi.
Şonda
Gursagymda halys lälik saklanan
ýüregim üýtgdi.

Gözlerim ýüzüňden öpdi duýdansyz
Göreçlerimiň yzy galdy ýelmeşip.
Üsti-başym, dünýäm- daşym şepbeşik…

Kirpikleň ýolumda demir tiken deý
ýöresem aýagyma çümýä.
Görýäňmi?
Men hiç ýana gidip bilemok…

***

“Beýdip kän seretme, söýmegiň ahmal”
Diýip, syrly gülýäň.
Bolup biler.
Sebäbi meň ýüregim ýuka.
Ony özüňem bilýäň.

Ýöne ýetmiş ýylda çözülmez ýaly
Adam eli bile el-aýagymy
Agzymy-burnumy, ykbalym daňyp
Söýgi seň öňüňe oklad-a eýýäm!
Indi giç bolaýmasa…


Derdimi deňiz diňlär


Kölgeler geçse öňe,
Güýz gelip, Güneş iňlär.
Her göwün bir oý-ojak,
Derdimi deňiz diňlär.

Ganatly guşmuş sözler,
Gün görse gülýär ýüzler,
Düýnki mes bolan gözler,
Bu gün gaşlarym geňlär.

Güýçsüz däl yza galan,
Howaň tozudyr ýalan.
Içi syýasyz galam,
Gyşyk setirmi deňlär.

Aÿralyk

Düýn agşamky yhlasymy unutdym ak säher bilen,
Ýüz bersem ýüzin düşürdi ykbalymy takat-sabyr.
Seni söýen günlerimiň ezýetini çekýän indi,
Bu güýz sensiz geljek günleñ goly bagly azabydyr.

Jeýhunyñ suwy azalyp, dodagy kepän kenarlañ,
Kenarda uklan durnalar oýarmaga dözemok hiç.
Sen henizem öýkelimiñ, öz göwniboş şahyryñdan,
Güýz gündizleñ gadry ýokdur, gijeler has göze ilgiç.

Saryýagyz oktýabr, goñras ýüzli noýabr,
Galamymy çişiripdir ýatlamalañ ysyndan.
Başym çalarýar diýmesem, mañlaýym-a şol öñki,
Sary sakgal oglanlygym ýetip gelýär yzymdan.

Saña meñzeş oktýabr, maña meñzeş noýabr,
Bu göwräm peje öwürdi (belki, ykbalym şeýledir).
Çal bulutlar gözi bilen sorup güýjüm-kuwwatymy,
Meni sensiz hassa edýär howa hem asman şeýle bir.

Güýz...

Aýagyn asmana göterip ýatan
Sary ýapraklar... sansyz yapraklar...
Olar öten agşam düýşüme girip,
Meni çöpläp ýör...

Ýene şo-ol durnalar, şol şoh durnalar,
Uçýarlar umytly yzyna garap.
Düýn bile oturan günlerim ýaly,
Ýüregim ah çekýä, barýan deý garrap.

Göýä gür saçlary darak görmedik,
Gözüne suw degmedik hol çal bulutlar
Baslygyp gidipdir, basym ýagmasa
Zaýalanjak olar...

“Tamda gulak bara” döndi bu günler,
Ýel ädimin sanap barýa ýadaman.
Bu baglary synlap çümýän pikire ,
Bir gowy zat düşjek bolýa ýadyma...

Elbetde

Sen ýeke galmarsyň, menem
Bu ömri ötürmen ýalňyz.
Saýlan ýigit ýygryldykça,
Näz edermiş saýlanan gyz.

Ýalňyşdygyn bilip durkam,
Aň däl, duýgulaň diýýäni.
Men hemişe söýeni däl,
Söýdüm göwnüme degýäni.

Ýollar dünýäniň başydyr,
Aýagy syrly elekde.
Bir – biregi tapmarys biz,
“Birin” taparys, elbetde.

Aÿal dogan

Neçüýn gözleriň gülenok,
Ümürli sen, aýal dogan?
Aýaklam boýun egenok,
Gapyň maňa hyýal, dogan!

Bagtyň bizi ýyladyp ýör,
Göz degmesin günüňize.
Saňa ýüz berip bilemok,
Ýüz berýänlem ýüzüm ezýär.

Öýkeläňok öňküler deý,
Arada yssy ýylgyryş.
Durmuş bizi böldi ikä,
Uzaklaşýas garyş-garyş.

Seni mydam begendirip,
Beresim gelýär bir zatlar.
Ýöne ýok meniň elimde
“Sag boldan” başga hiç zadym.

Neçüýn gözleriň gülenok,
Ümürli sen, aýal dogan?
Aýaklam boýun egenok,
Gapyň maňa hyýal, dogan!

Portret

Güleniňde ýyldyrym sen,
Gürläniňde güýz şemaly.
Dideleriň Aşgabadyň,
Aşyk gijeleri ýaly.

Ýüregiň bir damja suwmy?
Lebiňden bugarýar şapak.
Kirpikleriň kapyýa meňzeş,
Saçlaryň dutara sapak.

Meniň bir damja ýazym sen,
Bakyşyň guşlaň sürüsi.
Seni Hudaýa tabşyrdym,
Goşgularmyň Perişdesi!


Şol gün asla tanamarsyñ


Bir gün asla tanamarsyň,
Ýadyňa düşmez menligim.

Ykbal ýakaňdan ýapyşyp,
Tutar seni men-menligiň.

Şol gün bar zat menlik bolar,
Geňlik bolar, eý, dilberim.
Hat-da, seni ýazgaryplar,
Gözýaş döker arzuwlaryň.

Wagt hasaby bilenok,
Kä-te ýumşak, kä-te gaty.
Bagt bir ýerde duranok,
Aýlanyp ýör gapy-gapy.

Şol gün asla tanamarsyň,
Ýadyňa düşmez menligim.
Çat maňlaýyňda gögärin,
Gör-ä, wagtyň mergenligin.

Jogap

“Maňa goşgy ýaz” diýme,
“Öw” diýme, gara gözüm!
Bilegim güýçli, ýöne,
Galama geçmez sözüm.

Sözler azaşar, ýiter,
Çyn ýürekden gelmese.
Söýgi asla ölmezmiş,
Bagtlymyş öwülmese.

Bagyşla, ejizligim,
Bagyşla, ezizligim.
Hem unutma harplaryň,
Maňa has ezizdigin.

Parh

Hiç bir ýürek daşdan däldir,
Açmaz deý köne çiläni.
Biz taýaklap kakyp alýas,
Elde ýygmaly miwäni.

Ýapyk gapy ýokdur asla,
Hem jogapsyz galan sowal.
Bu dünýä, gör, kimler üçin,
Syrly, soragly bir çuwal.

Okalmadyk kitaplar bar,
Elimizde ýalňyş açar.
Ömri beren islemese
Kim kimiň ýoluny açar.

Hiç kim ýalňyz däldir munda,
Ýalňyz ýaşalan günler bar.
Ýalňyş ysgalan güller bar.
Betbagt bolup dogulan ýok,
Gadyr bilmeýän eller bar.

****

Meň ýüregim gysýa,
ýekeje özüm,
Asmanyň astynda içim hümledip,
Otyryn şäheriň bir gyrasynda.
Iller uka gitdi öýli-öýünde,
Olar islän düýşün görýär arkaýyn,
…Häzir gapylaryn gurup içinden.
Daşaryda ýyldyzlary synlaýan.
Şaňlaýandyr obamyzyň gulagy,
Men ony ýatlaýan.
Syzýan deý özi,
Iň bagtly günlerim ýadyma salýa.
Göz öňümde ulumsyja öýümiz
Ejem, kakam, doganlarym
Meň eken baglarym, güllerim…
Olar eýýäm şu ýyl hasyla durýa.
Şähere gaýdamda ses edip aglap
Gynandyran gyzjagazy goňşymyň
Ýedi ýaşan, basym okuwa barýa.
Jigim gullukdan gelýä.
Dostum öýlenýä…
…Aý, garaz, obamyz, öýümiz
Durşy bilen täzelik,
Bir men ýok diýäýmesem…

Yşgyň talyby

Ynanma her sözüme,
Unutdym çaky-çeni.
Söýgi seniň öňüňde,
Kyrk ýüzli etdi meni.

Kyrk ýyl ulalyp birden,
Dyza däl, gyza çökdüm.
Derlemedim jöwzada,
Deňizden gury çykdym.

Bilýänlerim ýat boldy,
Bu ýaşymda, bu çakda.
Saňa kän gürrüň berýän,
Bilmeýän zatlam hakda.

Ýazyp, pozup özümi,
Dörüp dünýäleň törün,
Kalbyň ak kagyz, oňa
“Meni” göçürüp ýörün.

EnšAlla...

Saňa kän zat söz bermäýin,
Umytlaryň boş çykmasyn.
Daşdan gurlan öýümizde,
Hiç wagt göwnüň ýykmaryn.
Aldamaryn, aglamarsyň
Sagada bakyp gijeler.
Çagalarmyz hor etmerin,
Oýunjak, köke-süýjüden.
Gözüm mydam köpi islär,
Göwnüm ýanynda azlygyň.
Gezýän çyg toprak üstünde,
Mümkin däl ýalňyşmazlygym.
Mümkin däl ýalňyşmazlygam.
Seni syr deý gorap, ýarym –
Meni söýen gözleň bilen,
Dünýäň alnyndan ogşaryn…
Saňa kän zat söz bermäýin…


****

Bu nämäniň alamaty,
Ýygra gaşlaryň dyrmalap –
Sebäp gözläp her sözümden,
Seň meni öwüp durmagyň.

Düýn agşamky gören düýşleň,
Kirpiklerňe siňen ysy –
Sandyradyp dabanymy
Gara saçlaň ygşyldysy –

Alaň ýaly ýüregime,
Görkezip dur oýun baryn.
Bu nämäniň alamaty,
Niçik synagy ykbalyň?!

Göz öňümden gidenok hiç,
Ýelek ýaly barmaklaryň.
Seň birje posaň bolsa, wah...
Suw syçran deý aýňaljak men.

Bu nämäniň alamaty,

Ynam

Ol durna uzak gitmez,
Hoş söz bile awlaryn.
Göwni onuň gözünde,
Ýüregime baglaryn.

Duýmaz durnam özüniň,
Orta ýolda galanyn.
Sebäp ýeňilýä mydam,
Yşkdan özün gabanan.

... Goý, ýele degmesin seň,
Gözden ýiti aýaklaň.
Hemem düýş deý ganatlaň!
...Eý, durnam, bagtym bolup.
Süýr depämde ganat ýaý!


Bagt kenary

Hanha, alyslarda deňziň üstünde
ot ýanýa ýylgyryp, äpet ýürek deý.

Deňiz tolkunlaryn gujaklap mäkäm
şatlygyndan iki ýana uçup ýör...

Şapak ýeli çykan gyzyl şar ýaly,
kem-kemden kiçelip bolýar bir gysym.

Ýatyr göz öňümde ýaýylyp gije,
Ýatyr göz öňümde ýaýylyp dünýä.

Gursagymda deňzi küýsän duýgulam,
Tüweleýläp dänjireýä, gerinýä.

Watan màhri

Bilýän, bu ýerlerde azaşmaryn hiç,
Ýa sylag-hormatym tutulmaz kemter.
Ýollar ýitsem meni dost öýüne ýa
Bir mährem türkmeniň gapysyna elter.
Adamlaň elleri ýyp-ýyly, olaň
Ýylgyrsa ýüzüne çykýar ýüregi.
Bu ýerde başgaça öwüsýär durmuş,
Müň derde dermandyr tamdyr çöregi.
Bu ýerde hiç wagt bolmaryn ýalňyz,
Tapylmaz bagtyma gözlerin gatan.
Söýgä söýgi bilen berýärin jogap,
Daşymda halkym bar, arkamda Watan!


Gözýetim.

Pökgüje, çişik gözýetim,
Unudyp barlygy, unudyp özün.
Hyýallaryň ganatynda uklapdyr,
Gözlerin güldürip, derledip ýüzün.

Eliň aýasy deý tem-tekiz howa
Otyr göreçlerime ýaplanyp, ine. …
Asman, mawy deňiz garyldy eýýäm,
Bu gijäniň bagt goşulan reňkine.

Ylgap, suw-sil bolup ýeňil tolkunlaň,
Ýeteninde ak arzuwly kenara.
Bir-birini gujaklaşyp, elleşip,
Gutlaýyşy, gör, nähili enaýy!

Olaň arzuwlary, suwuň owazy,
Ýakýar gulaklara bal ýakan ýaly

***

Indi
öz gözlerim bilen görýän durmuşy,
Ýöreýän aýaklam―öz kelläm bile.
Maňa ony hiç kim salgy berenok.
Diňlejek bolamok her ýeten kişin
Men durmuşdan ömür boýy algyly
Men bu adamlara bergili mydam!
Bu mawy saçlarym boýap şatlyga
Uly ynam bilen barýan
alnymda
ýene giden gözýetim...
ýene giden gözlegler...
Bary maňa garaşýar...
Bary maňa garaşýar...

SÜRGÜN

Sowuk nazarlaryň ýyladýar, ýogsam,
Bugarardym üşän deňiz mysaly.
Meni ýalňyzlyga sürgün etdiň sen,
Unutdym bir ýerde arzuw – wysalym.

Unutdym bir ýerde alan demimi,
Ýiten ýaşlygyma gynanamok hiç.
Umytlam aýagny ýygnap bireýýäm,
Dolandy, yzyna gitmez ir-u-giç.

...Bu gün söýgi bile çekişýärin jan,
Bilemok, gör, ony hiç kime aýdyp.
Dodaklaryň bilen möhürläp gitdiň,
Seň eliň degmese açylman gaýdyp.

Enwer NYZAMOW.
8
46
MissBoss♕
23 Mart 2022
𝓑𝓪𝓷𝓾𝓬𝓲𝓬𝓮𝓴,salam gowmyn🤗Biz tarapda Anwar diylip at goyulyar oglana manysy hem yagty,nurly,udacnyy diymegi anladyar.
м....
22 Mart 2022
👍👍👍👍👍
Cindrella
22 Mart 2022
Men jigimin ady ENWERŞA

Dwayurny bir jigim bar onun ady EZWERŞA
Возможность комментирования данной публикации было отключена.