awadan
19.10.2024 20:20
Aýna
(Kyssa)
Günlerde bir gün Ýusup pygamberiň (a.s) dosty görme-görşe gelýär. Olar saglyk-amanlyk soraşyp, uzak wagtlap gürrüň edip oturýarlar. Ýusup pygamber (a.s) dostuna başyndan geçen wakalary gürrüň berýär. Garaz, dostlar özara dertleşýärler. Gürrüň arasynda Ýusup pygamber (a.s) dostuna:

– Aýt bakaly, maňa näme sowgat getirdiň? Özüň bilýäň-ä, dostuň öýüne eliň boş barylýan däldir – diýip degişýär. Myhman ýitiden üşükli adam eken. Ýusup pygamber (a.s) hem onuň şeýledigini bilýärdi. Dosty şonda şeýle diýýär:

– Dogrusyny aýtsam, saňa nähili sowgat aljagymy bilmedim. Heý-de, sowgat diýip altyn känine bir zerre altyn ýa-da uçsyz-gyraksyz ummana bir damja suw eltip bolarmy?! Saňa ýüregimi sowgat diýip sunmagyň özi hem Hindistana sowgatlyk diýip gara burç äkitmekden enaýy däldir. Saňa diňe seniň gözelligi ýatladyp duran zady sowgat etmek bolar. Şonuň üçin menem ine, şu aýnany getirdim. Aýnada öz nurana ýüzüňi görersiň welin, göwnüň giňlik tapar we şu sowgady saňa meniň berendigimi ýatlarsyň!
11
107
june
21 Oktýabr 2024
Gaty gowy eken yazanyn elerine saglyk
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.