awadan
09.11.2024 10:47
Hekaýa. GYZ SÖŸGÜSİ.2-nji bölüm
Leýla birden:
-Gyzlar, gurt agzasañ, gurt geler diýleni. Serediñ, yzymyzdan Ýunus gelýän ýaly-la.
-Hawa, Ýunus. Gülälegi idäp ýörendir- diýip, Bibi tassyklady. Zeýnep yzyna bakmak islemedi. Bibi çatrykda gyzlar bilen hoşlaşyp, öýüne sowuldy. Soñam Zeýnep sowulmalydy. Olam gyzlar bilen hoşlaşan ýaly etse-de, uzaga gitmän bagyñ aşagynda, Ýunusyñ geçerine garaşyp durdy. Ýunus jan alyjy bakyşy bilen geçip gidende, Zeýnep oña bildirmän yzyna düşdi.
Ol hakykatdanam, Ýunusyñ Gülälegi halaýamy ýa ýok şony bilesi gelýärdi. Ana-da, Leýli öýlerine girip gitdi. Köçäniñ ugrunda Gülälek, Ýunus, Zeýnep durdy. Gülälek öýlerine girmän, göni çeşmä tarap ýöredi. Ýunusam şonuñ ugry bilen gitdi. Zeýnebem olardan galmaýardy. Çeşmäniñ boýundaky bagyñ aşagynda iki juwan duşuşdylar. Aýly gije olara hemrady. Ýunus:
-Gülälegim, men indiki hepde gulluga gitmeli.- biraz dymyp, gyzyñ näzik barmaklaryndan tutup:
-Sen maña garaşarmyñ?- diýip sorady.
-Saña garaşaryn- diýip, gyz utanyp añrysyna bakdy.
-Nesip bolsa, iki ýyldan gelerin. Soñam obany haýran edip, toý tutarys. Sen-ä mährilije eje, menem daýaw kaka bolaryn...
Zeýnep yzyny eşitmedi. Göz ýaşyny saklap bilmedi. Bukulyp ýatan ýerinden, ýuwaşlyk çykjak boldy. Bolmady, ysgyny ýokdy. Sessizje aglaýardy. Her näçe kyn hem bolsa, ýerinde galyp, öýlerine tarap ylgap gitdi. Gelibem, mamasyna bildirmän, öz otagyna geçip aglady. Ejesiniñ suratyny alyp, oña ýüregini dökdi:
"Ejejan, ýeke-täk syrdaşym sensiñ,
Ýürek syrym senden özge kime aýdaýyn.
Ejejan, diñle meniñ ýykyldy dünýäm,
Özge bilen gördüm men söýýän ýigdimi,
Näçe gündür hiç otyryp karar tapamok,
Göýä dem almaga howa ýetenok.
Ýöne, men ol ýigidi günäkärlamok.
Ol meniñ söýýänimi bilenok,
Ýöne näme üçin?, näme üçin ?
Muny onuñ özi duýanok....
"Men seni söýýän ,men seni söýýän!"
Ýöne her gezek içimden diýýän,
Muny oña aýtmaga dilim baranok,
Muña gyzlyk ejabym rugsat berenok..." diýip, ejesine ýürek heserini aýtdy.
Ýunusyñ gulluga ugran güni, Zeýnep oña garaşjakdygyny öz-özüne söz berdi. Ol soñunda bolmajagyny bilýärdi, ýöne şonda-da umyt baglaýardy. Ol ony unutmak islemeýärdi... Zeýnep Ýunus hakda Gülälekden, ýa Ýunusyñ jigilerinden eşiderdi. Onuñ sag-aman gulluk edip, ýöreni eşitmek oña ýeterlikdi. Zeýnep ol hakda eşiden güni al-asmana uçardy. Özüni bagtly saýardy. Kämahal Güläleklere baranda, ondan gelen hatlary okardy. Şonda hatdaky ýazylan sözleri özüne aýdylan dek bolardy. Ýunusyñ gulluk edip ýörenine 8 aý bolanda, agyr kesele uçrady. Bu habary eşiden Zeýnep hamala özi keselhanada agyr ýagdaýda ýatana döndi. Her gije onuñ sagalmagyny Alladan dileg etdi. Eli ýeñil lukmanlar, Ýunusy çalt aýaga galdyrdylar. Ýigidiñ sagalanyny eşiden, Zeýnebiñ ýüregine ynjalyk geldi. Şeýle günleriñ birinde, Zeýnep pagta ýygmynda gelýärkä, ýolda Bibä sataşdy. Sag-amanlykdan soñ, Bibi:
-Zeýnep, bahym ümä üýşýändiris. Çykjak gyzyñ bukjasyna kömek etmelisiñ, sen tüweleme el-işine gaty ökde.
-Gowdugyny, obamyzda toý boljakda. Nähili kömek bermeli bolsa, men bar. Ýogsa-da, çykjak gyz kim? Sen özüñä dälsiñ?
- Ýokla, gyz men däl. Bize entäk ýaş bolýas. Obamyzyñ iñ owadan güli Gülälek çykýar- diýdi. Zeýnep üstünden gaýnag suw guýlana döndi.
- O nähili Gülälek?! Ol Ýunusa garaşýardy...- diýip aýdanda, sesi sandyrap çykdy.
- Hawa, ýöne ene-atasyna garşy çykyp bilmezä. Ýunusam düşünerle- diýdi. Zeýnebiñ başy dumanlydy. Näme aýdyp, näme goýanyny bilmedi. Tä Gülälegiñ toýy sowulýança özi däl ýaly bolup gezdi..

Soñy.
8
196
awadan
08.11.2024 01:24
Hekaýa. GYZ SÖŸGÜSİ.1-nji bölüm Bahar paslynyñ ajaýyp güni, dañ şemaly öwsen mahaly,
obanyñ çetindäki öýde enaýja jägildäp bäbejik dünýä indi. Bu kiçijik balajyga jan beren mähriban ene ýaş üstünden aradan çykdy. Owadan, gara gözlije gyzjagazyñ kakasy Ikinji Watançylyk urşunda gahrymanlarça wepat bolupdy. Ýetim galan bu gyza mamasy eýe çykypdy. Ol:"Hem-ä maña ýoldaş, hemem kömekçi bolar" diýdi. Bu enäniñ ýanýoldaşyny, ogullaryny Beýik Watançylyk urşy alypdy. Ýeke gelni hem geçen hepde rugsadyny alyp gidipdi. Bu gury, sessiz öýi kiçijik Zeýnepjik ala-şowhuna öwürýärdi. Günler, aýlar geçip durdy. Zeýnepjik 7 ýaşyny doldurdy. Mamasy ony oba mekdebine ýazdyryp geldi. Zeýnepjik muña gaty begenýärdi. Ol mamasynyñ gyz wagty göteren haly sumkasyna galam depderlerini salyp, mekdebe tarap ýola düşdi. Begenipjik gelýän gyzjagazyñ birden ýüzi üýtgedi. Sebäp, mekdebiñ töweregi ejesi ýa kakasy bilen gelen okuwçylardan dolydy. Ol mekdebe diñe ejeñ ýa kakañ bilen girmelidir öýtdi. Şonuñ üçin gapyñ agzynda töweregi synlap durdy. Biraz wagtdan onuñ ýanyna bir oglanjyk geldi-de:
-Sen näme üçin bärde dursuñ? Girdä-diýdi.
-Mekdebe diñe ejeñ-kakañ bilen girmeli... Meñ ejem-kakam ýok...
-Bir ýere gitdilermi? Meñ kakamam şähere işe gidýär köp wagtlap.
-Hawa, mamam hem şeý diýýär. Uzaga işlemäge gidipdirler.
Gyzjagazyñ gynanýany gören oglanjyk:
-Pampaza iýjekmi? diýip, Zeýnebe sùýji uzatdy. Zeýnepjik ýylgyrdy, Ýunus hem. Soñra mugallym gelip, olary klasa alyp gitdi.
Ýunus bilen Zeýnep bir partada otyrýardylar, mekdebe bile gidip gidýärdiler, öýe berlen ýumuşlaryny hem bile ýerine ýetirýärdiler. Zeýnep eje-kakasynyñ toýda bile düşen suratyny alyp şolar bilen gürleşerdi. Günler ,aýlar ýyldyrym çaltlygynda geçdi.Zeýnebiñ ýüreginde Ýunusa bolan düşnüksiz emma, ýakymly duýgular peýda bolup başlady. Şeýlelik bilen, Zeýnep Ýunusa aşyk bolanyny bilmän galdy. Ony günde göresi gelýärdi, gürleşesi gelýärdi. Bu hakda weli, aýdyp bilmezdi. Gaty utanardy. Diñe daşdan synlap, guwanyp gezerdi. 8-nji klas wagtlary, arakesmede Zeýnep Ýunusyñ Gülälek atly gyz klasdaşynyñ el torbasyna hatyñ salyp duranyny gördi. Zeýnebiñ ýüregine iññe sanjylan ýaly boldy. Ol derrew öz-özüni köşeşdirmäge durdy "Dosty haýyş edendirle, Gülälege gyýa göz bilen garaýan oglan köple. Ýöne, Ýunus däldirle". Öýlerine gelen badyna, aýnañ öñünde özüni synlamaga durdy. Gülälek bilen özüni deñeşdirdi. Soñam ol Gülälekden kem otyrmaýany bildi. Günlerde bir gün, gyzlar bilen birlikde Zeýnep oba toýundan gaýdyp gülşüp, degişip gelýärdiler.
Şonda ýamanja Bibi atly gyz:
-A gyz Gülälek diýýän-ä, tüweleme, senem ýigit baryny ýakyp ýörsüñ-le-diýip, jakgyldap güldi. Zeýnebiñ ýüregi bir zat syzan ýaly boldy. Bibiniñ aýdanyny gyzlar alyp göterdiler.
-Obamyzyñ ýigitleri Gülälegiñ arzuwynda. Diñe biziñ oba däl, hol gaýraky obanyñam ýigitleri Gülälek joramy gije düýşlerinde görýärler.
-Hawa, dogry aýdýañ-la gyz Leýla. Ol obadan bu oba at salyp ýörler. Agyz, Gülälek, bizede birki ýigit goý-a!- diýip gülüşdiler.
Zeýnep daşyndan gyzlaryñ gürrüñine goşulyp gülýän hem bolsa, içinden "Ýunusam Gülälege aşykmyka? Ýok däldir-le" diýse-de, aradaky hatly wakany ýadyna saldy. Edil Zeýnebiñ pikrini okan ýaly, Bibi:
-Kim näçe at salyp ýörse-de, Ýunusça bolup bilmez-le. Ana, hak aşyk. Gülälek ýüregiñi Ýunus ýaly ýigide berip bilseñ, armanyñ galmaz.
Gülälek utanyp, zordan "Boldy etseñizläñ, gyzlar! Oýnuñ çaky ýagşy" diýdi. Zeýnep Ýunusyñ adyny eşidenden bäri, asman-zemin gapyşana döndi. Geplese, aglajakdy. Ýüzi üýtgäpdi. Intägem howanyñ garañky bolany sebäpli, gyzlar ony görmediler.

Dowamy bar
10
160
awadan
07.11.2024 23:12
Bir desse degişme
— Bäh, fizika mugallymymyz bir gürrüňinde, «Jisim gyzanda ulalýar, sowanda-da kiçelýär» diýipdi welin, ugrunda bar ýaly-la-haw şoň?!

— Hä, näme üçin beý diýýäň?

— Aý, häli günortanlar howa yssyka kepkam kellämi çalaja gysyp durdy, indi salkynladam welin halparyp du-ur…

***

Eger-de düýşüňizde hajathana görseňiz, ulanaýmaň! Ol — duzakdyr!

***

— Şu gün mugallymyma öz ýazan goşgularymy okap berdim.

— Oňaraýypsyň! Oňa geregem şo-da!

***

— Kaka, matematikadan ikilik aldym…

— Näme üçin?

— Şo x-i tapyp bilmedim.

— Bäh! Şu wagtam tapylanokmy şol x?!

***

Kontaktymda käbir adamlaryň adyna «Işi düşdi» diýip belleýän. Onsoň jaň edýärler welin, «işi düşdi» diýip alamok…

***

— Öňräk mekdebimizde zähmet mugallymymyz bilen bedenterbiýe mugallymymyz uruşdy.

— Ýeri onsoň? Kim basdy?

— Elbetde, zähmet mugallym! Karate-de karatedir welin, çekijem çekiç-dä!

***

— Tüweleme! Öýlenenligiň bildirýär-ow! Eşikleriň arassaja, ütüklengije…

— Hawa, aýalymyň ilki öwreden zady şü-ü!

***

Bir gezek öýde matematikadan öý işimi edip duranymy görüp ejem begenjinden aglady. Indi men bular ýaly zady hiç wagt gaýtalamaryn! Ejemiň aglaýşyny görmek maňa hemme zatdanam agyr degýär…
13
873
awadan
19.10.2024 20:20
Aýna
(Kyssa)
Günlerde bir gün Ýusup pygamberiň (a.s) dosty görme-görşe gelýär. Olar saglyk-amanlyk soraşyp, uzak wagtlap gürrüň edip oturýarlar. Ýusup pygamber (a.s) dostuna başyndan geçen wakalary gürrüň berýär. Garaz, dostlar özara dertleşýärler. Gürrüň arasynda Ýusup pygamber (a.s) dostuna:

– Aýt bakaly, maňa näme sowgat getirdiň? Özüň bilýäň-ä, dostuň öýüne eliň boş barylýan däldir – diýip degişýär. Myhman ýitiden üşükli adam eken. Ýusup pygamber (a.s) hem onuň şeýledigini bilýärdi. Dosty şonda şeýle diýýär:

– Dogrusyny aýtsam, saňa nähili sowgat aljagymy bilmedim. Heý-de, sowgat diýip altyn känine bir zerre altyn ýa-da uçsyz-gyraksyz ummana bir damja suw eltip bolarmy?! Saňa ýüregimi sowgat diýip sunmagyň özi hem Hindistana sowgatlyk diýip gara burç äkitmekden enaýy däldir. Saňa diňe seniň gözelligi ýatladyp duran zady sowgat etmek bolar. Şonuň üçin menem ine, şu aýnany getirdim. Aýnada öz nurana ýüzüňi görersiň welin, göwnüň giňlik tapar we şu sowgady saňa meniň berendigimi ýatlarsyň!
11
107
awadan
19.10.2024 13:42
Mazarda ýanan ot (Hakyky bolan waka)

Bu waka 1989-njy ýylda Özbegistanyň Fergana welaýatynyň bir obasynda bolup geçyar.
Özbekleň adaty boýunça täze gelin ir bilen turup, beýlekiler ýatyrka, howlyny, derwezäň daşyny goňşylaryna çenli syryp arasslaýar. Çaý demläp ertirlik taýýarlap goýýar...
Şol gün entak howa ýagtylmanka daşary çykyp, işe başlan taze gelin birden ahy-nala sesini eşidip, diňşirgenip durýar. Olaryň ýaşaýan öýi öwliýa bilen ýanma-ýan eken. Şol sesiň öwliýadan gelýanini bilen gelin, diwardan boýnuny uzadyp öwliýa seredýar...
Görse, bir mazaryň üstünde ot ýanyp dur!!!
Ýaňky gelin dini terbiýesi, bilimi bolany uçin gorkmaýar. Gaýtam siňe seredip mazaryň kime degişlidigini bilýär.
Düýn jaýlanan geliniňkiden çykýan eken ol ot we ahy-nala.
–Ejejaaaan!!! Jaaan ejeee!!!
Gelseneee, bagşlasanaa meni, men ýanýanlaaaa, jaaan ejeeee!!!! diýen ses gelär...
Ýaňky gelin derrew elindäki süwsesini bir gyra taşlap, merhum geliniň öýüne ylgaýar....
Ejesini mazaryň ýanyna getirýär.
–Wahhh, jaan gyzym, balammm, men geldim, näme bolýa jaanym balaaam, diýip merhumyň ejesi elewreýär, ýone mazardan çykýan ses galanok. Şool "eje gelaýsene" diyip nala çekýär..
Birden ýaňky geliniň ýadyna düşýär, gaýyn enesini çagyrýa diýip. Çünki özbekler adat boýunça gaýyna enä EJE diyip ýüzlenýar. Gelin ylgap gaýyn enäni getirýar....
Şonda mazardan ses gelýär:
–Ejejaan!!! Bagyşla meni!!! Seň göwnuňe köp degipdirn!!! Seni sylaman men indi dowzahda ýanýan!!! Bagyşlaý men akylsyzy ejejaaaan!!!!
Gaýyn ene:
–Bah janym, balam bagyşladym, aýdanyma toba etdim, men senden razydyrn!!
Şu sözlerden soň mazaryň üstünde ýanyp duran ot kem-kemden peselip, öçüp galýar...
Merhum gelin diri wagty hiç kimi sylamayan eken. Gaýyn enesem aýdyp-aýdyp ýadansoň "Tizrak öl, dowzaha düş" diýip gargan eken.


Görşüňiz ýaly, bu dünýe, o dünýe her bir edýän işiňize, ädýän ädimiňize hökman hasabat bermeli bolýandyr!
15
105
awadan
18.10.2024 15:30
Deňiz alwastysy...
Bir bay masgalada owadanja gyzjagaz dunya inipdir.Onun ejesi gyzny seyle goqy goren eken ,gyznyn gowun soyen zadyny alyp berip naharlap seredipdir.Gyzjagaz yorjen yorjen bolanda ejesi gyznyn yzynan yorap ony arkasyna alyp goterip gezer eken...ene gyzjagaznyn göwher da_shy yaly goripdir ...wagtyn gecmegi bilen ol gyz ulalyp kemala gelende ejesi gyzna
_Ey menin mahriban gyzym men seyle ajykdym hayys edyan meni naharla diyipdir gyzjagazy bolsa
_Ejejan sen meni hemise ozun naharladyn men ellem hicbir zady saklamady we ellerim ösman galdy diyen jogaby beripdir.Ejesi yene
_Gyzym men seyle ayaklam yadady sen meni arkanda goterip bilmersinmi diyip nayynjar yuzlenme bilen sowal beren gyzy
_Wah kabam sen hemise meni yoredman arkanda goterdin ine su sebab hem men ayaklamhem osman galdy ine yone men ulakan agzym bar diyip gyz agzyny acanda enesi cirkin sesi bilen gygyryp
_Sen menin almazdan otri gowher dek gymmadly yetisdiren gyzymdal sen bir alwasty diyp gahar bilen gyzny denize zynypdyr....
Sol gunlerden son denizciler her tupan turanda denizden bir gyz sesi gelyanligni aytyarlar ol ses seylerak esdilyardi..
_Ejeee...ejejan meni bagysla,meni akid barilerden men juda useyan ini senin diyeninden cykmaryn eje men seni goresim gelya...diyen naynjar gyzyn agy sesleri hali hazre cen hem sol denizen esdilyar...
10
80
awadan
18.10.2024 11:15
Ýalňyz şa gyzy....
Bir bar ....bir hem yok gadym zamanlaryň birinde tümlik basan,gunes yuzi gormeyan tokaýyň icindaki uly bir köskde kijijek sagyzy we karol _karaleva yashapdyr.Sa gyzy owadan hem bagtlydy,ol gyzjagaz ejesini seyle soyerdi su sebapli oz enesinin aydanynan asla cykmazdy..Karaleva diysen betniyet we zalym ayaldy,dine ozni bilip yashayardy.Sa gyzy edil beylekiler yaly boydashlary bilen oyun oynamak islap dashary cykdy,cagajyklan icinde shadyyan degisgen oglanjyk bilen oynardy ...gyzjagaz ol oglanjygyn ozni uly we yalnyz koshkiň icinen halas edjegine ynanyady.Gunlen birinde oglanjyk koshke geldi,sagyzymyz bolsa ylgap cykjak bolanda karaleva gyzjagaznyn onuni baglady yolny kesdi bu bolan wakadan soň sa gyzy onkiligidaldi..A,karol bolsa dine gyzna ertekiler okap beryadi ayaknyn edyan zulumlarna bolsa goz yumardy .Sa gyzy ejesinen beter kakasyny yigrenyadi,ejesinen bolsa gorkyankygy ucin onan uzak galmany islardi...Bir gun sa gyzy ejesnin diyenini tutmady,ertekidaki shadyyan gujijek yaly edmek islap ejesinin urmak ucin peydalanyp jeza beryan uzynja sacjagazlarny duybinen kesdi we ol gyzda gaydyp sac osmesini bes etdi.....seylelik bilen gunler sergezanlygy bilen aylanyp yorka kareleva dunyaden otdi,karol bolsa daliredi hemde gyzjagazny oldirmek isledi ol gyznyn ejesi yaly bolup yetismegini islanokdy karolam sanalgysy dolanson olmek gezegini alanda gyzynan otunc soramak islapdi sonda sol kijejek sa gyzy ulalyp 20 yash mahalynda oz atasynyn olimyastygyndaky halyny gorip ona seyle jogap berdi_
Kaka,sen bir eyyam men ucin öldiň,dine jesedin gezerdi a ejem bolsa jessedi oldi on ruhy hemise meni gynaya yone men oz enemi gunalamok ,meni janan soyyarka sol enemin zulmuna goz yuman kakamy gunalemek isleyan....bu sozleri eshdende karol sonky demini alpdy sheylelik bilen Sa gyzy sol koneje koshde gussallar ajylar ..ayralyklar bn gurlashan koshde yalnyzlyk dosdy bilen yashamagny dowam etdirdi..
8
111
awadan
17.10.2024 17:02
Hekaya
Aldanan gyz hakynda bolan wakalar, köp adamyň durmuşynda duýup biljek agyr duýgulary beýan edýär. Türkmen halk hekaýalarynda we halk arasynda aýdylýan wakalarda bu temalar ýalňyş ynanç, aldanmak, wepaly bolmadyk söýgi ýaly meseleler bilen baglanyşyklydyr. Ine, şol düşünjäni öwrenýän bir hekaýa mysaly:

"Aýsoltan we Oraz"

Bir wagtlar, Aýsoltan atly owadan we mylaýym gyz bardy. Ol maşgalasy bilen kiçijik oba ýaşaýardy we adamlaryň arasynda sylag-hormat görýärdi. Aýsoltan göwün berer ýaly asylly we söýgüli bir ýigidi gözleýärdi. Günleriň birinde, Oraz atly bir ýigit oba geldi. Oňat gepleşikli, ýüzi nurly, sözleri ýumşak bolan Oraz, Aýsoltanyň göwnüni çaldy. Oraz ony söýgüsi, asyllylygy bilen aldady we onuň bilen durmuş gurjakdygyna söz berdi.

Aýsoltan Oraz bilen wagt geçireninden soň, onuň aýdýan her bir sözüne ynanyp, oňa bütin göwün beripdi. Oraz Aýsoltana uzak ýola gidip, işlejekdigini, soňra ýene yzyna dolanyp, ony alyp gitjekdigini aýtdy. Aýsoltan her gün onuň garaşýan ýollaryna gözlerini dikip, Orazyň gaýdyp geljek gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýardy.

Ýöne günler, aýlar geçdi. Oraz gaýdyp gelmedi. Aýsoltan derýaň kenarynda oturyp, Orazyň gaýdyp geljegine bolan umydyny ýitirdi. Günleriň birinde, Orazyň başga bir şäherde başga bir gyz bilen durmuş gurandygy baradaky habary eşitdi. Bu habary eşiden Aýsoltan uly gynanç içinde aglady, çünki oňa bolan ähli söýgüsi we ynamy puja çykdy. Oňat ýürekli gyz, öz söýgüsinde aldanandygyny aňlap, indi ynanjyny ýitirdi.

Aýsoltanyň taryhy halk arasynda "aldanan gyzyň taryhy" hökmünde nesilden-nesle gürrüň berildi. Bu wakanyň manyjygy, ynanjyň, söýgüniň, wepanyň gymmatlydygyny, ýöne ynamsyz adamlara berilse, agyr ýykylmalara getirip biljekdigini düşündirýär.

Hekaýanyň Ähmiýeti:

Bu ýaly hekaýalar halk arasynda we edebiýatda ýiti duýgulary beýan etmek üçin ulanylýar. Aldanan gyzyň taryhy, adamlara ynançsyzlygyň we hilekärligiň näderejede zyýanlydygyny görkezýär. Şeýle hekaýalar, köp kişi üçin durmuş sapaklaryny özünde jemleýär, söýginiň we ynanjyň gymmatyny öwredýär.

Türkmen halkynda we dünýä edebiýatynda aldanan gyzyň temasyny içgin öwrenýän köp sanly beýleki hekaýalar hem bardyr. Olar durmuş sapaklary we duýgular babatynda çuňňur täsir galdyrýar.
11
151
awadan
16.10.2024 11:23
HEKAÝA Ýaramaz oglan
Bir wagtlar, şäheriň gyrasynda ýaşap, her kim tarapyndan ýaramaz tanalýan biri bardy. Ady Kerimdi, ýöne ol özüniň at-abraýyny ýitiren oglanlaryň biri bolupdy. Kiçijik ýaşyndan başlap, Kerim başga adamlary aldap geçmegi ýola goýupdy. Ol örän ökde maşennikdi. Her gün täze bir hile pikirlenip tapýardy, kimdir biriniň sowalyna ýalan jogap berip, öz peýdasyna ýollaryny tapan oglandy. Obada oňa hiç kim ynanmaýardy, ýöne ol hemişe adamlaryň ynamyna girip bilýän bir ussatdy.

Kerimiň ömrüniň başlanmagy, ogurluk bilen bagly wakalar bilen doludy. Ol kiçiliginden käbir zatlary gizlinlik bilen alyp, soň bolsa adamlaryň öňünde masgaralamazlygy üçin ýalan sözler bilen kelepden sypýardy. Esasanam ol bir zady däl, uly zady ogurlamagy endik edindi. Günüň dowamynda söwdagärleriň, adam söwdasynyň pidalarynyň, hatda dostlarynyň hem gymmat bahaly zatlaryny alyp bilýärdi. Ol muny başgalaryň gözüne görnenok ýaly ussatlyk bilen edýärdi.

Bir gün Kerim uly planyny durmuşa geçirmäge taýýar boldy. Ol paýtagtyň iň baý adamlarynyň biri bolan Myrat baýyň öýüne çozmagy meýilleşdirýärdi. Myrat baýyň adam söwda merkezleri, dükanlary bardy, ondan müňlerçe altyn çykardy diýip Kerim eşidipdi. Ol özüne ýene bir gezek şans berip, bu söwda merkezini talap, baýlygyň eýesi bolmak isledi.

Kerim bu plany amala aşyrmak üçin öňünden hemme zady taýýar etdi. Öýüň meýilnamasyny, garawullaryň durýan ýerlerini we beýleki maglumatlary toplapdy. Garagözel atly aýal bolsa onuň dostydy. Ol Myrat baýyň öýünde hyzmatkär bolup işleýärdi. Garagözel Kerimiň dosty bolansoň, ol hem Myrat baýyň ýerlerini bilýärdi, ýöne ol bu plany jenaýatyň bir bölegi hökmünde däl-de, diňe kömek etmek üçin edendigini aýdaýardy.

Şol gijäniň gelmegi bilen Kerim ümsümlik bilen Myrat baýyň öýüne giripdi. Ol gije öýüň içinde hiç kim ýok ýaly hereket edýärdi. Iň gymmat bahaly altyn şaý-sepleri, gümüş gap-gaçlary ýygnaýardy. Öňkülerden tapawutlylykda, bu gezek Kerimiň niýeti has uludy. Ol diňe ýönekeý bir ogurluk etmän, eýsem hemme zady almak, özüni paýtagtyň iň baý adamy hökmünde tanatmakdy.

Ýöne Kerim bu gezek bir zady ýatdan çykardy: Myrat baýyň öýüniň howpsuzlyk ulgamy bardy. Ol öýden çykyp barýarka, howpsuzlyk kameralary onuň ýüzüni, hereketlerini ýalňyşsyz ýazga geçirdi. Ertesi gün Kerimiň ady ähli gazetlerde peýda boldy. Polisiýa onuň her hereketini yzarlap başlady. Ol başda polisiýadan gizlenip ýördi, ýöne ahyrynda tutulaýdy. Kerimiň birnäçe ýyldan bäri eden ogurlyklarynyň hemmesi gün ýaly açyk boldy.

Kerim türmä basyldy, ýöne ol henizem özüniň günäli däldigini aýdyp, mydama özüni aklap biler ýaly täze hile pikirlenip ýördi. Türmede köp wagt geçireninden soň, ol köne durmuşyna hiç wagt gaýdyp barmazlygy üçin diňe bir zatdan ybarat karara geldi: "Her hili maşennikligi taşlaýan. Sebäbi meniň ýalňyşym öz ýolumy ýitirmägimdi."

Şeýlelik bilen Kerim ömrüniň galan bölegini öňki edýän işlerinden gaýdyp, täze, ýagşy ýollardan gitmäge karar etdi. Ýöne onuň ady adamlar üçin hemişe ýaman maşennik hökmünde ýatlanyp galýardy. Sebäbi ol ömrüniň köp bölegini aldaw, hile, maşenniklik bilen geçiren oglan bolupdy. Hakyky abraýy ýitirmek ýeňil, ýöne ony gaýtadan gazanmak örän kyndy.
11
104
awadan
16.10.2024 09:19
font size="6">Hekaýa
Bir wagtlar, dag eteginde ýerleşýän kiçijik, ýagşylykly obada Nurýagdy atly bir ýigit ýaşapdyr. Ol obada her bir işde, her bir gezimde, hatda adamlaryň arasynda-da öz ýeňil gülküsi we açyk ýüregi bilen bellidir. Ýöne Nurýagdynyň ýüreginde başga bir ot bardy — onuň ýüregi Günnur atly bir gyza aşykdy. Günnur — owadan, sahy, edepli we her kimiň hormatyny gazanan bir gyzdy. Ol ýeke Nurýagdynyň däl, bütin obanyň göwnünden turýardy. Ýöne Nurýagdy onuň ýanyna baryp, ýüregindäkileri aýtmaga, duýgularyny açmaga ynanmaýardy, sebäbi Günnur onuň üçin elýeterli däl ýaly duýulýardy.

Bir gün Günnur öz maşgalasy bilen obanyň çetindäki baglara gezelenje çykdy. Ol ýer, Nurýagdynyň iň köp gezýän ýeridi. Ol baglaryň içinde pikirlere batyp, hyýal bilen gezip ýördi. Birdenkä Günnur bilen ýüzbe-ýüz gabat geldi. Ikisi-de birbada dymdylar, göwünlerdäki söýgi bilen garadylýan nazarlar dilsiz hem dertli boldy. Emma Nurýagdynyň ýüregi agyrdy, sebäbi ol Günnur bilen bile bolup bilmejekdigine berk ynanýardy.

Bir gün Nurýagdy ähli güýjüni jemläp, Günnur bilen gürleşmäge karar berýär. Obanyň suw ýakasyndaky uly baýramçylygyň bir güni Nurýagdy Günnuryň ýanyna baryp, ýüreginiň içini açdy.

— Günnur, sen meniň üçin diňe bir owadan gyz däl, sen meniň ähli umytlarymyň, arzuwlarymyň çeşmesi. Men uzak wagtlap seniň hakda pikir etdim, ýöne ýüregimdäkileri saňa aýtmakdan gorkdum. Eger saňa bolan söýgimi bilip, sen meni daşlaşdyrsaň, men ony başdan geçirmegem islemedim. Emma indi özüňi aldamagyň manysy ýok. Sen meniň ähli pikirimsiň, sen meniň bagtym, meniň dünýäme öwüsýän şemaldyr.

Günnur dymdy. Ol başyny egdi we gözlerinden ýaşlar göründi.

— Nurýagdy, sen meniň üçin hem örän gymmat. Sen hemişe adamkärçilikli we gowy ýigit bolup galdyň. Men seniň ýagşylyklaryňy hiç haçan inkär edip biljek däl. Ýöne... — Günnur saklandy, onuň sesi ýuwaş, emma agyrdy. — Men bu obadan gitmeli. Maşgalamyz uzak şäherde täze durmuş gurmagy karar etdi. Men saňa bu hakda aýtmaga gorkdum, sebäbi seniň ýüregiňi agyrtmak islemedim.

Nurýagdynyň ýüregine salymda agyrlyk çöken ýaly boldy. Ol Günnuryň ýüzüne seretdi, emma ol ýüzüňde galdyrjak bolýan gözýaşlary bardy.

— Sen gidersiňmi? — Nurýagdy zordan dille boldy.

— Hawa, men gitmeli. Maşgalamyň karary bu, men olara garşy çykyp bilmerin.

Şol gün Nurýagdy we Günnur dym-dyrslykda bir-birlerine seredip durdular. Olaryň arasynda bir dünýälik söýgi bardy, ýöne ol dünýäniň arasynda uly bir uzaklyk emele gelipdi. Günnur öz borjuny we maşgalasyny saýlap, Nurýagdy bilen hoşlaşdy. Ol gitdi, Nurýagdy bolsa onuň yzyna seredip galdy.

Nurýagdy Günnuryň gitmegini kabul etmekde kynçylyk çekdi. Günler, aýlar geçip, Günnur Nurýagdynyň durmuşynda diňe bir hatyra bolup galdy. Emma şonda-da, Nurýagdy Günnuryň ýüreginde çümmüp galan söýginiň hiç haçan doly ýitmejekdigine ynandy.

Olar söýüşdiler, ýöne hiç haçan bile bolup bilmediler. Söýgi olara bagt getirmedi, ýöne olaryň ýüregine ömürlik yz galdyrdy. Günnur Nurýagdynyň ýüregindäki hemra bolup, onuň ýatlamasynda ýaşady. Şeýlelikde, Nurýagdy söýginiň käte gowşamakdan däl-de, ýitirmekden ybaratdygyny, ýöne şol ýitgiň hem diňe söýginiň hakykylygyny görkezýändigini duýdy.
10
95