awesome
07.04.2022 22:28
📃📃📃📃
Magtymgulynyň “Ýaşyl zümerret” goşgusynda asman gatlary şeýle tertipde berilýär:

Birinji gat asman – ady Ref ’a, asly ýaşyl zümerretden. Perişdesi sygyr suratynda, beýikleriniň ady - Ysmaýyl.


Ikinji gat asman – ady Arklawyn, asly kümüşden. Perişdesi – bürgüt suratly, beýikleriniň ady – Kabaýyl.


Üçünji gat asman – ady Kaýdum, asly gyzyl ýakutdan. Perişdesi – böri suratly, beýikleri – Gökbaýyl.


Dördünji gat asman – ady Magun, asly ak hünjüden. Perişdesi – ak at suratly, beýikleri – Nunbaýyl.


Bäşinji gat asman – ady Renka, asly gyzyl ýakutdan. Perişdesi – hüýr sypatly, beýikleri – Saftaýyl.


Altynjy gat asman – ady Defna, asly sary ýakutdan. Perişdesi – wildan (çaga) suratly, beýikleri – Abaýyl.


Ýedinji gat asman – ady Ajaba, asly nurdan. Perişdesi – adam suratly, beýikleri – Nurbaýyl.


***

Akyldarlar şeýle diýýär: “Maksatsyz ömür ýaly biderek ýaşaýyş ýokdur”. Ynsanyň ähmiýeti ömrüne many çaýyp bilýänliginde. Öňünde maksat goýup bilýänliginde. Maksadyny hasyl etmek üçin yhlas edýänliginde. Munuň üçin bolsa ilkinji nobatda sabyr-kanagat, soňra arzuw- umyt, ynam-yhlas, töwekgellik, maksada okgunlylyk gerek. Şeýle düşünjeleriň ýadymyzdan çykmazlygy üçin jadyly we manyly sözleri öwran- öwran gaýtalamak gerek. Her gezek sähel ynjap, ýadap, umytdan düşjek bolanymyzda, bu sözler goltugymyzdan göterip, ýene maksatlaryň arzyly ýoluna salýar. Adam göwün göteriji pikirler, duýgular bilen gurşalan halaty, diňe kimdir biriniň däl-de, hut tebigatyň özüniň aşyk bolup, seniň bilen sazlaşykly gopýandygyna, deň ýöreýändigine akyl ýetirýär.


***

Adam doglar, asmanda ýyldyz hem dogar. Täze dogan ýyldyza täleý diýilýär. Ýöne adamynyň täleý ýyldyzynyň nirede doganlygyny bu adaty gözümiz bilen asmana bakyp hem, teleskop ulanyp hem gözläp oturmagyň hajaty ýok. Barybir, biz ony ol ýerden tapyp bilmeris. Täleý ýyldyzy ynsanyň ykbal ýyldyzydyr. Ynsan bu dünýä synalmak üçin iberilen. Bu pikir bilen gadymy kitaplaryň ählisi biragyzdan ylalaşýar. Adam bu dünýäde esasan iki zat: kynçylyk hem-de ýeňillik bilen synalyp görülýär. Durmuş tejribesinden köp zat öwrenen alymlaryň pikirine görä, adam ömrüniň başynda kynçylyk çekse, ahyrynda gowy ýaşar. Ilki lezzetlere çümüp, durmuşyň asyl manysyny unutsa, soňra kösençlige uçrar diýilýär. Mümkin, täleý ýyldyzy hem, asmanda bir ýerde durmaýan sergezdan ýyldyzlar ýaly ondan-oňa göçüp, ahyry barmaly ýerine barýandyr. Şonuň üçin hem ykbalyň agyp-dönmesi, güýçli ösen şemalyň bag ýapraklaryny eýlesine-beýlesine aňsat öwürmesi ýaly bir zatdyr.


Rahmet Gylyjow
15
25
halmyrat_gmail_com
8 Aprel 2022
👏👏👏👏👏👏👏👏👏👏👏👏👏👏👏👏👏
perizadym
8 Aprel 2022
👍👍👍👍👍
Возможность комментирования данной публикации было отключена.