awesome
04.04.2022 05:14
Käbir aýdyp bilmeýän sözleriňi içiňde saklaberseň, ol ganap başlaýar.

Ol adamy gan lagtasyndan ýaratdy
Kur’an Ikra 96/2


Bir

Zyýany ýok, şeýle bolaýsyn. Bu hekaýamda oýnajak ähli artist äýnek dakynýar. Tanamaga synanyşmaň, barybir bary ýat. Gahrymanlary, sebäbi, özümem tanamok. Ozalam şeýledim, häzirem. Ýöne birje ýerde gözümden aýyrmaly boldum. Sebäbi dellekhana bardym. Papagym bilen bile äýnegimem aýyrmaly boldum. Bagyşlaň, papagym ýokdy başymda. Kän geýemogam şony. Gepiň gysgasy, meň saçym kada gelensoň, bir gyz girdi içerik. Çaklan bolmagyňyz ahmal, juda owadan. Gaş, göz, saç, bakyş hemme zady emaý bilen ýerleşdirilen ýaly. Ýekeje kemi bardy – äýnegi. Hekaýama zeper ýetirmek islemedim, özüm äýnegi gözüne dürtdüm. Tas ýatdan çykýardy, saçy uzyn we öräýseň bokurdagyňdan gysyp özüne çeker. Reňki – dünýäniň gözlerinden damýan goýy gyzyl gan reňkli. Boýur-boýur damjalardan gana-gana çalnan saçlaryna gaýçyny dözer ýaly däl. Şonuň üçin ikimizem gapdal otagy yşarat etdik. Bilelikde:
– Dogan, gözellik salony hana o tarapda, bärisi diňe erkekleriň saç deňledýän ýeri; – saç deňletmek – juda resmi eşildildi ol gyza, muny onuň çat açan gözlerinden okadym.
– Men dogry geldim!
Dymdym, dellege äňetdim. Haýranam galmady, köne tanyş ýaly:
– Oturyň! – diýip, meň ýaňja boşadan çala ýumşak öň kreslo bolup hyzmat eden gaty närsäni yza tigirledi.
– Nähili gyrkmaly?
– Düýbünden.
Ör-gökden geldim:
– O-how, bolşuň nähili? Muňa nädip, neneň, nähili, nä ýürek bilen diýip oturman: Dözer ýalymy? – diýdim.
– Seniň göwnüň üçin, maýalyk goýaýaryn – diýdi. Dellege seredip, meni yşarat etdi:
– Edil şunuňky ýaly mele saç edip ber!
Meniň saçym bolsa, doýgun goňur, atan tolkunlarynda ençäni ýan ýykýan mylaýymdy.
Sertaraş onuň üstüne ýapynjany örtüp, bir gulaç saçyny bogdy-da, ýeke gezekde howlukman kesdi. Şol bada onuň gan reňkli saçy garaldy. Mejbury äýnekli gyzyň eginleriniň üstüne gan syçrady. Olara tomaşa edip oturan men wakaň dowamyna garaşdym. Her gyrkymda onuň çat açan gözleri ýamalmaga, sesi ýognamaga başlady. Hatda, eşikleri ýuwaş-ýuwaş üýtgäninde mejbury äýnekli gyz ýognadymy. Dellek boldum edip ýapynjany aýranynda ol ýerinden turup, stoluň gyrajygynda goýan äýnegini dakyndy. Gelşikli oglana öwrülipdir. Ýöne gözlerindäki gahary görmäge göz gerek. Oňa indi mejbury äýnekli oglan diýjek, maňa köne dosty ýaly seretdi-de, hasaplaşyp ötägitdi, menem. Ýekeje köýnekli barýardy özem. Yzyndan gygyrdym:
– Hany paltoň?
– Saçlarymyň arasynda!
Yzyma öwrülip bir gulaç saçy soradym. Ony ellänimde juda gyzgyndy. Bir torba atdym-da, kurtkamy çykaryp, menem köýnekçeň eňdim, mejbury äýnekli oglanyň yzyndan.
Ol gyz bolup ýaşamakdan ýadapdyr. Sowuk düýşlerine giren ýylyjak hyýallaryny hakykata öwürmek üçin erkek bolaýmasaň, zenanlaryň işi kyn. Näbelli belgiden ýa-da nomerden jaň geldi, biridir öýdüp alsam, başga biri eken. Çakyňyz çak bolsa, dogry bildiňiz. Ýaňky oglan eken:
– Dost, maşynyň barmy?
– Bar.
– Meni bir ýerik oklap bilermiň?
Sag ýaňagynda meňjagazy bardy. Öny görüp bilmedim. Ýolda soragam bermedim, gürlemedimem, gyzyklanmagy düýbünden unudyň. Menem şeýtdim sebäbi.

Iki

Käbir aýdyp bilmeýän sözleriňi içiňde saklaberseň, ol ganap başlaýar. Çal saçly professor zenanyň ýagdaýyna düşmegiňem ahmal. Ol saçlaryna kybap gelip duran gara çarçuwaly äýnegini külembike barmagy bilen dürtüp auditoriýa girer welin, talyplaryň ählisi özi ýaly lam-jim bolar.
Ol dildenem mahrum, sebäbini anyk bilemok. Ýaş wagty kän gürlän bolmagam ahmal ýa-da gürlemän sözlerini ganadan bolmagam. Ähli ähtimallyklary gaýra süýşürip, şu wagt onuň sapagyny diňläsim gelýär. ‘Ganmagyň psihologiýasy’.
Özüne gowy gelişýän ak-gara gözenekli penjeginiň jübüsinden gutujygy aldy-da, içinden ganap duran ak heki çykaryp temanyň adyny tagta ýazdy.
Yzyndan düşündiribem başlady, tagtada. Göýä her sözi özüne derek giň otagy ýaňlandyryp gulagyňy deşäýjek ýaly çygyrýar. Ýa-da her söz peýkam kimin atylyp, kükregiňi ýarjak bolýardy ýa-da özleri okdan ýaralanan kimin çirkin-çirkin gygyrýardy. Sebäbi her söz ganap dur, gatyrak basyp ýazsa, talyplaryň üstüne syçraýar.
– Adam hiç zatdan ganmaýar, diňe öwrenişýär. Bu barada pikiriňiz barmy?
Mugallym biri-birine umytly bakyşan gözlere seretdi, başam barmagy bilen sag çekgesindäki nokatjyga basdy-da. Göýä ellerini galdyrsa asmany deşjek ýaly görünmekden çekinýän deý hiç kim jiňk edenok. Ahyry eli öwrenşen ýaly batly ýazdy.
– Hiç haýsyňyzyň pikiriňiz, düşünjäňiz ýokmy siziň? Uniwersitet bärisi, agzyňa çeýnäp dykylýan ýer däl. Pikiriňizi aýtmak erkin, ýalňyş bolsun ha dogry. Nämä doňňara daş bolup otyrsyňyz baryňyz? Sürä goşulyp gaçarys öýdýäňizmi dünýäden? Öz sesiňiz ýokmy hiý bir?
Bu sözler maňa täsir etmese-de, birkisiniň kellesini deşäýdi öýdýän.
Owadan äýnekli talyp gyz elini galdyrdy. Çal saçly professor zenan başy bilen yşarat etdi.
– Adam bizar bolýar, öwrenşenok!
Üstüne basylyp aýdylan bu jümlä diňe ýylgyrmak bilen jogap gaýtaran professor zenan beýleki ösgün saçly äýnegi bejerilen talyp ýigide sen tur diýdi.
– Bir zatdan ganan adam öwrenişendiginem aňşyrmaz!
Menem elimi galdyrasym geldi, ýöne bular meni görmeýärler, men talybam däl auditoriýada. Şonda-da keýpine elimi galdyrdym. Emma ol meni gördi. Ýanyna çagyrdy-da heki tutdurdy elime. Ýaz diýdi. Ýüzüne dikanlap seretdim, olam maňa! Gürle diýdi, zenanyň özi ýaly sesim çykmady. Gürledimem, mugallymam maňa düşündi. Ýalan sözlemäýin, ýaňky hek bilen ýazyp göresim geldi, meňem içimde üýşüp, depä öwrülen sözleriň reňkini göresim geldi. Ýazmadym.
Meniň sözlerime owadan äýnekli talyp gyz bilen ösgün saçly äýnegi bejerilen talyp ýigit öz aralarynda pyşyrdaşdylar. “Bize pelsepe otarýan bu köpbilmiş nireden çyk-daý” diýmediler elbetde. Diňe diýen sözlerimi kesä çekmän, ikiçäk bu barada pikir alyşdylar. – Pikir alyşmagam – resmi.
Gapydan çykmankam mugallyma gaňrylyp täzeden seretdim. Naýynjar gözler bilen ugradyp duran eken. Men çykdym, ýöne yzymdan galan gohy eşiden bolsaňyz, pelsepäni ýumrandyrlar öýderdiňiz.
Daşary çykanymda jaň sesi ýaňlandy. Hem telefonymda hem uniwersitetiň dälizlerinde. Goh köpelmänkä jogap bereýin diýdim.
Aňyrdan çal saçly zenan professoryň ganaýan sesi eşidildi.
– Oguljygym, maşynyň barmy?
– Bar.
– Meni bir ýere oklap bilermiň?
Ýolda soragam berdim, gürledimem, ýöne siz gyzyklanmagy unudyň. Menem şeýtdim sebäbi. Düşeninde hälki heki maňa berdi.

Üç

Ýykylanyňda gan çyksa-de jan çykmaýar. Şu wagt dyzlaryny ganadan gyzjagazyň bar jany aýagynda ýaly görünse-de, suwuň çykýan düýbi örän çuňňur eken. Aýagyndaky ýaralar kesmek baglap, ýeneki ätjek ädimleriň depginini ýa-da ýygylygyny artdyrmagam mümkin.
Ol orta synp okuwçysy. Mekdep eşiginde özem. Ýykylanynda dessine aýaga galdy-da, çyglandyrylan süpürgiç – baryp ýatan resmilik – bilen süpürdi.
– Jigim, aýagyňy ynjydaýdyňmy?
– Çalaja.
– Gandan gorkup aglarsyň öýtdüm.
Gyzjagaz ýüzüme ýylgyryp seredeninde dünýäm başymda parahat aýlanyp başlaýandyr öýtdüm. Bir gyrada täze boýalan ýaşyl reňkek oturgyçda oň bilen dyz epdik.
– Daýy, bu gün gaty üýtgeşik gün!
– Nämüçin? – diýip asmana seretdim.
– Ýok ol Gün däl, bu gün.
– Günümizem şondan başlanýar.
– Mekdepde geň zatlar boldy. Ilkinji sapaga girdik. Mugallym geldi, äýnekli we uzyn köýnekli. Oň äýnegi meňkä meňzeş eken. Sag ýaňagynda meňjagazam bar, olam meňki ýaly.
– Soň?
– Sapagymyz ‘Ganomatelogiýa’ diýdi. Hemmämize kitap paýlady. “Indi hemmäňiz onunjy sahypany açyň!” Mundan dört-bäş ýyl öň çykypdyr. Täzeje kitap bary. Jygyrt edip açyldy. Sahypalary biri-birine ýapyşyp galypdyr. Käbirimiziň kitabymyzdan boýur-boýur gan akdy. Käbirinden diňe damdy. Birinden diňeje ses çykdy. Osoň men bujagaz gandan gorkarynmy?
– Göni onlukdan çüýlediň.
Bu jelegaýlarda mekdep görnenokdy. Ýöne birlän-ikilän okuwçy ýa beýleki adamlar geçişen bolýardy. Ganly kitabyň özeni ýaman gyzyklandyrdy.
– Kitabyňyzy derrewjik ýapdyňyzmy?
– Ýapanlar boldy.
– Sen?
– Mugallym, äýnekli saryja gyz, sen oka diýdi, menem okadym.
– Nädip?
– Kitabyň sahyplaryny şarkyldadyp geçirdim. Bar gan akyp gutardy. Soňam okadym. Gygyryp okadym. Klasdaşlarymam kitaplaryny menden görüp silkip arassaladylar.
…Mekdep gan kölüne bataýjak ýalydy. Kitaplaram onda ummana atylan çüýşeler kimin tolkunlarda bir ýokaryk bir aşak çykyp, asuda ýüzäýjekdi. Janly sahyplarynda adam demini duýmadyk kitaplaram gan aglaýar, daýy!
Äýnekli sary saçly bu gyzjagazyň tämiz başyny sypadymda ýerimden turdum. Olam gaýtalady. Öýňüze haýal etmän ýeteberi diýdim-de, onuň nurly gözjagazlaryna seredip hoşlaşdym. Arany azajyk açamdan arkamdan ses geldi:
– Daýy, maşynyň barmy?…
Ýolda gürleşdik, gülüşdik. Sumkasyndan ‘Ganomatelogiýa’ kitabyny maňa uzatdy. Ýüzüne seretdim, mende ýene biri bar diýdi, aldym. Unudyň, menem şeýtdim sebäbi.

Dört

Bu bölüme göni girişjek. Söz owadanlap oturjak däl. Sebäbi oňa bu ýerde duşaryn öýdemokdym. Täzelikde aşyk bolan gyzlar kimin aýagyny kanala sallap, iki ýana bulaýlap oýnaýardy. Gijäniň asmandaky çyrajyklary bolsa, gyzyň ýyldyz ýaly gözlerine dakylan äýneginiň ýüzünde gezim edip ýörler.
Ýyldyzlaryň biri süýnüp gelipdir-de ol gyzyň sag ýaňagyndan ogşap, onuň şirinliginden ýaňa özüni ýitiripdir, bir kiçijik depejige öwrülip, gyzyň görküne mähremlik çaýypdyr.
Usul bilen oturdymda aýakdaş gopdum. Ol başyny egnime goýaýjaga meňzedi, emma bu pikir onuň akylly başynyň golaýyna-da gelmedi.
– Ganym duşmanyma öwrüldi.
– Kim? – diýdim.
– Ýüregim. Ganaýar, saklanmak küýüne-de gelenok.
– Ol şeýle-de gözbaş dälmi?
– Bilmedim, meň başymy gözümi aýlady.
Balyksyz kanalda gijara bir zat jülp etdi. Tisgindim.
– Gorkma, meň ýüregim ol!
– Duýgusy gutardymy?
– Gurady!
Egilip kanala siňe seretdim. Eýýäm giç, duýgulary dökülen gyzyl kimin ýüregi kanalyň suwuny çym-gyzyl edipdir. Eger doňýürek bolsaň durşy bilen mähremlige öwrülen bu kanala özüňi oklaýmaly.
– Indi näme etmekçi?
– Ýaşaýşymy ýa ýüregi?
– Şu wagt, bir çene ýetdi?
– Gaýdaýmasam?
Barybir derdiňe ýaramaýan bolsa, o ýüregi nädeniňde bolman duranok. Gany aýlamak üçin dört kanaljyk ýasalan bolsa, ýüzlerçe duýgulary bir gysyma sygdyrmak üçin ýürege diňe bir gürsüldi beripdir. Şonuň bilenem urgularyň gaýragoýmazdan – resmiräk – tempini saklamaly.
Suwy süzmek üçin kanaljygyň ugrunda bentjagaz bardy. Şol ýere bardym-da, öňki tanşym, orta ýaşdan geçen äýneklije dostumyň amanadyny alyp berdim.
– Hany, maşynyň nirede?
– Anha.
– Meni oklap bilermiň?
Ýolda gürleşdik, derdindik. ‘Al geregi çyksa’ diýip, ýüregini elimi tutdurdy.

We

Eger buludy äýnek hasap etseňiz, belki Günüň äýnegi, onda hekaýama goşjak. Sebäbi başynda-da aýdypdym, hekaýamda oýnaýan artistleriň hemmesi äýnekli. Tebigat aglasa adamy gozgaman ötägitmez. Her gahryman dürli-dümen äýnegini dakyndy. Ýeri güneşden goraýan bulutlar üýşüp, howany gyzartdy.
Bilýäňiz, ýagyş ýagyp ähli ýeri ýuwaýjak ýaly edýär. Ýöne bu gezek bolmady, bulutlardan gan ýagdy. Bir ýerlerde bukulyp galan ähli durgun daşlaryny eretdi-de, adamlaryň üstünden eňterdi. Gyzyl damjalaryň gelşinde bir zatlaryň sesi ýaňlandy.
Ine, şeýle howa-da olar ‘Ganetti’ diýlen kafede duşuşdylar. Has takygy – resmi – bulary men getiripdim. Bular diýýänim, mejbury äýnekli gyz, çal saçly zenan professor, saryýagyz okuwçy gyzjagaz, ýyldyz gözli owadan zenan.
Goýalyşýan söhbetini diňläsim geldi. Menem bir gyrada oturgyjy çekdim-dä, çökdüm. Juda näzik hem mylaýym gürleşýärdiler welin, içim ýylady.
Ýatdan çykmanka aýdaýyn, içýän zatlary gan däldi. Olar örän salyhatly zenandylar.
Birdenem howsala düşen ýaly edip çalt-çaltdan gorsandylar. Gan ýetmezçiligi barmyş ‘+1’ toparly. Göräýmäge asuda akyp duran söhbetlerinde ol kime zerur bolupdyr? Dördüsem telefonlaryna ýapyşdy.
Duýdansyz doňdular, bilmedim özlerimi ýa ganlary, bary bileleşip maňa seretdi. Ýylgyryşdylar. Utanjymdan gan ýüzüme çykdy. ‘+1’ meň toparymdy, soňam men bu ýerde artykdym.
Gaýtargy talap etmeýän ýylgyryşlaryna şeýle-de jogap berip bu ýerden ugradym. Yzymdan ses geldi:
– Amanatlary berjek dälmi?
Güldüm. Soňam jübimden ýüregi çykaryp ýyldyz gözlä berdim. Kitaby güjeňledim-de saryýagyz okuwça bermedim.

Soňky

Soň hol bir gulaç gyzgyn tarlardan gitara meňzeş täze saz guraly ýasadym-da, kyrkymda saz çalmagy öwrendim. Çal saçly professor zenanyň heki bilenem tiňňirdetdim, dyrnagymyň ganamazlygy üçin. Ýogsam kimiň köňlüni nämüçin ganadaýyn. Bar ýaramy saza siňdirdim, kirişi her kakanymda lagtalaşan gan dänejikleri töweregime damja deý paýrap, her biri bir söze öwrüldiler-de, saza goşulyp meniň bilen bile heňe geldiler.
Göýä ganyma çotga batyryp, ap-ak kagyzy agşam şapagyna öwürjek ýalydym hemem öz meýlime ähli ähtimallyklarymy şapagyň gyzgylt öwüşgininde ýüzdürmegimem ahmaldy.


15.09.2019

Seÿran Otuzow.
10
46
ylham_gurbanaly
5 Aprel 2022
Çuňňur ýazylypdyr. Gowy postlaryň ba welin, okap ýetişemok)
Перман
4 Aprel 2022
👍👍👍👍👍👍
perizadym
4 Aprel 2022
👍👍👍👍👍
N.T.
4 Aprel 2022
👏👏👏👏👍👍👍👍berekella
Возможность комментирования данной публикации было отключена.