Döwrüň, akyl-paýhasyň ösmegi, aňyýetiň çäginiň giňelmegi netijesinde, adamlary diňe görüp, tanap, gatnaşyp däl-da, olary gaýybana tanamak mümkinçiligine hem eýe bolduk☝️. Şol gaýybana tanamagyň bir ugry bolsa, olaryň ýazyp galdyran golýazmalary esasynda amala aşyrylýar📝. Şonuň üsti bilen öňki döwürlerde ýaşap geçen meşhur adamlaryň hem hüý-häsiýetlerini öwrenmek mümkindir☝️
Hawa, adamlaryň ýazuw tärleriniň olaryň psihofiziki häsiýetleri bilen baglylygyny öwrenýän ýörite ylma ,,GRAFOLOGIÝA" diýilýär. Grafologlar biziň aňymyzyň belli bir hereketlerini, ýazuw üsti bilen beýan edilişini öwrenýärler. ,,Iki meňzeş ýazuw bolmaýar, ýa-ha adam öz asyl ýazuwyny üýgedip ýazandyr, ýa-da ujypsyzja bolsa-da bir tapawut bardyr" diýen düşünjäni özlerine şygar edinen grafologlar ýazuw tärlerini çuňňur öwrenip, hat üsti bilen adamyň häsiýetini, temperamentini, hatda daşky keşbini, sypatyny-da belli bir derejede kesgitläp bilýärler. Biz hem olaryň käbir kesgitlemeleri bilen sizi tanyşdyrmak üçin grafologlaryň käbir maglumatlaryny size hödürlemegi makul bildik:
📌DAŞ KEŞBI WE SYPATLARY BOÝUNÇA:
— Uzyn boýly🧍 adamlaryň ýazuwy dik we saýhally bolýar. Olarda adatça, täze setiriň (abzasyň) tapawudy känbir parhlanmaýar;
—Gysga boýly 🙋 adamlaryň ýazuwy süýndürilen bolýar, sözler köplenç bogna bölünmän, täze setire geçirilýär. Şol sebäpli-de, bularyň ýazuwynda setiriň soňunda galýan boş ýerler kän bolýar;
–Semiz 🧑 adamlaryň ýazuwynyň esasy aýratynlygy, sözleriň soňky bölegi has gaty basylyp ýazylýar. Käbir harplar adatdan daşary ownuk bolýar;
–Hor 🕴️ adamlaryň ýazuwyny, esasan, dyngy belgileriniň inçe we ownuk bolmagy bilen tapawutlandyrmak bolýar. Käbir harplar çendenaşa süýndürilýär;
📌UMUMY HÄSIÝETLERI BOÝUNÇA:
–Gyzma häsiýetli 😡 adamlaryň ýazuwynda harplar gyşyk, birsydyrgyn däl, sözleriň başky harplary setirden ýokarda, soňkulary bolsa setir bilen deňräk ýa-da aşagrak düşürilen bolýar. Harplaryň köplenç ýagdaýda birikmeýänligi bilen hem adamyň gyzma häsiýetini ýüze çykaryp bolar;
–Duýgur 👀 adamlarda harplar haýsy hem bolsa bir gapdala egilen bolýar. Olaryň ýazuwynda ýüzleý ýazuwa-da, basylyp ýazylan ýazuwa-da gabat gelmek bolýar. Hususanam, şol ikisi hatda bir sözlemiň içinde-de utgaşyp gelýär. Ýazuw düzgüniniň talabyna laýyk gelmeýän harplar köp duş gelýär;
–Erjel 🏋️ adamlar harplaryny gereginden artyk owadanlajak ýa süýndürjek bolup durmaýarlar. Şonuň üçinem olaryň ýazuwy talaba doly laýyk gelýär. Galyberse-de, iň owadan ýazuwlar galaba erjel adamlara degişli bolup durýar;
–Zehinli 🧠 adamlaryň ýazuwynda harplar süýndürilen, sada, emma şol bir wagtda hem owadan bolýar. Siňe seretseň, setir derejesiniň saga galýanlygyny görmek bolýar. Bularyň ýazuwynyň esasy aýratynlygy hem şol.
📌Ýazuw harplary boýunça:
✅ Iri harply ýazuw — özüne ynamy bolan, güýçli adamlara mahsus. Bu hili ýazuwly adamlar alçak we degişmegi gowy görýärler. Olaryň ýüregi we eli çendenaşa açyk bolýar
✅Ownuk harply ýazuw bolsa, özüne erk edip bilýän, ätiýaçly we tygşytly adamlara degişli bolup durýar.
✅Düşnüksiz ýazuwa degişli adamyň ,,bir günüň aladasy" bilen ýaşaýandygyny (ýaşandygyny) aňladýar. Şeýle ýazuwly adamlar ýowuz tertibi halamaýan, özgeleriň täsirine çalt sezewar bolýan, çendenaşa müňkür we seresaply bolýar.
✅Saga egilýän harplar öýkelegen häsiýeti aňladýar.
✅Çepe egilen harplar — degişli şahsyň özüne ünsi çekmegi gowy görÿändigini görkezýär.
✅ Dik ýazylan harplar bolsa, bu adamyň ýolbaşçylyk ukyplarynyň bardygyny aňladýar.
✅Iri we sözleriň arasy açyk ýazuwyň üsti bilen bolsa, adamyň telekeçilige ukyplydygyny bilmek bolýar. Şeýle ýazuwly adamlar islendik meseleleriň çözgüdini örän çalt tapýarlar.