atakulyyewa_humay
26.02.2023 11:49
Täze Zelandiýanyň raýaty Lourens Gregori Uotkins dünýäde iň köp ada eýe bolan adam hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu barada ,,Free Press Journal" neşiri habar berdi.

Erkek kişi 1990-njy ýylda ýurduň Ýustisiýa ministrligine ýüz tutup, täze atlaryny resmi taýdan bellige aldyrypdyr. Şondan soň, onuň ady 2300 sany atdan we bir familiýadan ybarat bolupdyr.

Uotkins öz adyny tutmaklary üçin bu uzyn sanawdan maşgalasyna golaý bolan käbir atlary saýlandygyny gürrüň berýär. Ol bir tarapdan özüniň uzyn adyň eýesidigine buýsanýandygyny aýdýar.

Onuň saýtynda atlarynyň ählisi beýan edilipdir, olaryň arasynda Gannibal, Şerri, Napoleon, Narsis we Şerlok diýen atlar hem bar.


Iň köp atly raýat rekordlar kitabyna girizildi...
15
252
atakulyyewa_humay
26 Fewral 2023
gulshatayewa97,Salam. Belki Täze Zelandiýada bardyr:)
gulshatayewa97
26 Fewral 2023
Hokümed näme onça at berýämäý 🙄
atakulyyewa_humay
26 Fewral 2023
olia,Maya06,Salam.Sag boluň köp köp 🥰
olia
26 Fewral 2023
Url adresi koda salmaly. Meselem [img]url adresi[/img] shular yaly etmeli surat goymak ucin
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.