awesome
11.05.2022 15:50
Ýagşy bolsa, jennetden çykmazdy.

Baýezid Bistami hezretleri dälihananyň ýanyndan ötüp barýarka, bir tebibiň sokuda däri döwüp duranyny görüp:
− Eý, hormatly tebip! Tükeniksiz günälidirin. Şu derdime däri-dermanyňyz barmy? – diýip soraýar.
Tebip başyny göterip-götermänkä, dälihananyň penjiresinden garap duran bir hassa jogap berýär:
− Tobanyň köki bilen ökünjiň ýapragyny garyşdyr. Kalp sokusynda pukaralyk tokmagy bilen maýdala. Ynsap eleginden geçir, gözýaş bilen ýugur, yşk tamdyrynda bişir we bu däriden gijelerine ýatman köpräk iý. Görersiň, hassallykdan nam-nyşan galmaz!
Bu sözleri eşidip, Bistami hezretleriniň şobada gözleri ýaşa dolupdyr we şeýle diýipdir:
− Ýa, Rebbim! Bu dünýä hassahanasynda, gör, nähili tebipleriňiz bar eken!!!

****

Bir garyp kyrk ýamaly dony bilen patyşanyň huzuryna giripdir. Onuň bu işiniň patyşa ýakmadygyny görüp, wezir haýbat atypdyr:
− Şa huzyryna ýagyry çykan geýimde girmegiň aýypdygyny bilmediňmi?!
Onda garyp kişi:
− Patyşanyň huzyryna ýyrtyk geýimde girmek aýyp däl, ýöne onuň dergähinden şeýle çykmak aýypdyr – diýip jogap beripdir.


****


Taýak iýen oglana teselli beripdirler:
− Hapa bolma, ogul, taýak jennetden çykan ýagşy närsedir (bu ýerde Adam ata ýer sürýän öküzini haýdatmak üçin jennetden iberilen taýak hakda gürrüň gidýär – N. S.).
Taýak awusy süňňüne ýeten biçäre oglan:
− Ýagşy bolsa, jennetden çykmazdy – diýip aglapdyr.
8
35
awesome
09.05.2022 18:54
KORRUPSIÝANYÑ TARYHYNA GEZELENÇ...

Pis işleriñ köki

Pis işleriñ köki şumerlere çenli uzalýar. Munuñ bu golaýda soñuna çykyp boljaga-da meñzänok. Her näme-de bolsa, biz içki we daşky tejribelerimize bil baglamaly bolýarys.
Güýç we ygtyýarlygy bolan adamlaryñ sany köpeldigiçe, şonça-da korrupsiýa we pyssy-pyjurlyga az duş gelerismikä diýýäs...
Bu pikirimizi gysgaça şeýle düşündirjek bolalyñ: Ygtyýarlyklary mümkin boldugyndan köp adamlara paýlalyñ we gapylary soñuna çenli açalyñ. Goý, Günüñ şöhlesi içeri girsin…



Belanyñ başy nireden başlaýar?...

Baryp-ha, b.e.öñ 4000-nji ýyllara degişli bir şumer tabletkasy (palçyk kerpiçlere ýazylan ýazuw ýadygärlikleri) bütindünýä taryhy boýunça ilkinji parahorluk we wezipe ygtyýarlygyny betnebisçilikli peýdalanmak baradaky maglumatlary berýär. "Şumer okuw günleri" atly bir tabletkada okuwa ýetişigi pes okuwçylaryñ birinden söhbet açylýar:

"Bu okuwçynyñ ene-atasy çagasynyñ derslerde öñdebaryjy we göreldeli bolmagyny isleýär. Bu maksat bilenem mugallymy öýlerine çagyrýarlar, ony iýdirip-içirýärler, hatda her dürli sowgatlary äberýärler".

Tabletka şol gijäniñ tutuş şunuñ ýaly görnüşde geçendigini ýazýar.

Soñy nähili bolduka?

Soñy nähili boldy diýýäñizmi?
Soragyñ jogaby tabletkanyñ dowamynda berilýär: ýetişigi pes okuwçy birdenkä toparyñ iñ gowy okuwçysyna öwrülip duruberýär. Munuñam üstesine ol synpyñ şefi edilýär.

Parahorlugyñ kesgitlmesi

Gadymy ýazuw ýadygärliklerinde agzalýan parahorluklara kesgitleme berlende, bada-bat "wezipe ygtyýarlygyny şahsy bähbitler üçin ulanylmagy" ýaly görnüşde göz öñüne getirsegem, dünýä taryhy korrupsiýanyñ batgasyna batan hususy şereketleriñ kezzapçylykly hereketleri we dawalary bilen doludyr. Bu babatda korrupsiýany "haýsydyr bir wezipäniñ şahsy bähbitler üçin betnebislçilikli ulanylmagy" diýip kesgitlesek has dogry bolardy.
"Medici"-lerden "Enron" dawasyna, "South Sea Company" şereketiiñ batmagyndan "Lehman Doganlaryñ" ("Lehman Brothers") döreden krizisine çenli dünýäniñ ykdysady taryhy, öz döwürleriniñ iñ uly şereketleriniñ korrupsiýa hereketleri kezzapçylyklar we krizisler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Geliñ, "Pis işleriñ Atlasynda" korrupsiýanyñ taryhyna tragikomiki syýahat edeliñ.

"MEDİCİ" ŞEREKETI BAR ZADYÑ BAŞYNY BAŞLADY...

Şereketara korrupsiýalarynyñ taryhynda iñ uly katastrofa şol wagtyñ Ýewropasynyñ iñ uly maşgala şereketi hasaplanan "Medici"-leriñ we olaryñ banklarynyñ batmagy bilen boldy diýsek, öte geçdigimiz bolmazdy.
Italiýanyñ iri söwda şäheri bolan Florensiýada höküm süren, iñ ýokary derejede güýçli we täsirli maşgala bolan "Medici"-ler, üç Papa we köp sanly florensiýaly hökümdary, has soñra Fransiýa korollygynyñ adamlaryny ýetişdirdi, hususanam medeniýete eden howandarlyklary bilen italýan Renessansyny (Gaýtadan döreýşini) doly öz täsirine alypdy.
Maşgala öz döreden "Medici" banky bilen Ýewropanyñ iñ kuwwatly we derejeli maliýe merkezlerimden biri bolmagy başaryp, söwdadaky güýçlerine güýç goşdular. Emma Renessansyñ möhüm döredijilik we sungat işgärleriniñ belli bir derejede baş sponsory we howandary bolan "Medici"-ler bu babatda çakdanaşa bisowutlyga we adatdan daşary lýuks ýaşaýyş şertlerine üns berip, wezipeli işgärleri öz gysymynda saklamakda şowsuzlyga uçradylar.
1455-1485-nji ýyllarda Angliýany öz içinde ullakan gapma-garşylyga iteklän "Bägüller urşy" we Orta Ýer deñziniñ söwdasynyñ bagtyny ýatyran Osmanly-Wenesiýa urşy, bankyñ 1490-njy ýyllaryñ başynda düýpli batmagyna sebäp boldy.
1494-nji ýylda bankyñ Milandaky filialy hem ýapyldy we şol ýyl "Medici" maşgalasy bir wagtlar siýdigi bilen degirmen ýöreden Florensiýasyndan yzyna it salynyp kowuldy.
Köpçülikleýin korrupsiýanyñ ilkinji uly heläkçilikli netijesi hökmünde taryha geçen bu hadysa aslynda täze-täze wakalaryñ başlangyjydy we gynansak-da munuñ dowamy geldi durdy, geldi durdy...

XVIII asyrda Günorta Amerikada iş alyp barýan britan asylly "South Sea Company" ("Günorta deñiz kompaniýasy") şereketi ispan urşy ýyllarynda (1700-1715) baglaşylan bir şertnama arkaly Ispaniýanyñ Günorta Amerikadaky koloniýalarynyñ lokomotiwine öwrüldi.
Bazar gatnaşyklaryndaky spekulýasiýalary bilen aksiýalary 1.000 sterlinge çykan şereket ahyrsoñunda ýanyny ýere berdi. 1720-nji ýylyñ sentýabrynda şereketi "ýylan sokan ýaly" boldy.
"Günorta deñiz balony" diýip at berilen bu ykdysady krizise sebäp bolan "sokulma" Maliýe ministri Jon Eýslebi bilen birlikde şereketiñ ýolbaşçy düzüminiñ ählisiniñ tussag edilmegi bilen tamamlandy. Krizisden soñ şereketiñ işi täzeden gurnaldy we ol ýene-de ýüz ýyldan gowrak wagt öz işini dowam etdirdi.

"ULY DEPRESSIÝA WE ONUÑ MIRASDÜŞERLERI"

1929-njy ýyldaky ykdysady krizis esasanam ABŞ-da maliýe çökgünligini döretdi diýilse-de, krizis bütin dünýani gorpdan başaşak sallady we birnäçe şereketiñ korrupsiýa hereketleriniñ orta çykmagyna, dünýäniñ çar künjündäki ýüz müñlerçe ynsanyñ ömrüniñ garalanmagyna sebäp boldy. Şolaryñ biri-de Germaniýanyñ iñ esasy banklarynyñ biri bolan we gysgaça "Danat-Bank" diýilýän “Darmstädter und Nationalbank” bankydy.
Bankyñ ýolbaşçylaryndan Karl Boenekurunyñ iñ esasy müşderileriniñ biri bolan "Nordwalle" tekstil şereketiniñ beren wedomostlarynyñ galplygyny bilmegi ýangynyñ tutaşmagyna sebäp boldy. "Nordwelle"-niñ eden bu oýunlarynyñ bank üçin getiren netijesi düzedip bolmajak heläkçilige getirdi. Bankyñ iñ esasy müşderisiniñ batmagy diýmek ~ bankyñ batmagy diýmekdir. Has soñra bankyñ müşderileri uly başagaýlyga düşdüler we hakykatdanam "Danat-Bank" batdy.[2]

Köpçülikleýin korrupsiýa dawalarynyñ iñ ulusy 1963-nji ýylda bolup geçdi. "Salat ýagy dawasy" ady bilen ýatlanýan bu sarsgyn "American Express", "Bank of America" we "Bank Leumi" ýaly uly halkara kompaniýalaryñ 150 million dollar (häzirki gymmaty bilen 1,1 milliard dollar) ýitirmegine getirdi. Döwrüniñ iñ uly maliýe şereketlerinden bolan "American Express" dürli ösümlik we salat ýaglaryny satýan "Tino de Angelis" şereketine kredit bermek üçin ammarlaryndaky ýaglary girew hökmünde görkezmegi talap etdi.
Girew görkezildi we netijede kreditem berildi. Emma oýun indi başlanýardy: Tankerler ýag däl-de, suw bilen doldurylandy we fizikadan gowy bilýän Angelis ýagyñ suwuñ ýüzüne çykýandygyny bilensoñ "Bank Express" şereketini ullakan duzaga düşürmegi başarypdy.[3]

Barlag üçin gelen wekiller hiç hili şübhelenmändi, emma ahyrynda görkezilen mukdaryñ çişirilişinden bir pyrryldagyñ barlygy ýüze çykdy. Edil Warren Buffetiñ 2008-nji ýylda "Süýde suw köpräk goşuldy" diýip, ykdysady krizisi düşündirişi ýaly, 1963-nji ýylda-da ýaga köpräk suw goşulypdy.[4]

UHOD BILEN PROWOR AGALYGYNY AMALA AŞYRMAK MÜMKIN

80-nji ýyllara gelinende, bu gezek Wall Stritiñ (Wall Street) esasy maýa goýumlaryny goýýan banklaryndan "Drexel Burnham Lambert" bankynyñ dawalary we korrupsiýa hereketleri orta çykyp başlady. ABŞ-da iñ uly bäş bankyñ biri bolan bu firma görlüp-eşdilmedik derejedede kök ýaýradyşy bilen göze ilýärdi. (tä "junk bonk bazarynda" /ýokary riskli (töwekgelçilikli) şereketleriñ döredýän bonosy"/ illegal operasiýalaryñ orta çykarylan wagtyna çenli).
Netije juda çökder boldy: "Uly depressiýadan" bäri berilen iñ uly jerime bolan 650 million dollar öweztölegi...

ABŞ-nyñ iñ uly uhod dolandyryjy şereketlerinden "Waste Management Inc." öwezine göräýmäge galp bolmadyk 1,7 milliard dollarlyk girdeji alyp, taryhyñ iñ uly şereket korrupsiýasynyñ awtorlygyny etdi.
Şereketiñ esaslandyryjysy we şol wagtky ketdesi Dean L.Bantrokyñ jogapkärlik çeken we 1992-1997-nji ýyllary gurşap alan korrupsiýa hereketleri täze baron Maurike Meýeriñ şereketiñ içinde bikanunçylykly işleriñ barlygyndan şübhelenmeginden we gizlin diñleme serişdelerini gurup işgärleriñ gepleşiklerini diñlemeginden soñ 2002-nji ýylda orta çykaryldy.
ABŞ-da bolup geçen we bütin dünýäni entirekledip alan korrupsiýa wakalarynyñ biri-de "Enron dawasy" ady bilen taryha girdi. Amerikan energetikasynyñ esasy şereketleriinden bolan "Enron" 1999-njy ýylyñ başynda 20 dollara deñ bolan aksiýasyny 90 dollara çenli ýokarlandyrmagy başarypdy.
"Enronyñ" üstünliginden şübhelenmedik maýadarlar bu şereketiñ dolanşyk gymmatyny barha ýokarlandyrýardylar.
Dünýäniñ iñ uly bäş serenjam beriji şereketlerinden biri bolan "Arthur Andersen"-iñ esewanyndan geçen habarnamalar hem maýadarlaryñ ýüregine ynam guýýardy.
Hakykat bolsa pikir edilişinden başga hilidi. Şereketiñ ýolbaşçylarynyñ eden korrupsiýa hereketleri 74 milliard dollarlyk zyýany emele getirdi. "Enronyñ" aksiýalaryna eýeçilik edýän maýadarlaryñ pullary bir günüñ içinde ýele sowruldy. Pensiýa ýaşyna gelen işgärler näme etjeklerini bilmäb galdy. Netijede "Enron" näçeräk batandygyny mälim etmäge mejbur boldy, serenjam beriji "Arthur Anderson" bolsa ýitirim boldy. "Enron" öz toslamalaryna hemmeleri şeýle bir ynandyrypdy welin, şol dawadan öñ "Fortune" žurnaly "Enrony" bassyr alty ýyl ABŞ-nyñ iñ innowasion şereketi saýlapdy.
ABŞ-nyñ iñ uly ikinji telefon şereketi we telekommunikasion läheñi bolan "Worldcom" öz gaznasyny eden galplyklary bilen gabardyp tutuş 11 milliard dollar köp görkezip rekord netije gazanypdy.
2002-nji ýylda "Enronyñ" yzysüre ýüze çykan dawanyñ beren zyýany hem juda çökder boldy. Maýadarlar tegelek 180 milliard dollar zyýan çekdi, 30 müñ adam bolsa işinden kowuldy. Şereketiñ içindäki bir bölümiñ 3.8 milliard dollarlyk sçýot boşlugyny orta çykarmagy bilen üsti açylan korrupsiýa dawasynda şereketiñ barony Bernie Ebberstam 25 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

KORRUPSIÝA GLOBAL KRIZISI DÖREDIP BILERMI?

2003-nji ýylda bolsa "Mortgage-Finans" läheñi "Fred­die Mac" 5 milliard dollarlyk girdeji babatda nädogry beýannama bilen çykyş edip şereket korrupsiýasynyñ taryhyna girdi. Nädogry beýannama bilen çykyş eden we girdejini hakyky bolşundan az görkezen dolandyryjylar "SEC" guramasynyñ (U.S. Securities and Exchange Commission ~ býužet firmalarynyñ işini utgaşdyrýan jemgyýetçilik guramasy) alyp baran derñewinde ele düşdüler. Netijede 125 million dollar jerime salyndy we dolandyryjylar wezipelerinden pyzyldy. Iñ gyzykly ýeri edil şol pudakdan bolan Fannie Mae" şereketinde-de şular úaly bikanunçylykly hereketleriñ edilendigi ýüze çykdy.
Howpsuzlyk sistemalaryny öndürýän "Tyco" amerikan şereketiniñ baronlary Dennis Kozlowskiý we Mark Swartz şereketden 150 million dollar gyrp-çyrp etdiler. 2005-nji ýylda "samanhanada tutulan bu iki ýyndam pişik" şereketiñ girdejisini 500 million dollar edip, galplaşyrandyklary üçin demir gözenegiñ añyrsyna düşdüler. Munuñ netijesi "Tyco" şereketine we onuñ maýadarlaryna 2 milliard dollar zyýan çekdirdi. Iñ gülkünç ýeri bolsa, bu dawa ýüze çykmazdan öñ Kozlowskiý Sardiniýa adasynda 2 million dollar harçlap aýalynyñ doglan gününi belläpdi we bu haý-haýly üýşmeleñ dillerw dessan bolupdy.
Dünýä ykdysadyýetini bilinden uran 2008-nji ýylyñ krizisine iñ köp täsir eden sebäpleriniñ biri hökmünde görkezilen "Lehman Brothers" dawasy hem korrupsiýa taryhynyñ möhüm görkezijilerinden hasaplanýar. Agzyñy uçukladýan derejedäki ösüşe gadam basan, hakykatyna seredende bolsa hiç hili ýokary ösüşe golaýlaşmadyk "CDS" kagyzlaryny satuwa çykaran şereketiñ batyşy juda aýylganç boldy. Özi bilen birlikde amerikan ykdysadyýetini düýpli batyran "Lehman Brothers" ("Lehman doganlar") taryhyñ iñ uly çökgünligini başdan geçirdi.
Delilleriñ ýeterlik dälligi üçin "SEC" tarapyndan derñew işi açylmadyk şereket krizisden bir ýyl öñ "Fortune" žurnaly tarapyndan iñ ynamly bank hökmünde görkezilipdi.
2008-nji ýyl korrupsiýalaryñ ýüze çykmagy taýdan hereketli we bereketli ýyllaryñ biri boldy. Şol ýyl meşhur "Hedge Fon" korrupsiýasynyñ biri bolan "Madoff" dawasy gulaklary şañlatdy. Nýu-Ýorkuñ maliýe ulgamynyñ esasy baronlaryndan bolan Bernard "Bernie" Madoff şol wagta çenli maliýe sektorynyñ iñ ygtybarly adamlarynyñ biridi.
2008-nji ýylyñ krizisi Madoffyñ şereketiniñ aslynda "Ponzi oýuny" ("Sagadat zynjyry") arkaly maýadarlary "suwsuz äkidip suwsuz getirendigini" ýüze çykardy. Madoff 50 ýyllyk goýum bilen toplan pullaryny "Hedge fon" fondlarynda jemleýän ýaly görünip, aslynda başga oýun gurnapdy. "Hedge fon"-laryñ indelip durulmaýanlygy sebäpli Madoff goýumlaryñ fondda saklanýandygyna hemmeleri ynandyryp bilipdi. Hakyna seredende goýumam ýokdy, töwekgellige-de salynanokdy, tersine, täze gelenlerden alan puluny öñkülere girdeji paýy hökmünde paýlaýardy.[5]
Madoffyñ pyrryldagy uzak wagtlap dowam eden, birnäçe pudaklara täsirini ýetiren we taryhdaky muña meñzeş korrupsiýalardan has beter zarba uran, 50 milliard dollara barabar aýylganç katastrofady.
Netije? Madoff tegelek 150 ýyl azatlykdan mahrum edildi...

KORRUPSIÝANYÑ SOÑUNA ÇYKYP BOLARMY?

Bu agzalyp geçen kirli pyrryldaklary eşideniñizden soñra, "heý, bu zatlaryñ çykalgasy ýokmy?" diýýändigiñizi duýýan ýaly bolduk. Netijede az-uçuk mysaldan we wakadan söz açmadyk. "Ernst & Young"-yñ 2010-njy ýyldaky global korrupsiýa boýunça seljermesine görä, dünýä derejesinde şereket ýolbaşçylarunyñ 16 %-i, soñky iki ýylyñ içinde şereketlerinde uly bikanunçylyklara şaýatlyk edendiklerini ýazýar. Elbetde, hemme zadyñ bir çykalgasy bar. Bikanunçylykly hereketleri azaltmak üçin etmeli işleriñ başynda özbaşdak firmalaryñ gözegçiligi bilen birlikde berk içerki sazlaşyk mehanizmini döretmek gerek. Netijede utgaşdyryjy firmalar guramalaryñ we birmeñzeş problemalaryñ içine düşüp bilerler. Bu sebäplu guramaçylykly medeniýet we içerki sazlaşyk mehanizmleri iñ azyndan daşarky sazlaşyk ýaly täsirli bolup biler.
Beýleki bir çykalgasy bolsa, ygtyýarlygy bir elde jemlemezlik. Netijede: “Güýç çüýreder, absolýut güýç bolsa düýpli çüýreder". Ygtyýarlygy we güýji näçe köp adama paýlasañyz, korrupsiýa garşy iñ güýçli öñüni alyş çäresini geçirdigiñiz bolar. Has açyk söz bilen aýdanymyzda, elinde has köp ygtyýarlyk jemlenen adamyñ korrupsiýa ýüz urmak ähtimallygynyñ bardygyny düşünsek, ygtyýarlygyñ birden köp adamyñ arasynda paýlanmagy bu howpy ep-esli azaldýar.
Aýtsañ aýdyp oturmaly, korrupsiýanyñ uzyn taryhy we tradisiýasy bar. Emma şol bir wagtyñ özünde korrupsiýa garşy barlyşyksyz göreşiñem, hakykaty we adalaty dabaralandyrmak üçin janyny orta goýanlaryñam kyssasy şondan birjigem pes däl. Iñ esasy zat: tutanýerli bolmak we adamlaryñ kollektiwleýin dogruçyllygyna, birek-birege esewan we haý-küş edip boljakdygyna ynanmakdyr.
Korrupsiýanyñ taryhyna göz aýlanymyzda, olaryñ ählisiniñ az sanly adamlaryñ ýapyk gapylaryñ añyrsynda bir-biriniñ syrtyny ýamajak boluşlaryndan başlanýandygyny görýäris. Näçe aç-açanlyk, sabyr-takatlylyk we köpçülikleýin erada bolsa ~ şonça-da korrupsiýa we parahorluk az bolar…
8
56
awesome
09.05.2022 14:46
Bagtly bol!

(Bagtly bolmagyň 30 ýoly)
-­‐ Ynam we salyh amallar ajaýyp durmuşyň syrydyr, bu ikisini mäkäm tut.
-­‐ Ylym-bilim al, hergiz okamakdan araňy üzme — bular aladalary gidirer.
-­‐ Täzeden toba daýan-da, gabahat işleri taşla. Ters hereketler durmuşy tutuksy görkezer.
-­‐ Elmydama Allany ýatla, Oňa bil bagla!
-­‐ Adamlara ýagşylyk et, ýüregiň giňär.
-­‐ Mert bol, gorkak, ýelýürek bolma. Mertlik ýüregiňi giňelder.
-­‐ Ýüregiňi göriplikden, kine-kitüwden, kezzaplykdan, gözboýagçylykdan we her bir ýaramaz häsiýetlerden arassa sakla.
-­‐ Artykmaç göz aýlama, artykmaç sözleme, gerekmejek zatlary diňleme,
manysyz gürrüňlere gulak gabartma, mynasyp däl adamlar bilen oturyşma, artykmaç iýip-içme we artykmaç ýatma.
-­‐ Netijeli işe ýüregiň bilen, düýrmegiň bilen beril, şonda ähli aladalaryňy we gaýgy-gamlaryňy unudarsyň.
-­‐ Şu günüň bilen ýaşa, düýnüňi we ertiriňi ýadyňa salyp, gaýga batyp ýa-da howpurgap oturma.
-­‐ Görk-keşp, rysk, saglyk we beýlekiler babatda özüňden peslere göz aýla we öz günüňe şükür et.
-­‐ Bolup biläýjek iň ýaramaz netijäni hem saldarlap gör, soňra şoňa görä
hereket et, birdenkä ol ýüze çykaýsa-da, ýeňip geçmek ruhy taýdan ýeňil düşer.
-­‐ Aň-zehiniňi gorkunç hyýallaryň, eýmenç pikirleriň yzynda sergezdan, ýesir etme, pikiriňi ýaramaz endişeleriň arkasynda selpedip ýörme.
-­‐ Gaharlanma, sabyr et, saklan, gaharyňy gizle, ýumşa we geçirimli bol. Ömür öýke göterip ýörerden örän gysgadyr.
-­‐ Allanyň berýän nygmatlarynyň tükenip, hor-harlygyň güzer etjekdigini göz öňüne hem getirip oturma, her bir ýagdaýda Biribara daýan, arkaýyn we bagtly ýaşarsyň.
-­‐ Her bir müşgillige, her bir kynçylyga öz tebigy göwrümi bilen gara, olary
çişirip, göz öňüne getirme.
-­‐ Özüňe garşy dil düwüşýändirler öýdüp ýörme, erbetlige garaşmak ýaly
ýaramaz duýgulardan doly saplan.
-­‐ Durmuşy ýönekeýleşdir, çylşyrymlaşdyrma. Gereginden artyk bol-telkilige çümjek bolma. Artykmaç eşret artykmaç aladadyr. Bedeniňi barha ýumşatmaklyk ruhuňa barha ezýet bermekdir.
-­‐ Özüňe berlen nygmatlary we başyňa düşen kynçylyklary deňeşdirip gör,
haýsy birini alanyňda hem, gazanan sogabyň özüňedir. Girdeji elmydama ýitgiden üstün geler durar.
-­‐ Adyňa aýdylan ýaramaz sözler saňa zelel bermez, ol diňe şol sözleri aýdana zyýan getirer. Şonuň üçin olar hakda asla başyňy agyrtma.
-­‐ Pikirleriňi tertibe sal, elmydama sagdyn we gowy pikir et: diňe Allanyň
berjek nygmatlary, gazanyp boljak üstünlikler we artykmaçlyklar hakda oýlan.
-­‐ Hiç kimden taňryýalkasyna garaşma. Muny etmäge seniň hakyň hem
ýokdur. Her bir ýagşylygy diňe Allanyň razylygy üçin etgin.
-­‐ Özüňe peýdaly meýilnama düz, elmydama şony amal etmegiň pikirleri bilen ýaşa, ýollaryny agtar, şol işlere meşgul bol, alada-ünjüler golaýyňa hem gelmez.
-­‐ Ähli ýagdaýlarda hem amalyň jylawyny eliňden goýberme, şu gün bitirip
biljek işiňi ertire goýma.
-­‐ Adyňa mynasyp bolan, özüňe gelşip duran peýdaly hünärleri öwren, haýsy işi edeniňde has ynjalyk tapýan bolsaň, şoňa hem ýapyş (ýüregiň ynjalyk tapýan peýdaly işini tap).
-­‐ Allanyň saňa beren nygmatlary hakda pikirlen, şükranalyk bilen gürle hemde munuň üçin Allaha şükür et.
-­‐ Allanyň saňa beren her bir nygmatyna: saglyk, baýlyk, maşgala, iş babatda kanagatly we şükrana bol.
-­‐ Ýakyn-u ýat, tanyş we nätanyş adamlar bilen elmydam güler ýüzli gatnaş, olaryň gowy taraplaryny gör we aýyplaryna gözüňi ýum.
-­‐ Adamlaryň säwligini yzarlap, gep-gürrüňlerini ýaýratmagy, çylkasyz
sözlerini çintgäp, gybatyny edip ýörmegi bes et.
-­‐ Pyýada ýöremäge, sport bilen meşgullanmaga endik et, saglygyňa üns ber.
-­‐ Elmydama Alladan özür-ötünç, saglyk, ýaramly hal-ýagdaý we sagsalamatlyk dile.
12
44
awesome
25.04.2022 19:12
Çernobylda yarylan atom eletktirik stansiyasy barada..

Çernobyl paçygasyndaky 20 hakykat.
Çernobylda yarylan atom eletktirik stansiyasy barada..



Her ýerde, her ýurtda nukler santral jedelleri belli bir derejede edilýär. Muña (nuklere) goldaw berýänlerem bar garşy çykýanlaram. Ýöne ýasalsada öñki ýalñyşlyklardan sapak almalay. 



1) Soýuz döwründe Çernobyldan öñ hem nukler awariýasy bolup geçdi. 1957-nji ýylda Ozýork böleginde partlamada 20 müñ gektarlyk ýere zeper ýetdi. 



2) Bu 6 njy derejede bir awariýady. Çernobyl we Fukuşima bolsa 7 - nji derejeli. Taryhda iñ uly 3 Awariýalañ biri bolsada bu habary mediýadan (adamlardan) gizlediler. CIA hem bundan habardardy, ýöne munuñ sebäbi ABŞ daky nukleriñ işleýşini togtalandyrmazlyk üçindi. 


3) Partlan ýerler boşap galanyndan soñra Çernobylda möjekler, aýylar ýaly wagşy haýwanlar ýaşap başlady. 


4) Çernobyl nukler santralynyñ täzeden işläp başlamasy üçin 2000 ýyl gerek.


5) Çernobyl pajygasynda adamlary halas eden maşynlar soñ ulanylmaz ýaly maşyn mazaryna zyñyldylar. 


6) Slowakiýa potrat Inžinerleri radýoşöhleli ýerde soýa noýbasyny ösdürmäge synanşdylar. Maksat, ösümlügüñ ol ýerde nädip ýetişýänini görmekdi. Soýa noýbalary özlerini radýoşöhlesinden goraýan bir geneteki aýratynlyk çykardylar. Hemem bu aýratynlyk adam ganyndada radýoşöhleden gorap biljek himikada garşy zatlary öz içine alýar. 



7) Partlamanyñ soñunda Çernobyl we töweregi 20.000 ýyl soñra hem adamzadyñ ýaşaýyş ýeri bolmaz. Ýaşalmaz şol ýerde. 




8) Gaýragoýulmasyz Kömek, öñüni alyş jogapkärçisi orta ýaşyndaky bir operator ýaş işdeşlerini radýoşöhleli ýere girmeklerine rugsat bermän ähli işleri özi etdi. Belli bir derejeden 5 gat köp radýoşöhlä tutulan adam gysga wagtdan soñ öldi, ýöne başgalaryñ janyny halas etdi. 



9) Belarusýada dogýan çagalaryñ 85% Çernobyl gurbany bolup dünýä inýär. Elbetde bu ýene 1-2 sany nesil yzarlamaly. Bu ýagdaý ýene azajyk dowam eder. 




10) Arassalanma işleri edilenden soñra 3 işçä howply derejelerini bildirtmek üçin binañ depesine gyzyl baýdak asdyrdylar. Bu howply iş 9 minut dowam etdi we işçilere baýrak hökmünde hersine 1 çüýşe kola berildi.




11) Çernobyldaky agaçlar zombi ýaly. Öli Ýöne tebigat olary we dökülen ýapraklaryny biri birinden aýyrmaýar. 



12) Çernobyldaky ýangyny söndürüji işgärlere ýagdaýyñ radýoşöhledigi aýdylmady. Ýangyn söndürüjilerden biri muny 20 ýyl soñ aýtdy. Özlerini, özlerini öldürjek bolýan(kamikaze) pilotlaryna meñzetdi. 



13) Pajygadan 6 gün soñra 3 sany meýletinçi ýüzgüçler radýoşöhleden zäherlenen suwa çümdüler we reaktoryñ hem içindäki otaga girmek islediler. Maksatlary, başba bir pajyganyñ öñüni almak we suwy boşatmakdy. Üçüsi hem radýoşöhle zäherlenmesinden öldi. 



14) Germaniýada Çernobyl pajygasyndan soñ görnüp başlan üýtgeşik genli(mutant) ýabany doñuz ýaşaýar we sanlary şuwagt hem köpelýär. 



15) Pajygada şol gün 31 adam öldi. Galanlary partlamadan birnäçe ýyl soñ öldüler. 


16) Sowet häkimýeti Nukler partlamanyñ bolanyny, Partlamanyñ täsiri Awstrýa ýetýänçä boýnuna almady. 


17) Partlamadan soñ Çernobylda işlänler üçin Slavutych atly täze şäher guruldy. 



18) Partlamadan soñ doly radýoşöhleden iýmitlenýän bir kömelek görnüşi peýda boldy. 



19) Çernobylda ýerleri zäherden alyp çykmak maksady bilen köp ýerlere kenebil agajy oturduldy. 



20) Partlamadan soñ Ruslar Moskwanyñ zeper görmezligi üçin ýagyş bombalary bilen uzak wagtlap ýagyş ýagdyrdylar

Toplan Allanur Çaryýew
8
94
awesome
13.04.2022 13:28
Araplaryn.açan 19 sany açyşy

KOFE.

Rowaýatlara görä, Halid atly arap demirgazyk Efiopiýadaky Kaffa çäklerinde mal bakyp ýörkä, mallar haýsydyr bir ösümligi iýende täsin bolýanyny duýýar. Bu ösümlik miwelerini ýygnap, ol ilkinji kofeni taýýarlaýar.
XV asyrda kofe däneleri MeKge we Türkiýe getirilipdir, ol ýerden 1645-nji ýylda Wenesiýa ýetip barypdyr. Angliýa 1650-nji ýylda kofeni türkiýeli bir adam eltipdir we ol ýerde ilkinji kofehanany açypdyr. 


KAMERA.

Gadymy grekler göz şöhle çykarmagy netijesinde adamlar görüp bilýär diýip hasaplapdyrlar. Aslynda şöhle göze girýänligini bolsa musulman matematik, astronom we fizik alymy Ibn al-Haýtam X asyrda anyklapdyr. 
Gapy deşiginden şöhle düşýänine gözegçilik edip durup, ol deşik näçe kiçi bolsa, şekil hem şonça gowy görünýänini anyklady we ilkinji kamerany (“kamara” arap dilinde “garaňky ýada aýratyn otag” diýen manyny aňladýar) döredýär.



ŞAHMAT.

Şahmaty gadymy hindiler oýnapdyr, ýöne oýun häzirkiden tapawutly eken. Döwrebap warianty häzirki Eýranda peýda bolupdyr, ol ýerden Günbatara ýaýrapdyr. 



PARAŞÝUT.

Musulman şahyr, astronom we inžener Abbas ibn Firnas 852-nji ýylda metjidiň depesinden inçejik tagta berkidilen plaş bn bökýär. Ol guş kimin uçaryn diýip oýlapdy, emma plaş ýykylmagy haýalladyp, paraşuta meňzeýän zada öwrüldi. Soňra Firnas öz açyşyny kämilleşdirip, dagdan bökdi we howada on minut durmaklygy başardy, emma gonuş wagtynda ol ýykylyp düşdi. 



SABUN WE ŞAMPUN.

Sawuna meňzeş zat gadymy müsürliler we rimlilerde bolanlygy mälim, emma edil araplar ösümlik ýagyny natriý gidroksidi we hoşboý ysly birikmeler bilen birleşdirmegi oýlap tapypdyrlar. Angliýada şampun 1759-njy ýylda- musulman bolan adam Braýtonda hammam açanda peýda bolupdyr. 



DÖWREBAP HIMIÝA.

Ýabir ibn Hayyan atly alym alhimiýany himiýa öwüripdir. IX asyrda ol döwrebap ylym-bilimde hem gollanylýan distilýasiýa, kristalizasiýa, oksidleniş, buglanma, filtrlenme ýaly ýagdaýlary açdy...


TIRSEKLI WAL, KODLY GULP...

Rotasiýaly hereketi dogry çyzykla öwürýän enjam-tirsekli waly musulman inženeri al-Jazariý oýlap tapypdyr. inženeriň özüniň ýazan kitaplaryndan mälim bolmagyna görä, ol kodly gulpy hem döredipdir. 


UÇLY ARK (arka).

Uçly, uzyn depeli ark-Ýewropanyň gotik soborlaryna mahsus häsiýet, ýöne ark esasy musulman binagärçiliginden alynypdyr.


HIRURGIKI ENJAMLARY.

Köp döwrebap hirurgiki enjamlary, jümleden, skalpel, medisina byçgysy, gaýçy we beýlekiler musulman hirurgy al-Zahrawiý tarapyndan oýlap tapylan bolup, şondan bäri o diýen köp hem üýtgemändir.


ÝEL DEGIRMENI.

Ony araplar 634-nji ýylda oýlap tapyp, ondan mekgejöweni un etmek we suw bilen üpjün etmekde peýdalanypdyrlar. Arap çöllerinde ol ýeke-täk energiýa çeşmesi bolan. Ýewropada bolsa ilkinji ýel degirmenleri 500 ýyldan soň peýda bolupdyr.


KÖPÇÜLIKLEÝIN BEJERGI-PRIWIWKA.

Köpçülikleýin bejergi tehnikasy Ýewropa Türkiýeden geçipdir:Stambulda bu ýagdaýa angliýaly ilçiniň aýaly üns beripdir. Waksinasiýa ýewropalylar tarapyndan açylmagyndan 50 ýyl öň Türkiýede çagalar mama keseline garşy köpçülikleýin bejerilipdir.


AWTORUÇKA.

Ilkinji awtoruçka soltan üçin 953-nji ýylda oýlanyp tapylan. Şonda syýanyň ruçkanyň ujuna çenli ýetip barýan ulgamy häzirki ýaly bolupdyr. 


SAN ULGAMY.

Häzir bütin dünýäde ulanylýan sanamak ulgamy Hindistandan gelip çykan, emma sanlar şekili arapça bolup, basma görnüşde ilkinji gezek al-Horezmi we al-Kindiý eserlerinde peýda bolupdyr (825-ýyl). Algebra sözi üçin al-Horezminiň “Al-jabr wa al-mukolila” kitaby esas bolupdyr. 


ÜÇ SANY NAHARDAN YBARAT GÜNORTANLYK.

Çorba, et ýa-da balyk, soň miwe we hozlardan ybarat üç hili tagamy öz içine alýan günortanlyk konsepsiýasyny IX asyrda Ali ibn Nafiý Yrakdan Ispaniýa alyp gelipdir. 


HALYLAR. 

Orta asyr musulmanlarynyň öýlerinde kilimler öýüň aýrylmaz bölegi hasaplanypdyr. Haly-palas dokamak tehnikasy gowy rowaçlanyp, hemişe täze reňkler peýda bolupdyr, dokaýanlaryň ussatlygy hem ýokary bolup barypdyr. 


ÇEK.

“Çek” sözi arapça “sakk” sözünden gelip çykyp, ol haryt ýetirip berilýän wagtda tölegi amala aşyrmak mejburlygyny kesgitleýji hat diýmekdir. Pullary uzak aralyklara ýetirmek diýseň howply bolany üçin çekler üçin zerurlyk ýüze çykypdyr. IX asyrda musulman hünärmenleri Bagdad banklarynda ýazylyp berilen çekleri Hytaý bazarlarynda nagt pula öwürip bilipdirler. 


ÝER ŞARYMYZ- TOGALAK. 

IX asyrda-Galileýdan 500 ýyl öň köp musulman alymlar bireýýäm Ýeriň şar şekilinde ekenligini bilipdirler. Musulman astronomlarynyň hasaplamalary şeýle bir anyk bolupdyr welin, olar ekwator uzynlygyny hasaplamakda takmynan 200km ýalňyşypdyrlar. 


TORPEDA WE RAKETALAR.

Musulmanlar XV asyrda raketa (olar ony “özi hereketlenýän we ýanyp gidýän ýumurtga” diýip atlandyrypdyrlar) we torpedany (ujunda naýzasy bolan bomba) döredipdirler. 


BAGLAR. 

Orta asyrlar Ýewropasynda agaçlar bolupdyr, emma edil araplar baglary dem –dynç almak we pikiri jemlemek üçin ýer hökmünde görüpdirler. Ilkinji korollyk baglary musulman Ispaniýasynda XI asyrda peýda bolupdyr. 
9
30
awesome
07.04.2022 22:28
📃📃📃📃
Magtymgulynyň “Ýaşyl zümerret” goşgusynda asman gatlary şeýle tertipde berilýär:

Birinji gat asman – ady Ref ’a, asly ýaşyl zümerretden. Perişdesi sygyr suratynda, beýikleriniň ady - Ysmaýyl.


Ikinji gat asman – ady Arklawyn, asly kümüşden. Perişdesi – bürgüt suratly, beýikleriniň ady – Kabaýyl.


Üçünji gat asman – ady Kaýdum, asly gyzyl ýakutdan. Perişdesi – böri suratly, beýikleri – Gökbaýyl.


Dördünji gat asman – ady Magun, asly ak hünjüden. Perişdesi – ak at suratly, beýikleri – Nunbaýyl.


Bäşinji gat asman – ady Renka, asly gyzyl ýakutdan. Perişdesi – hüýr sypatly, beýikleri – Saftaýyl.


Altynjy gat asman – ady Defna, asly sary ýakutdan. Perişdesi – wildan (çaga) suratly, beýikleri – Abaýyl.


Ýedinji gat asman – ady Ajaba, asly nurdan. Perişdesi – adam suratly, beýikleri – Nurbaýyl.


***

Akyldarlar şeýle diýýär: “Maksatsyz ömür ýaly biderek ýaşaýyş ýokdur”. Ynsanyň ähmiýeti ömrüne many çaýyp bilýänliginde. Öňünde maksat goýup bilýänliginde. Maksadyny hasyl etmek üçin yhlas edýänliginde. Munuň üçin bolsa ilkinji nobatda sabyr-kanagat, soňra arzuw- umyt, ynam-yhlas, töwekgellik, maksada okgunlylyk gerek. Şeýle düşünjeleriň ýadymyzdan çykmazlygy üçin jadyly we manyly sözleri öwran- öwran gaýtalamak gerek. Her gezek sähel ynjap, ýadap, umytdan düşjek bolanymyzda, bu sözler goltugymyzdan göterip, ýene maksatlaryň arzyly ýoluna salýar. Adam göwün göteriji pikirler, duýgular bilen gurşalan halaty, diňe kimdir biriniň däl-de, hut tebigatyň özüniň aşyk bolup, seniň bilen sazlaşykly gopýandygyna, deň ýöreýändigine akyl ýetirýär.


***

Adam doglar, asmanda ýyldyz hem dogar. Täze dogan ýyldyza täleý diýilýär. Ýöne adamynyň täleý ýyldyzynyň nirede doganlygyny bu adaty gözümiz bilen asmana bakyp hem, teleskop ulanyp hem gözläp oturmagyň hajaty ýok. Barybir, biz ony ol ýerden tapyp bilmeris. Täleý ýyldyzy ynsanyň ykbal ýyldyzydyr. Ynsan bu dünýä synalmak üçin iberilen. Bu pikir bilen gadymy kitaplaryň ählisi biragyzdan ylalaşýar. Adam bu dünýäde esasan iki zat: kynçylyk hem-de ýeňillik bilen synalyp görülýär. Durmuş tejribesinden köp zat öwrenen alymlaryň pikirine görä, adam ömrüniň başynda kynçylyk çekse, ahyrynda gowy ýaşar. Ilki lezzetlere çümüp, durmuşyň asyl manysyny unutsa, soňra kösençlige uçrar diýilýär. Mümkin, täleý ýyldyzy hem, asmanda bir ýerde durmaýan sergezdan ýyldyzlar ýaly ondan-oňa göçüp, ahyry barmaly ýerine barýandyr. Şonuň üçin hem ykbalyň agyp-dönmesi, güýçli ösen şemalyň bag ýapraklaryny eýlesine-beýlesine aňsat öwürmesi ýaly bir zatdyr.


Rahmet Gylyjow
15
25
awesome
07.04.2022 01:14
Kimde-kimiň pikiri aýdyň, maksady belent bolsa, şol adamyň içki dünýäsi gözel, owadan, mähriban bolýar.
Geçirimli bolmaly, erbetligi gursagyňda göterip ýörmän unutmaly.
Gülüp, şat bolup, lezzet alýan çagyň ömrüň hasabyndan aýrylýar.
Suhangoýlük - ruhubelentligiň özenidir.
Gahar atyna atlanan çagyň, ömrüňden kemilýär. Gahar hem özüňe, hem gapdalyňdakylara kast edýär.
(Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy)
Bahyl adam duşmanyna ýamanlyk edýändirin öýdüp, öz-özüni gam gussa batyrýar.
(Demokrit, gadymy ýunan pelsepeçisi)
Gabanjaňlyk başgalara garanyňda özüňe köp ýamanlyk etmegiň sungatydyr.
(A. Dýuma, fransuz ýazyjysy)
Akyl - adamyň ruhy ýaragydyr.
(W. Belinskiý)
Biriniň öýüne barsaň, gözüňe, diliňe bek bol!
Erbetlik ýüze çykan jaýdan uzaklaş!
(Ibn Sina)
Isleg - pikiriň atasydyr.
(W. Şekspir, iňlis dramaturgy, şahyry).
Adamlar, ynsanperwer boluň! Adamkärçilikli bolmak - bu siziň ilkinji borjuňyzdyr.
(J. Russo, fransuz pelsepeçisi, aň-bilim ýaýradyjysy, ýazyjysy.
Oňat adamlaryň göwni-garny ýokdur.
(Gýote, nemes şahyry, akyldary)
Uly ýüregem edil umman ýaly hiç haçan doňýan däldir.
(Berne, nemes ýazyjysy, publisist)
Ynsanyň pähim-paýhasy onuň ýumrugyndanam güýçlidir.
(Rable, fransuz ýazyjysy)
Diňlemäni öwren, sen şonda hatda ýaramaz gürleýändenem peýdaly zat alarsyň.
(Plutarh, gadymy ýunan ýazyjysy, taryhçysy we pelsepeçisi)
Wagt - beýik mugallymdyr
(E. Býork, iňlis syýasy işgäri we publisisti.
Wagtynyň ýitirilmegine gynanýan adam iň akylly adamdyr.
(A. Dante, italýan şahyry, alymy.
11
39
awesome
05.04.2022 19:58
Aforizmlar ýene-de

Eger olaryň yzyndan gider ýaly gaýratyňyz bar bolsa, ähli arzuwlaryňyz hasyl bolar.
Walt Disneý
***

Aýtýan zatlaryň hiç birine goşulamok, ýöne bulary aýtmana hakyň bardygyna ölýänçäm goşulýan.
Woltaire
***
Başgalar hakynda erbet sözleri aýdyp, siz hakda gowy gürleýän adamlary diňlemäň.
Tolstoý
***
Gazanyp bilmeýän zadyň, eýe bolup duran zadyňdan hemişe gowy bolup görünýär. Durmuşyň süýjüsi we lygy-da şundan ybarat.
Erih Mariýa Remark
***
Edýän her bir hereketiň öz netijelerini berýändir. Onuň aýlanyp gelip özüňe degmejegine ynamyň barmy?
***
Pula düzelýän zat bolsa, ol problema däldir, diňe çykdajydyr. Şuny ýatda sakla. ***
Şowsuz adamyň kimdigini bilýäňizmi? Hakyky şowsuz adam – utulmakdan gorkusyna synanyp görmäge-de milt edip bilmeýän adamdyr.
Brýus Willis
***
Seni öz şahsy bähbitleri üçin ulanjak bolýan bolsa, ol dostlaryňyzyň sanawyndan pozulmaga mynasypdyr.
***
Üstünlik gazanmak üçin diňe hereket etmek däl, arzuw etmek hem gerekdir. Diňe plan düzmek däl, ynanmak hem gerekdir.


Şol bir hereketleri etmegi dowam edibem başga netijä garaşmak manysyzdyr. ***
«Boldy. Birinji günden başlaýaryn» diýmegiňi bes et. Sen başlajak diýip gidip otyrsyň, iller eýýäm netije gazanyp ýör.
***
Doglan günüňi we amanadyňy tabşyrmaly günüňi üýtgedip bolmaýar. Galany öz eliňde.
***
Iliň pikiri hakynda alada etmezden ozal, özüňizden soraň: ömrüňiziň manysy özgeleriň ynamyny ödemekmi ýa başga bir zatmy?
***
Ilki bilen adamlara ynanmagy öwrendim, soňra bolsa şol ýalňyşymy gaýtalamazlygy.
***
Üýtgedip bilmeýän zadyň hakynda alada etmek hem gerek däl. Ýagdaýy bolşy ýaly kabul et. Howany üýtgetjek bolamyzog-a, diňe howa görä geýinýäris.
***
Şeýle bir gün, şeýle bir wagt gelýär, hiç bir zadyň ömürlik däldigine düşünýärsiň. Durmuş wagtymyzyň rehimsiz çalt geçýändigini, ähli zadymyzyň gadryny bilmelidigini, goramalydygyny öwredýär. Sebäbi, durmuş ýoly diýilýän zat inçejik sapak ýaly, garaşman durkaň ýolunaýýar.
***
Bir sözlemiň ortasynda «welin» bar bolsa öňündäki bölegiň hiç hili ähmiýeti ýokdyr.
***
Men beýleki şahyrlar ýaly seni ýazmak üçin senden geçmerin. Tersine, ýazmagy taşlaryn.

***
Meniň bilen başga biriniň arasyndan birini saýlamaly bolsaň, meni saýlamagyn.

***
Mümkin, maňa başgalar seň seredişiň ýaly seredendir, ýöne men başgalara saňa seredişim ýaly seretmedim.
***
Şeýle bir ýakynyň bolsa, sessizligiňe-de düşünmegi başarsa. ***
«Aglamaklyk – söýmeklikden nyşandyr, Söýgini ödäne aglamak gerek...» D.Haldurdy
***
Seni ilki gezek görenimde, özüm üçin durmuşyň başlanýandygyna düşünipdim.
***
Düýn çilimiň ýüzüne adyňy ýazdym. Çilimi çekip bolanymdan soň, seni ýok edip, unutmalydym. Nireden bileýin, her çilim soramda, içime doljagyňy.
***
Men seni bir ömür ýeke goýmaryn. Ýa ýanyňda bolaryn, ýa ýadyňda... ***
«...«Bizi diňe ölüm aýrar» diýerdik, Düşünmedim, biziň haýsymyz öldük?!»
***
«Siz nomeri ýalňyşdyňyz!» diýip, tanyş ses jogap berdi. ***

Düýn agşam nahar diňledim, aýdym gördüm, kino iýdim. Hiç zady dogry etmedim. Sebäbi, aklymda diňe sen bardyň.
***
Aýdara gaty köp zat bardy, şol sebäpli dymdym. A sen eşitdiňmi dymyşymy?
***
Söýmän, «Söýýän» diýen gyzlarym, siz däl, çyndan söýübem, «Söýýän» sözüni gaty az ulanan gyzym, sen bagyşla meni?!
***
Sözläp başla, goý, men seni göreýin. Sokrat
***
Namart kişi her zadyň bahasyny bilýän, emma hiç zadyň gadryny bilmeýän kişidir.
Oskar Uaýld
***
Ýiti zehin bilen binamys köňül zorluk bilen nikalaşdyrylan är-aýal mysalydyr. Grasion, ispan ýazyjysy
***
Kämahal tebigat gurakdyr, ýöne sungat guraksy bolmaly däldir. D.Didro
***
Goý, sesiň ýatlatsyn gurbagaň sesin, Emma aýdymlaryň özüňki bolsun. Sergeý Ýesenin


Dostuň hakyky keşbi saňa aýan edýän zadynda däl-de, aýan edip bilmeýän zadyndadyr.
Jebran Halyl
***
Dünýäniň biwepalygy aşyga aýan, Baýram,
Ýar wepadyr, sen dünýäden – biwepadan ynjama. Baýram han Türkmen
***
Dünýäde iň elhenç zat: körzehinleriň, sowatsyzlaryň häkim bolmagydyr. I.W.Gýöte
***
Bu dünýeden hatda dowzahda ýagşydyr. Ýansaňam bigünä ýakmaz.
***
Ertirler rahatlygyny pida edip bilenler üçindir. Ali Erkan Kawakli
***
Bilýänini bilýäniň yzyna düşüň, bilýänini bilmeýäne duýduryň, bilmeýänini bilýäne öwrediň, bilmeýänini bilmeýänden gaçyň.
Konfusiý
***
Jümleler aňymyza hakykaty berkidýän çüýlerdir. Didro
***
Wagt dostlugy berkidýär. Emma, söýgini gowşadýar. Žan Labrwiýer
***
Aglap bilmeýänligim üçin gülýärin.

***
Için hümledip ýör ýeke ýekeden, Üýşürseňem el çarpyşyp otyrlar.
***
Başgalardan üstün bolmagymyz möhüm däldir. Möhüm zat düýnki halymyzdan üstün bolmagymyzdyr.
Mark Twen
***
Köp adamlar şowsuz bolýarlar. Sebäbi, olar göreşden ir ýüz öwürýärler we şowlulyga çenli bir ädimiň galandygyna düşünmeýärler.
Entony Robbins
***
Eşegiň öz derdi bardyr, aňňyrmasa ynjalmaz. Arap pähimi
***
Ýagşylyk eden ýaly görünmän, ýagşylyk ediň görinmän. ***
– Maňa şu gün hat gelmelidi ahyry. Hökman. Hadym egnini gysdy.
— Diňe ajal hökman gelýändir, polkownik.
G.G.Markes, «Polkowniga hat ýazýan ýok» ***
Birje köňül ýykan bolsaň, o kyldygyň namaz däldir! Ýunus Emre
***
Soran ötünji eden günäsinden-de beter...

***
Tymsal
Bir gün Teýmirleň urşa gitmekçi bolan pursatynda Ependini hem öz ýany bilen äkitmekçi bolup, oňa taýýarlanyp gelmegi emr edipdir. Ependi hem taýýarlanyp gelipdir. Teýmirleň görse, Ependi ýekeje-de oky bolmadyk bir köne ýaýy alyp gelipdir.
Teýmirleň gaharlanyp:
– Hany, seniň okuň? – diýip sorapdyr.
Ependi:
– Men oky özüme ýük edip göterer ýaly hammal däl ahyry. Men duşmanyň atan oklaryny çöpläp alaryn – diýip, ony köşeşdirmekçi bolupdyr. Onda Teýmirleň: – Duşman ok atmasa nädersiň? – diýende, Ependi begenip:
– Eger şeýle bolsa has hem gowy, onda uruş hem bolmaz – diýip jogap beripdir.
***
«Sen ýabany haýwanlara geplemegi öwredip bilmersiň. Eger sen adam boljak bolsaň, olardan geplemezligi öwren.»
***
Rowaýatlara görä, Magtymgulyny depin eden gölegçiler hut şol gün gabrystanyň golaýynda uçmahdan zyýada jülgede nowjuwan Magtymguly bilen hüýr ýaly Meňliniň özlerine seredip durany-ny görüpdirler. Häzirem olar kalby, niýeti-pygly, dünýäsi tämiz zyýaratçylara aram-aram görünýämiş.
Nobatguly Rejebow, «Magtymguly» romany
***
Näme-näme bolandygyna birin-birin gürrüň bermez ýaly, iň gowusy şony menden sorama...
***
Mesele çözülýän bolsa, alada etmek gerek däl. Çözülmeýän bolsa, alada etmek peýdasyz.
Ýapon pähimi
***
Iň arassa we şadyýan gözler çagaňkydyr. Ol gözlerde gahar-gazap, gussa ýok.


***
Biz barada diňe bizden beter bolanlar erbet pikir edýär, bizden gowy bolanlaryň biz bilen işi hem bolmaz.
***
Dostlyk planlaşdyrylanok. Söýgi diýip gygyrylanok. Hakykat hem sud edilenok.
***
Saňa ynanan adama seňem ynamyň bolsun!
***
Ynanmazlyk üçin gabanamzok, ýitirmekden gorkup gabanýas.
***
Adamy ýatdan çykarmaga päsgel berýän ýekeje zat, süýji ýatlamalar!
***
Aragatnaşygy gora, ýogsam ýatlamalary goramaly bolarsyň.
***
Iň owadan gözler, saňa söýgi bilen seredilen gözlerdir.
***
Ýalňyzlyk – ýanyňda her näçe köp adam bolsa-da biriniň ýetmeýänini duýmakdyr.
***
Özüni sylamaýan adama özgäni sylamak hem kyn düşýän bolmaly. ***
Namysjaňlyk mydama adamyň gowy tarapy hasaplanypdyr. Sebäbi namys ruhy güýçdür, ol adamy arassalaýar, gaýrat atyna atarýar.

***
Ogullaryň iň esasy mukaddes borjy ata-enä olar dirikä «Oglum senden – razydyryn» diýdirmekdir.
***
Kitap beren adam , yzyna beren bolsa iki esse .
***
Çeper söz adamyň adamkärçilikli bolmagyna ýardam etmekdir.
***
Bilýändirin öýtmek bilmegiň iň ganym duşmanydyr.
***
Sadalyk, gowulyk we dogrulyk ýok ýerinde beýiklik hem ýokdur.
***
Düşünmän gürlemek, nyşana alman ok atana meňzär.
***
Özüniň nebsinden üstün çykyp bilýän kişi adamlaryň içinde iň pälwanydyr. ***
Eliň bilen eden haýyrly işiňi diliň bilen zaýa etme.
***
Oňat gylyk hem baýlygyň bir görnüşidir. ***
Megerem çeper edebiýat adamy adamkärçilikli etmek ýaly adatdan daşary wezipäni boýnuna alyp bilmez. Megerem, ol diňe adamyň kimdigini onuň özüne görkezmelidir.

***
...«dünýä inmek kyn, dünýä indermek ondanam kyn»
***
a).Adam kan gülýän bolsa hat-da biderek zatlarada, onda özüni gaty ýalňyz duýýandyr.
b).Az gürleýän bolsa we gürlände çalt-çaltdan gürleýän bolsa, onda syr saklamany bilýän adamdyr.
ç).Ýönekeý zatlarada aglaýan bolsa, ýüregi ýumşakdyr ýa-da bigüna bolanda-da günäkärlenýändir.
d).Hemme zada gaty çalt gaharlanýan bolsa, onda ol söýgä mätäçdir ***
Seň üçin hemme zada taýýar adamy hiç haçan ynjytma. Dostoýewskiý
***
Durmuş geçen günler däl-de, ýatda galan günlerdir. Bennet
***
Güýçli adamalar hemişe ýönekeýdir. L.N.Tolstoý
***
Bizi ýere gömdüler, tohumdygymyzdan habarsyz. Mekan pähimi
***
Gün geler, sen tötänleýin laýyk wagtynda laýyk ýerine bararsyň – ähli arzuwlaryňy hasyl etjek waka-da şonda bolup geçer.

***
Käbir adamlar bar, gygyrsalar, sögseler, gorkara zat ýok. Emma, «biz dost» diýip, ýallaklap başlasalar welin gorkubermeli.
***
Ýalňyz gijeler hem dürli-dürli bolýar. Käte özüňi hiç kime gerek däl ýaly duýýarsyň. Käte bolsa saňa hiç kim gerek däl.
***
Gödeklik edip, göwüne degip bilerin. Gerek bolsa. Emma hiç haçan ýaranmak üçin ýalan ýylgyrmaryn.
***
Agyrylar seni has güýçli etdi. Gözýaşlar seni has salyhatly etdi. Çykmadyk tamalar seni has akylly etdi. Geljegiňi ýagtylandyrany üçin geçmişiňe sagbolsun aýtmagy unutma.
***
Meni hakykat bilen urup bilersiň, ýöne hiç haçan ýalan bilen dözmezçilik etme. Jek Nikolson
***
Köýnegiň ýakasy ýamalyka galstuk dakynmak hökman däl. Atajan Tagan
***
Size dymmak bilen jogap berlen bolsa, bu jogap berilmedigi däldir. Sokrat
***
Diňe özümiz sebäpli gidenleri yzyna gaýtarjak bolmaly. Galanlaryna diňe ak ýol arzuw etmeli. Olar üçin yza ýol ýok.
***

Adam bardyr, aýdýanyňy eşitmez. Adam bardyr, pikirleriňi eşider. ***
Kürekleri işletmegi öwrenýänçäňiz, gaýyk çalyşmakdan hiç hili peýda gazanmarsyňyz.
***
Günüň güýjüniň nämededigini bilýärmiň? Ol tümlüge seretmekden gorkmaýar. Anhel de Kuatýe
***
Ýazyjylyk – garamaňlaýlyk, betbagtlyk, ýyldyza ýöremeklik. Hut şonuň üçinem ýazyjynyň dowzah odundan halas bolaýmagy mümkindir.
W.Rozanow

***
Belki, sen henizem owadan gyzsyň, Goja görünmäge utanýan saňa. Belki sen henizem ýeke-ýalňyzsyň, Goşa görünmäge utanýan saňa. Italmaz Akmyradow
***
Baý adam päk bolmaýar, päk adam baý bolmaýar. Leo Tse
***
Baýa göriplik edýän garybam baýdan oňly däldir. Lew Tolstoý
***
Akyl älemi saňa gul edýär, nebis seni äleme gul edýär. Platon
***

Aýyň ýüzi bulut bilen saralgy. D.Haldurdy
***
– Ýaşaýyş näme?
– Mekdepden öňki 6 ýyl we pensiýadan soňky 3 ýyl.
***
Adamyň diňe ýagty tarapy bilen dostlaşmak mümkin däl.
***
Nä derejede agyrylydygyny bilýän adam dönüklik etmez.
***
Özüňe tarap ymtylmaýan adamy gününe goý. A.Çehow
***
Agyr döwür güýçli adamlary döredýär. Güýçli adamlar gowy zamany döredýär. Gowy zaman gowşaklary döredýär. Gowşak adamlar agyr döwri döredýär.
***
Gulagyňyzyň, gözüňiziň görmedik zadyna sizi ynandyrmagyna ýol bermäň. ***
Göwnine degdilermi? Bor diý! Sen dym, goý, Ýaradan gürlesin...
***
Gaharly wagtyň hiç kime jogap berme. Bagtly wagtyň söz berme.
***
Bilýäňmi, has gorkunç zat ýeke galmak däl. Bütin ömrüňi islemedik adamyň bilen geçirmek.

***
Käbir adamlaryň bagtyny ýazmak üçin galam bolup bilmeýän bolsaň, käbir adamlaryň gynançlaryny aýyrmak üçin gowy bir bozguç bolmaga synanyş.
***
Gadyryňyzy bilmeýän bolsa, ýoklygyňdan dadyrmak gerekdir. ***
Alladiniň jadyly lampasy diýen kinoda Alladiniň garry kakasy: «Sag-aman şu wagta çenli ýaşap gelmegime meniň mydama «Bagdat-da bar zat gülala-güllük diýmegim sebäp boldy» — diýýär. Ätiýaçlyny Alla gorar diýipdirler. (Eşidenlerimden)
***
Elinde saklap bilmejek adamyňy ýüregiňde-de saklama.
***
Bizi durmuş däl, ondaky adamlar üýtgedýär.
***
Her kim entäk wagty geler diýip oýlanýar. Emma wagt diňe öňe gidýär.
***
Men bir adam bilen diňe ýekelikde gürrüňdeş bolmagy halaýan. Sebäbi adam diňe ýekelikde adam bolmagy başarýar.
***
Başgalaryny ýylatmak üçin özüňi ýakma. Barybir gadyryň bilinenok! ***
Gämi suwda wagty batanok, suw gämide wagty batýar.
***
Dünýäde iň süýji duýgy, söýülmek we seniň barlygyň olary şat etmegidir. ***
Birzady bozmak üçin ýekeje sekuntdyr ýetikdir. Käbir zady düzetmek üçin müdümilik hem ýetmez. Şonuň üçin birzat diýmezden we etmezden öň PILIRLENIŇ!
***
«Şagallar meni halanokdy, sebäbi men möjekler bilen tirkeşýärdim!» Brigada filminden
***
Ýönekeý adamlar wagtyny geçirmegiň aladasynda bolar, üstünlikli adam ony peýdalanmagyň!
***
Dünýäde iň arzan zat – siz barada aýdylýan geplerdir. Gulak asmaň!
***
Men öz içimde saklaýan pikirlerim barada hiç adamada aýdyp beremok. Eger aýdan bolsam, onda ol adam däl. Ol meniň üçin gymmatly biridir.
***
Hemişe agyr ýoly saýlaň, sebäbi ol ýolda size garşydaş çykmaz. Hemmeler ýeňil ýoluň gözleginde.
***
Diňle! Eger herzat görüşimiz ýaly bolsady, deňiziň suwuny elimize alanymyzda suw gök bolardy.
***
Bir matematikaçy başarmaz, emma bir şahyr, bir setirine bütin dünýäni sygdyryp biler.
Muhammed Ikbal

***
Ertir uly gürlemek üçin bu gün dymmak gerek.
***
Kä wagt adama diňeje dynç almak, arassa howadan dem almak we özüniň kimdigini we näme isleýändigini ýadyna salmak gerek.
***
Durmuşyň manysyna düşünmek üçin, ilkibaşda adam arzuw edip başarmaly.
***
Tekepbirligiň ýeňiş gazanýan ýerinde, adamlar biri-birini ýitirýär.
***
Eger ýaralaryň agyrmazlygyny isleseňiz, olary gozgamagyňyzy bes ediň. Geçmiş bilen hem edil şolar ýaly.
***
Iň gorkunç duýgy – gürleşmek isleýän adamyň jogap bermezligi.
***
«Saňa ynanýan» diýmek, «Seni söýýän» diýmekden has gereklidir.
***
Birini ýürekden söýeňde onuň goýberýän ýalňyşlary seniň duýgularyňy üýtgetmez.
***
Adam ýüreginde näme saklaýan bolsa, nirä seretse şony görer. ***
Hat ýazyşaňda-da, seni sesli edip güldürip bilýän bir söýgüliň bar bolsa – diýmek bagtlysyň.

***
Bir gyza arzuw etdiribilýän bolsaň, o gyz eýýäm seňki diýmekdir.
***
Hakyky ýüzlerini görüp daşlaşan adamlarymdan diňe bir söz eşidýärin: «Sen üýtgediň.»
***
Makýažy, lagy, köwşi we köýnegi bir-birine gelişsin diýip näçe sagat alada eden bir gyz, sizi söýmegi ýüregine düwendir – kyn bolmasa ony söý, gujakla...
***
Mydama sögüşip gezeli, ýöne hiç haçan «Gutardy» diýmäli, bolýarmy?
***
Tiz-tizden aglaýan gyzlar ýeke galmak gorkysyny göterýär. Her sözüňize gülki bilen jogap berýänler bolsa, durmuşdan eýýäm umydyny üzenlerdir.
***
Eger gyz bir oglany ýürekden söýse – ony dünýädäki ähli oglanlar hiç hili gyzyklandyrmaz.
***
Dünýädäki iň owadan duýgy – söýýäniň tarapyndan söýülmek.
***
Dünýäniň iň gowy duýgusy – biriniň ýüzündäki gülümsemesiniň sebäbi bolanyňy bilmekdir.
***
Bir gün durmuşyňda biri bolar we şol wagt «ertiriň haýyrly bolsun» sms-i gelmedik wagty oýanmak, «gijäň rahat bolsun» sms-i gelmedik wagty ýatmak kynlaşar.

***
Durmuşada bir zada ynanyň. Saňa jaň etmän, seni soramaýan bolsa seni söýmeýänligidir.
***
Men ölen bolsadym, ol belki aglardy. Ýöne ol aglasa, men ölerdim.
***
Küýsärsiň! Gaharlanardy, gabanardy, öýkelärdi, köp sorag bererdi, ýöne şonda- da meni söýýärdi diýersiň.

***
Erkek ýedi pikirlener bir hereket eder. Aýallar bir pikirlener ýedi hereket eder.
***
Ýanymyzdaky adamlary üýtgedip bilmeýäris. Ýöne ýanymyzda kimiň bolup, kimiň hem bolmazlygy welin özümize bagly.
***
Gowy – nirede bize gowy bolsa.
***
Akylla jahan watan.
***
Kä wagt «Nädip, şeýle akylly oglanjyk – ulalansoň beýle dereksiz bolup ýetişdikä?» – diýip, öz ýaş wagtymdaky suratlaryma seredip oturýan.
***
Seniň ýagdaýyň pikir edişiňe görädir, ýagdaýyň gowy dälmi pikiriňi üýtget. ***

Durmuşda hatda durmuşyň hem üstünden gülüp ýaşaň. ***
Gyz – bu reňk bilen örtülen syrdyr.
***
Eger-de sen häzir uklasaň, belki arzuwlaryň düýşüňe girer, emma uklamazdan sapaklaryňy okasaň arzuwlaryňy, elbetde, durmuşda görersiň!
***
Gynansak-da adamyň hakyky ýüzüni diňe onuň üçin peýdaly bolmagyňy bes edeniňde görüp bolýar.
***
Edebim ýol bermez, edepsizlik edene.
Dymmak iň gowy jogapdyr, edebi elden gidene. Ýunus Emre
***
Mesele, bir kişä «ömürlik ýoldaşym» diýmek däl. Esasy mesele «ömürlik ýoldaş» bolmakdyr.
***
Göripler meniň üstünligimdir. ***
Adamçylyk ölüpdir. Yzy ýarasyn. ***
Birini gowy tanasyň gelse, illeriň ol hakda näme diýýänini diňleme, onuň iller hakda näme diýýänini diňle.
Wudi Allen


Bir adama seredip dursaňyz, başga bir adama arkaňyzy öwrüp durmaly bolýarsyňyz. Haýsy tarapa öwrülseňiz hem, hemişe närazy adam tapylýar. Alada etmäň.
***
Öňde-de biri: «Unum bilen ýagym bolsa, goňşymam gazan berse, hezil edinip çelpek bişirinip iýsemdim!» diýipdir.
***
Men gaçan däldirin, yza çekilendirin!
***
Pikir pikiri tapar.
***
Ýeriň ýüzünde ýekeje halkda – tuareglerde öýlenensoň, erkekler ýaşynýarlar. Arazbaý Öräýew, «Geçmişden eşidilen ýaň»
***
Sözüm ýerde galmaz, diýdigim geler, Nazarym kimýadyr – mis altyn bolar. Pyragy
***
Arhitekturanyň atasy hasaplanýan, biziň eramyzdan öňki I asyrda ýaşap öten Mark Witruwiniň «Arhitektura hakda on kitap» diýen eserini gurluşyk enlopediýasy hasaplaýarlar. Onuň jaý gurluşygy üçin ýer saýlamak, klimat şertlerini göz öňüne tutmak, ýeriň relýefi, gurluşyk serişdeleriniň görnüşi we hili barada zerur bolan 10 sany esasy talaby öňe sürýär. Witruwi: jaýlar berk, arzan, howpsyz, owadan, ygtybarly, gurmasy aňsat, az zähmeti talap edýän, gurluşyk serişdeleri elýeterli, dürli howa şertlerine uýgunlaşdyryp bolýan, ýeriň relýefine laýyk gelýän bolmaly diýýär. Şeýle talaplaryň ählisine ak öýler laýyk gelýär. Hut şonuň üçinem, ol ýaşaýyş jaýlaryň arasynda iň ýokary baha mynasypdyr. Arazbaý Öräýew, «Geçmişden eşidilen ýaň»

***
Çarwalar ogluny öýerende oňa täze öý tutup beripdir. Şonuň üçinem oňa gelin alan ogul diýmän, öýlenen, öý bolan ogul diýipdirler.
Arazbaý Öräýew, «Geçmişden eşidilen ýaň»
***
Çarwalar öý tutmak ýeri takmynan bellänsoň, ol ýere goýunlary sürüpdir, şonda goýunlar niräni halap ýatsa şol ýerde hem öý dikipdirler. Öý gurulansoň, ony doly berkitmänkäler içerik pişik goýberipdirler. Pişik nirä baryp ýatsa şol ýeri tör hasaplap, öýüň gapysyny şoňa laýyk geler ýaly edip süýşürip aýlapdyrlar. Arazbaý Öräýew, «Geçmişden eşidilen ýaň»
***
Piramidany gurujylar: «Ýeriň ýüzündäki ähli zat wagtdan gorkýar, ondan diňe piramidalar gorkanoklar» diýen ýazgydan galdyryp gidipdirler.
***
Çeşmäniň başy bulakdan, döwletiň başy owlakdan.
***
Gyratymyň bahasy, siz deý handan ýüz bolaýdyr. Görogly
***
Saç agarmak ata mirasy, sakgal agarmak aýal belasy. ***
Puşkin özüniň 1825-nji ýylda döreden «Şol ajaýyp pursat ýadymda meniň» atly meşhur goşgusyny Anna Kerne bagyşlapdyr. 15 ýyl soňra bolsa, kompozitor Glinka şahyryň bu goşgusyna saz ýazypdyr-da, bu aýdymy söýgülisine — Anna Kerniň gyzy Ýekaterina Kerne bagyşlapdyr.
***
Stalin: – Satylmaýan adam ýokdur. Satylmadyk bolsa, puly az görendir – diýipdir.


Biderek maslahatlary eşidesiň gelmeýärmi? Biderek adamlara aladalaryňy aýtma.
***
Tolstoýdan sorapdyrlar.
– Siz nähili bagtly bolýarsyňyz?
– Bar bolan zatlaryma, guwanýaryn, ýoklaryny asla pikir etmeýärin.
***
Diýýäler:
– Eger bir adamy ýatdan çykaryp bilmeseň, diýmek, sen oňa gereksiň.
***
Belkem men has gowsy däldirin. Ýöne Sen hem has gowsyna mynasyp däldigiňi bil.
***
Gör, adam nähili ejiz zat! Başga biriniň duýgusy we söýgüsi ony bagtly hem bagtsyz edip bilýär!
Aristotel
***
Ýigit indi gyza ýakyn däl, emma ýigit nirde gutaranyny bilmedi. Gyz bolsa nirde başlanyny.
Tolstoý
***
Söýgi seniň guluň bolsa, söýmeýänligiň, sen söýginiň guly bolsaň, söýülmeýänligiň alamaty.
Atajan Tagan
***
Ömrüňi şeýle bir derejede ýaşap geçir, goý, Ýaradan hem muňa haýran galsyn we saňa ýene-de bir ömür bagyş etsin.

***
Ýanymda hiç kimiň bolmadygy üçin ýalňyz däl, ýalňyzlygymy hiç kime aýdyp bilmeýänligim üçin ýalňyz men.
***
Hemişe kimdir biri üçin ýüregimiz agyryp durmaly. Şonsuz durmuşyň manysy ýok. Geň zat.
Wasiliý Rozanow
***
Iň güýçli hem weýran ediji ýaraglary iň akyldar adamlar oýlap tapýarlar. Ýöne ol ýaraglar akylly adamlar döredeni üçin howply däl-de, olary akmaklaryňam herekede getirip biljekdikleri üçin howply.
Atajan Tagan
***
Gory gutaran şahyr goşgy ýazyp bilmän, poema ýazýar. Gory gutaran ýazyjy hekaýa ýazyp bilmän, roman ýazýar.
Atajan Tagan
***
Döwlet diýilýän zat ýurdy jennete öwürmek üçin däl-de, ýurtda dowzahyň döremegine ýol bermezlik üçin döredilýär.
N.Berdýaýew
***
Ähli zatda gara bagtym garpyz aldym ak çykdy. Türk nakyly
***
Adam öz ýüregine emr etmekden ejiz, söýýändigi ýa-da söýgüsiniň sowandygy üçin ýazgarmak bolmaz.
Žorž Sand.
***
Bu durmuşda ýekeje gezek hökman söýüp görmeli, ýogsa bu örän ajaýyp diýip pikir eder ýörersiň.
***
Diýesi gelýän zadyny diýýän adam, eşidesi gelmeýän zadyny eşider.

***
Hiç wagt meniň häsiýetimi, meniň size bolan gatnaşygym bilen deňeşdirmäň. Meniň häsiýetim meniň özüme bagly, size bolan gatnaşygym – siziň häsiýetiňize bagly!
***
Kimdir biri bilen bagtsyz bolanyňdan, ýeke bolanyň ýagşydyr. Merlin Monro
***
Hiç wagt ynanmadyk zadym, aslynda ýok zat we hiç wagt bolmajak zat...
***
Biz geçmişiň oduny almaly, külüni däl. Žan Žores
***
Maňa kämil bir dil ber, men saňa ullakan millet döredip bereýin. Leýbniz
***
Bir gezek ýalanyny tutan adamyň müň gezek dogrysyny seljerersiň.
***
Täzeden dogul, iň uly ar alyş şudur. Talmud kitabyndan
***
Sensiz bir gün ömre ýeterlik. Ömrüm sensiz ölme ýeterlik. Maňa diňe sen gerek. ***
Söýgä kanun çykarylmaýar. Gaýta tersine, söýgüniň özi kanun çykarýar.
***

Ýalňyşyna düşünip ötünç soramak diňe beýnisini ulanyp bilýän adamlara mahsusdyr.
***
Seniň gelmegiň üçin ýekeje gün ýeterlik, meniň garaşmagym üçin bolsa tutuş ömrüm. Sen maňa tutuş ömrümiň ýekeje gününi sowgat berip bilmezmiň?!
***
Söýgüniň girelgesi müňlerçe, çykalgasy bolsa ýok...
***
Iň uly urgyny hemişe iň ýakynlaryňyz urar. Çünki siz goranma sistemaňyzy duşmanlaryňyza görä gurnarsyňyz, ýakynlaryňyza däl.
***
«Her kimsäniň öz sähetli güni bar...» U.Çerçil
***
Agzyňda ýalan bar wagty gürleme.
Dymmasyny bilýän kişi ussatdyr, bilýänini dyman däl.
Sen... Bagyşlaň siz diýmelidim. Siz näçe ýüzli? Men ýalňyşyp haýsy ýüzüňizi söýdüm.
Men birini söýmeýärdim. O-da meni söýmeýärdi. Bir gün duşuşyk belleşdik. Men gitmedim. Ol hem gelmedi.
Gelmeseň wajyplygy ýok. Gelseň wajyp bolardy. Gelmezligiň ýalňyzlygymy doldurdy.
Özdemir Asaf, türk şahyry
***
Eger-de bir adam: «Adamlarda derek galmady, olaryň ählisi dargady» diýse, bilgin, iň dargan, iň biderek adam şonuň özüdir.

Hezreti Muhammet (s.a.w)

***
Derwüşi ynjydan baýnaýan däldir, Hüw diýip gidere çöllerim badyr.
***
...Şahyry gabanmak bolmaýar läläm, Aşyk bolmak onuň kysmatynda bar. Italmaz Akmyrat
***
Şahyr dyza çökse gul bolar halky.
***
Gel diýene bar, soň gel diýmezligi mümkin. ***
Gowy bolmagyn-a arzuwam edemok, ýöne iň bolmanda erbet bolmaz ýaly bir ediň.
A.Ç.Bathyz
***
Egoistligiň çür başynda ýaşap bilersiň, ýöne bu häsiýet bilen bagtly bolup bilmersiň.
Nejib Mahfuzyň
***
Eger birini söýýän bolsaňyz, diýmek siz ony gowy tanaýan dälsiňiz.
Saňa ynanmazlykda kynçylyk çekmegimiň bir sebäbi bar, olam ýalan sözlemegiň özüm üçin hiç zat däldigini bilýänim üçin.
Dünýäniň bar meselesi akylly adamlaryň aladada gezip ýören wagty, akmaklaryň hondanbärsi bolup ýörmeklerindedir.

Edebiýatsyz durmuşyň dowzahdan tapawudy ýokdur.
Ýaramaz bir zat bolup gecse, unutjak bolup içersiň, gowy zat bolup geçse gutlamak üçin içersiň. Hiç zat ýok bolsa-da, heý bir zatlar bolmazmyka diýip içersiň.
Size wagtyny aýryp bilmeýän birine özüňizi asla bagyşlamaň.
Eger iki kişiniň arasynda galsaňyz, onda ikinjini saýlaň. Çünki birinjini hakykatdanam söýýän bolsadyňyz, ikinji biri peýda bolmazdy.
Adamlaryň seni iň köp gowy gören wagty, seniň olaryň işine has köp ýaran pursatyňdyr.
Ses edip aglaýan aýalyň gözýaşlary ony aglamaga mejbur eden adamyň başyna geljek belalaryň aşagyna basylan möhürdir.
Gam çekme, oglum! Belki-de, ýitirendirin öýdýän zatlaryňdan halas bolansyň. Kyn günleri ýeke özi aşan, hiç kimiň ýoklugyny duýmaz.
Çarlz Bukowskiý, amerikan şahyry
***
«Gitdi» diýip aglamaly bolsaňam, «Gelmedi» diýp aglamaly bolma sen... Halyl Kulyýew
***
Şalar ölýär, şazadalar ölýärler, Ili aglar şahyryny ýat edip.
***
Eger men oňat bolsam, töweregimdäkiler mendenem oňatdyr. Nury Baýramow
***
Kimdir birini söýmegi niýet edinen bolsaňyz, ilki bilen bagyşlamagy öwreniň.

***
Akyllylyk we söýgi biri biri üçin ýaradylan däldir: söýgi artdygyça, akyl azalýar.
***
Bizin söýýänlerimiz, ezizleýänlerimiz mydama biziň üstümizden hökümini ýöredýär.
***
Hakyky dilewarlyk – ähli zady aýtmak we ýekeje-de artyk söz sözlemezlik. Loraşfuka


Bir ýazyjynyň ýüze çykmagy üçin müňläp adamyň ýazyp görmegi gerek. Hakykat bar — edebiýat bar.
Ýeňillikler sungata zeper ýetiýär.
Garyp bolmak aýyp däl. Arzan bolmak aýyp.
Medeniýetli adam — rehimdarlyk edip bilýän adamdyr.
Biz akyldar däl — oňa biziň aýlygymyz ýetmeýär.
Hakykat hemişe-de azsözlüdir. Ýalan — däl.
Sylanylýan — garrylygyň özi däl-de, geçilen ömürdir.
Hekaýada hemme zat düşnükli bolmalydyr, hatda artykmajy bilen.
Iň synçy adamlar — çagalar. Soň — hudožnikler.
Hakyky ýazyjylaryň her biri, elbet-de, psihologdyr, ýöne näsag — özi. Hawa, edebiýat ýok. Muny hatda aýtmagam aýylganyç, a biz ýaşabam ýörüs. Dözmelimi, dözmeli dälmi? — diňe ýasama adamlar soragy şeýle goýýarlar.

Özüňe bolan tankydy garaýyş — ine, adamy hakykatdanam akylly edýän zat. Owadan hatdaky grammatiki ýalňyşlar — neýlon köýnekdäki bitler ýalydyr.
Yzyňa dolanmaga ýeriň barka ýaşamak we göreşmek — bir zat, bir ädimem yza dönmäge hakyň ýok wagty — başga zat.
Sowgat berýän adam şatlanyp görmek isleýär. Ony hiç bir ýagdaýda hem şol şatlykdan mahrum etmek bolmaz.
Beýik adamlary, baryndan beter, öz ýanyndaky başga pikirli adamlara çydaýşy ýüze çykarýar.
Edebiýaty sport ýaryşlaryna meňzetmek islegi hemişe-de ýaşapdyr: kim gysga? Kim uzyn? Kim sada? Kim çylşyrymly? Kim batyr? Edebiýat bolsa — hakykatdyr.
Şukşin


Zenan – bu bagta çakylyk. (ýarym degişme)
Zenan – bu bagta çakylykdyr. Şarl Bodler
Men zenanlary gowy görýärin, emma olar birýere üýşseler halamaýaryn. Anri de Monterlan
Zenanlar ussatlyk bilen ýarany saramagy başaryşlary ýaly, ussatlyk bilen hem ýara salmagy başarýarlar.
Barde Orwilh
Zenan penjiräniň tutusy ýalydyr. Onyň nagyşy owadanjadyr, ýöne gaýdyp dünýäni görmersiň.
Henrik Horoş
Zenan şalygy – bu näzikligiň, duýgurlygyň we çydamlylygyň şalygydyr. Žan Žak Russo
8-nji mart gül söwdasyny edýänleriň baýramçylygy. E.Uilson

Zenany bagtly etmek aňsat, ýöne ol gaty gymmat düşýär. Franklin
***
Hiç kim hem başgalara akyl öwreder derejede kämil däldir! Şekspir
***
Käte hakykat eşitmek isleýän iň soňky zadyňyzdyr. ***
Eneň öweý bolsa, ataň özüňki bolmaz.
***
Oglanyňky eje, goýunyňky – gije.
***
Gul garrasa garyp bor, heleý garrasa tebip bor.
***
Akylly bilýäniniň ýarysyny hem gürlemeýär. Akmak gürleýäniniň ýarysyny hem bilmeýär.
Grek nakyly
***
Bir gezek aýtdyň – men ynandym. Sen gaýtaladyň – men şübhelendim. Sen öz diýeniňi tutduň we men seniň ýalan sözleýäniňe düşündim.
Hytaý nakyly
***
Dostlaryň köpelýärmi!? Ol seniň gowy adamlygyň üçin däl, gerekli adamlygyň üçindir.
***

Seni okadyp bilen mugallymyň däldir, saňa öwredip bilen mugallymdyr. ***
Pul akyllylar üçin serişde, akmaklar üçin maksat.
***
Bagt-a bolmasa bolmazdy welin, betbagtlyk kömek edäýdi. ***
Üleşdirene – üç gaz, beg ogluna bezbeltek, iki tata bir ördek. ***
Ýandak asfalty ýaryp çykýar! Tirkiş Jumageldi
***
Aýtmana zadyň bolmasa hemişe erbet gürlenýär. Wolter
***
Sözüň güýji köp zady az söz bilen düşündirmekdedir. Plutarh
***
Hemme zady subut edeniňden, netijeleriň bilen haýran galdyranyň gowudyr. ***
Eger birine ikinji mümkinçilik berýän bolsaňyz, onda ikinji gezek aldanmagy hem boýun alýansyň.
G.Markes
***
Ýitirere zady bolmadyk duşmandan beter howply adam ýok.
Kristofer Paolini


***
Çalt gidesiň gelse, ýeke git. Uzaga gidesiň gelse bile git!
***
Ähli adamyň şol bir ýalana ynanmagy, ol ýalany hakykylaşdyrmaz.
***
Her bir beýik akyldar bilen dünýä täzeden başlaýar. Nobatguly Rejebow, «Magtymguly»
***
Soran zadyňy bermändigi üçin sen entek Allaha köp gezek sagbolsun aýdarsyň.
***
Akyllylar uruşman ýeňer, akmaklar bolsa ýeňmek üçin uruşar. Zhuge Liang
***
Garaşmaklyk «aklyňdan azaşdyrýar», ýöne birine garaşmaklyk islegi «ýaşamaga» mejbur edýär.
***
Ähli zady düzgünlere görä etjek bolsaň sen hiç wagt üstünlige ýetmersiň. Düzgünler – bozulmak üçin döredilýändir.
***
Eger «dostluk» gutaran bolsa, diýmek ol öňem bolmandyr. Mark Twen
***
Garaşmak gowudyr emma, dogry duralgada. Jan Ýüjel

***
Unutma! Garaňkydan ybarat diwarlarymyň senden başga penjiresi ýok. ***
Men derdimi ne dostuma aýdaryn, ne-de duşmanyma. Dostuma aýtsam gynanar, duşmanyma aýtsam begener.
Hz.Omar (r.a)
***
30 ýaşymyza çenli ulalandygymyzy subut etjek bolýarys. 30-dan soň entäk ýaşdygymyzy.
***
Gowy adam bolmak, ynsanyň özinden başgalara kömek edýär. T.S.Eliot
***
Köprini bozmazdan ozal seret, sen gerekli kenardamy.
***
Eger geçmiş seni goýbermeýän bolsa, onda ol entek geçmiş däldir.
***
Eger sen üstünlige ýetmek isleseň, onda özüňe berk ynan, hatda saňa hiç kimiň ynamy galman wagtynda hem.
***
Paýhasly adam – ähli zady bilýän däl-de, gerek zady bilýän adamdyr. ***
Isleglerini kesgitläp bilmedik, islemedikleriniň çuňlugynda ýaşar. ***

Ejizler ar alar, güýçliler bagyşlar, bagtlylar ýatdan çykarar. ***
Hakyky söýgi uzak ýyllaryň aýralygyna döz gelmek däl-de, uzak ýyllaryň bileligini saklamagy başarmakdyr.
***
Gündiz duşuşyp durup bilmesegem, bir-biregiň düýşüne berin girip duraly...
***
Sizde agry döredeniň ýüzüne bakyp ýylgyryň, goý ol siziň nähili güýçlidigiňizi görsün.
***
Size men hakda aýdyp beren adamlary unutmaň, çünki maňada siz hakda aýdyp berjek şolardyr.
***
Hiç wagt yza dolajak bolma, birwagt özi senden gidenleri.
***
Ejesinden urulýarka-da ýene «eje» diýip aglaýan çagadyr hak aşyk.
***
Söýgisiz geljekden, geljeksiz söýgi gowy.
***
Öz duýgularyňyzdan we islegleriňizden çekinmäň, olar üçin başga bir ömür berilmez.
***
Aşyk möjek eýýäm ýabany däldir.


Baýlyk hiç birzada ýetmeýär, hatda ol onuň bagt däldigine düşünmäge-de ýetmeýär.
***
Durmuş bize näme öwretse-de ýürek barybir täsinlige ynanýar.
***
Biz bile şatlananlarymyzy ýeňil unudýarys, emma bile gamlananlarymyzy welin hiç wagt ýatdan çykarmaýarys.
***
Haçan hem bolsa birwagt sen häzirki pursatlary örän küýsärsiň.
***
Häsiýetim bilen hereketlerimi biri-birine garyşdyrmaň. Häsiýetim meniň kimdigim bilen bagly zat. Hereketlerim siziň kimdigiňiz bilen bagly.
***
Akylly adam akylyny ulanar. Has akylly adam başgalaryň akylyny hem ulanar. Bernarda Şow
***
Sözler bilen öldürilenler, dymmak bilen ar alar. ***
Adamlardan olaryň başaryp biljeginden artyk zada garaşýarys. Şeýdibem hemişe ýalňyz bolmaly bolýarys.
Aleksandr Genis
***
Pul hemme zady edýär diýýän adamlar, pul üçin hemme zady etjek adamlardyr. ***

Artykmaç zady satyn alýan kişi iň soňunda zerur zadyny satmaly bolýandyr. ***
Dünýäniň elinden söýgüsini alsaň ol hiç zatsyz galar.
***
Seni söýýän diýemde, hiç ýalan sözlemedim, ýalan sözlämde seni söýýän diýmedim.
***
Eger-de bizde söýgi ýaşaýan bolsa, onda biz bakydyrys.
***
Geljek – öz arzuwlarynyň ajaýyplygyna ynanýanlar üçindir.
***
Men saňa ýekejäm diýýärdim, sen maňa hemme zadym diýýärdiň, men indi ýekejämi ýitirdim, a sen bolsa hemme zadyňy.
***
Öz söýeniňi al, bolmasa alan zadyňy söýmeli bolarsyň. Bernardo Şow
***
Ýadyňda sakla: ýylgyryş iň aňsat ýagşylykdyr.
***
Bir syry 3 adamam saklap biler, emma olaryn ikisi öli bolsa.
***
Eger sen syryňy ýele ynanýan bolsaň, ony agaçlara aýdanlygy üçin igenme.


Owadan gyzlary ýigrenýärin men, Olar betbagtlygmy ýadyma salýar! Nobatguly Rejebow
***
Bagt terk edäýende-de, belki, betbagtlyk maňa dözmez... ***
Akylly adam mümkin bolan iň beýik derejä çenli barmalydyr. Bir adam asmanlara galmagy göz öňüne getirip bilýän bolsa, onuň ýerde kanagat edip oturmagy iň gabahat işdir.
Ibn al-Jewzi
***
Üstünlik bir şowsuzlykdan başga bir şowsuzlyga ynamyňy, yhlasyňy ýitirmän geçip bilmekdir.
U.Çerçil
***
Bu zatlaryň gutaranlygy üçin aglama, bularyň bolanlygy üçin begen. G.G.Markes
***
Dostlaryň seni her gezek bela uçraň-da eliňden tutup ýokaryk çekip bilmeseler- de, olar hökman saňa aşak düşmezlik üçin bir çäre taparlar.
***
«Sen şeýtmeli, beýtmeli däl!» diýýän gürrüňler ýadadýar. Ähli etmeli zatlarym salgyt kodeksinde ýazylgy, etmeli däl zatlarym jenaýat kodeksinde ýazylgy. Galan zatlar meniň öz islegime baglydyr!
***

Çopan hem bolsa söhbetdeş bol, hiç zat bilmeýän hem bolsa goýun gyrkmany senden has gowy bilýändir.
***
Söýgi ýüregiň diş agyrysydyr. Genrih Geýne
***
Uzyn sözlemi hem kiçijek nokat jemleýär.
***
Hemme zady düşündirmek mümkin, ýöne hemmelere däl.
***
Güýçliler – mynasyplary bilen, ejizler – elýeter bilendir.
***
Kimdir biriniň ýagşy adamlaryň bardygyna ynanmagyna sebäp bol!
***
Men durmuşyma mydam ak sahypalary açýaryn, emma näme edeýin galam gara.
***
Eger akylly adam arasynda lany bilen erbet bolýan däldir. Eger adam akyllysyrasa, ynha muňa erbet diýsek bolar.
***
Sen menden has gowylaryna laýyk diýme men öz ýagdaýymy gowy bilýän, senem kän maňa.
***
Adamlara pul karz bermek ýatkeşligiňi gowlaýar.


Garaşylmadyk ýerden gelen pajygaly ölüm kä halatda şahyr üçin ullakan propaganda öwrülýär. Şeýle ölüm okyjynyň şahyryň döredijiligine bolan ünsüni güýçlendirýär, onuň biografiýasyna, eserlerine tankyda nazar bilen garamagyň derejesini peseldýär. Şeýlelikde, ol şahyr talant babatda özi bilen deňeçerräk galamdaşlaryndan birden öňe saýlanýar ötägidýär. Dörän şol ― ýumşaklyk netijesinde berilýän emeli bahada okyjylar köpçüliginiň aňyna ornap, adaty şahyryň eserleri uzak ýyllaryň dowamynda ýörgünli bolýar.
Atajan Tagan
***
Bir adamy tankytlamak üçin, iň azyndan onuň içine girip pikirlerini, çekýän ejirlerini we aladalaryny başdan geçirip görmelidir.
Onore de Balzak
***
Aýal durmuşdaky iň gowy saz guralydyr. Ýöne gynansakda her erkek notany bilýän däldir.
Farid Farjad
***
Derdi dünýä bolanyň dünýä ýaly derdi bolar. Ýunus Emre
***
Gowy adamlaryň ýok bolşy ýaly erbet adamlar hem ýokdyr. Diňe her bir adam öz isleglerini we öz maksatlaryny ýürekden yzarlaýarlar. Eger onuň hereketleri we islegleri seniňki bilen gabat gelse, ol gowy, gabat gelmese erbetdir. Bar bolany.
***
Kyn, haçanda sen bir adama gerek ýa-da gerek däldigiňi bilmezlik. Kyn, sebäbi ol seni ne tutýar, ne-de göýberýär.
***
Makiýaža ynanma! Ýollaram owadandyr, emma aşagyndan kanalizasiýa geçer.

***
Sizi tankytlaýan bolsalar, siz dogry ýoldan barýarsyňyz. Çünki adamlar kellesi bar adama hüjüm edýärler.
Brýus Li
***
Bu gün sen ýalan sözlärsiň, men ynanaryn. Bir gün men bar zady taşlaryn, sen ynanmarsyň.
***
Akyl adama diňe akyl bilen ýaşap bolmaýandygyna düşünmek üçin berlipdir. E.Remark
***
20 ýaşda sizde tebigatyň beren ýüzi bolýar. 30 ýaşda durmuşyň çeken ýüzi, 50 ýaşda bolsa özüňiziň hakykatdan mynasyp bolup bilen ýüzüňiz bolýar.
Koko Şanel
***
Beýik adamlar ylymyň gürrüňini ederler. Akyllylar gelejegiň gürrüňini.
Akmaklar bolsa, adamlaryň gürrüňini.
***
Kim söýýän bolsa bilsin! Söýülýändirem. Hz.Möwlana
***
Günäni özüňden gözleseň, günäkäri tiz taparsyň. Gel, günäni özümizden gözläp göreli.
Oraz Ýagmyr
***
Söýgä düşünýänler gülýändir kämil,

Aglaýandyr nämedigni bilenler. M.Babanazarow
***
Güneşiň bardygyna delil ýene güneşdir. Hz.Möwlana
***
Arslan boýny zynjyrly bolsa-da, ol zynjyr ýasaýanlaryň ählisinden rüstemdir. Hz.Möwlana
***
Gül satýanam, aşygam: «Gülümi alýan ýok» diýip nalady. Oraz Ýagmyr
***
Meni bagtly etjek bolma. Meň bilen bagtly bol. J.Christophe
***
Köne başga könelen başga. Näçe köneler bar hiç könelmeýän. Paýami Safa
***
Özüňe gabyr däl, özüňi gabyra taýynla!
***
Bu dünýä durşy bilen paradoks. Bize hakykaty aýtmagymyzy talap etýärler, hakykaty aýtsagam gaty görýärler.
***
Öz islegi bilen ýola çykana müň kilometr hem bir kilometr ýaly görünýär. Ýapon pähimi


Men bir habar ýetip gelýän... Bapba Gökleň
***
Käbir adamlar 25 ýaşynda ölýärler. Ýöne olary 75 ýaşynda jaýlaýarlar. Benjamin Franklin
***
Hudaý kämahal arzuwlarymyzy bizi jezalandyrmak üçin hasyl edýär. Anatol Frans
***
Alla şükür, ýagdaýlarymyz gowy. Ýüzmegi başarýandygymyz üçin suwuň aşagynda-ha galmadyk...
***
Allatagala: «Öýkeleden adamlaryňyzyň göz ýaşyndan heder ediň, sebäbi olar näme dilese men şony berjaý ederin» diýipdir.
***
Eger siz arzuwlaryňyzdan hem ýüz öwürjek bolsaňyz, onda bu durmuşda hususy nämäňiz galýar?
Jim Kerri
***
Ýanyňda hiç kim ýok bolsa, diýmek, öz-özüň bilen tanyşmaga wagt bolupdyr.
***
Dymyşlyk we ýylgyryş — bu iki sany mäkäm ýaraglardyr. Ýylgyryş köp meseleleriň çözmek üçin, dymyşlyk bu meselelerden gaçmana kömek edýär.
***
Ykbal saňa näme ugratsa kabul et, emma hiç kimiň hakyňy we erkinligiňi almasyna asla rugsat berme.

***
Umydyňy ýitirme: şu durmuşda bir zadyň gutarmagy, hemişe başga bir zadyň başlamagyna sebäp bolandyr.
***
Gözden diňe bir göz ýaşy däl, Adamam gözden düşýär ekeni. ***
Adamlar milletine, partiýasyna, dinine görä bölünenoklar. Adamlar iki topara bölünýär: Akyllylar we akmaklar. Ine şol akmaklar öz arasynda milletparazçylyga, dinparazçylyga görä bölünýärler.
***
Adamyň iki ömri bar. Ikinjisi biziň ýekeje ömrümiziň bardygyna çynlakaý düşünenimizden soňra başlanýar.
Tom Hiddlston
***
Bizi bilen biler. Bilmedigem özi ýaly biler. Hz.Möwlana
***
Meşhur grek filosofy Diogen bir gün dar köçeleriň birinde, bir gopbamsy baý bilen garşylaşýar. Ýoluň darlygy sebäpli, ikisinden biri ýoldan sowulmasa, geçmek mümkin däl eken. Özüni hemmden ýokary saýyp ýören baý:
– Men, bir entäp ýören ykmandanyň öňünden asla gyra çekilmerin – diýýär. Diogen gapdala çekilip, arkaýynlyk bilen şeýle diýýär:
– Men bolsa çekilerin. ***
Okuwda ýa-da ýokary okuwlarda samsygyraklar bilen gowy gatnaşyň, sebäbi durmuşyň soňunda olaryň elinde işlemeli bolarsyňyz.
Bill Geýts


Ýazyjy bolmak üçin hökmany iki şertiň biri ýazyjylyk işine çynlakaý garaýyşdyr, ikinjisi bolsa gynansak-da zehin.
***
Ýazgarma aýralyk ýelin, Günä gözleme özgeden. Ykbal duşurardam weli, Seni özüme dözmedim. Gurbandurdy Oraz
***
Osmanly Soltany, Ýowuz Soltan Selim ýörişe çykjak ýerlerini gizlin saklaýar eken. Bir gün Soltan ýörişe taýýarlanmagy tabşyrypdyr. Wezirlerinden biri gelip, ýörişiň haýsy ýurda boljakdygy bilen gyzyklananda, Soltan oňa sorag berýär:
– Sen syr saklap bilýärmiň?
– Elbetde hökümdarym, saklap bilýärin. – Menem saklap bilýärin.
***
Logika sizi A nokatdan B nokata alyp gider. Arzuw bolsa ähli ýere. Albert E
***
Seniň bilen bar wagtymy ýitirýän, sen bolsa başgalary bilen meni ýitirýäň.
***
Hakyky söýgi ynsana ak geýdirer. Ýa gelinlik, ýa dälilik köýnegi, ýa-da kepen... ***
...we bagtlylyk bir kükürt çöpi ýaly. Mundan soň näçe ýansa...
***
Çagalaryňyza baý bolmagy däl, bagtly bolmagy öwrediň! Şeýlelikde, olar tutuş ömürleri boýunça eýe bolan zatlarynyň bahasyny däl, gadyryny bilerler!

***
Elmydama eli işlini goraň,
Dişini dökmäň-ä, dişlini goraň. Ejiziň ýagysy – ejizdir ejiz, Başyňyza döneýin güýçlini goraň. Sary Bilbil
***
Pikirlenmän gürlemegiň jezasy, soňundan pikirlenmäge tussag bolmakdyr.
***
Ýarasyz bagt bolmaz, ýalansyz hakykat.
***
Ölmek üçin birinji ädilen ädim — dogulmakdyr.
***
Eger adam hakykatdan hem küýsese, bile bolmagyň ýoluny tapar.
***
Bagt — bu haçanda sen ony söýýän wagtyň, onuň seni sendenem beter söýmegi. ***
Meni geçmişim üçin tankytlamaň, men geçmişde ýaşamok.
***
Bu şäherde bir kemçilik bar. Hiç köçesinde sen ýok.
***
Söýginiň ajaýyp gözýaşyna galamyny batyrman ýazmaga milt eden şahyry ýer ýüzünde tapmarsyňyz.
Şekspir


***
Iş bilen meşgullanyň. Hasratdan solanyňdan, işden köýeniň gowy. Deýl Karnegi
***
Han bir bolsa, il düzeler, iki bolsa, il bozular. Oguz han
***
Garşydaşyndan gorkan hökman ýeňler. Ýyldyrym Baýezit
***
Alla saňa diňe kalby berer, içini özüň doldurarsyň. Şemsi Tebrizi
***
Hristofer Kolumbda iň halan zadym – täze dünýäni tapmasy däl, bu düşünje bilen bu zady tapmak üçin ýola çykmagydyr.
Robert Tourgot
***
Başyňa kyn iş düşse hergiz sabyr et, Kynçylykda goýmaz kowumyn Muhammet. Harun Reşit
***
Iň gaýduwsyz goşunlaryň naýzalary bir milden uzaga gitmez, ylym ägirtleriniň täsiri bolsa, asyrlary gurşar.
Nyzamülmülk
***
Jomartlyk niýetin oňlamaz bir kes, Bir Alla hakydyr, eşiden zadym. Baýlyk bilen baky galan husyt ýok,

Eşitmersiň hor galanyn jomardyň. Hatam Taý

***
Meni taşlan ýeriňizden gözlemäň, menem ýöremegi başarýan. ***
Indi gutulmak ýok bu dertden çünki, Bejerjek tebibiň özi hem bimar. Omar Haýýam
***
Psihologlaryň aýtmagyna görä eger biri-biriňizden aýrylyşybam dost bolup galan bolsaňyz, diýmek siz ýa häzirem birek-biregi söýýäňiz, ýa-da öň asla söýmänsiňiz.
***
Meniň ýigit çagym, seniň gyz çagyň... Ybraýym Ýusup
***
Hemmelerden öwreniň, ýöne hiç kime öýkünmäň.


M.Gorkiý

***
Hemmeler üçin gowy adam hiç kim üçinem gowy däldir. Dostoýewiskiý
***
Hiç kime ynanmaň. Şonda sizi hiç kim aldamaz... ***
Her kim bir ýol bilen Gutuljak bolýar zalymlaň, güýçlileň penjelerinden. menem bir çybygy öwdüm arada gorkamsoň şoň bilen ýenjilerimden.
D.Garaçopan ***
Dogry ýoly saýlamak üçin ozaly bilen azaşyp görmeli. Bernar Werner, «Syýahatyň kitaby»
***
Käwagtlar ýylgyryş dogrudan-da esasy zat. Ýylgyryş bilen alkyşlaýarlar. Ýylgyryş bilen sylaglaýarlar. Ýylgyryş bilen ömür peşgeş berýärler. Şeýle bir ýylgyryş bar, onuň üçin hat-da ölüme-de taýyn.
Antuan de Sant-Ekzýuperi, «Ýesire iberilen hat»
***
Eger dünýä manysyz bolýan bolsa, onda many döretmäge näme päsgel berýär? Lýus Kerol, «Alisa täsinlikler dünýäsinde»
***

Bagtyň ertirki güni ýok, düýni-de ýok. Bagt geçenleri ýatlamaýar, geljek hakda pikirlenmeýär. Onuň häziri bar, onda-da bir gün däl, diňeje pursat.
Iwan Turgenow, «Asýa»
***
Aslynda her birimiz ikinji aktdan tomaşa edilip başlanan teatr pýesasy. Bar zat enaýy emma düşnüksiz.
Hulio Kortasir, «Klasada oýun»
***
Göwün owadanlygy görüp bilýär, eger özi owadan bolsa. Erik-Emmanuel Şmit, «Aýnadaky zenan»
***
Arzuwlaryňy unutma, olar seniň barlygyňyň hereketlendirijisidir, çünki seniň ertiriňiň tagamy we ysy olara baglydyr.
Mark Lewi, «Arş we zemin arada»
***
Bir ýaşuly kompýuteriniň üstini hasa (marli) bilen ýapýardy. Sebäbini sorasak, wirus düşmez ýaly diýýädi.
***
Deň bolup durma sen kejiriň bilen, ...Bir saňa aýanka ejirim meniň. Ogulşirin Gurbanowa
***
Ol seni ýatlamaýar, emma sen welin şuny okanyňda hem ony ýatladyň. ***
Sen haçandyr bir wagt hiç wagt duşmadyk adamyň saňa ýetmeýändigini duýupmydyň?
Riçard Bah


Ýakynlarymyzyň bizde galdyran ýara yzlary hiç haçan bitýän däldir. Sebäbi olar urmaly ýerini bilýärdi.
***
Kä wagt, seniň barlygyňy duýmaklary üçin ýitip gitmeli bolýar...
***
Ýaraşmak üçin ilkinji eli uzadan ejizlik däl, adamçylygyň iň beýik derejesidir.
***
Uly adamlar az gepläp köp işlär. Konfusiý
***
Durmuş şeýleräk... Bir seretseň her zadyň soňy geler. Bir seretseňem her zadyň soňy diýen wagtyň, hemme zat täzeden başlar.
Şems-i Tebrizi
***
Ýaşaýyşda ýaşamagyň ýoluny tapmadyk, hiç zat tapan däldir. Dostoýewskiý
***
Işden gaçmak, ýaşaýyşdan gaçmakdyr. G.Ford
***
Bar dostuňdan jyda düşeniňi bilseň, üýşüp ýatan kitaplaryňa ýüzlen. Emerson
***
Ýylgyrmagyň çykdajysy ýok, peýdasy köp. D.Karnegi

***
Durmuşy tanar bolsaň, ilki özüňi tana. Sokrat
***
Iýmek üçin ýaşama, ýaşamak üçin iý. Amerikan nakyly
***
Ýaşaýyş seň bilen oňuşmasa sen oň bilen oňuş. Sparta
***
Ýaşaýyşyny öz eli bilen ýasan adam, iň kämil adamdyr. A.Şopengawer
***
Söýgisiz ýaşamak mümkin däl. Eflatun
***
Hemme adam ölýär, ýöne hemme adam ýaşap bilenok. Berber Hart
***
Şat ýaşamagyň syry söýmekdedir. J.Donald Walterz
***
Ýaman bolmasaňam, ýamana ýanaşsaň, ýaman adyny alarsyň. Sagdy
***
Dünýäde iň gyt zat – çyn dost.

Napalýon Bonapart

***
Öz syryny saklap bilmeýän adamdan gaça duruň. Eflatun
***
Gaýgyň iň arzan hem elýeter dermany – işdir. D.Karnegi
***
Köňle howup düşürmäge degmez bu dünýe. Saýgarman sözlän, jogapdan ynjar.
Sagdy
***
Saz – Hudaýyň sesidir. Ibn Sina
***
Köwşüm ýok diýip aglaýardym, birini gördüm aýagy ýok. Sagdy
***
Janygyp aýdylan söz, iki antdan güýçlidir. Afrikan nakyly
***
Aşa akylly bolmak hökman däl, esasy zat bar bolan akylyňy gerek ýerinde ulanmagy başarmakdyr.
Deskartes
***
Kesekiniň bagtynyň gamyny iýip, biz öz bagtymyzy tapýarys. Platon

***
Akylly bolasyň gelse, oýlanyşykly soraşmagy, ünsli diňlemegi, ine-gana jogap bermegi hem-de aýdara zadyň bolmasa, geplemegi bes etmegi öwren! I.Lafater
***
Adamyň özüni bagtly duýmagy üçin üç sözi eşitmek ýeterlikdir. Ol söz, adatça köpleriň diýýän «Men seni söýýän» sözi däl-de, «Sen maňa gerek.»
***
Goý, bagt bizi günümize goýmasyn. ***
— Erbet zat näme bilýäňmi?
— ...?
— Bir gün men ony aldamda, ol maňa ynandy. Indi men oňa günde dogrymy aýdýan, ol bolsa indi ynananok.
***
Öz kimligiňi bilmek isleseň, kimleri gowy görýäniňi bil. Hz.Möwlana
***
Eger siz pikir etmän gürlän bolsaňyz – siz pikir edýän zadyňyzy gürlänsiňiz. ***
Adamlaryň arasynda özüňi ýalňyz duýmakdan erbet zat ýokdur.
***
Ýürek çalt hem ýeňil unutmaga ukyplydyr, eger-de ol muny islese.


Adam haçan-da kimdir birine gerekdigini bilende, diňe şonda öz ýaşaýşynyň manysyna we ýaşamakdan maksadyna düşünip galýar.
***
Islendik zatdan gaçyp gutulyp bolar. Öz-özüňden welin — asla!
***
Diňe doly hakykat gowudyr. Ýarym hakykatyň bahasy — bir köpük!
***
Ykbal bir ýola agyr ýaralan adam bütin ömrüne ýeňil ýaraly bolup galar.
***
Urgynyň güýjüni uran däl-de, dadan biler.
***
Dünýäde ýüze çykýan erbetlikler ýowuzlyk hem-de rehimsizlik däl-de, gowşaklyk sebäpli bolýandyr.
***
Durmuş hiç bir zady giden gitdi berenok. Şonuň üçin hem ykbalyň beren zatlarynyň ählisiniň bahasy bireýýäm kesgitlenendir.
***
Ol geplere ynanmaň, men olaryň aýdyşyndanam beter gowy däl.
***
Eger hemmämiz başgalaryň biz hakda nämeleri aýdýandygyny bilýän bolsadyk, onda adamlar biri-biri bilen gürleşmelerini bes ederdiler.
***
Ýüzüp bilmeýän adamyň nädip gark bolup barýany halas etmek üçin köprüden suwa böküp bilýändigini düşündirip bilermiň?

***
Bir gezek ynamy döwlen adamyň ynamyny dikeltmek üçin gaty köp yhlas etmeli bolýar.
***
Eger adam nämedir bir zady jany-teni bilen islese, hökman ýeter. Çünki oňa Hudaýyň özi kömek eder.
***
Hiç bir lukman argyn bedene hem-de çökgün ruha umyt ýaly täsirli melhem tapyp bilmez.
***
Ykbal — iň kämil şahyr. ***
«Ertir maňa synag bar, ýöne maňa bildirip duranok. Sebäbi ýekeje kagyz meniň gelejegimi kesgitläp bilmez...»
Tomas Edison
***
Durmuşda 3 adamy ýatdan çykarma:
Kyn günüňde saňa kömek edeni, kyn günüňde seni ýeke goýany, we şol kyn güne seni salany!..
***
Töweregiňde «Sen başarmarsyň» diýjek köp bolar. Sen bolsa öwrül-de, «Serediň» diý we ýoluňa dowam et.
***
Borhesiň dilinden:
Daş-töweregim kitapdan dolup durmasa, gözüme uky gelmeýär.
Meniň wagt ölçegini kesgitleýşim – seniň ýanyňda bolýan hem-de bolmaýan wagtlarym.

Men hemişe-de Behişdi kitaphana hökmünde göz öňüne getirýärin. Ümsümligi bozup bilmejek bolsaň, gürläbem oturma.


***
adam arzuw edeninde hem zatlary arzuw eder. ***
Aýallar özleri hakda alada etmegi unutsalar, olaryň özleri undular... ***
Eger-de durmuş saňa limon oklan bolsa, onda sen ondan limonad ýasa. ***
Aklyňdan azaşmak üçin ilki akylly bolmak gerek.
***
Ganda süýjüligiň köpelmegi, durmuşyň süýjüligini azaldýar. ***
Iki esse köp ýagty saçýan şem, iki esse çalt sönýändir.
***
Ýaňra adama diňe lalyň gözi gider.
***
Töweregiň girdeneklerden doly bolsa, äpet bolmak kyn däl. ***
Oklar birmeňzeş bolsa-da, diňe käbiri nyşana degýär.
***

Duşmanlarym meň üstünliklerimi görüp içi ýanyp ýaşarlar ýaly, men olary diri goýýan.
***
Siňek ölýänçä öz diýenini edýändir.
***
Özüňe degişli däl zatlara burnyňy soksaň, özüňe degişli bolmadyk derdem başyňdan inderersiň.
***
Çaşy körleriň arasynda soltandyr.
***
Az wagtlyk şowlulykdan, az wagtlyk şowsuzlyk gowudyr.
***
Gysga ýol hiç ýere eltmeýär.
***
Uly çykdajylardan gorkmaly däl, kiçi girdejilerden gorkmaly.
***
Toý sowuldy diýlip jar çekilenok.
***
Saglyk adamlaryň başyna goýulan täçdir, ony diňe näsaglar görüp bilýär. ***
Meniň özüm ir-iýmiş, garalyny halaýan, ýöne näme üçindir balyk gurçugy halaýar. Şonuň üçin men her gezek balyk tutmaga gidenimde öz halaýanymy däl-de balygyň halaýanyny alyp gidýän.


Mugt peýnir diňe gapanyň üstünde bolýar.
***
Talantsyz adamlar özüne geregini alar, ylhamy daş ýarýanlara kömek ediň. ***
Näme üçin Syçanyň diýenini edýän iti bar?
Bilýänsiňiz, Mikki-mausyň diýenini edip ýören Pluto (Pluton) atly wepaly iti bar.
Plutony öwrenen alymlar Disneýe şeýleräk sorag mazmunly hat iberipdirler:
– Näme üçin Syçanyň buýruk berip bilýän iti bar? Bu tebigatyň kanunyna gabat gelenok ahyryn? Şeýle-de, Mikki mausyň itine diýenini etdirip bilýän Gufi (it) atly dosty hem bar...
Disneý şeýle jogap beripdir:
– Kim balakly bolsa, şol hem hojaýyndyr!
***
Eger-de toýda durmuşa çykýan gyz kaktusdan ýasalan gül çemenini zyňsady, hakykatdanam durmuşa çykmak isleýänleri görüp bilerdik.
***
Men kyn işleri ýerine ýetirsin diýip ýalta adamy saýlaýan. Çünki ýalta adam işleri ýerine ýetirmek üçin aňsat ýol tapýar.
Bill Geýts
***
Tümlügiň gara däl-de reňksizdigini saňa nädip düşündireýin!
***
Seni ýadyma düşürjek şeýle bir köp zat bar, ýöne ýanyma getirjek hiç zat ýok... ***
Ol gyz meni şeýle bir söýdi welin, maňa garşy uruş yglan etdi. Bilýäňizmi näme üçin?! Maňa ýesir düşmek üçin!
Şekspir

***
Seni maňa Hudaý bermedik bolsa, Seni ondan özüm diläp alardym...
***
Seniň adyňy hemme ýere ýazdym. Diňe maňlaýyma ýazyp bilmedim...
***
Boş wagty seniň bilen gürleşýänler we Seniň bilen gürleşmek üçin boş wagt aýyrýanlaryň tapawudyny bileliň.
***
Gapana düşen bolsaň, iň bolmanda peýniri bir soňuna çenli iýd-ä...
***
Köpçülikde özüň hakynda gürläbem oturmaly däl. Sen gaýdaňsoň, şeýle-de, sen hakdaky gürrüň hökman başlar.
***
Eger sen garyp doglan bolsaň, ol seniň ýalňyşyň däl. Emma, sen garyp ölen bolsaň, ol seniň ýalňyşyň.
Bill Geýts
***
Kitaby ýakmakdan erbet zat hem badyr. Meselem: ony okamazlyk. Reý Bredberi
***
Beýik ýeňişler uruşsyz gazanylýar. Hytaý atalar sözi

***
Dürli-dümen...
Käbir adamlar gürlemäkä pikirlenýär, käbirleri — gürlänsoň, ol welin — hiç haçan.
Hemme zatda logika hökman däl diýýän adamlaryň wilka bilen çorba içişini synlasym gelýär.
Wagt — puldur:
Iki hepde — awans.
Nokaut — gorizontal ýagdaýda ýatan adama hasap öwretmegiň bir görnüşi.
Opera — jelladyň jeza berýän adamsy bilen aýdym aýtmaga borçly ýeke-täk ýeridir.
(Hindi kinolaryny göz öňünde tutmazdan.)
Tomaşaçy — öz bilesigelijiginiň gurbany.
Tankytçy — spektakly soňuna çenli hökman göräýmeli ýeke-täk tomaşaçy. (islendik eserde-de şeýle.)
Bug — gaharyna bäs gelip bilmedik suw.
Umumy dil tapmak — kimiň adyndan gelendigiňi aýtmak. Barmagyň daşynda pyrlamak — nika ýüzügini dakmak. Çary Ataýew
***
Hiç kim özüni ýeri doldurylyp bolmaýan ýeketäk adamdyr öýtmesin. Hiç kim özüni ýeketäkdir öýdýänler ýaly däldir.
Gýuge
***
Hemme zadyň gowy bolany üçin sen bagtly däl, seniň bagtly bolanyň üçin hemme zat gowy!
Alberto K.
***

Meniň arkamdan kimiň näme gürleýändigi meniň üçin beýle bir möhüm däl. Möhümi – yzyma öwrülenimde olaryň dymýanlygy.
***
Öýünde bagtly adam hakyky bagtly adamdyr. L.N.Tolstoý
***
Aýal söýgüli däl, ýöne durmuşymyzda dost we ýoldaş. Şonuň üçinem biz ilki başdan aýalymyz uly aýal we garry ene bolanda hem söýmeli diýen pikire gulluk etmeli.
W.Belinskiý
***
Bagtly nika diýmek bu näçe uzak gürleşseňem juda az ýaly görünýän söhbetdeşlik.
Andre Morua
***
Psihologiýada gaýyneneden gorkmak duýgusyna «Sokerofobia» diýilýär eken. ***
Şowly nikanyň esasy syry – betbagtlyga tötänlik diýip düşünmek, tötänligi bolsa betbagtlyk diýip düşünmezlikdir.
G.Nikolson
***
Aýalynyň içinden aýdýan sözlerini eşidip bilmek, düşünmek – bu bagtly nika diýmekdir.
A.Hiçkok
***
Bir-biregiň halaýan zatlaryny, gylygyny, endiklerini içgin bilmän gurlan maşgala doly bagtly bolup bilmez.
O.Balzak


***
Atanyň çagalary üçin edip biljek ýagşy işi – olaryň ejesini söýmek. T.Hesberg
***
Nika – bu jedeller bilen arasy bölünýän uzak gürrüň. R.Stiwenson
***
Maşgala durmuşy belki durşuna baýramçylyk däldir, ýöne diňe şatlygy däl-de gaýgy-hasraty, şowsuzlygy hem bile paýlaşmakdyr.
W.Suhomlinskiý
***
Tüssäniň oduň yzyna eýerişi ýaly nika hem söýgüniň yzyndan ýöreýär. S.Şamfor
***
Öýlenmek – öz hukuklaryň ýarynyň kemeldilmegi, borçlaryň iki esse artmagy. A.Şopengauer
***
Şowly nika – bu her gün täzeden işlenip kämilleşdirilip gurlup durulmalydyr. A.Morua
***
Kemçiliksiz zenan tapýança öýlenmeýän adamyň Taňry ýardamçysy bolsun. Eger ony tapaýsa-ha hasam ýardamçysy bolsun.
D.Karnegi
***
Haýsy her bir söýgi kellede däl-de, ýürekde bolsa özüçe hakykydyr hem gözeldir.
W.Belinskiý
***

Söýgi bilen ýigrenjiň arasy bir ädimdir. Balzak
***
Birek-biregi söýmek üçin öz-özüň bilen göreşmek gerek. Dostoýewskiý
***
Söýmek diýmek özümizdäki hem-de töweregimizdäki müňlerçe päsgelçilikler bilen göreşmekdir.
J.Anuý
***
Söýýän adamyň gahary uzaga çekmez. Menandr
***
Gowy zenan durmuşa çykanda bagt getirýär, ýaramaz zenan bolsa bagta garaşýar.
B.Klýuçewskiý
***
Är-aýal diňe bilelikde gowy adama öwrülip bilýär. L.Feýezbah
***
Söýýän adam dünýäniň manysyna göz ýetirip başlaýar. M.Prişwin
***
Namysjaň adamyň maşgala durmuşy çylşyrymly bolýar, binamysky bolsa gülala-güllükdir.
L.Tolstoý


Jahylyň ýygralygy, gyzyň bagtyýarlygy çyn söýgüniň alamatydyr. W.Gýugo
***
Maşgala durmuşynyň keşigi ynsanyň ahlagyny has tämiz edýär. A.Puşkin
***
Nika – söýgüniň tepbedidir. Ýa.Knýajin
***
Nika – özüňi söýgi derdesinden halas etmegiň serişdesidir. M.Prişwin
***
Nika – hyjywuňy köşetmäge ýardam edýär, ýöne söýgiňi basmaga haýyrsyzdyr. A.Rýunoske
***
Ajalyňky ýaly hiç bir alajy bolmadyk ýagdaýy öýlenmek gerek. L.Tolstoý
***
Eger ýalňyzlykdan gorkýan bolsaňyz onda öýlenmäň. A.Çehow
***
Şowly nika seýrek duş gelýändigimiz özi onuň arzylydygyna hem-de ähmiýetlidigine güwä geçýär.
M.Monten
***
Gelni gözüň bilen dälde, gulagyň bilen saýlap al.

P.Ýeremenýew ***
Söýgi lezzetli ezýetdir, sebäbi söýýän adam onuň jebri-jepasyna kaýyl. Bon
***
Söýgini ýeňip bolmaýan päsgelçilikler ýaly möwjetýän zat ýokdur. L.Wega
***
Söýginiň ähli zada emri ýetýär, ýeriň ýüzünde onuň jebrinden uly jeza-da, oňa gulluk etmegiň lezzetinden uly bagtam ýokdur.
Şekispir
***
Söýgi gyzamyk ýalydyr: näçe giç degse, şonçada howplydyr. Jerrold
***
Söýgi köplenç akyly baryň akylyny alýar, akyly ýoga akyl berýär. Didro
***
Deňlik söýginiň iň berk esasydyr. Lope de Wega
***
Söýgüsiz ömri men günäli hem-de ahlaksyz hasaplaýaryn. W.Wan Goga
***
Maňa ynan: Nirede bizi söýýän bolsalar, nirede bize ynanýan bolsalar, bagt hem şol ýerdedir.
M.Lermentow

***
Aşyklyk adama onuň nähili bolmalydygyny görkezýär. A.Çehow
***
Eger söýgüde dostluk, ýoldaşlyk, umumy bähbitler bolmasa ol ownukdyr. N.Ostrowskiý
***
Adamyň ýeten iň paýhasly zady aýallary söýmek başarnygydyr, onuň gözelligine baş egmek başarnygydyr: aýalyna bolan yşkdan zemindäki ähli ajaýyp zatlar dörändir.
M.Gorkiý
***
Eger näçe kelle bar bolsa, şonçada aklyň bolşy ýaly, näçe ýürek bar bolsa, şonçada söýgi bardyr.
L.Tolstoý
***
Söýgi üçin ertir ýok, söýgi ertir barada aladalanmaýar. Genrih Geýne
***
Söýgüde öz-özüňi söýmek, dostlukda öz şahsy bähbidiňi aramak ýaly. J.Sand
***
Sowuk gülkiniň jümmişinden kuwwatly baky söýginiň gyzgyn uçgunlarynyň tapylmagy mümkin.
N.Gogol
***
Hem söýmek, hem parasatly bolmak mümkin däldir.


Bekon ***
Aýala bolan söýgisi her neneňsi bolsada, hat-da diňe ejir çekdirsede, erkek kişi üçin haýyrlydyr şolarda hem gymmatly zatlar bardyr.
M.Gorkiý
***
Hiç mahal sabryňy ýitirme, ol gapylary açýan iň soňky açardyr. A.Sent
***
Söýmek – söýýän adamyň durmuşy bilen ýaşamakdyr. L.Tolstoý
***
Bir adamy gara çyny bilen söýýän adam dünýäni söýýändir. E.From
***
Söýýän adamyňy söýmekden ýeňil zat ýokdyr, ýöne söýmeýänleriňi hem az kem söýmek gerek
P. Çaadaýew
***
Söýgi bagt hazynasydyr. Mýuller
***
Çyn söýgi haçan-da, üç zadyň bir ýerik jemlenmegine aýdylýar. Oňa akyl, ýürek hem-de ten duýgusy degişlidir.
Hytaý pähimi
***
Uzyn goşgy, aslynda, tebigatda-da ýok.

Edgar Po ***
Dünýä ajaýyp, emma şahyryň gözi bilen hasam ajaýyp görünýär. Iogann Wolfgang Gýöte
***
Bu günler adamlar ähli zadyň bahasyny bilýärler, ýöne hiç zada baha berip bilenoklar.
Oskar Waýld
***
Adamlar öz ýalňyşlyklaryny bagtly pursatlarynda däl-de, betbagtlyga uçran wagtlary ýatlaýarlar.
Daniel Defo
***
Üstünlik gazanmagyň iki ýoly bar: ýa öz aklyňdan peýdalanmaly, ýa-da başgalaryň akylsyzlygyndan peýdalanmaly.
Žan de Labruýer
***
Durmuş merdiwanyndan çykyp barýarkak, adamlar bilen mylakatly bolalyň. Çünki düşüp barýarka, ýene şol adamlara sataşmalydyrys.
Jenap Şahabeddin
***
Owadanlyk – köplenç kemçilikleri gizleýän ýapynjadyr. Onore de Balzak
***
Adamyň hakyky baýlygy onuň bu dünýäde eden haýyr işleridir. Hz. Muhammet pygamber (s.a.w)
***

Söýgi – birnäçe bolmajak zatlary boldurar. I.W.Gýöte
***
Hakyky ýoldaş – iki göwrede ýaşaýan bir ruhdur. Aristotel
***
Söýgi – köpri gurmakdyr. Adamlar köpri gurmaly ýerinde diwar örýändikleri üçin ýalňyz galýarlar.
Isaak Nýuton
***
Şol bir dilde gürleşýänler däl-de, şol bir duýgulary paýlaşýanlar düşünişip bilýändir.
Jelaleddin Rumy
***
Şöhratyň gözýetimleri gurşap, dünýäni dolduran hem bolsa, şol dünýäniň içinde sen hakda asla eşitmedikler, seni düýbünden tanamaýan adamlar hemişe bolup biler.
Muhammet Afifin
***
Agyr iş – öz wagtynda etmeli, emma etmedigimiz sebäpli aňsat işleriň toplanmagyndan döreýär.
Žan Žak Russo
***
Gabanjaňlykda buýsanjyň paýy söýgüden artykdyr. Fransua de Laroşfuko
***
Erkekler zenanlaryň ilkinji söýgüsi, zenanlar erkekleriň iň soňky söýgüsi bolmak isleýär.
Oskar Waýld


***
Men seniň meni söýmek ähtimallygyňy söýdüm. Ýylmaz Erdogan
***
Başgalary ýygy-ýygydan bagyşlaň, emma özüňizi asla bagyşlamaň... Publisiý Sir
***
Hakyky söýgüde ne wepa bar, ne jepa... Jelaleddin Rumy
***
Adamlary gowy tanaň: her adamy erbet hasap edip ýamanlajak bolup durmaň, her adamy hem gowudyr öýdüp öwjek bolup ýörmäň.
Jelaleddin Rumy
***
Maňa ynan, durmuşda has uly nygmatlary, has uly miweleri we hasyllary ýygnamak isleseň, hemişe bir alada içinde ýaşa.
Fridrih Nitşä
***
Kämil adam – owadan gürlemän, gürlän zadyny eden we etjek zadyny gürlän adamdyr.
Konfusiý
***
Müsürlileriň Faraona ybadat etmekleri geň zat däl. Iň geň ýeri Faraonyň özüne hakykatdan-da hudaýdyryn öýtmesi...
Nejip Mahfuz
***
Ant içip ýörmäge zerurlyk duýulmaz ýaly beren sözüňde tapyl.

D.Karnegi ***
Ýalan sözlemek örän aňsat. Ýöne şol aňsat ýalany ýalana çykarmak welin aňsat däl.
Atajan Tagan
***
Iň köp göwnümize ýaran adam – özümize meňzeýän adamdyr. Molýer
***
Adamlary beýgeldýän iki belent häsiýet bardyr: erkegiň mert, zenanyňam namysly bolmagy.
Napoleon
***
Söýgi – eşege-de tans etdiriberer. Fransuz nakyly
***
Garaşyp sabyr edip bilýän adamyň hemme zat öňüne geler. Onore de Balzak
***
Bir şem beýleki bir şemi tutaşdyrany bilen, yşygyndan hiç zat kemelmez. Jelaleddin Rumy
***
Söýeniňi elde saklap bilmeseň, elde baryňy bir söýjek bol. Pýer Kornel
***
Dile çolanan ýagşylygyň sögünçden gowy ýeri ýokdur. Žan Rasin

***
Eden ýagşylygyňy ýatlama, özüňe edilen ýagşylygam unutma. Çilton
***
Hilegärlik utuş getirse-de, ýazgydy üýtgedip bilmez. La Edri
***
«Hiç hili çäre tapmasaň, onda bir hile tap».
***
Uzak ýaşa! Saňa geregem şol!

***
Ilki ötünç soran – batyr, ilki bagyşlan – güýçli, ilki unudan – bagtly.
***
Jogap gözläp ýaşa – sorag bolup geç!
***
Erkegiň ýa adyna guwanmalymyşyn, ýa-da zadyna.
***
Serçänem gassap soýsun.
***
Bir aýdymy gaýta-gaýta diňleýän bolsaň, ol aýdym däl-de arzuwlaryňdyr. ***
Garaňky jaýda gara pişigi tapmak kyn, esasanam jaýda şol pişik ýok bolsa. A.P.Çehow


***
Eger biri kimdir birini halamasa, munuň bir bir sebäbi bardyr. Eger kimdir birini hemmeler söýýän bolsa, onda munuňam bir sebäbi bardyr.
King Dse
***
Sungat işgäriniň elinden zat gelmeýän bolsa, bu — tragediýa. Ýöne şeýle ýagdaýda-da ol başgalara päsgel berýän bolsa, bu — hyýanat.
Maýýa Plisesskaýa
***
Dünýä jebir çekýär. Erbet adamlaryň gazabyndan däl. Gowy adamlaryň sessizliginden.
***
Sensiz güni geçmeýän adamyň gadryny bil. Sensiz bagtly adamyň yzyndan ylgamagyňy bes et!
Mario Kazas
***
O meniňki bolsun! Dünýä siziňki bolsun.
***
Zenanlar ýaşyna görä däl, erkegine görä üýtgeýändir!
***
Bir adama ynanmak – onuň eline pyçak bermekdir. Ol pyçagy seni goramak üçin hem ulanyp biler, seni öldürmek üçin hem ulanyp biler.
***
Hatda dowzaha eltýän ýollaryň köpüsi hem ýagşy niýetden ugur alýar. Iňlis nakyly

***
Onda wepalylyk talandy bardy.
***
Içiňiz gysýarmy? Giňräk köýnek geýiň! ***
Onda näme gördüň diýdiler.
— Hemmeden gözläp tapmadygymy – diýdim.
Kan Ýükel
***
Bagty mende gören meniňkidir, galany myhman.
***
Ynsanlar hiç wagt ikinji gezek söýmeýärler... Olar diňe birinji söýgüsini unutmak üçin özgeden «MÄHIR» gözleýärler...
***
Ähli dertleriň sebäbi puluň örän köplügi ýa-da onuň örän ýetmezçiligi ahyry... Agata Kristi
9
52
awesome
05.04.2022 14:28
Aforizmlar...

Şu toplumdaky pikirler, aforizmlar, sarkazmlar... gazet-žurnallardan, kitaplardan, internet sahypalaryndan... ýygnaldy. Käbirleriniň awtorlaryny anyklap bolmady, käbir pikirleriň, awtorlaryň bolsa ýalňyş berlen bolmagy hem ahmal. Şu topluma salynmagyň zerurlygy ýok ýaly bolup görünýän ýazgylary bolsa, şol pursatdaky ýagdaýyma, duýguma görä girizilendigi bilen delillendirip bolar.
Bar bolan ýalňyşlyklar, edilen perwaýsyzlyklar üçin bolsa DOSTUM sizden ötünç soraýan.

Allanur ÇARYÝEW.

Her gün iň bolmanda nähili-de bolsa bir paýhasly sözlemi okamak gerek. Iogann Wolfgang Gýöte
***
Şahyr – hiç kimiň hiç zadyny elinden alyp bilmejek we şonuň üçin-de, hiç kimiň oňa hiç zat berip bilmejek adamydyr.
Anna Ahmatowa, rus şahyry
***
Geniligiň ilkinji alamaty – öz körzehinliligiňe göz ýetiren pursadyňdan başlanýar.
***
Gijeler şeýle garaňky bolany üçin olary görübem bolanok.
***
Çendenaşa bolanda iň gowy zat hem erbet bolýar. Demokrit
***
Men juda bagtly sebäbi mende özüm hakda alada etmäge wagt ýok.

***
Beýik adamlaryň gürrüňi ýönekeý gulaklar üçin däl.
***
Adalat edil maýyp ýalydyr, haýal ýörär ýöne barjak ýerini bilýändir.
***
– Adam atanyň nesli maňa gelip gutarýar... Bernarda Şow
***
Ol ýazyjynyň batyrdygyny! Hiç zat ýazman nokat goýaýdy.
***
Şu gün başgalaryň islemedik zatlaryny et, ertir sen başgalaryň ýaşap bilmedik durmuşynda ýaşarsyň.
***
Sokrat gidip barýarka bir aýal özüni daragtdan asan ekeni. Sokrat ony görüp: — Hemme agaçlar şular ýaly miwe getiräýse bolmaýarmy – diýipdir.
***
Ýaşaýyş adamlaryň gaty köp wagtyny alýar.
***
Çyra düýbüne ýagty salmaz.
***
Şahyrlar — dünýä döredilmezden ýüz ýyl ozal doglupdyr. R.Gamzatow
***

Yşkym bardyr Mejnundan altmyş esse zyýada, Kyrk ýyl kuwwatym bardyr, ders aýdarga Perhada. Magtymguly Pyragy
***
Ylym bilen diniň arasynda çaknyşyk bar bolsa diýmek ylmam dinem ýasamadyr.
***
Men nämüçin gysga ýazýan? Sebäbi söz ýetenok.
***
«Öň diýmäge söz tapmazdym öňüňde, Indi söz tapýan-da, seni tapamok...» D.Garkyn
***
Kim bilen ýatýanyňy aýt, nähili düýş görýäniňi aýdaýyn.
***
Duşmanlaryňyzy çendenaşa ýigrenmäň, sebäbi size kemçiligiňizi diňe şolar aýdyp biler.
***
Parasatsyz häkim şu günki ejiz raýatyny nähak kemsitmek bilen öz ertirine güýçli garşydaş taýynlaýar.
Atajan Tagan
***
Agzy ýelmengi bolsa, boş bukja-da syrly görünýär.
***
Mazaly gözüň ýetip duran zada şübhelenmek gowy däl. ***

Kellede her hili pikirler gaýmalaýar. Käbiri bolsa ony terk edibem gidýär.
***

Eger Allatagala: «Eý, adamzat, millionlarça ýylda ýüze tutarlyk näme iş etdiň?» diýip soraýsa, diňe şu kitaby (Don Kihot romany) görkezip bolar. F.Dostoýewskiý
***
Kä wagt kitap okaň, käbir kitaplar ýörite şonuň üçin ýazylan.
***
Ýüzlenme belgisi garrap, bili bükülensoň, sorag belgisine öwrülýär.
***
Pikiriňi aýdyp bilmeýän bolsaň, diýmek gulsuň. Ýewripid
***
Adaty adamlar ýaly gürle, danalar ýaly pikirlen. Şeýle etseň, hemmeler saňa düşüner.
***
Täze bir ädim ätmek, täze bir zat aýtmak adamlaryň iň gorkýan zadydyr. F.Dosteýewskiý
***
Adalatyň aklyndan azaşan ýerinde pelsepe dymar. D.Diderot
***
Hemişe her zadyň ahyryndan başlamak gerek. ***

Eger adam mugt naharlanýan bolsa, ol pula derek öz saglygyndan töleýär. Eziz Derýaýew
***
Sözüň gymmatyna sarpa goý. Olaryň islendigi seniň iň ahyrky sözüň bolaýmagy ahmal.
***
Bulut ulam welin, kölegesi kiçi-le? Geň galaýmaly!
***
Janlandyrýan keşbi sözsüz bolanda-da, aktýora aýdara zat bar.
***
Gorkagam gahryman bolup biler: sungatyň güýji şundadyr.
***
Hatda dowzaha girmek üçinem öňünden alada etmeli. Atajan Tagan
***
Sahnany taşlan hakyky aktýor ömrüniň ahyryna çenli adamyň keşbini janlandyrýar.
***
Hemmämiziň çagalygymyzda goýup gaýdan zadymyz — bahymrak ulalmak hakdaky arzuwlarymyzdyr.
A.Ç.Bathyz
***
Çuňlaşmagy başarmaýan ýazyjy hemişe ýüzde gaýýar. ***

Ýere atan bir dänäň müň bir bolup gaýdyp gelýär. O dünýäniň barlygam bir gowy zat: ýogsam bu toprakda gömülen ölüleriňem gögerip çykjagy hakdy. Nobatguly Rejebow, «Magtymguly» romany
***
Flotyň ýüzüş tizligi elmydama iň haýal ýüzýän gäminiň tizligine görä kesgitlenýär.
Jek London, «Martin Iden»
***
Ýazýan sözlerine şübheli nazaryny aýlap oturan şahyr: «Bularyň haýsysy mazar daşymy bezärkä?» diýip oýlanýar.
***
Päsgelçilik, keselbentlik, ykrar edilmezlik zerarly ýok bolup gidýän zehin — zehin däldir.
Lesýa Ukrain, ukraýin şahyry
***
Bu ýazaryň başaran zady azdyr öýdýäňizmi? Ol ýetilen umumy derejäni peseltdi!
***
Her gün durmuşymda soňky günüm diýip ýaşaýan, ahyr bir gün dogry bolup çykar...
***
Işi düşende sms ýazýanlar, menem size işim düşende jogap ýazaryn.
***
Haçanda gyz jaň etme maňa diýende, aslynda şol seniň bagyşla diýmegiňi isleýändir.
***
...emma söýgi küşt ýaly däl, gelejekki göçümleri biljek gümanyň ýok.

***
Gowy bol, şonda gowy bor.
***
Belki aglaýanyň däl, duýgusyny gizleýäniň söýgüsi güýçlidir.
***
Ýöne maňa ynanmaýanlara, özümiňkiň dogrylygyny subut etmäge borçly däl...
***
Iň bolmanda, ylym biziň başga bir mahlukdygymyzy subut edýänçä, adamlygymyza galjak bolalyň!
***
Iň belent gerşe çykan adam: «Mundan aňry ýol ýok» diýip, özüni aklap biler. ***
Asman diýrler zeminde, zemin diýrler asmanda, Bir-birine gümanda, güman Senden bihabar. Magtymguly Pyragy
***
Barlygy-ýoklugy bildirmeýän adam dogulmasa-da bolardy.
***
Ýuwaşlardan gorkuň. Galmagalçylar nämä ukyplydygyny eýýäm görkezdi.
***
Eger biz has aşaky arheologik gatlaga aralaşsak, belki-de, adam döremezinden ozalky beýik medeniýetiň yzlaryna duşarys.

Adamyň kemçiligi bir bilen biri goşup üç çykarmagynda däl-de, şonuň näme üçin üç bolýandygyna akyl ýetirip bilmeýänligindedir.
A.Ç.Bathyz
***
Hemmeler bir aýakdan sürülse, iki aýaklylaryň dat günine.
***
Eger bir sagatda bir agaç kesmeli bolsa, onda onuň 30 minudyny paltany ýiteltmek üçin sarp etmeli.
***
Bilýäniňi amal etýänçäň, bilmeýäniňi talap etme.
***
Subutnama mätäç hakykat heniz ýarym hakykatdyr.
***
Ýalanyň iň howuplysy azajyk üýtgedilen hakykatdyr.
***
Ýalan durmuşymyzda şeýlebir ornaşypdyr welin, käbir adamlar sözüni «dogrymy aýtsam» diýip başlaýar.
***
Ýazmak üçin sowatlylykdan başga akyl hem gerekdir. Juma Hudaýguly
***
Haçanda ilkinji çagama gözüm düşende, kakamyň meni nähili gowy görýändigine düşündim.
***
Ýüregine ot düşen adam demi bilen töweregini ýakyp biler.

***
Döwler ýaly yz goýmak üçin garynjalar ýaly zähmet çekmeli...
***
Hemme şahyr saňa aşykmydy? Her okan goşgymda sen barsyň.
***
Seni arzuwlaryndan geçip söýjek adam tapsaňyz Alladan ikinji ömür diläň, çünki ony söýmäne bir ömür ýetmez.
***
Meniň bir ikiýüzlüligim bar. Ol hem bolsa içim ýanýaka ýüzümiň gülmesidir.
***
«Saňa degişli ähli zat meni gyzyklandyrýa» sözündende süýji söz barmy dünýäde?..
***
Hemme çyndan söýýän bolsa onda bu gidenler kimdi?..
***
Şu ýüregi birçak zyňardym welin, içinde sen barsyň diýip dözüp bilemok. ***
Hemme zadyň başlangyjy kiçijekdir.
***
Ýalňyşlyk syçan hininden geçer, dogrulyk gapydan sygmaz.
***
Geler bir bir, gider bir bir, galar bir, Gelen gider, giden gelmez, bu bir syr.

***
Gowy adam bol. Ýöne ony beýlekilere subut etjek bolup wagtyňy gidirme.
***
Pul ýetmezçiliginiň esasy sebäbi, Alla jan meni köp pul bilen zaýalamajak bolýar.
***
Akylyndan azaşmak diňe akyly bar adamlara mahsus.
***
Hakykaty aňrybaş gymmatly hazyna hökmünde, gulp astynda saklaýan adamlaryň özleriniň onuň gadyryny bilişleri ýabygorly.
***
Kä kişä bagtly bolmak üçin diňe bagt ýetenok.
***
Ýatda saklaň: adam üçin saýlara başga ýol ýok. Ol Adam bolmaly.
***
Wagtdan yza galma: onuň yzyndan ýetjek bolýanlarynyň aýagyna çolaşarsyň.
***
Adam art aýaklarynyň üstüne galan döwründen bäri deňagramlylygyny saklap bilmän gelýär.
***
Göwnüçökgünlikden soň rahatlyk gelýär, umytda ýaşap weli telbe bolýarlar. A.Ahmatowa


Gowuja geýin, emma üns ber, eşigiň özüňden gymmat bolmasyn. ***
Hemme zada gülmek dälilikdir, hiç bir zada gülmezlik akylsyzlykdyr. ***
Uzak ýaşamak elimizde däldir, ýöne adymyzy uzak ýaşatmak öz elimizdäki zatdyr.
***
Agyrmaýan kesel agyrýan keselden has beterdir.
***
Ýerde mydam ýer tapylýar jesede. Çary Ýegenmyradow
***
Bagtlylygyň formulasyny bilmeýärin, ýöne betbagtlygyň formulasy ähli kişini bagtly etmäge synanyşmakdyr.
Bill Cosby
***
Aýralygam öz ýerinde gowy zat, eger soňunda duşuşsaň. Wepa Pirnepesow
***
Iň gowy ar alyş bagyşlamakdyr. Beriljek jogap hem gülüp geçmekdir.
***
Galama hem syryňy berme! Gider kagyza ýazar.
***
Şagallaryň erkinligi ýolbarslar aýaga galýançadyr.

***
Maksatsyz gäminiň barjak ýeri deňiziň düýbidir.
***
Meni aldap bilersiňiz, ýöne ol mydama başartmaz.
***
Eger gyz duşuşyga giç gelse begeniň, sebäbi onuň sizden başga duşuşjagy ýokdur.
***
Eger-de sen gaýdanyňda, yzyňda galan gyz aglan bolsa, onda bilip goýgun, şol sapar utulan sensiň!
***
Bizi şeýle söýenler bar, olara diňe mynasyp bolmaly!
***
Men her kime nesip edemok...
***
Ýalňyşlyklary bagyşlamak akylly adamyň borjudyr.
***
Terk edip giden ähli zat geçmiş, galyp garaşýan ähli zat şygyrdyr. Men öz dilimiň serhedini goraýan esger.
Mamla bolmak islegi, adaty adamlara mahsusdyr.
Alber Kamýu
***
«Isany haça çüýlän çekiçiň sapyndan ant içýän...»

Ş.Nurmyrat
***
Erbet döwürleriň hem gowy tarapy badyr. Olar geçip gidýär.
***
Baýlyk kän zada eýe bolmak däl, az zada mätäç bolmak. Platon
***
Dogursy, onuň üçin Hudaý bilen düşünişmek, aýallar bilen düşünşenden has aňsat...
***
Dymyp oturan adamyň sözüni bölüp bolmaýar. ***
Topy saklamak isleýän derwezebanyň arzuwy hüjümçä şowsuzlygy sowgat edýär.
A.Ç.Bathyz
***
Başlamak üçin beýik bolmagyňyz hökman däldir, emma beýik bolmagyňyz üçin başlamagyňyz hökmandyr.
***
Sen adamlara bir zadyň «näme üçindigini» dogry düşündirip bilseň, olar hökman «nädip» etmelidigini bilerler.
***
Tanamaýan adamyňa ynanma diýýäler, tanaýanlarmyza ynanyp näme gün gördük.


Içýakgyç adama «Seret» diýip asmany görkezseň barmagyňa sereder. ***
Köplenç halatda erkinligi oňa teşne adamlar ýitirýär.
***
Taýagyň iki ujy bar. Iň gowusy, hiç tarapyna-da basmazlyk. ***
Hatda haýwanlaryňam ewolýusiýasyna ynanýan. Mysal üçin, haçandyr bir wagt büre bilen ýolbars deňleşer. Ýöne ýolbars kiçelermi ýa-da büre ulalarmy – ony biljek däl.
***
Dünýä pähim-paýhasdan doly bolmaly. Sebäbi ondan juda az adam peýdalanýar.
***
Ol: «Men – ertirki günüň şahyry» diýip magtandy. Menem oňa: «Onda birigün gepleşäýeris» diýdim.
***
Bir bendäniň boýnuna syrtmak atjak bolup duran jellat oňa: «Başyňy dik tut» diýip, maslahat berdi.
***
Şemalyň garşysyns tüýkürýän wäşiniň tüýküligi öz ýüzüne düşýär.
***
Wäşilik üstüňden güler ýaly hiç zat ýok mahaly döreýär.
***
Diňe iň beýik adamlar öz garşydaşlaryna başyny galdyrmaga rugsat edýärler. ***

Kitap çap edilip başlanandan öňem ýalan sözüň bolandygyna ynanasyň gelenok. ***
Öz aň-düşünjesi ýokary ýazyjynyň, hatda nadan gahrymanlaram beýleki kärdeşleriniňkiden sowatly görünýär.
***
Ýyllar üýşdiler-de: «Geliň, eýýam döredeliň!» diýip, dil birikdirdiler. ***
Käbir nokatdan soň sözlem däl-de, söhbet gutarýar.
***
Erkinligiňem öz serhedi bolmaly.
***
Haýp ýeri, bagt özüne tarap barýan ýolda ýaýrap ýatanok-da.
***
Adam gülmegi halaýar. Ýöne özgeleriň üstünden.
***
Öz ýaşamaýandygyňy gizlemek gaty kyn!
***
Iň soňky sözleriň, gör, näçesi ilkinji bolmak ugrunda göreşýär!
***
Diline erk edip bilýän adam, köplenç, dymmagy başarýar.
***
Nazarym onuň içinden geçip, aňyrsynda kimiň bardygyny görüp durun.

***
Adam iki aýagynyň üstüne galyp dikelen döwründen bäri onuň kölegesem uzaldy.
***
Yranýan zatlaryň hemmesi sallançak däldir.
***
Eýýamy arheologlar döredýär.
***
Gözi açyklaryňam käte körlüge salmaly pursady bolýar.
***
Niýetine görä ykbal bolmady... Magtymguly
***
– Özümde-hä sapança ýok, Asylmagam gelşikli däl. Doktorlar zäher bermeýär, Gark bolmaga-da gaýrat gerek. N.Tumanow – Panow
***
Kölegeler ruhubelentligiň gözbaşy. Olar töweregiň ýagtylykdygyny subut edýär. ***
Käte bir pikiri ýatda saklamak üçin kän pikiriň başyny agyrtmaly bolýar.
***
Dünýäniň boşlugy öz beýnimiziň boşlugynyň netijesidir.

***
Onuň saçy öz toslap tapan ýatlamalary zerarly agardy.
***
Totuguşuň aňrybaş arzuwy – öz-özüni gaýtalamak.
***
Hakyky baýdak uzak wagt göterileni bilen solmaz. Stanislaw Ýeži Les
***
Ähli zat adamyň elinde. Şonuň üçinem ony, mümkin boldugyça, wagtal-wagtal ýuwmak gerek.
***
Pikirler edil büre ýaly, bir adamdan beýlekä bökýär. Ýöne hemmäni çakanok. ***
Hatda onuň dymmasynda-da grammatik ýalňyşlyklar bardy.
***
Mekdepde öwrenýän esasy zadymyz esasy zatlary mekdepde öwrenip bilmeýändigimizdir.
H.Murakami, ýapon ýazyjysy
***
Ýakymly ýalan diýýäňizmi? Üns beriň! Bu eýýäm döredijilik. ***
Gözbaşa ýetmek üçin akymyň tersine ýüzmeli.
***

Käbir adamlaryň pikiri şeýle ýüzleý bolany üçin, olaryň öz kellesinede girenok. ***
Agzyňa suw alan bolsaň, gaýrat et-de, ony başgalaryň üstüne pürkmejek bol. ***
Gybatlar garransoň mife öwrülýär.
***
Gije dat-bidat gykylyklap, kömege çagyrma. Goňşularyňy oýarmagyň mümkin.
***
Samsyklyk – pikirlenmek zerurlygyndan halas etmeýär.
***
Geň galaýmaly: Jordano Brunony Prometeýiň hudaýlardan ogurlan odunda ýakypdyrlar!
***
Wagt öz işini edýär. Adam, sen nädýäň? ***
Eger-de sen diňe hemmeleriň okaýan kitabyny okaýan bolsaň, onda sen diňe hemmeleriň pikir edişi ýaly pikirlenersiň.
H.Murakami, ýapon ýazyjysy
***
Islendik sübsäniň özem kem-kemden owranyp, zibile öwrülýär. ***
Ýatlamalar hakyndaky ýatlamalar hemişe kalbyňy gozgaýar. ***

Öz söýgülisine 1001 gijeläp erteki diňlemäge rugsat berjek aýaly, heý, göz öňüne getirip bilýäňizmi?
***
Özüňi diňletmek üçin, käte dymmak gerek.
***
Ölen bendäniň tüýdüginde onuň halamaýan sazlaryny çalmak gelşiksizdir.
***
Gözbaşa ýetmek üçin akymyň tersine ýüzmeli.
***
Kämil däldigiňi bilmek kämillige alyp barýar. I.W.Gýöte
***
Durmuşdaky uly ýalňyşlyklaň biri: «Birbada şu işde az-salym işläýin, soň gowy işe geçerin.»
***
Dünýäde uruşdan erbet zatlaram bar. Gorkaklyk, dönüklik, bir özüňi bilmek ýaly häsiýetler uruşdan hem erbetdir.
E.Hemingueý
***
Hakyky ýazyjynyň betbagtlygy özünden öň öten müňlerçe geniniň başaryp bilmän gidendigini bilse-de, dünýäde adalaty dikeldip bolar diýip çyny bilen ynam edýänligindedir.
Atajan Tagan
***
Uly ýüregem edil umman ýaly hiç haçan doňýan däldir. Berne

***
Ýedi ýurda eýelik edýänem bolsa, açgözlüge başyny galdyran adam garypdyr. Hindi pähimi
***
Gahary gelende gykylyklaýan adam – gülkünçdir. Göwnüne degilende, dymýan adam – gorkunç. Han Sýan-szy
***
Haýal ösmekden gorkmaň, üýtgewsiz galmakdan gorkuň. Roben Pirsig
***
Sungat hemişe işlidir. Sebäbi onuň öz gorkusy bar. Frans Kafka
***
Açgöz adam dünýäni tutsa-da açdyr, kanagatly adam bir çörek bilenem dokdur. Saady Şirazy
***
Durmuş – bu sähelçe salym. Ony başda garalamada ýazyp, soň arassa kagyza geçirip bolmaýar.
A.Çehow
***
Bu durmuşy ýüregiňize gaty golaý tutmaň. Barybir biziň hiç birimiz hem bu ýerden diri gitmeris.
***
Gidýän zatlary yzyna çagyrma. Gidişi ýaly, gitsin. Geljege garaşma. Gelen mahaly gelsin.
Durmuşy kynlaşdyrma. Bolany bolsun.
Tilopa

***
Ynanan zatlarym henizem üýtgemedi. Ýöne ynanan adamlarym üýtgedi...
***
Bir işi taşlamakçy bolsaňyz, ilki bilen ony näme üçin başlandygyňyzy ýadyňyza salyň.
***
Eger-de kimdir birine hemme zat ýaraýan bolsa, onda ol adamdyr. Akly- huşy ýerindäki sagdyn adama hemişe hemme zadyň ýaramagy mümkin däl. Wladimir Putin
***
Dünýä gelenimde maksadym nämedi: bir sadyk dost bolmak. Aşyk Weýsel
***
Ynsan hiç bir ýerde-de özünden gowy dosty tapmaz. Ç.Dikkens
***
SÖÝGI hakyndaky goşgudan başga goşgam ýokdur. Bar hasap edilýäniniň ählisi garalamadyr.
Resul Gamzatow
***
Meniňem göwne degjek sözlerim bar, ýöne şony aýdyp biljek rehimsiz kalbym ýok.
***
Bagtly bolmak baradaky beýik ylym: diňe şu günki günüň bilen ýaşamakdan ybarat.
Pifagor

***
Eýе gözi em, kеsеkiňki kеm.
***
Adalat diňe hakykatdan, Bagt bolsa diňe adalatdan döreýär.
***
Zehinlä kömek et, zehinsiziň özi ýol tapar.
***
Çepekeý adamyň pullary esasan – sag jübisinde durýar, saglakaýyňky bolsa çep jübisinde. Kellesini işledýän adamyň pullary bolsa bankda durýar.
***
Gyzyň bir ýere gitjek bolanda näme geýjegini pikir edýän wagty, şol ýere gidip geljek wagtyndan köpdür.
***
Hemme aşyklar edip bilmejek zatlaryny söz berýärler, soňunda-da edip bilýän zatlarynynam edenoklar.
Williýam Şekspir
***
Kim bu dünýäde ylym-bilim gözlese, jennet hem ol adamy gözlär. Hezreti Aly
***
Seniň ýanyňa bagt özünden özi gelen bolsa, ol gidende-de lagnat galdyrýar. Ibn SINA
***
Eger-de Allatagala ýere düşüp, kär saýlamaly bolsa, megerem mugallymçylygy saýlardy.

Gerodot

***
Her adamyň ýüreginde jaňjagaz bar. Kim hem bolsa biri ony seslendirmese, ol seslenmeýär.
M.Gorkiý
***
Gowakda näçe ýatdygyça, ýolbarsyň dyrnagy awa ýaramaz. Mahmyt Zamahşary
***
Sylag-hormatsyz söýgi uzaga-da gidip bilmez, belentlige-de galyp bilmez, ol ýeke ganatly perişdedir.
A.Dýuma ata
***
Gaty görmek hem tersleşmek üçin bahana agtarmagyň ýerine, söýmek hem söýülmek üçin çäreler gözle.
Hezreti Möwlana
***
Iň süýji suw gyzyň gözünden damýan ýaşdyr, eger ol bagtly bolanda. ***
Ýamanlyga ýamanlyk bilen jogap bermeýän adama Hudaýyň gözi gider, guwanar.
«Mahabharata» hindi eseri
***
Durmuş güldürmeýän bolsa, entek onuň oýnuna düşünen dälsiň. Anton Çehow
***
Garaşmagy başarýan adamlaryň durmuşy elmydama şowlulyklardan doludyr.

Tornton Waýlder ***
Ilki üç gezek pikirlen, soňra bolsa dym. Anri Renýe
***
Deňizde ýel turanda: Pessimist takdyryndan nalaýar. Optimist howanyň gowulanmagyna umyt baglaýar. Realist bolsa ýelkenlerini düzetýär.
***
Mundan beterrägem başymdan geçipdi. Bu-da geçer. Gitjek ýeri ýok.
***
Çagaňyzyň edep-terbiýeli, akylly-başly bolmagy üçin edip biljek iň esasy zadyňyz – onuň kakasyny dogry saýlamakdyr.
***
Bizi kyn güne salan adamlar bize ýamanlyk etjek bolmandy. Olar özlerine gowy bolmagyny isläpdi.
***
Owadan kişi söýgüli däldir, söýgüli kişi owadandyr. L.Tolstoý
***
Owadan hem göz gamaşdyrýan zatlaryň ählisi gowy bolman biler, ýöne gowy zatlaryň ählijesi owadandyr.
Ninon de Lenklos
***
Gözellik altyndan beter ogry çeker. Şekspir
***

Gözellik uzaga çekmejek soltanlykdyr. W.Gýuge
***
Gözellik örän täsin güýç, ýylgyryş bolsa onuň ýiti gylyjy. Çarles Riýde
***
Bu durmuşyň arzysyny artdyrýan ýekeje zat, onda tükeniksiz gözelligiň görünýänligidir.
Eflatun
***
Men gözeldirin diýip howada gezme, Indirerler seni, il ýaman bolar.
Aşyk Göwheri
***
Dogry ýoldaky aýalyň gözelligi ataşa meňzär, golaýyna ýanaşmasaň, hiç zeper ýetirmez.
Serwantes
***
Gözellik Ýaradanyň peşgeşidir. Aristotel
***
Gözellik bilen akyl juda seýrek bir ýerde jemlener. Petronýus
***
Gözellik, galapyn, kemçilikleri örtýän örtükdir.
Balzak


Nätmeli gözeli, häsiýet bolmasa! Garajaoglan
***
Ruhuň gözelligi bedeniň gözelligi ýaly aňsat göze ilmez. Aristotel
***
Durmuşyňy bozmajak bolsaň, öz durmuşyny bozanlardan daşyrakda bol.
***
Käbir belgileri telefonymyza bellemegimiziň ýeketäk sebäbi – olardan jaň gelse almazlykdyr.
***
Haýsy zadyň hakynda öwünseň, şol zadyňdan hem mahrum bolarsyň. Bagt ümsümligi halaýandyr.
***
Agaç oturtmak üçin iň gowy wagt 20 ýyl mundan ozal bolupdy, ikinji iň gowy wagt bolsa şu wagt.
Hytaý pähimi
***
Ýürekleri ýaraly adamlar hemmeden köp degişýändir. Üns beren bolsaň. Maksim Gorkiý
***
Durmuşyny özgerdip biljek karara gelmeli bolanda, her kim hem gorkýar. Alada etme.
Paulo Koelýo
***

Dymmak aklyň bardygyny subut etmeýär, ýöne akmak däldigiňi welin subut edýär.
Pýer Buast
***
Köp zady bilesiňiz gelýärmi? Göwnüňizedir. Hemme zady bilip başlanyňyzdan soňra, siziň gaýtam köp zady unudasyňyz geler.
***
Hemmeler öler, emma hemmeler hakykatdan ýaşamaz. William Wallace
***
Adamlaryň köpüsi ýitirmekden gorkýany üçin, söýmekden gorkýar. Söýülmekden gorkýar, özini söýülmage laýyk görmeýäni üçin. Pikirlenmekden gorkýar, jogapkärçilik getirjegi üçin. Gürlemekden gorkýar, tankytlanmakdan gorkýany üçin. Duýgularyny paýlaşmakdan gorkýar, ret edilmekden gorkýany üçin. Garramakdan gorkýar, ýaşlygynyň gadyryny bilmedigi üçin. Unudylmakdan gorkýar, dünýäge gowy zat bermedigi üçin, we ölmekden gorkýar, aslynda ýaşamagy bilmeýäni üçin.
Şekispir
***
Gatnaşyk – bu edil gämi ýaly. Eger kiçijek deşige çydamly bolmasa, uly deňizde ýüzmegiň manysy ýok.
***
Dogruçyllyk bakylygyň güneşidir. Näme etseňem dogar. Wendell Phillips
***
Her kimiň ýüregi çepinde bolup biler, emma meniňki Onda.
***
Hat-da, «Tüweleme» diýibem, ýüzüňe tüýkürýäler.
***
okap akylly bolmaz, ol gaýta sowatly bolar.
***
Durmuşda iň möhüm kanunlaryň biri hem: özi gidýän zadyň yzynda ylgamaly däl.
***
Ýürek örän täsin zat – bir adam ony terk edip gitdi, ol bolsa henizem ynananok.


Esasy zat özüňi gowy duýjak ýeriň gözlegine çykmak däl, esasy zat hemme ýeri özüňi gowy duýjak ýere öwürmekdir.
***
Kä wagt Hudaý saňa altyny bermek üçin durmuşyňdan kümüşiňi alýar. Esasy zat muňa wagtynda düşünmek.
***
Eger bir adam birini söýýän bolsa, ynan, ol söýýänliginiň sebäbini düşündirip bilmez.
***
Dünýämiz şeýle bir kirledi welin, haçanda garşymyzdaky adamyň köňli tämiz, ýüregi mähir doly bolsada biz ondan bir hilä garaşýarys.
Merili Houstan
***
Bir zady edip bilmejekligiňe ynanyp uklasaň, başga biriniň ol zady edip durka çykaran gohlaryna oýanarsyň.
Konfusiý
***
Bagty ogurlaýan üç sany duzak bardyr: Geçmiş üçin edilen puşman, geljek üçin edilýän howsala, häzirki günümize kanagatlanmazlyk.
***
Isle başaryp biljegiňizi pikir ediň, isle başarmajagyňyzy. Iki ýagdaýda-da siziňki dogry.
Genry Ford
***
Özüňi dolandyrmak üçin kelläňi, başgalary dolandyrmak üçin ýüregiňi ulan. Eleanor Ruzwelt
***

Seni bagtly edýän zady asla hiç kime berme! ***
Diňe özüň bolmaklygy ýüregiňe düwen wagtyň gözelleşersiň. Koko Şanel
***
Seniňki – bu diňe aýna seredeniňde garşyňda şöhlelenýän zatdyr. Galan zat islendik wagt seni terk edip gidip biler. Muňa taýyn bol!
***
Eger sen menden gowusynyň barlygyny pikir edýän bolsaň, onda unutma senden hem gowusynyň bar boljagyny!
***
«Gün Aýy şeýle bir söýýär welin, her gije ony ýaşatmak üçin özi ölýär...» «The Distance» filminden
***
Eger-de bir adamy aldamak saňa başardan bolsa, ony dyr öýdüp pikir etme. Aslynda ol adamyň saňa mynasyp bolmadyk derejede ynam edenligidir.
***
Dogruçyl adamlaryň durmuşdaky iň uly kynçylygy başgalardan hem dogrulyga garaşmagydyr.


Giden yzyna dolanan bolsa, söýýänliginden däl, senden gowusyny tapmandygy üçindir.
***

Maýaklar haýsydyr bir gaýygy halas etmek üçin aýlanyp ýörmeýärler. Olar diňe durup ýagty saçýarlar.
Enn Lamott
***
Eger sen hemmeden akylly bolsaň, onda saňa kim düşünsin?..
***
Men saňa şeýle bir biperwaý bolaryn welin, ýaşap ýöreniňe-de şübhelenersiň.
***
Men aýralygy senden karz aldym, wagty geler, gaýtararyn.
***
Biriniň hasyl bolmadyk arzuwy bolanyň gowy, biriniň ätiýaçlygy bolanyňdan.
***
Meň durmuşymda iki sany kör adam bar, biri sen, meň seni nähili söýýänimi göreňok, birem men, senden başga adamy göremok.
***
Ýakyn adamlaryňyz ýok bolsa, diýmek adamlara ýakynlaşmagy başarýan dälsiňiz.
***
Eger siz meň gözime seredip meni aladajak bolýan bolsaňyz ýalňyşmaň meni aldaryn diýip, sebäbi men size ynanan bolup sizi aldaryn.
***
— Men öz geçmişimi doly ýatdan çykarjak. Şonuň üçin meniň birden size bergim bar bolsa – gynanýan.
Kinodan
***

Eger siz gideňizde sizi hiç kim saklamasa, siz dogry ýoly saýlansyňyz.
***
Bir akyldardan sorapdyrlar:
— Eger seni söýen adamyň taşlasa, näme etmeli? — «Ýüregiňi» yzyna alyp, ýoluňy dowam ediber.
***
Balyk hem aglaýandyr, ýöne ony deňiz duýmaz. ***
Akyldardan sorapdyrlar:
– Çagalary läliksiredip ösdirseň bolarmy?
– Elbetde, olaryň ähli diýen zatlaryny ediň. Entek durmuş oňa nähili kynçylyklary taýýarlandygy, belli däl.
***
«Gerek däl» diýýär, emma berseň säginmän alýar.
***
Ömür bu – ölmek üçin ýaşamak ugrunda ýitirilen wagt.
***
Aýal adamyň edýäni – görülenok. Haçan-da ol etmän başlasa, şonda görünip başlaýar.
***
Eger sen geçmişiňi ýatlap başlasaň, geljegiň sen bolýançaň garaşar.
***
Iki akyldar 5 minutdan köp jedelleşseler ikisem akyldar däl-de, akmakdyr.

Sen gideňsoň menem söýdüm ölmäni... ***
— Duýgyňy gören ýeriňe zyňyp ýören bolsaň, gutlaýaryn, senem geljekki «doň ýürek.»
***
Jennetden kowulanlaryň ählisi bu ýerde. ***
Bagtly bolmak üçin ertire garaşmak, edil derýanyň beýleki tarapyna geçmek üçin derýanyň durmagyna garaşmak ýalydyr.
Grange
***
Ýene ýigrimi ýyldan soň üstünlikleriňi we şowsuzlyklaryňy ýatlap otyrkaň, şu günki eden işleriňden goýberen pursatlaryň has köp bolandygyny ýatlap ökünersiň.
Mark Twen
***
Goýun ölse it begener, garry öýlense ýigit. ***
Zeminiň 97 göterim adamy öz arzuwy bilen däl-de, başga biriniň arzuwyny hasyl etmek üçin ýaşaýar.
Kerim Aş–Şazili, «Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary»
***
Adamlaryň aglabasy hasyl etmesi kyn bolan uly arzuwlardan däl-de, juda aňsat ýetip bolýan ownuk-uşak aladalardan howatyr edýärler.
Maýkl Angelon
***

Käbir adamlara biri-birini söýmek ýazylandyr. Emma bile bolmak ýazylan däldir.
***
Siziň maksadyňyza tarap lift işlänok. Ýöräp gidiň.
***
Göwne degen bolsa sessiz gal, göwnüňe degeni-ni bilmeýän bolsa onsyz gal.
***
«Hemme zat gowy bolar, alada etme» diýilýän ertekileriň ýerine, «Erbet zatlar bolar, emma men hemişe ýanyňda bolaryn» diýen hakykatlary söýýän.
***
Bir erkek ömründe 3 zenany söýmeli:
1. Ony dogurany.
2. Onuň üçin dogurany.
3. Onuň üçin dogulany.
***
«Kim gark bolsa, indiki gezek ýüzmesin.»
***
Men öz gürlän zadyma jogap berýän. Ýöne siziň eşiden zadyňyza men jogap beremok.
***
Eger ýazylan bolsa – hiç zat sizi aýyrmaz. Eger başgasynyňky bolsa – hiç zat seni onuňky etmez.
***
Barmazdan öň pikir et, sen ol ýerik gerekmi?! ***

Barlygyň üçin däl, ýoklugyň üçin ýaşasym gelýär.
***
Eger bir adam gulsyz ýaşap bilmeýän bolsa, ikisinden haýsy erkin adam bolar?!

Sen barada gyzyklanmagymy goýan bolsam şoňa mynasyp däldigiňi bilendirin. ***
Kä wagt ýazanlarymy unudýan, emma pozanlarym hemişe ýadymda.
***
Ukyň gelmeýän bolsa gözleriňi günäkerleme, belki gözleýäni uky däldir.
***
Köp gördük «Her kim ýaly däl Men» diýip, hiç kim ýaly bolup gideni.
***
Eger gözi ýaşly «ýigrenýän» diýip pyşyrdaýan bolsa, içden «söýýän» diýip gygyrýandyr.
Şekispir
***
Wladimir Nabakow ölmeziniň öň ýanynda: «Men geniý ýaly pikirlenýän, ortaça ýazyjy ýaly ýazýan, çaga ýaly hem gürleýän» diýipdir.
***
Puşkin Wýazemskä ýollan hatlarynyň birinde: «Sende ýönekeý ýazmak üçin ýeterlik derejede akyl bar» diýipdir.
***

Hiç hili gaýgy-hasratsyz durmuşy doly bahaly hasaplamak bolmaz. Beýle pikir etmek gowam däl welin, nätjek-dä.
***
Bir zady gaty gowy başarýan bolsaň, ony mugtuna etmeli däl. Joker, «Gara rysar» filmi
***
«Men elmydama ýalan sözleýän» diýsem, şu wagt dogrymy aýdýanmy ýa ýalan sözleýän?
***
Hiç kim hem hiç zat barada aladalanmaýan adamyň ömri boşdur.

Bu durmuşy ýüregiňize gaty golaý tutmaň. Barybir biziň hiç birimiz hem bu ýerden diri gitmeris.
***
Her aglaýan güýçsiz däldir. Edil her güleniň bagtly bolmadygy ýaly.
***
Özüňizi ýylatmak üçin ýakan adamlaryňyzyň ahyndan gorkuň.
***
bilen hiç haçan sanaşma. Çünki daşyndan görenler haýsyňyzyň dygyny saýgaryp bilmez.
***
Biz her bir ynanýan adamlarymyzyň eline pyçak berýändiris, käbir adamlar ol pyçak bilen bizi öldirip biler, käbir adamlar bolsa ol pyçak bilen bizi gorap biler.
***

Kä wagt şeýle bir adam çykýar garşyňa, geçen wagtyňy şonsuz geçirenligiňe gynanýaň.
***
Bir adamy söýseň onyň göwni başgada. Bir ynsan seni söýse, seniň göwniň başgada. Iki ynsan bir-birini söýse olaryň ýazgydy başgada bolar eken...
***
Ýakynlaryňyzy ynjytmaň. Sebäbi olary bir gün bagyşlatmak üçin hem tapmarsyňyz.
Hz.Möwlana
***
Gitmeli duralgasyny bilmeýän adama hiç bir ulag peýda etmez. Montaigne
***
Bir adam agyryny duýýan bolsa janlydyr. Bir adam başga bir adamyň agyrylaryny duýup bilýän bolsa, bu ADAMDYR.
***
Adam ýüreginde näme göterýän bolsa dünýäni hem şol şekilde görer.
***
...haçyň arkasynda hut şeýtanyň özi dur... Serwantes, «Don Kihot»
***
Ýekeje zada gynanýan. Bir adam üçin ençeme adamdan geçmeli boldum.
***
Eger öljek wagtymda, seniň mensiz bagtly boljagyňy bilsem, dowzahada gülüp giderin.
***

Eger sen bir adamy boluşy ýaly söýýän bolsaň, sen ol adamyň özüni söýýäň. Eger sen ol adamdaky käbir zatlary üýtgetmek isleýän bolsaň, ynanaý onda sen özüňi söýýäň!
***
Siz üçin çeşmeden bir ädim ätläp geçmediklere, okeanlary ýüzüp ýakynlaşjak bolmaň.
***
GEÇMIŞI wagtynda ugratmasaň, GELJEGI goýmaga ýer tapmarsyň!
***
Söýýänimiň özi ýeketäk, togsan dokuz ady bar.
***
Kimler söýgülsine sowgat gözleýär, Kimler bolsa sowgadyna söýgüli...
***
Husyt bolma – adama ikinji mümkinçiligi ber. Akmak bolma – adama üçünji mümkinçiligi berme.
***
Aýal erkegiň gapyrgasyndan ýasaldy! Kemsidilmek üçin aýagyndan däl, depesine çykmak üçin kellesinden ýasalmady. Gorag astynda bolmasy üçin eliniň ýanyndan we söýülmesi üçin ýüregine golaý ýerden ýasaldy.
***
Bir adama zorluk bilen özüňi söýdürip bilmersiň. Maňa ynan diýip ynandyryp bilmersiň, ol muny duýmaýan bolsa, diňe bir zat edip bilersiň: «Özüň bilýäň» diýip gitmeli.
***
Dymmak – iň güýçli sesleriň biridir. Ol gulagy däl-de ýüregi ýyrtýar.

***
Hakyky maksat seni gije ýatyrmaýan zat däl-de, seniň daň bilen düşegiňden turmagyňa sebäp bolýan zatdyr.
***
Hozy döwüp maňzyna ýetip bilmedik kişi hemmesi gabykdyr öýder. Imam Gazali
***
Biriniň durmuşyna girýän bolsaň, ol ýeri sen girmänkäň boluşyndan has gowy bolar ýaly etmelisiň. Unutma.
***
Bizi ynjydýan sözler däl, sözleri kimiň aýdanlygydyr.
***
Durmuş zalym. Käbirlerini tananymyza puşman ederis, käbirlerini öň tanamadygymyza.
***
Galileony halamaýanlaryň biri oňa şeýle diýipdir:
– Bagyşlaň jenap, siziň gulaklaňyz bir adam üçin juda uly dälmi?!
Galileo:
– Dogry. Meň gulaklarym bir adam üçin ulurak bolup biler. Ýöne seň gulaklaň
bir eşek üçin juda kiçi dälmi?!
***
Seniň üçin hereket etmeýän adam, diňe seniň gitmegiňe garaşýandyr.
***
Maňa ýagyş barada gürrüň berme, ýag. Wiktor Gýuge
***

– Näme üçin içýärsiň?
– Unutmak üçin.
– Nämäni unutmak üçin? – Näme üçin içýänligimi...
***
Duşmanyňy ýeňmegiň iň aňsat ýoly ― ony dost tutunmakdyr. Napoleon
***
Gögüň kirini ýagyşlar ýuwar, göwün kirini ― «bagyşla» ýuwar. Nakyl
***
Giň tutana giň dünýä, dar tutana dar dünýä. ***
Ýatda saklaň: siziň razylygyňyz bolmasa, hiç kim sizi kemsidilen ýaly duýmaga mejbur edip bilmez.
Eleonora Ruzwelt
***
Men durmuşda köp zat eşitdim – ant içmeler, söz bermeler, ýöne eşidenlerimiň içinde iň gowusy ümsümlikdir. Onda ýalan ýok.
***
Eýläm – tärim, beýläm – ärim... Aýtgy
***
Iki dürli şahyr bar. Biri duýup başarýan, beýleki beýan edip başarýan. Içinde birinjisi has bagtlyrakdyr.
Onore de Balzak

Ertekiler hakykatdan bir gez beýikdirler: onda aždarhalar barada aýdylýany üçin däl-de, aždarhalary hem ýeňip bolýandygy barada aýdylýany üçin.
Neýl Gaýman, iňlis ýazyjysy
***
Öz okap görmedik kitaplarňyzy çagalara okatmazlygy kanun hasaplaň. Jorj Bernard Şow, irland tankytçysy
***
Edebiýatyň betbagtçylygy pikirlenip bilýän adamlaryň ýazmaýanlygy, ýazýan adamlaryň pikirlenmeýänligidir.
Pýotr Wýazemskiý
***
Owadan rifmalar köp halatda agsak pikirlere goltgy berýär. Genrih Geýne
***
Esse – hiç zat barada hemme zat aýtmagyň usulydyr. Oldos Haksl
***
Eger-de seň okamak isleýän kitabyň heniz ýazylmadyk bolsa, onda ony sen ýazmalysyň.
Toni Morrison, amerikan ýazyjysy
***
Şahyr nesilleri bilen deňleşmek üçin döwründen öňde gitmelidir. Jeýms Loue
***
Islendik ýazyjy öz eserlerinde kem-käsleýin bilip ýa bilmezden özüni beýan edýär.
Iogann Wolfgang Gýöte

***
Ähli gowy kitaplary okamaklyk geçen asyrlaryň iň ajaýyp adamlary bilen söhbetdeş bolan ýalydyr.
Rene Dekart, fransuz pelsepeçi
***
Dünýäniň ölmez-ýitmez diýip atlandyrylýan kitaplary dünýäniň bar aýbyny açan kitaplardyr.
Oskar Waýld, irland şahyry
***
21-nji mart bütindünýä şygyrýet günüdir. 23-nji aprel bütindünýä kitap günüdir.
***
Şahyryň keýpini bozmak günädir. Atajan Annaberdi
***
Döredijilik – yzy üzülmeýän garaşylmadyk sowgatlardan doludyr. R.Bredberi
***
Döredijilik işine baş goşmak meýletin dowzaha girmekdir. Ý.Bondarýew
***
Öwgä mynasyp adam öwgini halamaýar. Atajan Tagan
***
Pişigiň haýsy reňkdedigi bilen işiň bolmasyn. Syçan tutsa bolýa-da. Den Sýaopin
***
Sen dek gözel bolan bolsa Zöhre-de, Derýada biderek akmandyr Tahyr. Mämmet Seýidow
***
Köşkde ýürek bilen göz birleşip ýalan sözleýär. Gelwesiý
***
Ýürek erände, gözden dökülýär. Muhammet pygamber (s.a.w)
***
Ýazyjy halkyň aňynda çap edilen kitabynyň sany bilen däl-de, durmuş hakykatyny dogry hem belent derejede beýan edişi bilen galýar. A.Romanow
***
Adam hiç mahal betbagtlygyna öz baha kesişi ýaly derejede betbagt ýa-da öz isleýiş derejesine mynasyp bagtly bolmaýar.
F.de Laraşfuka
***
Puly nädip kän gazanmagy öwrenmekden öňürti ony nädip az sowmalydygyny öwrenmeli.
Atajan Tagan
***
Soramaklyk bir minutlyk utanç, soramazlyk ömürlik utanç. Ýapon nakyly
***
Öz kemçiligiňi diňe kişi gözi bilen seredeniňde görüp bilersiň. Hytaý nakyly

pikirler hemme kişide bar, ýöne akylly adamlar olary aýtmaýarlar. Atajan Annaberdi
***
Tertip-düzgünli ýurtda batyrgaý hereket et, batyrgaýam gürle. Şol zatlaryň ýok ýurdunda batyrgaý hereket etseňem, gürläňde seresap bol.
Konfusiý
***
Irden hakykata göz ýetirip, agşam öläýeňde-de, haýp däl. Konfusiý
***
Ylhamy jylawlamy däl, ylhama mynasyp taýynlykda bolmaly. Çary Ataýew
***
Adamlary akyl, düşünje golaýlaşdyrýar. Özüňizden 10 ýaş, 40 ýaş uly, ýa-da 1000 ýyl owal ýaşap geçen pikirdeşleriňiz bilen-de siz deň derejelisiňiz. Seýitmyrat Geldiýew
***
Ilki bilen gadymy ussatlaryň çekiş tilsiminde çekmegi öwren. Onsaň öz isleýşiň ýaly çekiber. Şeýtseň sylanarsyň.
Salwador Dali
***
Gaýtalany bilen ýazyja utanara zat ýok. Jon Apdaýk
***
Ölüm habarym bilen agladasym gelýän adamlarym bar. ***

Ýatlamak üçin hem sebäp gerek.
***
Edil ertekiler ýalydyň: okamasy gowy, ynanmasy kyn. ***
Herkimi «ADAM» ýerine goýmaň. Köp kişi öwrenişmedik ýerine ýadyrgaýandyr.
Konfusiý
***
Söýgi – bu «Gel, şujagaz galan ömrümi weýran et!» diýmegiň romantiki görnüşi.
***
Hiç wagt ýatdan çykarma: ejiz erkeklerde hemişe günäli aýaldyr, hemişe... Wudy Harrelson
***
Wagt geler, sen öz söýýän zadyňy öz durmuşyňdan aýyrasyň geler, ol seni kösäp bilmez ýaly...
***
Ony hiç görmezlik başgasy bilen göreniňden gowudyr.
***
Öte güýçli ynanma. Öte güýçli söýme. Öte güýçli umyt etme. Sebäbi... «öte güýçli» seniň öte ejizläp, öte kösenmegiňe eltip biler.
***
Sizi söýýänlere jebir çekdirmäň. Olar size bolan söýgileri sebäpli siziň urgylaryňyzdan goragsyzdyrlar.
***

Gyzlar duýgularyny saklamak üçin ýalan sözlärler. Oglanlar bolsa bolmaýan duýgularyny görkezmek üçin ýalan sözlärler.
***
3 dürli adam bardyr:
1-nji çörek ýalydyr her gün gözlener.
2-nji derman ýalydyr gerek wagty gözlener.
3-nji mikrop ýalydyr siz gözlemeseňizem ol sizi tapar.
***
Özüni tanaýan adama, başgalaryň ol hakynda edýän gepleri gorkuly däldir. Imam Şafi
***
Käbir adamlaryň göwnüne degmek gerekdir, bolmasa özlerini kemsizdir öýdýäler.
***
Men ulalmaryn-la... Henizem şo-ol çaga ýaly täsinliklere, söýgä we gowy adamlaryň bardygyna ynanyp ýörün.
***
Dostlary biz saýlaýarys, gowylaryny wagt.
***
Ýa daýanar ýaly ýakyn bol, ýa-da unudylar ýaly uzak...
***
Maýmynlardan iň ajaýyby-da gelşiksizdir. Geraklit
***
Dostlarmada gaty gymmat düşmäýin – Kimsi alyp bilmez, kim satar meni.

Çary Ataýew

***
Men—saňa, sen maňa. Gomer
***
Garşydaşyň delilini çynlakaý degişmek bilen ýalana çykar. Gorgiý
***
Hemmesinden nadan bolup galmaz ýaly, goý, hemmesini biljek bolup dyrjaşma. Gippokrat
***
Çagyrylýan kän, ýöne garaşylýan az. ***
Ýaha maňa söýenimi bagş et, Ýa-da söýdür maňlaýyma ýazanyň. Rahmet Gylyjow
***
Näm edeýin baýlygyň hum göwresin, Däliredip durka bir Setir meni.
Çary Ataýew
***
«Görsem ynanaryn» – diýipdir adam, «Ynansaň görersiň» – diýipdir Dünýä.
***
Söz berme, diňeje elimden tutda meň ýalňyşmadygymy görkez. ***

Adam dostuny kynçylykda tanaýar, aýalyny bolsa garyplykda. ***
Şer — diňe gözleýän kişiňki bolsun! Karon Pinzorin
***
Bilemok belki bagtlysyň, emma, unutma bu ýerde bir betbagt goýanyň bar.
***
Erbet adamlar sebäpli gowy bolmagyňy bes etme!
***
Gelejegi öňünden görüp bolmaýar, ýöne ony döredip bolýar. D.Gabor
***
It zyňylan taýaga seredýär, ýolbars taýagy zyňana. Ynha tapawut. Grek pähimi
***
Pes adam daga çykaýsyn, barybir, kiçi görner, ägirt adam çukuryň içinde-de beýikligine galar.
M.Lomonosow
***
Dogry ýolda giden pyşbaga, egri ýoldan barýan ýaryş atyny ýetip biler. Samuel Similes
***
Ynam – «Ol muny etmez» diýmek däldir. Ynam – «Ol muny eden bolsa bir sebäbi bardyr» diýmekdir.
***

Zenanlar gülleri halaýarmy? Ýok! Zenanlar öz zenany üçin gül alma duýgysy bar bolan erkekleri halaýarlar.
***
Owadan zenany söýmek bilen, zenany owadan söýmegiň arasynda tapawut bar. Aýaz Elçeogly
***
Eger bir gün bir kişi çykyp «Eý, adamlar» diýip gygyrsa, her kimiň bu sözi öz üstüne almajak gününden gorkýan.
***
Menden kemlik gözleme, özüňden başga zat tapyp bilmersiň.
***
Bankdaky balansyň telefon belgiňe meňzeýänçä işle. Leonardo di Kaprio
***
Biraz wagt geçsin sen hemmesini unudarsyň. Biraz wagt geçsin hemmesi seni unudar.
Markus Aurilius
***
Aslynda men adamlar bilen gowy gatnaşýan, olara köp ýagşylyk edýän. Emma gynansakda dünýämizde adam az.
Tom Hanks
***
Adamlar siziň özüňizi olara garşy alyp barşyňy üýtgetseň, dessine üns berýärler. Emma hiç biri, bu ýagdaýa gelmegine özleriniň sebäp bolandygyna asla üns bermez.
***
Pul bilen adamyň arasyndaky garşylykly gatnaşyk şeýledir: adam puluň ýasamasyny ýasar, pulam adamyň...
Benjamin Franklin
***
Aran ata gamçyda ýük. ***
Awraam Linkoln şeýle bir tapmaçany halaýan eken. Ýagny, «Eger-de guýrugy hem aýak diýip hasap etsek, itiň naçe aýagy bolar?». Diňleýjileriň köpüsi «Bäş» diýip jogap berer eken. Onda Linkoln «Ýok, itiň henizem dört aýagy bar. Aýak diýip hasap edilen guýruk entek onuň hakykatdan hem aýakdygyny aňlatmaýar!» diýip jogap berýän eken.
***
Eger ol seni ýatdan çykaryp, seniň bilen az gyzyklanýan bolsa, jaň etmeýän bolsa, onda oňa gygyrma, goh turuzma. Sen özüň jaň et, emma oňa däl. Başgasyna!
Anjelina Joli
***
Durmuşda göwünleriňizi göterjek şeýleräk bir düzgün bar: Hudaý hem başgasyna kömek edene kömek edýär!
***
Sizi gaharlandyryp bilen adam, sizi dolandyrybam biler. Lao-Szy
***
Paýhasly zenan öz erkegini özgeden gabanmaz. Sebäbi ol akylly erkegiň özünden gitmejegini, erkegi bolsa saklanyňa degmejegini bilýär.

Robert Downeý ***
Akmaklaryň edeni ugruna. Meniň edenim ugruna däl. Garaz akmag-a däl ekenim.
***
Biziň ötünjimize mynasyp däl adamlary ýitirmezlik üçin örän kän bagyşlaýanlygymyz örän täsin.
***
Hereketleriň bilen aýdýan sözleriň gabat gelen wagty gel, täzeden tanyşaly. ***
Bir bende köçäni süpürip ýördi. Iki gelin, hersi öz çagasy bilen ýoluň beýle tarapyndaky duralgada oňa seredip durdy.
Birinjisi çagasyna ony görkezip: «Oňat okamasaň, şolar ýaly bolarsyň» diýdi. Beýlekisi bolsa: «Gowy okasaň, şolaryň hem durmuşyny özgerdip bilersiň» diýdi.
Terbiýe bermegiň iki ýoly... ***
Çagaňyza dymmagy öwrediň. Geplemegi özleri öwrener. Benjamin Franklin
***
Gämä münüp, gämiçi bilen dawa etme. ***
Ömrümde iki zada ynandym: aýna seredip görenime we ýokary seredip görmedigime.
Sagopa Kajmer
***
Söýmek – belki bir gün okar diýip Şahyr bolmakdyr...
9
96
awesome
04.04.2022 05:14
Käbir aýdyp bilmeýän sözleriňi içiňde saklaberseň, ol ganap başlaýar.

Ol adamy gan lagtasyndan ýaratdy
Kur’an Ikra 96/2


Bir

Zyýany ýok, şeýle bolaýsyn. Bu hekaýamda oýnajak ähli artist äýnek dakynýar. Tanamaga synanyşmaň, barybir bary ýat. Gahrymanlary, sebäbi, özümem tanamok. Ozalam şeýledim, häzirem. Ýöne birje ýerde gözümden aýyrmaly boldum. Sebäbi dellekhana bardym. Papagym bilen bile äýnegimem aýyrmaly boldum. Bagyşlaň, papagym ýokdy başymda. Kän geýemogam şony. Gepiň gysgasy, meň saçym kada gelensoň, bir gyz girdi içerik. Çaklan bolmagyňyz ahmal, juda owadan. Gaş, göz, saç, bakyş hemme zady emaý bilen ýerleşdirilen ýaly. Ýekeje kemi bardy – äýnegi. Hekaýama zeper ýetirmek islemedim, özüm äýnegi gözüne dürtdüm. Tas ýatdan çykýardy, saçy uzyn we öräýseň bokurdagyňdan gysyp özüne çeker. Reňki – dünýäniň gözlerinden damýan goýy gyzyl gan reňkli. Boýur-boýur damjalardan gana-gana çalnan saçlaryna gaýçyny dözer ýaly däl. Şonuň üçin ikimizem gapdal otagy yşarat etdik. Bilelikde:
– Dogan, gözellik salony hana o tarapda, bärisi diňe erkekleriň saç deňledýän ýeri; – saç deňletmek – juda resmi eşildildi ol gyza, muny onuň çat açan gözlerinden okadym.
– Men dogry geldim!
Dymdym, dellege äňetdim. Haýranam galmady, köne tanyş ýaly:
– Oturyň! – diýip, meň ýaňja boşadan çala ýumşak öň kreslo bolup hyzmat eden gaty närsäni yza tigirledi.
– Nähili gyrkmaly?
– Düýbünden.
Ör-gökden geldim:
– O-how, bolşuň nähili? Muňa nädip, neneň, nähili, nä ýürek bilen diýip oturman: Dözer ýalymy? – diýdim.
– Seniň göwnüň üçin, maýalyk goýaýaryn – diýdi. Dellege seredip, meni yşarat etdi:
– Edil şunuňky ýaly mele saç edip ber!
Meniň saçym bolsa, doýgun goňur, atan tolkunlarynda ençäni ýan ýykýan mylaýymdy.
Sertaraş onuň üstüne ýapynjany örtüp, bir gulaç saçyny bogdy-da, ýeke gezekde howlukman kesdi. Şol bada onuň gan reňkli saçy garaldy. Mejbury äýnekli gyzyň eginleriniň üstüne gan syçrady. Olara tomaşa edip oturan men wakaň dowamyna garaşdym. Her gyrkymda onuň çat açan gözleri ýamalmaga, sesi ýognamaga başlady. Hatda, eşikleri ýuwaş-ýuwaş üýtgäninde mejbury äýnekli gyz ýognadymy. Dellek boldum edip ýapynjany aýranynda ol ýerinden turup, stoluň gyrajygynda goýan äýnegini dakyndy. Gelşikli oglana öwrülipdir. Ýöne gözlerindäki gahary görmäge göz gerek. Oňa indi mejbury äýnekli oglan diýjek, maňa köne dosty ýaly seretdi-de, hasaplaşyp ötägitdi, menem. Ýekeje köýnekli barýardy özem. Yzyndan gygyrdym:
– Hany paltoň?
– Saçlarymyň arasynda!
Yzyma öwrülip bir gulaç saçy soradym. Ony ellänimde juda gyzgyndy. Bir torba atdym-da, kurtkamy çykaryp, menem köýnekçeň eňdim, mejbury äýnekli oglanyň yzyndan.
Ol gyz bolup ýaşamakdan ýadapdyr. Sowuk düýşlerine giren ýylyjak hyýallaryny hakykata öwürmek üçin erkek bolaýmasaň, zenanlaryň işi kyn. Näbelli belgiden ýa-da nomerden jaň geldi, biridir öýdüp alsam, başga biri eken. Çakyňyz çak bolsa, dogry bildiňiz. Ýaňky oglan eken:
– Dost, maşynyň barmy?
– Bar.
– Meni bir ýerik oklap bilermiň?
Sag ýaňagynda meňjagazy bardy. Öny görüp bilmedim. Ýolda soragam bermedim, gürlemedimem, gyzyklanmagy düýbünden unudyň. Menem şeýtdim sebäbi.

Iki

Käbir aýdyp bilmeýän sözleriňi içiňde saklaberseň, ol ganap başlaýar. Çal saçly professor zenanyň ýagdaýyna düşmegiňem ahmal. Ol saçlaryna kybap gelip duran gara çarçuwaly äýnegini külembike barmagy bilen dürtüp auditoriýa girer welin, talyplaryň ählisi özi ýaly lam-jim bolar.
Ol dildenem mahrum, sebäbini anyk bilemok. Ýaş wagty kän gürlän bolmagam ahmal ýa-da gürlemän sözlerini ganadan bolmagam. Ähli ähtimallyklary gaýra süýşürip, şu wagt onuň sapagyny diňläsim gelýär. ‘Ganmagyň psihologiýasy’.
Özüne gowy gelişýän ak-gara gözenekli penjeginiň jübüsinden gutujygy aldy-da, içinden ganap duran ak heki çykaryp temanyň adyny tagta ýazdy.
Yzyndan düşündiribem başlady, tagtada. Göýä her sözi özüne derek giň otagy ýaňlandyryp gulagyňy deşäýjek ýaly çygyrýar. Ýa-da her söz peýkam kimin atylyp, kükregiňi ýarjak bolýardy ýa-da özleri okdan ýaralanan kimin çirkin-çirkin gygyrýardy. Sebäbi her söz ganap dur, gatyrak basyp ýazsa, talyplaryň üstüne syçraýar.
– Adam hiç zatdan ganmaýar, diňe öwrenişýär. Bu barada pikiriňiz barmy?
Mugallym biri-birine umytly bakyşan gözlere seretdi, başam barmagy bilen sag çekgesindäki nokatjyga basdy-da. Göýä ellerini galdyrsa asmany deşjek ýaly görünmekden çekinýän deý hiç kim jiňk edenok. Ahyry eli öwrenşen ýaly batly ýazdy.
– Hiç haýsyňyzyň pikiriňiz, düşünjäňiz ýokmy siziň? Uniwersitet bärisi, agzyňa çeýnäp dykylýan ýer däl. Pikiriňizi aýtmak erkin, ýalňyş bolsun ha dogry. Nämä doňňara daş bolup otyrsyňyz baryňyz? Sürä goşulyp gaçarys öýdýäňizmi dünýäden? Öz sesiňiz ýokmy hiý bir?
Bu sözler maňa täsir etmese-de, birkisiniň kellesini deşäýdi öýdýän.
Owadan äýnekli talyp gyz elini galdyrdy. Çal saçly professor zenan başy bilen yşarat etdi.
– Adam bizar bolýar, öwrenşenok!
Üstüne basylyp aýdylan bu jümlä diňe ýylgyrmak bilen jogap gaýtaran professor zenan beýleki ösgün saçly äýnegi bejerilen talyp ýigide sen tur diýdi.
– Bir zatdan ganan adam öwrenişendiginem aňşyrmaz!
Menem elimi galdyrasym geldi, ýöne bular meni görmeýärler, men talybam däl auditoriýada. Şonda-da keýpine elimi galdyrdym. Emma ol meni gördi. Ýanyna çagyrdy-da heki tutdurdy elime. Ýaz diýdi. Ýüzüne dikanlap seretdim, olam maňa! Gürle diýdi, zenanyň özi ýaly sesim çykmady. Gürledimem, mugallymam maňa düşündi. Ýalan sözlemäýin, ýaňky hek bilen ýazyp göresim geldi, meňem içimde üýşüp, depä öwrülen sözleriň reňkini göresim geldi. Ýazmadym.
Meniň sözlerime owadan äýnekli talyp gyz bilen ösgün saçly äýnegi bejerilen talyp ýigit öz aralarynda pyşyrdaşdylar. “Bize pelsepe otarýan bu köpbilmiş nireden çyk-daý” diýmediler elbetde. Diňe diýen sözlerimi kesä çekmän, ikiçäk bu barada pikir alyşdylar. – Pikir alyşmagam – resmi.
Gapydan çykmankam mugallyma gaňrylyp täzeden seretdim. Naýynjar gözler bilen ugradyp duran eken. Men çykdym, ýöne yzymdan galan gohy eşiden bolsaňyz, pelsepäni ýumrandyrlar öýderdiňiz.
Daşary çykanymda jaň sesi ýaňlandy. Hem telefonymda hem uniwersitetiň dälizlerinde. Goh köpelmänkä jogap bereýin diýdim.
Aňyrdan çal saçly zenan professoryň ganaýan sesi eşidildi.
– Oguljygym, maşynyň barmy?
– Bar.
– Meni bir ýere oklap bilermiň?
Ýolda soragam berdim, gürledimem, ýöne siz gyzyklanmagy unudyň. Menem şeýtdim sebäbi. Düşeninde hälki heki maňa berdi.

Üç

Ýykylanyňda gan çyksa-de jan çykmaýar. Şu wagt dyzlaryny ganadan gyzjagazyň bar jany aýagynda ýaly görünse-de, suwuň çykýan düýbi örän çuňňur eken. Aýagyndaky ýaralar kesmek baglap, ýeneki ätjek ädimleriň depginini ýa-da ýygylygyny artdyrmagam mümkin.
Ol orta synp okuwçysy. Mekdep eşiginde özem. Ýykylanynda dessine aýaga galdy-da, çyglandyrylan süpürgiç – baryp ýatan resmilik – bilen süpürdi.
– Jigim, aýagyňy ynjydaýdyňmy?
– Çalaja.
– Gandan gorkup aglarsyň öýtdüm.
Gyzjagaz ýüzüme ýylgyryp seredeninde dünýäm başymda parahat aýlanyp başlaýandyr öýtdüm. Bir gyrada täze boýalan ýaşyl reňkek oturgyçda oň bilen dyz epdik.
– Daýy, bu gün gaty üýtgeşik gün!
– Nämüçin? – diýip asmana seretdim.
– Ýok ol Gün däl, bu gün.
– Günümizem şondan başlanýar.
– Mekdepde geň zatlar boldy. Ilkinji sapaga girdik. Mugallym geldi, äýnekli we uzyn köýnekli. Oň äýnegi meňkä meňzeş eken. Sag ýaňagynda meňjagazam bar, olam meňki ýaly.
– Soň?
– Sapagymyz ‘Ganomatelogiýa’ diýdi. Hemmämize kitap paýlady. “Indi hemmäňiz onunjy sahypany açyň!” Mundan dört-bäş ýyl öň çykypdyr. Täzeje kitap bary. Jygyrt edip açyldy. Sahypalary biri-birine ýapyşyp galypdyr. Käbirimiziň kitabymyzdan boýur-boýur gan akdy. Käbirinden diňe damdy. Birinden diňeje ses çykdy. Osoň men bujagaz gandan gorkarynmy?
– Göni onlukdan çüýlediň.
Bu jelegaýlarda mekdep görnenokdy. Ýöne birlän-ikilän okuwçy ýa beýleki adamlar geçişen bolýardy. Ganly kitabyň özeni ýaman gyzyklandyrdy.
– Kitabyňyzy derrewjik ýapdyňyzmy?
– Ýapanlar boldy.
– Sen?
– Mugallym, äýnekli saryja gyz, sen oka diýdi, menem okadym.
– Nädip?
– Kitabyň sahyplaryny şarkyldadyp geçirdim. Bar gan akyp gutardy. Soňam okadym. Gygyryp okadym. Klasdaşlarymam kitaplaryny menden görüp silkip arassaladylar.
…Mekdep gan kölüne bataýjak ýalydy. Kitaplaram onda ummana atylan çüýşeler kimin tolkunlarda bir ýokaryk bir aşak çykyp, asuda ýüzäýjekdi. Janly sahyplarynda adam demini duýmadyk kitaplaram gan aglaýar, daýy!
Äýnekli sary saçly bu gyzjagazyň tämiz başyny sypadymda ýerimden turdum. Olam gaýtalady. Öýňüze haýal etmän ýeteberi diýdim-de, onuň nurly gözjagazlaryna seredip hoşlaşdym. Arany azajyk açamdan arkamdan ses geldi:
– Daýy, maşynyň barmy?…
Ýolda gürleşdik, gülüşdik. Sumkasyndan ‘Ganomatelogiýa’ kitabyny maňa uzatdy. Ýüzüne seretdim, mende ýene biri bar diýdi, aldym. Unudyň, menem şeýtdim sebäbi.

Dört

Bu bölüme göni girişjek. Söz owadanlap oturjak däl. Sebäbi oňa bu ýerde duşaryn öýdemokdym. Täzelikde aşyk bolan gyzlar kimin aýagyny kanala sallap, iki ýana bulaýlap oýnaýardy. Gijäniň asmandaky çyrajyklary bolsa, gyzyň ýyldyz ýaly gözlerine dakylan äýneginiň ýüzünde gezim edip ýörler.
Ýyldyzlaryň biri süýnüp gelipdir-de ol gyzyň sag ýaňagyndan ogşap, onuň şirinliginden ýaňa özüni ýitiripdir, bir kiçijik depejige öwrülip, gyzyň görküne mähremlik çaýypdyr.
Usul bilen oturdymda aýakdaş gopdum. Ol başyny egnime goýaýjaga meňzedi, emma bu pikir onuň akylly başynyň golaýyna-da gelmedi.
– Ganym duşmanyma öwrüldi.
– Kim? – diýdim.
– Ýüregim. Ganaýar, saklanmak küýüne-de gelenok.
– Ol şeýle-de gözbaş dälmi?
– Bilmedim, meň başymy gözümi aýlady.
Balyksyz kanalda gijara bir zat jülp etdi. Tisgindim.
– Gorkma, meň ýüregim ol!
– Duýgusy gutardymy?
– Gurady!
Egilip kanala siňe seretdim. Eýýäm giç, duýgulary dökülen gyzyl kimin ýüregi kanalyň suwuny çym-gyzyl edipdir. Eger doňýürek bolsaň durşy bilen mähremlige öwrülen bu kanala özüňi oklaýmaly.
– Indi näme etmekçi?
– Ýaşaýşymy ýa ýüregi?
– Şu wagt, bir çene ýetdi?
– Gaýdaýmasam?
Barybir derdiňe ýaramaýan bolsa, o ýüregi nädeniňde bolman duranok. Gany aýlamak üçin dört kanaljyk ýasalan bolsa, ýüzlerçe duýgulary bir gysyma sygdyrmak üçin ýürege diňe bir gürsüldi beripdir. Şonuň bilenem urgularyň gaýragoýmazdan – resmiräk – tempini saklamaly.
Suwy süzmek üçin kanaljygyň ugrunda bentjagaz bardy. Şol ýere bardym-da, öňki tanşym, orta ýaşdan geçen äýneklije dostumyň amanadyny alyp berdim.
– Hany, maşynyň nirede?
– Anha.
– Meni oklap bilermiň?
Ýolda gürleşdik, derdindik. ‘Al geregi çyksa’ diýip, ýüregini elimi tutdurdy.

We

Eger buludy äýnek hasap etseňiz, belki Günüň äýnegi, onda hekaýama goşjak. Sebäbi başynda-da aýdypdym, hekaýamda oýnaýan artistleriň hemmesi äýnekli. Tebigat aglasa adamy gozgaman ötägitmez. Her gahryman dürli-dümen äýnegini dakyndy. Ýeri güneşden goraýan bulutlar üýşüp, howany gyzartdy.
Bilýäňiz, ýagyş ýagyp ähli ýeri ýuwaýjak ýaly edýär. Ýöne bu gezek bolmady, bulutlardan gan ýagdy. Bir ýerlerde bukulyp galan ähli durgun daşlaryny eretdi-de, adamlaryň üstünden eňterdi. Gyzyl damjalaryň gelşinde bir zatlaryň sesi ýaňlandy.
Ine, şeýle howa-da olar ‘Ganetti’ diýlen kafede duşuşdylar. Has takygy – resmi – bulary men getiripdim. Bular diýýänim, mejbury äýnekli gyz, çal saçly zenan professor, saryýagyz okuwçy gyzjagaz, ýyldyz gözli owadan zenan.
Goýalyşýan söhbetini diňläsim geldi. Menem bir gyrada oturgyjy çekdim-dä, çökdüm. Juda näzik hem mylaýym gürleşýärdiler welin, içim ýylady.
Ýatdan çykmanka aýdaýyn, içýän zatlary gan däldi. Olar örän salyhatly zenandylar.
Birdenem howsala düşen ýaly edip çalt-çaltdan gorsandylar. Gan ýetmezçiligi barmyş ‘+1’ toparly. Göräýmäge asuda akyp duran söhbetlerinde ol kime zerur bolupdyr? Dördüsem telefonlaryna ýapyşdy.
Duýdansyz doňdular, bilmedim özlerimi ýa ganlary, bary bileleşip maňa seretdi. Ýylgyryşdylar. Utanjymdan gan ýüzüme çykdy. ‘+1’ meň toparymdy, soňam men bu ýerde artykdym.
Gaýtargy talap etmeýän ýylgyryşlaryna şeýle-de jogap berip bu ýerden ugradym. Yzymdan ses geldi:
– Amanatlary berjek dälmi?
Güldüm. Soňam jübimden ýüregi çykaryp ýyldyz gözlä berdim. Kitaby güjeňledim-de saryýagyz okuwça bermedim.

Soňky

Soň hol bir gulaç gyzgyn tarlardan gitara meňzeş täze saz guraly ýasadym-da, kyrkymda saz çalmagy öwrendim. Çal saçly professor zenanyň heki bilenem tiňňirdetdim, dyrnagymyň ganamazlygy üçin. Ýogsam kimiň köňlüni nämüçin ganadaýyn. Bar ýaramy saza siňdirdim, kirişi her kakanymda lagtalaşan gan dänejikleri töweregime damja deý paýrap, her biri bir söze öwrüldiler-de, saza goşulyp meniň bilen bile heňe geldiler.
Göýä ganyma çotga batyryp, ap-ak kagyzy agşam şapagyna öwürjek ýalydym hemem öz meýlime ähli ähtimallyklarymy şapagyň gyzgylt öwüşgininde ýüzdürmegimem ahmaldy.


15.09.2019

Seÿran Otuzow.
10
46