awesome
13.04.2022 13:28
Araplaryn.açan 19 sany açyşy

KOFE.

Rowaýatlara görä, Halid atly arap demirgazyk Efiopiýadaky Kaffa çäklerinde mal bakyp ýörkä, mallar haýsydyr bir ösümligi iýende täsin bolýanyny duýýar. Bu ösümlik miwelerini ýygnap, ol ilkinji kofeni taýýarlaýar.
XV asyrda kofe däneleri MeKge we Türkiýe getirilipdir, ol ýerden 1645-nji ýylda Wenesiýa ýetip barypdyr. Angliýa 1650-nji ýylda kofeni türkiýeli bir adam eltipdir we ol ýerde ilkinji kofehanany açypdyr. 


KAMERA.

Gadymy grekler göz şöhle çykarmagy netijesinde adamlar görüp bilýär diýip hasaplapdyrlar. Aslynda şöhle göze girýänligini bolsa musulman matematik, astronom we fizik alymy Ibn al-Haýtam X asyrda anyklapdyr. 
Gapy deşiginden şöhle düşýänine gözegçilik edip durup, ol deşik näçe kiçi bolsa, şekil hem şonça gowy görünýänini anyklady we ilkinji kamerany (“kamara” arap dilinde “garaňky ýada aýratyn otag” diýen manyny aňladýar) döredýär.



ŞAHMAT.

Şahmaty gadymy hindiler oýnapdyr, ýöne oýun häzirkiden tapawutly eken. Döwrebap warianty häzirki Eýranda peýda bolupdyr, ol ýerden Günbatara ýaýrapdyr. 



PARAŞÝUT.

Musulman şahyr, astronom we inžener Abbas ibn Firnas 852-nji ýylda metjidiň depesinden inçejik tagta berkidilen plaş bn bökýär. Ol guş kimin uçaryn diýip oýlapdy, emma plaş ýykylmagy haýalladyp, paraşuta meňzeýän zada öwrüldi. Soňra Firnas öz açyşyny kämilleşdirip, dagdan bökdi we howada on minut durmaklygy başardy, emma gonuş wagtynda ol ýykylyp düşdi. 



SABUN WE ŞAMPUN.

Sawuna meňzeş zat gadymy müsürliler we rimlilerde bolanlygy mälim, emma edil araplar ösümlik ýagyny natriý gidroksidi we hoşboý ysly birikmeler bilen birleşdirmegi oýlap tapypdyrlar. Angliýada şampun 1759-njy ýylda- musulman bolan adam Braýtonda hammam açanda peýda bolupdyr. 



DÖWREBAP HIMIÝA.

Ýabir ibn Hayyan atly alym alhimiýany himiýa öwüripdir. IX asyrda ol döwrebap ylym-bilimde hem gollanylýan distilýasiýa, kristalizasiýa, oksidleniş, buglanma, filtrlenme ýaly ýagdaýlary açdy...


TIRSEKLI WAL, KODLY GULP...

Rotasiýaly hereketi dogry çyzykla öwürýän enjam-tirsekli waly musulman inženeri al-Jazariý oýlap tapypdyr. inženeriň özüniň ýazan kitaplaryndan mälim bolmagyna görä, ol kodly gulpy hem döredipdir. 


UÇLY ARK (arka).

Uçly, uzyn depeli ark-Ýewropanyň gotik soborlaryna mahsus häsiýet, ýöne ark esasy musulman binagärçiliginden alynypdyr.


HIRURGIKI ENJAMLARY.

Köp döwrebap hirurgiki enjamlary, jümleden, skalpel, medisina byçgysy, gaýçy we beýlekiler musulman hirurgy al-Zahrawiý tarapyndan oýlap tapylan bolup, şondan bäri o diýen köp hem üýtgemändir.


ÝEL DEGIRMENI.

Ony araplar 634-nji ýylda oýlap tapyp, ondan mekgejöweni un etmek we suw bilen üpjün etmekde peýdalanypdyrlar. Arap çöllerinde ol ýeke-täk energiýa çeşmesi bolan. Ýewropada bolsa ilkinji ýel degirmenleri 500 ýyldan soň peýda bolupdyr.


KÖPÇÜLIKLEÝIN BEJERGI-PRIWIWKA.

Köpçülikleýin bejergi tehnikasy Ýewropa Türkiýeden geçipdir:Stambulda bu ýagdaýa angliýaly ilçiniň aýaly üns beripdir. Waksinasiýa ýewropalylar tarapyndan açylmagyndan 50 ýyl öň Türkiýede çagalar mama keseline garşy köpçülikleýin bejerilipdir.


AWTORUÇKA.

Ilkinji awtoruçka soltan üçin 953-nji ýylda oýlanyp tapylan. Şonda syýanyň ruçkanyň ujuna çenli ýetip barýan ulgamy häzirki ýaly bolupdyr. 


SAN ULGAMY.

Häzir bütin dünýäde ulanylýan sanamak ulgamy Hindistandan gelip çykan, emma sanlar şekili arapça bolup, basma görnüşde ilkinji gezek al-Horezmi we al-Kindiý eserlerinde peýda bolupdyr (825-ýyl). Algebra sözi üçin al-Horezminiň “Al-jabr wa al-mukolila” kitaby esas bolupdyr. 


ÜÇ SANY NAHARDAN YBARAT GÜNORTANLYK.

Çorba, et ýa-da balyk, soň miwe we hozlardan ybarat üç hili tagamy öz içine alýan günortanlyk konsepsiýasyny IX asyrda Ali ibn Nafiý Yrakdan Ispaniýa alyp gelipdir. 


HALYLAR. 

Orta asyr musulmanlarynyň öýlerinde kilimler öýüň aýrylmaz bölegi hasaplanypdyr. Haly-palas dokamak tehnikasy gowy rowaçlanyp, hemişe täze reňkler peýda bolupdyr, dokaýanlaryň ussatlygy hem ýokary bolup barypdyr. 


ÇEK.

“Çek” sözi arapça “sakk” sözünden gelip çykyp, ol haryt ýetirip berilýän wagtda tölegi amala aşyrmak mejburlygyny kesgitleýji hat diýmekdir. Pullary uzak aralyklara ýetirmek diýseň howply bolany üçin çekler üçin zerurlyk ýüze çykypdyr. IX asyrda musulman hünärmenleri Bagdad banklarynda ýazylyp berilen çekleri Hytaý bazarlarynda nagt pula öwürip bilipdirler. 


ÝER ŞARYMYZ- TOGALAK. 

IX asyrda-Galileýdan 500 ýyl öň köp musulman alymlar bireýýäm Ýeriň şar şekilinde ekenligini bilipdirler. Musulman astronomlarynyň hasaplamalary şeýle bir anyk bolupdyr welin, olar ekwator uzynlygyny hasaplamakda takmynan 200km ýalňyşypdyrlar. 


TORPEDA WE RAKETALAR.

Musulmanlar XV asyrda raketa (olar ony “özi hereketlenýän we ýanyp gidýän ýumurtga” diýip atlandyrypdyrlar) we torpedany (ujunda naýzasy bolan bomba) döredipdirler. 


BAGLAR. 

Orta asyrlar Ýewropasynda agaçlar bolupdyr, emma edil araplar baglary dem –dynç almak we pikiri jemlemek üçin ýer hökmünde görüpdirler. Ilkinji korollyk baglary musulman Ispaniýasynda XI asyrda peýda bolupdyr. 
9
30
Перман.
13 Aprel 2022
👍👍👍👍👍
Aishaaa🌹
13 Aprel 2022
👍👍👍👍👍
Возможность комментирования данной публикации было отключена.