awadan
08.11.2024 01:24
Hekaýa. GYZ SÖŸGÜSİ.1-nji bölüm Bahar paslynyñ ajaýyp güni, dañ şemaly öwsen mahaly,
obanyñ çetindäki öýde enaýja jägildäp bäbejik dünýä indi. Bu kiçijik balajyga jan beren mähriban ene ýaş üstünden aradan çykdy. Owadan, gara gözlije gyzjagazyñ kakasy Ikinji Watançylyk urşunda gahrymanlarça wepat bolupdy. Ýetim galan bu gyza mamasy eýe çykypdy. Ol:"Hem-ä maña ýoldaş, hemem kömekçi bolar" diýdi. Bu enäniñ ýanýoldaşyny, ogullaryny Beýik Watançylyk urşy alypdy. Ýeke gelni hem geçen hepde rugsadyny alyp gidipdi. Bu gury, sessiz öýi kiçijik Zeýnepjik ala-şowhuna öwürýärdi. Günler, aýlar geçip durdy. Zeýnepjik 7 ýaşyny doldurdy. Mamasy ony oba mekdebine ýazdyryp geldi. Zeýnepjik muña gaty begenýärdi. Ol mamasynyñ gyz wagty göteren haly sumkasyna galam depderlerini salyp, mekdebe tarap ýola düşdi. Begenipjik gelýän gyzjagazyñ birden ýüzi üýtgedi. Sebäp, mekdebiñ töweregi ejesi ýa kakasy bilen gelen okuwçylardan dolydy. Ol mekdebe diñe ejeñ ýa kakañ bilen girmelidir öýtdi. Şonuñ üçin gapyñ agzynda töweregi synlap durdy. Biraz wagtdan onuñ ýanyna bir oglanjyk geldi-de:
-Sen näme üçin bärde dursuñ? Girdä-diýdi.
-Mekdebe diñe ejeñ-kakañ bilen girmeli... Meñ ejem-kakam ýok...
-Bir ýere gitdilermi? Meñ kakamam şähere işe gidýär köp wagtlap.
-Hawa, mamam hem şeý diýýär. Uzaga işlemäge gidipdirler.
Gyzjagazyñ gynanýany gören oglanjyk:
-Pampaza iýjekmi? diýip, Zeýnebe sùýji uzatdy. Zeýnepjik ýylgyrdy, Ýunus hem. Soñra mugallym gelip, olary klasa alyp gitdi.
Ýunus bilen Zeýnep bir partada otyrýardylar, mekdebe bile gidip gidýärdiler, öýe berlen ýumuşlaryny hem bile ýerine ýetirýärdiler. Zeýnep eje-kakasynyñ toýda bile düşen suratyny alyp şolar bilen gürleşerdi. Günler ,aýlar ýyldyrym çaltlygynda geçdi.Zeýnebiñ ýüreginde Ýunusa bolan düşnüksiz emma, ýakymly duýgular peýda bolup başlady. Şeýlelik bilen, Zeýnep Ýunusa aşyk bolanyny bilmän galdy. Ony günde göresi gelýärdi, gürleşesi gelýärdi. Bu hakda weli, aýdyp bilmezdi. Gaty utanardy. Diñe daşdan synlap, guwanyp gezerdi. 8-nji klas wagtlary, arakesmede Zeýnep Ýunusyñ Gülälek atly gyz klasdaşynyñ el torbasyna hatyñ salyp duranyny gördi. Zeýnebiñ ýüregine iññe sanjylan ýaly boldy. Ol derrew öz-özüni köşeşdirmäge durdy "Dosty haýyş edendirle, Gülälege gyýa göz bilen garaýan oglan köple. Ýöne, Ýunus däldirle". Öýlerine gelen badyna, aýnañ öñünde özüni synlamaga durdy. Gülälek bilen özüni deñeşdirdi. Soñam ol Gülälekden kem otyrmaýany bildi. Günlerde bir gün, gyzlar bilen birlikde Zeýnep oba toýundan gaýdyp gülşüp, degişip gelýärdiler.
Şonda ýamanja Bibi atly gyz:
-A gyz Gülälek diýýän-ä, tüweleme, senem ýigit baryny ýakyp ýörsüñ-le-diýip, jakgyldap güldi. Zeýnebiñ ýüregi bir zat syzan ýaly boldy. Bibiniñ aýdanyny gyzlar alyp göterdiler.
-Obamyzyñ ýigitleri Gülälegiñ arzuwynda. Diñe biziñ oba däl, hol gaýraky obanyñam ýigitleri Gülälek joramy gije düýşlerinde görýärler.
-Hawa, dogry aýdýañ-la gyz Leýla. Ol obadan bu oba at salyp ýörler. Agyz, Gülälek, bizede birki ýigit goý-a!- diýip gülüşdiler.
Zeýnep daşyndan gyzlaryñ gürrüñine goşulyp gülýän hem bolsa, içinden "Ýunusam Gülälege aşykmyka? Ýok däldir-le" diýse-de, aradaky hatly wakany ýadyna saldy. Edil Zeýnebiñ pikrini okan ýaly, Bibi:
-Kim näçe at salyp ýörse-de, Ýunusça bolup bilmez-le. Ana, hak aşyk. Gülälek ýüregiñi Ýunus ýaly ýigide berip bilseñ, armanyñ galmaz.
Gülälek utanyp, zordan "Boldy etseñizläñ, gyzlar! Oýnuñ çaky ýagşy" diýdi. Zeýnep Ýunusyñ adyny eşidenden bäri, asman-zemin gapyşana döndi. Geplese, aglajakdy. Ýüzi üýtgäpdi. Intägem howanyñ garañky bolany sebäpli, gyzlar ony görmediler.

Dowamy bar
10
160
Miss_Minnosh❤️
8 Noýabr 2024
1nji klasda soygumi😊
alma___
8 Noýabr 2024
Dowamyna garaşýan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.