awadan
09.11.2024 10:47
Hekaýa. GYZ SÖŸGÜSİ.2-nji bölüm
Leýla birden:
-Gyzlar, gurt agzasañ, gurt geler diýleni. Serediñ, yzymyzdan Ýunus gelýän ýaly-la.
-Hawa, Ýunus. Gülälegi idäp ýörendir- diýip, Bibi tassyklady. Zeýnep yzyna bakmak islemedi. Bibi çatrykda gyzlar bilen hoşlaşyp, öýüne sowuldy. Soñam Zeýnep sowulmalydy. Olam gyzlar bilen hoşlaşan ýaly etse-de, uzaga gitmän bagyñ aşagynda, Ýunusyñ geçerine garaşyp durdy. Ýunus jan alyjy bakyşy bilen geçip gidende, Zeýnep oña bildirmän yzyna düşdi.
Ol hakykatdanam, Ýunusyñ Gülälegi halaýamy ýa ýok şony bilesi gelýärdi. Ana-da, Leýli öýlerine girip gitdi. Köçäniñ ugrunda Gülälek, Ýunus, Zeýnep durdy. Gülälek öýlerine girmän, göni çeşmä tarap ýöredi. Ýunusam şonuñ ugry bilen gitdi. Zeýnebem olardan galmaýardy. Çeşmäniñ boýundaky bagyñ aşagynda iki juwan duşuşdylar. Aýly gije olara hemrady. Ýunus:
-Gülälegim, men indiki hepde gulluga gitmeli.- biraz dymyp, gyzyñ näzik barmaklaryndan tutup:
-Sen maña garaşarmyñ?- diýip sorady.
-Saña garaşaryn- diýip, gyz utanyp añrysyna bakdy.
-Nesip bolsa, iki ýyldan gelerin. Soñam obany haýran edip, toý tutarys. Sen-ä mährilije eje, menem daýaw kaka bolaryn...
Zeýnep yzyny eşitmedi. Göz ýaşyny saklap bilmedi. Bukulyp ýatan ýerinden, ýuwaşlyk çykjak boldy. Bolmady, ysgyny ýokdy. Sessizje aglaýardy. Her näçe kyn hem bolsa, ýerinde galyp, öýlerine tarap ylgap gitdi. Gelibem, mamasyna bildirmän, öz otagyna geçip aglady. Ejesiniñ suratyny alyp, oña ýüregini dökdi:
"Ejejan, ýeke-täk syrdaşym sensiñ,
Ýürek syrym senden özge kime aýdaýyn.
Ejejan, diñle meniñ ýykyldy dünýäm,
Özge bilen gördüm men söýýän ýigdimi,
Näçe gündür hiç otyryp karar tapamok,
Göýä dem almaga howa ýetenok.
Ýöne, men ol ýigidi günäkärlamok.
Ol meniñ söýýänimi bilenok,
Ýöne näme üçin?, näme üçin ?
Muny onuñ özi duýanok....
"Men seni söýýän ,men seni söýýän!"
Ýöne her gezek içimden diýýän,
Muny oña aýtmaga dilim baranok,
Muña gyzlyk ejabym rugsat berenok..." diýip, ejesine ýürek heserini aýtdy.
Ýunusyñ gulluga ugran güni, Zeýnep oña garaşjakdygyny öz-özüne söz berdi. Ol soñunda bolmajagyny bilýärdi, ýöne şonda-da umyt baglaýardy. Ol ony unutmak islemeýärdi... Zeýnep Ýunus hakda Gülälekden, ýa Ýunusyñ jigilerinden eşiderdi. Onuñ sag-aman gulluk edip, ýöreni eşitmek oña ýeterlikdi. Zeýnep ol hakda eşiden güni al-asmana uçardy. Özüni bagtly saýardy. Kämahal Güläleklere baranda, ondan gelen hatlary okardy. Şonda hatdaky ýazylan sözleri özüne aýdylan dek bolardy. Ýunusyñ gulluk edip ýörenine 8 aý bolanda, agyr kesele uçrady. Bu habary eşiden Zeýnep hamala özi keselhanada agyr ýagdaýda ýatana döndi. Her gije onuñ sagalmagyny Alladan dileg etdi. Eli ýeñil lukmanlar, Ýunusy çalt aýaga galdyrdylar. Ýigidiñ sagalanyny eşiden, Zeýnebiñ ýüregine ynjalyk geldi. Şeýle günleriñ birinde, Zeýnep pagta ýygmynda gelýärkä, ýolda Bibä sataşdy. Sag-amanlykdan soñ, Bibi:
-Zeýnep, bahym ümä üýşýändiris. Çykjak gyzyñ bukjasyna kömek etmelisiñ, sen tüweleme el-işine gaty ökde.
-Gowdugyny, obamyzda toý boljakda. Nähili kömek bermeli bolsa, men bar. Ýogsa-da, çykjak gyz kim? Sen özüñä dälsiñ?
- Ýokla, gyz men däl. Bize entäk ýaş bolýas. Obamyzyñ iñ owadan güli Gülälek çykýar- diýdi. Zeýnep üstünden gaýnag suw guýlana döndi.
- O nähili Gülälek?! Ol Ýunusa garaşýardy...- diýip aýdanda, sesi sandyrap çykdy.
- Hawa, ýöne ene-atasyna garşy çykyp bilmezä. Ýunusam düşünerle- diýdi. Zeýnebiñ başy dumanlydy. Näme aýdyp, näme goýanyny bilmedi. Tä Gülälegiñ toýy sowulýança özi däl ýaly bolup gezdi..

Soñy.
7
138
erkek
Düýn 22:50 wagtda
şt
erkek
Düýn 22:50 wagtda
Yzy ba bolsa goýaýda haýy🙏🙏🙏🙏🙏🙏🙏🙏🙏🙏🙏🙏🙏🙏🙏🙏🙏🙏🙏🙏🙏🙏🙏🙏🙏🙏🙏🙏🙏
erkek
Düýn 22:50 wagtda
Yzy ba bolsa goýaýda haýy🙏🙏🙏🙏🙏🙏🙏🙏🙏🙏🙏🙏🙏🙏🙏🙏🙏🙏🙏🙏🙏🙏🙏🙏🙏🙏🙏🙏🙏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.