atakulyyewa_humay
06.03.2023 00:14
Türkmen diline terjime edilende «daş,kagyz,gaýçy» diýen manyny berýän şekilli bije oýny, aslynda «bir-iki-üç» diýip sanamaklygyň sinonimi hasaplanýar. Dünýäde bu oýnuň «Su-ýe-fa» sesleri arkaly aýdylýan görnüşi has meşhur hasaplanylýar. Oýnuň sözleri rus sebitleriniň käbirinde biri-birinden düýpgöter tapawutlanýar.Mysal üçin, Kamçatkada «Çin-gis-han», Omskda «Wan-çu-wes», Permde «Bu-si-fa» görnüşinde aýdylýar.



Täsinlikler...





Rubigiň kub tapmasyny çözmek
üçin ortaça 48-100 öwrüm gerek bolýar.









Wenera sagat ugruna görä aýlan­ýan ýeke-täk planetadyr. Alymlar munuň sebäbini geçmişde oňa täsir eden ullakan asteroidler hem-de ýokarky atmosferadaky howa akymlarynyň güýçli aýlanmasy bilen düşündirýärler










Olimpiýa baýdagyndaky biri-birine baglanyşyp duran bäş sany «birleşen dostluk» halkasy Ýer togalagynyň bäş yklymyny, ýagny Ýewraziýany, Afrikany, Günorta we Demirgazyk Amerikany,Awstraliýany aňlad­ýar. Halkara O l i m p i ý a komitetiniň ozalky prezidenti Pýer de Kuberten her bir döwletiň milli baýdagynda bolmanda şol halkalardaky ak fon bilen bezelen reňkleriň (gök, sary, gara, ýaşyl, gyzyl) biriniň bolmalydygyny belläpdir. Dünýäniň köp döwletiniň kagyz hem-de teňňe pullarynda, şeýle-de medallarynda Pýer de Kuberteniň we Olimpiýa alawynyň, halkalarynyň şekilleri ýerleşdirilipdir.



21
315
atakulyyewa_humay
7 Mart 2023
by muslim, meniň postumy özüňkä garmasaň gowy bolardy, sen ilki özüňkă jogap ber, zenanlary kemsidiji postlary goýmaga hakyň ýok...
by muslim
7 Mart 2023
biderek post inyagty sacyan wenera dal
atakulyyewa_humay
6 Mart 2023
Imissyou,Iň ýagty saçýany haýsy bolsa şol.
atakulyyewa_humay
6 Mart 2023
Imissyou,Salam. Ýok ol däl, iň ýagty saçýan ýyldyz — Sirius ýyldyzy.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.