awesome
25.03.2022 13:11
«Welileriň ömür ýoluny öwrenýänleriň kalbyna Allatagalanyň merhemeti inýär».

Rowaýatlar

«Pirleriň biri aradan çykan Ýahýa Ammary düýşünde görüp, ondan Allatagalanyň özüni nähili garşy alanyny sorapdyr. Ammar şeýle jogap beripdir: «Allatagala günälerimi bir ýönekeý zat: musulmanlara sopularyň ömür ýoly barada gürrüň berip eden wagyzlarym üçin geçdi. Bir gezek Allatagalany jany-teni bilen söýýän meşhur pirleriň biri menden örän razy bolup, meniň üçin haýyr dogasyny etdi. Şol doganyň berekedi bilen
jeza çekmekden gutuldym».

***

Aby Aly Dakkak hezretlerinden: «Allatagalanyň weli gullaryny görmek nesip etmän, diňe olar hakdaky gürrüňleri diňlemek biziň üçin ýeterlik bolarmy?» diýip sorapdyrlar. Ol: «Ýeterlik bolar. Siz olar hakdaky gürrüňi diňleýän mahalyňyz Allatagala gowuşmak islegiňiz öz-özünden güýçlenýär we wagtyň geçmegi bilen sizi men-menlik, tekepbirlik ýaly duýgular terk edip, olaryň ýerini tabynlyk duýgusy eýeleýär» diýip jogap beripdir.

***

Jüneýit hezretleri: «Bu hekaýatlar gamgyn ýüreklere teselli berýär» diýipdir.

***

Muhammet alaýhyssalam: «Allatagala maňa: «Ýa, Muhammet! Men saňa gadymy pygamberleriň durmuşynda bolup geçen wakalar barada seniň ejiz kalbyňy kuwwatlandyrmak, ruhy açlygy başyňdan geçirmäge mümkinçilik döretmek we saňa teselli bermek maksady bilen gürrüň berýärin» diýip ýüzlendi» diýipdir.

***

Hezreti pygamberimiz ýene şeýle diýipdir: 

«Welileriň ömür ýoluny öwrenýänleriň kalbyna Allatagalanyň merhemeti inýär».

***

Abu Aly Sina: «Diňe iki sany islegim bar. Men diňe weliler hakdaky gürrüňi diňlemek isleýärin we diňe Allatagalanyň halan pirleri bilen duşuşmak isleýärin» diýipdir. 

***

Feridetdin Attar soňra şeýle diýýär: 

«Pirler hakdaky gürrüňleri diňleýän kişilerde Allatagalany tapmak we dünýäni kalbyňdan çykarmak islegi peýda bolýar, Allatagala bolan yşk güýçlenýär hem-de adamyň ýany bilen o dünýä alyp gidip biljek zerur häsiýetlerine eýe bolmak islegi artýar. Iň esasy-da ölümi ýatlamak olaryň durmuşynda möhüm orun eýelemäge başlaýar. 

***

Sahabalaryň Allatagala hakda pikirlenmek üçin iliň gözünden gizlenýän öýleriniň bosagasynyň öňünde ýatan ite şepagatçy boluşlary ýaly (dogrusy, men özümi itden hem pes hasaplaýaryn), kyýamat gününde olaryň maňa şepagatçy bolmagyny isleýärin. Bu islegimi
Jemal Müsli hakdaky rowaýat has hem güýçlendirýär. Ol ömrüni çile çekip geçiren hem bolsa, garyplara sowgat baryny berer eken. Jemal Müsliniň bir islegi bolupdyr. Ol özüni Pygamberimiziň (s.a.w.) aýagujynda jaýlamaklaryny we mazar daşyna: «Seniň itiň bosaganyň öňünde ýatyr» diýip ýazmaklaryny arzuw edipdir».

***

Jamy «Nefahat» atly eserinde Attaryň sopuçylyga baş urşuny beýan edipdir. Feridetdin bir gün dükanynda hysyrdanyp ýörşüne, durşy bilen işe berlipdir. Şol wagt bir derwüş gelip:
– Allahyň razylygy üçin bir zat ber! – diýip, birnäçe gezek gaýtalasa-da, iş bilen gümra bolup, dünýäni unudan Attar, oňa barmysyň hem diýmändir. Şondan soňra derwüş onuň golaýyna dykylyp baryp:
– Ependi, sen nädip öljegiňi bilýäňmi? – diýip sorapdyr.
– Sen nähili ölseň, men hem şeýdip ölerin-dä.
– Sen meniň ölşüm ýaly ölüp bilermiň?
– Munuň hiç gürrüňi bolmaz.
Bu jogaby eşiden derwüş elindäki agaç golçany ýerde düňderip goýup, oňa başyny goýupdyr we: «Allah!» diýäge-de, jan beripdir. Bu bolan işi gören Attaryň tüýsi üýtgäpdir. Şondan soňra ol dükanyny satyp, sopuçylyga ýüz urupdyr


Rowaýatlar Orazzgylyç Çaryýewiň Feridetdin Attaryň,, Tezkiretül-ewliýa,, atly kitaby hakynda ýazan ,, Syrlar dünýäsiniñ beýançysy,, diýen makalasyndan alynan
11
50
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.