atakulyyewa_humay
06.03.2023 00:14
Türkmen diline terjime edilende «daş,kagyz,gaýçy» diýen manyny berýän şekilli bije oýny, aslynda «bir-iki-üç» diýip sanamaklygyň sinonimi hasaplanýar. Dünýäde bu oýnuň «Su-ýe-fa» sesleri arkaly aýdylýan görnüşi has meşhur hasaplanylýar. Oýnuň sözleri rus sebitleriniň käbirinde biri-birinden düýpgöter tapawutlanýar.Mysal üçin, Kamçatkada «Çin-gis-han», Omskda «Wan-çu-wes», Permde «Bu-si-fa» görnüşinde aýdylýar.



Täsinlikler...





Rubigiň kub tapmasyny çözmek
üçin ortaça 48-100 öwrüm gerek bolýar.









Wenera sagat ugruna görä aýlan­ýan ýeke-täk planetadyr. Alymlar munuň sebäbini geçmişde oňa täsir eden ullakan asteroidler hem-de ýokarky atmosferadaky howa akymlarynyň güýçli aýlanmasy bilen düşündirýärler










Olimpiýa baýdagyndaky biri-birine baglanyşyp duran bäş sany «birleşen dostluk» halkasy Ýer togalagynyň bäş yklymyny, ýagny Ýewraziýany, Afrikany, Günorta we Demirgazyk Amerikany,Awstraliýany aňlad­ýar. Halkara O l i m p i ý a komitetiniň ozalky prezidenti Pýer de Kuberten her bir döwletiň milli baýdagynda bolmanda şol halkalardaky ak fon bilen bezelen reňkleriň (gök, sary, gara, ýaşyl, gyzyl) biriniň bolmalydygyny belläpdir. Dünýäniň köp döwletiniň kagyz hem-de teňňe pullarynda, şeýle-de medallarynda Pýer de Kuberteniň we Olimpiýa alawynyň, halkalarynyň şekilleri ýerleşdirilipdir.



21
315
atakulyyewa_humay
04.03.2023 21:00
🇹🇲2008-nji ýylyň 26-njy iýunynda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Döwlet
medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň
öňünde dikilen Döwlet baýdagymyzyň
sütüni «Dünýäniň iň beýik baýdagy» diýlip, Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna
girizildi. Baýdak sütüniň uzynlygy 133 metrdir.
Onuň ini 52,5 metre, boýy 35 metre ,
agramy hem 420 kilograma deňdir. Görkezijiler Iordaniýadaky we Birleşen Arap Emirliklerindäki baýdak sütünlerinden hem ýokarydygyny mälim edýär. Bu döwletlerdäki baýdak sütünleriniň beýikligi degişlilikde 132 we 123 metrdir.



Baýdakly sütün...


🇹🇷Osmanly imperiýasynyň 1844-nji ýylda Tanzimat reformasynda kabul eden ilkinji resmi baýdagy Türkiýäniň Döwlet tugunyň esasyny düzüjidir. Imperiýanyň ilkinji resmi baýdagyndaky bäş burçly ýyldyzy we ýarym Aýy Döwlet tugunyň häzirki görnüşine garanyňda göwrüm taýdan uludyr. Baýdagyň reňkiniň gyzyl bolmagy halkyň güýjüni, gaýduwsyzlygyny we watansöýüjiligini alamatlandyryar.






🇧🇷1989-njy ýylyň 19-njy noýabrynda
Braziliýanyň baýdagynyň häzirki zaman görnüşi kabul edilýär.Bu sene her ýyl respublikada Baýdak güni hökmünde bellenilýär. Şeýle-de ýurtda hökmany çäre hökmünde mekdeplerde hepdede bir gezek baýdak galdyrmak dabarasy geçirilýär. Braziliýanyň Döwlet baýdagy ýerligi ýaşyl,merkezinde sary romb, onuň içinde hem 27 sany ak ýyldyzlar bilen bezelen ortasyndan hatly zolak geçýän gök şaryň şekili ýerleşdirilen görnüşdedir. Gök şardaky zolakda ýaşyl reňkde ýazylan «Ordem e Progresso», ýagny «Sargyt we öňegidişlik» diýen ýazgy bar. Braziliýanyň 26 sebit we 1 federal etraby baýdakda 27 ýyldyz bilen görkezilýär.






🇲🇳«Gök asmanyň ýurdy» hasaplanýan Mongoliýanyň Döwlet baýdagynda gyzyl, gök zolaklar hem-de sary reňkde halk ynanjy bilen bagly «soýombo» atly simwoliki nyşana orun berlendir. Ilkinji gyzyl zolakda ýerleşen täsin nyşan, «älemdäki ähli zadyň başlangyç nokady» diýen manyny berýär.Soýombodaky iki sany dik gönüburçluk — güýji, bozulmaz dostlugy; «In we Ýanga» meňzeş şekil — halkynyň hüşgärligini, hiç wagt balyk ýaly gözüni ýummaýanlygyny, şeýle-de ýagşylygy; kese kiçi gönüburçluklar hem-de üçburçluklar — sähralygy, dogruçyllygy, açyklygy, adalaty; Aý we Gün — bakylygy, ýagtylygy; üç alawly ot — geçmişi, şu güni hem-de geljegi aňladýar diýen halk ynançlarynyň jemlenmesidir.




🇳🇵Dünýäde ýeke-täk gönüburçly bolmadyk baýdak, Nepalyň milli tugudyr. Ol 1962-nji ýylyň 16-njy dekabrynda täze konstitusiýa hökümetiniň gurulmagy bilen bir wagtda kabul edildi.Baýdagyň her bölegi Rana neberesiniň iki şahasynyň —
ýurduň öňki hökümdarlarynyň ýönekeýleşdirilen birleşmesidir. Baýdakdaky iki şa nyşany, Nepalyň Gün, ýyldyzlar we Aý ýaly dowam etjekdigine
bolan umydy aňladýar.





🇦🇺Awstraliýanyň baýdagyndaky gök reňk ony gurşap alýan ummany, çep tarapynyň ýokarky burçundaky Beýik Britaniýanyň tugy ýurduň iňlis arkalaşygyna degişlidigini, alty sany ak ýyldyz bolsa döwletiň alty ştatdan ybaratdygyny aňladýar. Baýdak 1901-nji ýylda döredildi.

15
314
atakulyyewa_humay
03.03.2023 11:09
Hazynalaryň adasy...


Dünýäde köpleriň ünsüni çekýän täsin adalaryň müňlerçesi bardyr. Olaryň käbirleri gözel tebigaty bilen tapawutlanýarlar. Şeýle geň ýaşalmaýan adalaryň arasynda iň ulusy bolan ,,Isla del Koko" bu babatda düýpli tapawutlanýar. Ol jahankeşdeleri özüne ,,ellenmedik" jeňňellikleri, kenary, asyrlarboýy rowaýatlara öwrülen ,,gizlenen hazynasy" we ,,garakçylaryň kartasy" bilen çekýär. Kosta-Rikanyň esasy adalaryndan 600 kilometr daşlykda ýerleşen bu ada höwesjeňler tarapyndan 300-den gowrak hazyna gözlemek üçin düzülen ýörite ekspedisiýalar gurnalypdyr. Kokos ,,Ýura döwrüniň parky" filminiň surata düşürilen ýeridir. Şeýle-de bu ada ,,hazyna gözlemäge" we ajaýyp tebigatdan lezzet almaga gelen meşhur adamlaryň arasynda Franklin Ruzwelt, Wilýam Wanderbilt II, Malkolm Kembell we beýlekiler bardyr.



Hazynlaryň adasy...
13
193
atakulyyewa_humay
02.03.2023 00:25
🟢Göz keseliniň emi:

Dertli adam gözüne sürtse sogan suwuny,
Çylpyk, şowakörlükden dyndarar daýym ony.

🟢Gulak agyrysynyň emleri:

Sen sygyr peşewinden üç damjadan gulaga
damdyrsaň, dert dep bolup, gider senden uzaga.

Tilki ýagyn gyzdyryp üç damja guý her zaman,
Kim ker bolsa, şol dertden gutular ol biguman.

🟢Gury üsgülewügiň emleri:

Süýde injiri salyp, gaýnadyp içseň eger,
Üsgülewük derdiňden galmaz asla bir digir.

Üsgürmeden ejir çekse, gije-gündiz bir kişi,
Baýtal süýdünden içse, bolmaz derdiň teşwişi.

🟢Böwrek derdiniň emleri:

Turpuň tohumy bilen sarymsagy bişirseň,
Iýseň, böwrek daşyndan çekmersiň kän ejir sen.

Bişen sarymsak iýseň, böwregiňi päk eder,
Böwregiň tapsyz bolsa, çig iýme-heläk eder.

🟢Öt derdiniň emi:

Benewşäniň suwuny goşup içseň şekere,
Şonda saňa ýol galmaz öt derdini çekere.

🟢Teşneligiň we ysytmanyň emi:

Sen yşgyna meýil etseň, teşnelik bolar uzak,
Tendäki ysytmany eder ol senden uzak.

🟢Teniň ala bolmagynyň emi:

Gardaş, seniň teniňde şol dert bar bolsa eger,
Içýanyň hamyn alyp, sirke bilen sürtewer.

🟢Gany täzelemegiň emi:

Käşiri suwa salyp, gaýnadyp assa-assa,
Bala garyp iýensoň, gan-täze hem arassa.



Şygyr bilen ýazylan emler...

17
154
atakulyyewa_humay
01.03.2023 14:32
🟥Kak — ýagyş suwunyň ýygnanýan ýeri.

🟥Sadyr — bir ýerde köp ýatan suw.

🟥Çabga — ýagşyň bat bilen güýçli ýagmagy.

🟥Jala — orta tapdaky ýagyş.

🟥 Öýlänçi — ýaz, tomus aýlarynda öýländen soň, duýdansyz gelýän ýagyş.

🟥 Leýsan ýagşy — ýazyň başynda ilkinji ýagýan ýagyş.

🟥Tozan ýagyş — tot-tozany ýatyrýan ýeňil ýagyş.

🟥Jybarlap ýagýan ýagyş — sepeläp maýdaja ýagýar.

🟥Çyg — tomus aýlary gijesine düşýän suw damjalary.

🟥Gyraw — gyş aýlary düşýän doň halyndaky çyg.

🟥Burjy — ýagýan ýagynyň agajyň şahalaryndaky ýa-da ot-çöplerdäki doňýan görnüşi.

🟥 Jöwenek — maýdajadan, gaty gar şekilli ygal.

🟥Doly — iri görnüşli buz şekilli ygal.


Ýaz geldi ýagyn-ýagyşly...
16
201
atakulyyewa_humay
28.02.2023 00:35
Derýa täsinlikleri...


☝️(Bir az garaşsaňyz derýalaryň suratlary hem açylar)


🟢Iň syrly derýalaryň biri Kolumbiýa döwletiniň çäginde ýerleşýän Kano Kristales derýasydyr, uzynlygy 100 km, ini 20 metr. Onuň suwy 5 ýaşyl, mawy, sary, gyzyl hem-de gara reňklidir. Bu derýanyň suwunyň şeýle görnüşde bolmagy – şöhleleriň serpikmesi, derýadaky suwotularynyň hem-de derýa çägeleriniň täsiri bilen düşündirilýär. Şeýle hem ol dünýäde iň owadan derýa hasaplanýar.


Derýa täsinlikleri...


🟢 Grenlandiýa adasyndaky suwly çeşme – derýajygynyň suwunyň mawy reňkli bolmagy syrlygyna galýar.



🟢Ýer şarynda öz suwuny çöl sähralygyna guýýan derýalaryň iň uzyny Tejen derýasydyr.



🟢Kolumbiýanyň çägindäki Purase wulkanyndan akýan El-Rio-Winegro derýasy dünýäde iň turşy suwly derýadyr. Onuň umumy uzynlygy – 1260 km bolup, onuň suwunyň düzgümi 11%-i kükürt, 9%-i duz turşusyndan ybaratdyr. Bu derýanyň suwunyň ýokary kislota garyndyly bolmagy wulkanyň ýakynyndalygy bilen düşündirilýär.



🟢Kareliýanyň çägindäki Şuýa derýasy öz akym ugruny ýylyň dowamynda ortaça 20 gezek üýtgedýär.



🟢Russiýanyň çägindäki Indigirka derýasy gyşda durşuna doňýandygy sebäpli dünýäde iň sowuk derýa hasaplanýar.



🟢IX hem-de XI asyrlarda Nil derýasynyň suwy howanyň aşa sowuklygy zerarly buz bilen örtülipdir.





🟢Demirgazyk adasyndaky Puarenga derýasyndan tutan balygyňy bada-bat iýip bolýar. Sebäbi bu derýa öz gözbaşyny hiç wagt garyşmaýan sowuk hem-de gyzgyn, gaýnap duran çeşmelerden alýar.





🟢Amazonka derýasy dünýäde iň uly derýa delfinleriniň ýaşaýanlygy sebäpli derýalaryň şasy hasaplanýar.




🟢Ob derýasynyň suwy tomus hem-de güýz pasyllarynda zolak-zolak bolup akýar.



🟢 Dünýäde iň çasly akýan derýa Hindistanyň Brahmaputra derýasydyr.




🟢Marrambiji derýasy Awstraliýa materiginde ähli pasyllarda akýan ýeke-täk derýadyr.



🟢ABŞ-nyň Montana ştatyndan akýan Rou derýasynyň uzynlygy 17,7 metr bolup, ol dünýäde iň gysga derýadyr.



🟢Günorta Tibet sähralygyndan akýan Ýarling Sangpo derýasy dünýäde iň beýikden akýar. Ol derýa deňiz derejesinden 3000 metr beýiklikde ýerleşýär.




🟢Rio-de-la-Plata derýasyna Parana hem-de Urugwaý derýalarynyň guýmagy sebäpli dünýäde iň inli derýa hasaplanýar.




🟢Indoneziýanyň Kalimantan adasynda ýerleşip, öz suwuny Günorta Hytaý deňzine guýýan Kapuas derýasy adalardaky iň uzyn derýa hasaplanýar. Onuň uzynlygy 1143 km-e barabardyr.




🟢Her ýylyň 14-nji marty Halkara derýalara güni.



🟢 Alymlaryň hasaplamalaryna görä, derýalar deňizdir ummanlara her ýylda 16 milliard kub gyrmança hem-de daş böleklerini getirip guýýarlar.
21
294
atakulyyewa_humay
27.02.2023 01:00
Türkmen talyby, boş wagtyň ýokdur,
Gije-gündiz kitap bilen hemrasyň.
Okap-okap, kitap yzyna kitap,
Açarsyň sen Ýaradanyň dünýäsin!


Jahalat zamany geçdi bir eýýäm,
Indi dünýä Kitap bilen açylýar.
Syrly Gelejege edýändir seýran
Ýüz müňläp kitaby okan akyldar!


Okaber, gynan-da wagtyň azlygna,
Gije-gündiz okap ylym hakyň al.
Teňňesi sanalgy talyp aýlygňa,
Kitap satyn al,
Soň akyl ýetirsiň
Alan baýlygňa!


Okaber, okaber, okaber, talyp,
Ylym — bu dünýäniň genji-känidir.
Arşa uçjak bolsaň – uçurar ylym,
Ummandan geçjekmi – ylym gämidir!


Sen talypsyň, ýaşsyň goja dünýäde,
Ýaşlyk gursagyňa sygarmy näme?
Damara sygýarmy dyňzaýan ganyň?
Gözleriňden uçgun syçrap durandyr,
Gursagyňdan yşkyň syçrap durandyr!
Heý, sygarmyň dünýäsine Allanyň?


Bir garnyň dok bolsa, kyrkysy açdyr,
Hem gowja geýmeli — sebäp sen ýaşsyň,
Hem gowja iýmeli — sebäp sen ýaşsyň,
Emma hemraň bolsun kitap-depderiň,
Sebäp saňa beýik Geljek garaşýar
Talyby sen — iň ýokary mekdebiň!


Oka sen, dünýäniň kitabyn oka,
Soň kitap deý okarsyň sen dünýäni.
Pirler okap, okap barandyr Haka,
Kitap şuglasyny saçýar Gün ýaly.


Okaber, okaber, okaber, talyp,
Ylym bolsun seniň toplan hazynaň.
Kitap bolsun mugallymyň, halypaň.
Oka, oka başga zada bakma-da
Diňe yhlas açyp biler Adamy,
Diňe ylym ýetirýändir maksada!


S.Türkmenbaşy





✍️Şu ýyl ýokary okuw jaýyna, orta hünär okuw mekdebine girip ,,TALYP-2023" adyna mynasyp bolmagy arzuw edyän ähli deň-duşlarymyza, agalarymyza, uýalarymyza we jigilerimiza üstünlikler dileg edip we okap ýören Türkmen talyplarymyza hem sag-aman diplomlaryny ellerine alyp, öz söýen kärleriniň (👩‍🏫👩‍🔬👩‍✈️👩‍⚕️👩‍⚖️...) eýesi bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýän...



Türkmen talyby👩‍🎓...
20
255
atakulyyewa_humay
26.02.2023 11:49
Täze Zelandiýanyň raýaty Lourens Gregori Uotkins dünýäde iň köp ada eýe bolan adam hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu barada ,,Free Press Journal" neşiri habar berdi.

Erkek kişi 1990-njy ýylda ýurduň Ýustisiýa ministrligine ýüz tutup, täze atlaryny resmi taýdan bellige aldyrypdyr. Şondan soň, onuň ady 2300 sany atdan we bir familiýadan ybarat bolupdyr.

Uotkins öz adyny tutmaklary üçin bu uzyn sanawdan maşgalasyna golaý bolan käbir atlary saýlandygyny gürrüň berýär. Ol bir tarapdan özüniň uzyn adyň eýesidigine buýsanýandygyny aýdýar.

Onuň saýtynda atlarynyň ählisi beýan edilipdir, olaryň arasynda Gannibal, Şerri, Napoleon, Narsis we Şerlok diýen atlar hem bar.


Iň köp atly raýat rekordlar kitabyna girizildi...
15
252
atakulyyewa_humay
25.02.2023 15:30
✍️Dünýädäki iň gadymy mekdep Palestinadaky Karauin musulman uniwersiteti hasaplanýar.

Dünýäniň mekdepleri hakynda...
1-nji surat.

✍️ Okuwy tamamlan uçurymlaryň dabarasy ilkinji gezek Germaniýada bellenilip başlanypdyr.


2-nji surat.

✍️Taryhda mekdebiň iň uzaga çeken sapagy 54 sagat bolupdyr.


3-nji surat.

✍️Çehiýada iň gowy baha 1-lik, pes baha bolsa 5-lik hasap edilýär. Şeýle-de Çehiýanyň mugallymlarynyň diňe bir dersden sapak berýäni ýok, olar birnäçe dersler boýunça okatmaly bolýarlar.



4-nji surat

✍️Norwegiýada okuwçylar 8-nji synpa barýança olara baha goýulmaýar.


5-nji surat.

✍️Hindistan özüniň örän köp okuwçyly mekdepleri bilen hem meşhurdyr. Bu ýurtda 28 müň okuwçyly mekdep hem bar.


6-njy surat.

✍️Finlýandiýanyň mekdeplerinde sapaga diňe mugallym däl, mugallymyň kömekçisi-de gatnaşýar.


7-nji surat.


✍️Hytaý mekdeplerinde sapaga başlamazdan öň okuwçylaryň hemmesi üýşüp maşk edýärler.


8-nji surat.

✍️Ýapon mekdeplerinde diňe erkek kişiler işleýär.


9-njy surat.





✅ Eger-de siziň daşary ýurtlaryň haýsysy hem bolsa birinde bilim almak mümkinçiligiňiz bolan bolsa, haýsy ýurtda gidip bilim almak islärdiňiz?!




10-njy surat.
18
290
atakulyyewa_humay
24.02.2023 09:27
Döwrüň, akyl-paýhasyň ösmegi, aňyýetiň çäginiň giňelmegi netijesinde, adamlary diňe görüp, tanap, gatnaşyp däl-da, olary gaýybana tanamak mümkinçiligine hem eýe bolduk☝️. Şol gaýybana tanamagyň bir ugry bolsa, olaryň ýazyp galdyran golýazmalary esasynda amala aşyrylýar📝. Şonuň üsti bilen öňki döwürlerde ýaşap geçen meşhur adamlaryň hem hüý-häsiýetlerini öwrenmek mümkindir☝️


Hawa, adamlaryň ýazuw tärleriniň olaryň psihofiziki häsiýetleri bilen baglylygyny öwrenýän ýörite ylma ,,GRAFOLOGIÝA" diýilýär. Grafologlar biziň aňymyzyň belli bir hereketlerini, ýazuw üsti bilen beýan edilişini öwrenýärler. ,,Iki meňzeş ýazuw bolmaýar, ýa-ha adam öz asyl ýazuwyny üýgedip ýazandyr, ýa-da ujypsyzja bolsa-da bir tapawut bardyr" diýen düşünjäni özlerine şygar edinen grafologlar ýazuw tärlerini çuňňur öwrenip, hat üsti bilen adamyň häsiýetini, temperamentini, hatda daşky keşbini, sypatyny-da belli bir derejede kesgitläp bilýärler. Biz hem olaryň käbir kesgitlemeleri bilen sizi tanyşdyrmak üçin grafologlaryň käbir maglumatlaryny size hödürlemegi makul bildik:


📌DAŞ KEŞBI WE SYPATLARY BOÝUNÇA:

— Uzyn boýly🧍 adamlaryň ýazuwy dik we saýhally bolýar. Olarda adatça, täze setiriň (abzasyň) tapawudy känbir parhlanmaýar;
—Gysga boýly 🙋 adamlaryň ýazuwy süýndürilen bolýar, sözler köplenç bogna bölünmän, täze setire geçirilýär. Şol sebäpli-de, bularyň ýazuwynda setiriň soňunda galýan boş ýerler kän bolýar;
–Semiz 🧑 adamlaryň ýazuwynyň esasy aýratynlygy, sözleriň soňky bölegi has gaty basylyp ýazylýar. Käbir harplar adatdan daşary ownuk bolýar;
–Hor 🕴️ adamlaryň ýazuwyny, esasan, dyngy belgileriniň inçe we ownuk bolmagy bilen tapawutlandyrmak bolýar. Käbir harplar çendenaşa süýndürilýär;


📌UMUMY HÄSIÝETLERI BOÝUNÇA:

–Gyzma häsiýetli 😡 adamlaryň ýazuwynda harplar gyşyk, birsydyrgyn däl, sözleriň başky harplary setirden ýokarda, soňkulary bolsa setir bilen deňräk ýa-da aşagrak düşürilen bolýar. Harplaryň köplenç ýagdaýda birikmeýänligi bilen hem adamyň gyzma häsiýetini ýüze çykaryp bolar;
–Duýgur 👀 adamlarda harplar haýsy hem bolsa bir gapdala egilen bolýar. Olaryň ýazuwynda ýüzleý ýazuwa-da, basylyp ýazylan ýazuwa-da gabat gelmek bolýar. Hususanam, şol ikisi hatda bir sözlemiň içinde-de utgaşyp gelýär. Ýazuw düzgüniniň talabyna laýyk gelmeýän harplar köp duş gelýär;
–Erjel 🏋️ adamlar harplaryny gereginden artyk owadanlajak ýa süýndürjek bolup durmaýarlar. Şonuň üçinem olaryň ýazuwy talaba doly laýyk gelýär. Galyberse-de, iň owadan ýazuwlar galaba erjel adamlara degişli bolup durýar;
–Zehinli 🧠 adamlaryň ýazuwynda harplar süýndürilen, sada, emma şol bir wagtda hem owadan bolýar. Siňe seretseň, setir derejesiniň saga galýanlygyny görmek bolýar. Bularyň ýazuwynyň esasy aýratynlygy hem şol.


📌Ýazuw harplary boýunça:

✅ Iri harply ýazuw — özüne ynamy bolan, güýçli adamlara mahsus. Bu hili ýazuwly adamlar alçak we degişmegi gowy görýärler. Olaryň ýüregi we eli çendenaşa açyk bolýar
✅Ownuk harply ýazuw bolsa, özüne erk edip bilýän, ätiýaçly we tygşytly adamlara degişli bolup durýar.
✅Düşnüksiz ýazuwa degişli adamyň ,,bir günüň aladasy" bilen ýaşaýandygyny (ýaşandygyny) aňladýar. Şeýle ýazuwly adamlar ýowuz tertibi halamaýan, özgeleriň täsirine çalt sezewar bolýan, çendenaşa müňkür we seresaply bolýar.
✅Saga egilýän harplar öýkelegen häsiýeti aňladýar.
✅Çepe egilen harplar — degişli şahsyň özüne ünsi çekmegi gowy görÿändigini görkezýär.
✅ Dik ýazylan harplar bolsa, bu adamyň ýolbaşçylyk ukyplarynyň bardygyny aňladýar.
✅Iri we sözleriň arasy açyk ýazuwyň üsti bilen bolsa, adamyň telekeçilige ukyplydygyny bilmek bolýar. Şeýle ýazuwly adamlar islendik meseleleriň çözgüdini örän çalt tapýarlar.


Kim nähili ýazýar ✍️?
13
177