awesome
11.05.2022 15:50
Ýagşy bolsa, jennetden çykmazdy.

Baýezid Bistami hezretleri dälihananyň ýanyndan ötüp barýarka, bir tebibiň sokuda däri döwüp duranyny görüp:
− Eý, hormatly tebip! Tükeniksiz günälidirin. Şu derdime däri-dermanyňyz barmy? – diýip soraýar.
Tebip başyny göterip-götermänkä, dälihananyň penjiresinden garap duran bir hassa jogap berýär:
− Tobanyň köki bilen ökünjiň ýapragyny garyşdyr. Kalp sokusynda pukaralyk tokmagy bilen maýdala. Ynsap eleginden geçir, gözýaş bilen ýugur, yşk tamdyrynda bişir we bu däriden gijelerine ýatman köpräk iý. Görersiň, hassallykdan nam-nyşan galmaz!
Bu sözleri eşidip, Bistami hezretleriniň şobada gözleri ýaşa dolupdyr we şeýle diýipdir:
− Ýa, Rebbim! Bu dünýä hassahanasynda, gör, nähili tebipleriňiz bar eken!!!

****

Bir garyp kyrk ýamaly dony bilen patyşanyň huzuryna giripdir. Onuň bu işiniň patyşa ýakmadygyny görüp, wezir haýbat atypdyr:
− Şa huzyryna ýagyry çykan geýimde girmegiň aýypdygyny bilmediňmi?!
Onda garyp kişi:
− Patyşanyň huzyryna ýyrtyk geýimde girmek aýyp däl, ýöne onuň dergähinden şeýle çykmak aýypdyr – diýip jogap beripdir.


****


Taýak iýen oglana teselli beripdirler:
− Hapa bolma, ogul, taýak jennetden çykan ýagşy närsedir (bu ýerde Adam ata ýer sürýän öküzini haýdatmak üçin jennetden iberilen taýak hakda gürrüň gidýär – N. S.).
Taýak awusy süňňüne ýeten biçäre oglan:
− Ýagşy bolsa, jennetden çykmazdy – diýip aglapdyr.
8
35
ideallider
11 May 2022
Çuňňur oýlandyryjy👍
ay_kiz_
11 May 2022
👍👌👏👍👍
HoJoM
11 May 2022
.......👍
Возможность комментирования данной публикации было отключена.