atakulyyewa_humay
07.08.2023 21:03
- Hindistan dünýädäki iň köp dilli halk hasaplanýar, ol ýerdäki adamlar  400-den gowrak dilde  gepleşýärler;

- Köpçülik Hindistanda diňe hindiler ýaşaýar diýip pikir edýärler, ýöne bu nädogry  bu ýurtda musulman, hristian we başga din wekilleri hem ýaşaýar;

- Hindistanda sygyrlar mukaddes haýwan hasaplanýar. Şonuň  üçin olar şäher köçelerinde arkaýyn aýlanyp gezýärler;

- Hindi halky daşary ýurtly syýahatçylary gowy görýär, olar bilen tanyşmaga, surata düşmäge hereket edýärler;

- Hindistan iň köp milletli ýurt hasaplanýar. Ol ýerde 400-den gowrak millet ýaşaýar;

- Hindistanda ýylda 1000 sany kino çykarylýar;

- Hindiler aýdym aýtmagy we tans etmegi juda gowy görýärler. Şonuň üçin hem olaryň kinolary  aýdymsyz we  tanssyz bolmaýar;

- Hindi kalendarynda 6 sany möwsüm bar: bahar, ýaz, ýagyş möwsümi, güýz, gyş, ir bahar;

- Şampun ilkinji bolup Hindistanda oýlap tapylan. Şampun sözi «champu» sözünden gelip çykyp, massaž etmek manysyny aňladýar;

- Hindistan dünýäde iňlis dilinde gepleýänler sany boýunça ikinji ýerde durýar (ABŞ- dan soň);

- Hindistanda 300000 sany metjit hasaba alnan;

- Häzirki biziň ulanýan sanlarymyz we nol düşünjesi hem Hindistanda oýlanyp tapylan;

- 2050-nji ýyla baryp Hindistan ilatynyň sany boýunça Hytaýdan hem öňe geçjekdigi çaklanýar;

- Dünýäniň ähli altynlarynyň 11%-ine  hindi aýallary eýe;

- Hindistan sözi Hind köli adyndan gelip çykan;

- Şahmat oýny hem biziň eýýamymyzdan öňki 5-6 asyrda Hindistanda oýlap tapylan;

- Hindistandaky mukaddes Varanasi  şäheri dünýädäki iň gadymy şäher hasaplanýar. Onuň ýaşy 3000 ýyla deň diýip  çaklanýar.
30
203
atakulyyewa_humay
07.08.2023 16:50
Kitaphana bu gadymda häzirki güne çenli umumyadamzat baýlygynyň jemlenen ýeri hasap edilýär. Adatça Ýewropada giňden ýaýran «Bibliothek» sözi bolsa gadymy grekçeden terjime edenimizde «biblion» - kitap, «theke» - saklanýan ýer diýmekligi aňladýar.

Türkmen dilimizdäki kitaphana sözümiz bolsa arap, pars dillerinde kütüp - kitap, hana - öý diýen sözlerden gelip çykandyr. Adamlar köpçüliginiň isleglerini kanagatlandyrmak üçin döredilen kitaphanalar dürli maglumatlara baý bolan kitaplary özünde jemleýär diýsek ýalňyşmarys. Kitaphanalar biziň eýýamymyzdan öň 2000-nji ýyllarda döräpdir diýlip çaklanylýar.

Kitap okamak adamy ruhy taýdan iýmitlendirýär. Akyldarlaryň aýtmagyna görä dünýädäki iň garyp adam kitap okamaýan adamdyr. Ýurdumyzyň welaýat merkezleriniň ählisinde täze, döwrebap kitaphanalaryň gurlup ulanylmaga berilmegi ilatymyzy hasda begendirdi, buýsandyrdy.

Geliň indi bolsa kitaplar we kitaphanalar barada iň gyzykly maglumatlar bilen tanşalyň!

- Iň uly kitap Gollandiýanyň Amsterdam şäherinde saklanylýan «Deňiz düzgünleriniň ýygyndysy» atly kitapdyr. Onuň boýy 2 metr, ini 1 metrden, galyňlygy bolsa 1,5 metrden ybaratdyr.

- Häzirki döwürde satylýan kitaplaryň ýarysyny ýaşy 45-den geçen adamlar satyn alýarlar.

- Dünýäde iň agyr kitap «Gigas kodeksi» atly kitapdyr. Onuň agramy 75 kg barabardyr.

- Okyjylaryň köpüsiniň kitaby okamaga bolan höwesi 18-nji sahypa çenli belli bolýar, çünki şol sahypa çenli kitabyň gyzyklydygy ýa-da däldigi doly belli bolýar.

- Iň köp galam haky Rim imperatory Mark Awreli tarapyndan şahyr Oppiana tölenipdir. Ol balyk tutmak we awçylyk hakyndaky iki sany poemasyny her setirine bir altyn şaýlyk alypdyr. Iki poemada jemi 20 müň setir bar eken.

- Dünýäde iň kiçi kitaphana Beýik Britaniýanyň Uestberisab-Mendip şäherçesinde ýerleşýär. Bu şäherçede bary ýogy 800 adam ýaşaýar. Olar öz kitaphanajygyny telefon budkasynyň içinde ýerleşdiripdirler.
15
75
atakulyyewa_humay
06.08.2023 23:29

Süýt gündelik durmuşda köp peýdalanylýan ýokumly we gymmatly önümleriň biridir. Ol özündäki ýokumly maddalary bilen bedene ýaramly täsir edýär. Ýer ýüzünde süýt öndürýän süýdemdirijileriň 5000-den gowrak görnüşi bar. Dürli haýwanlarda onuň tagamy we düzümi ep-esli üýtgäp biler, ýöne reňki köplenç şol bir reňkde bolmagynda galýar. Aslynda süýdüň näme sebäpden ak reňkde bolmagy köpleri gyzyklandyrýan bolsa gerek. Bu meseläni çözmek üçin ilki bilen süýt önümi hakda durup geçmek ýerlikli bolar. Süýt – bu ýokumly suwuklykdyr. Esasy wezipesi-de nesil ýetişdirmek we şol sanda gündelik iýmitlik häsiýetidir. Mälim bolşy ýaly, ýaş çagalar çagalygynda gaty iýmitleri siňdirip bilmeýärler, şonuň üçin hem süýt bedeniň siňdirip biljek ýeke-täk maddasydyr. Süýdüň düzüminde onuň peýdalylygyny üpjün edýän 50-den gowrak makro we mikroelementler bar. Islendik süýt önümlerinde magniý, natriý, hlor, kaliý, fosfor, ýod, sink bar. Süýdüň iň möhüm elementi hem kalsiýdir. Ol önümleriň aňsat siňdirilmegini üpjün edýär we süňkleri berkitmäge kömek edýär. Süýdüň ak reňkine kazein diýilýän çylşyrymly belok jogapkärdir. Sygyr süýdünde onuň mukdary ähli beloklaryň 87% -ne deňdir. Bu madda önümde kalsiý duzy (kalsiý kazeinat) görnüşinde bolýar. Onuň düzüminde adam üçin zerur bolan ähli aminokislotalar saklanýar. Bu 20 aminokislotanyň 8-si adam bedeni tarapyndan öndürilmeýär. Şonuň üçin hökman iýmit arkaly kabul edilmeli. Süýtde bar bolan kazein miseller diýlip atlandyrylýan sferiki bölejikleri döredýär. Olar şeýle bir ýeňil we kiçidir welin, olar çökmeýär, suwuklykda ýüzýär we süýde ak reňk berýär. Kazein süýtden izolirlenip, guramagyna sezewar bolsa, netijede süýt tagamy we ysy bolmadyk ak çökündä öwrülýär. Süýdüň bu reňki kazein reňkini ýasamak üçin hem ulanylýar. Kazein süýde ak reňk bermekden başga-da, köp peýdaly aýratynlyklara eýedir. Ol fosforyň we kalsiniň baý çeşmesidir. Aşgazana girende gaty haýal ereýär, şonuň üçin süýt siňdirmek has aňsatdyr.


Süýt başga reňkde hem bolup bilermi?


Süýt diňe ak reňkde bolýar, ýöne käbir haýwanlarda dürli öwüşginli bolup biler. Süýdüň reňkine haýwanlaryň iýmitleniş ýagdaýy hem täsir edip biler. Mysal üçin, iri şahly mallar hemişe käşir bilen iýmitlendirilýän bolsa, onda olar sarymtyl öwüşginli süýt önümi berip başlar. Eger öri meýdanlarynda lýutikler maşgalasyna degişli ösümlikler köp bolsa, onda mallaryň süýdüniň reňki gülgüne bolar. Iň ak reňklisi, towşanlaryňkydyr. Onda 15% kazein bar. Ikinji ýerde düzüminde 12% belok bolan kit süýdi, üçünji ýeri keýik süýdi (10%) eýeleýär. Şeýle-de bolsa, sygyr süýdünde bary-ýogy 5% kazein bar, emma bu mukdar iýmitlik üçin ýeterlikdir.

11
23
atakulyyewa_humay
06.08.2023 00:42
KONFUSIÝ


Gadymy hytaý akyldary, Günbatarda \"Konfusiý\" adyna eýe bolan Kun Fu-tzunyň ahlak we pelsepe taglymaty Uzak Gündogaryň durmuşyna we medeni ösüşine ägirt uly täsirini ýetirdi. Onuň ahlak pelsepeleri adamlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň durmuş ýörelgelerine esaslanýar. Hytaýyň iň beýik filosofynyň parasatly pikilerinden dürdäneleri toplap siz ýetirmegi makul bildim.


Diňe ýagşylyk bagta eltýär.


Adamda ýeterlik derejede synanyşyk bolmasa üstünlik gazanyp bilmez.


Akylly adam özi üçin ýakymsyz bolan zady başgalara etmez.


Bilime eltýän üç ýol bar, olardan: pikirlenmek ýoly iň asylly ýol, öýkünmek ýoly iň aňsat ýol we iň kyn ýoly bolsa tejribe ýoly.


Bilimiňiziň ýoklugyny yzygiderli duýýan ýaly we bilimiňizi ýitirmekden elmydama gorkýan ýaly öwreniň.


Hiç haçan ýykylmadyk beýik däl, ýykylyp ýerinden turan beýikdir.


Oýlanman öwrenmek peýdasyz.


Hemme zatda gözellik bar, ýöne ony görmek hemme kişä berilmeýär.


Asylly adam özünden talap edýär, nadan adam başgalardan.


Aslynda durmuş ýönekeý, ýöne biz ony çylşyrymlaşdyrýarys.


Uly bagty söýülende, hakyky bagt söýeniňde taparsyň.


Diňe nadanlygyny bilip, bilim gözleýän adama görkezme ber.


Näçe haýal ýöreýändigiňiz möhüm däl, esasysy durmasaňyz bolýar.


Işleriňiziň çalt ýerine ýetilimegini islemek, olaryň düýpli ýerine ýetirilmegininň öňüni alýar.


Beýik adam gürleýşinde sada, hereketlerinde beýikdir.


Beýik adamyň maksady hakykatdyr.


Dymmat hiç wagt dönüklik etmeýän dost.


Size mynasyp däller bilen dostlaşmaň.
25
104
atakulyyewa_humay
05.08.2023 16:56
Pontchartrain köl geçelgesi (iňlisçe - Lake Pontchartrain Causeway) ABŞ-nyň Louisiana ştatynda ýerleşýär. Bu köpri 1969-njy ýylyň 10-njy maýynda guruldy. Köpri Metairie we Mandeville şäherlerini birleşdirýär.

Pontchartrain köprüsi Ginnesiň rekordlar kitabyna dünýädäki iň uzyn üznüksiz köpri ady bilen girdi. Kölüň üstünden geçýän köpriniň görnüşi ajaýyp bolsada biraz gorkunç.

Pontchartrain köl geçelgesi aslynda biri-birine parallel hereket edýän, dürli uzynlykdaky iki aýry köprüden ybarat. Köpriniň taslamasy 1930-njy ýyllarda işlenip düzüldi we 1948-nji ýylda gurluşygyna başlandy. Köpriniň gurluşygynyň birinji bölümi 1956-njy ýylda tamamlandy. Köpriniň ikinji bölegi bolsa 1969-njy ýylda gurlup tamamlandy we ol birinjisinden 15 metr uzyn boldy.

Belläp geçsek, Pontchartrain köprüsiniň uzynlygy 38.44 kilometr bolup, ol kölüň üstünden 18 metr ýokardan geçýär.
26
97
atakulyyewa_humay
05.08.2023 07:06
Ir-iýmişleriň, miweleriň ähli görnüşleri hem beden saglygymyza ýaramly täsirini ýetirýär. Miwedir-bakja önümlerini ýygy-ýygydan iýmeklik mydama maslahat berilýär. Emma olaryň diňe bir ter görnüşlerini däl-de, guradylan görnüşlerini yzygiderli peýdalanmaklyk saglygymyz üçin oňaýly hasaplanylýar.

Guradylan üzüm. Adatça guradylan üzüme kişmiş diýilýär. Kişmişde has hem ýürek-damar ulgamyny pugtalandyrýan element bolan kaliý köpdür. Irki wagtlarda hem ata-babalarymyz kişmişi iýmegiň peýdalydygyny tassyklapdyrlar we ony halk lukmançylygynda giňden ulanypdyrlar. Kişmiş nerw öýjüklerini ýadawlykdan goraýar, üsgürme, demgysma halatynda ýarym bulgur kişmiş ezilen suwy içmeklik örän gowy netije berýär. Şeýle hem ses perdelerine zeper ýeten halatynda iki nahar çemçesi kişmişi bir bulgur suwly gapda haýal ýanýan otda 10 minut gaýnadyp, bir çemçe sogan suwuny goşup içmeli.

Guradylan erik. Ýürek-damar kesellerinden ejir çekýänler üçin guradylan erik diýseň ýaramly serişdedir. Onuň düzüminde ýüregiň kadaly işlemegine täsir edýän kaliý saklanýar. Bu peýdaly iýmişi üwelen hoz bilen garyp we garyndyny günüň dowamynda birnäçe gezek kabul etmek maslahat berilýär. Fiziki işjeňlik bilen meşgullanýan adamlara ýüreginiň kadaly işlemegi üçin guradylan erik has-da peýdaly. Şeýle hem ol aşgazan-içege ulgamynyň işini kadalaşdyrýar, içegäni arassalaýar we onuň işjeňligini ýokarlandyrýar. Erik kişdesi 50 göterime çenli şekeriň dürli görnüşini özünde saklaýar.

Guradylan injir. Ony gan damarlarynda gan lagtasynyň emele gelýän kesellerde, ýürek-damar ulgamynyň näsazlygynda we sowuklama garşy ulanmak peýdalydyr. Injir iýmit siňdiriş synalaryndaky zyýanly maddalary hem ýok edýär. Ol bedende iýmit maddalarynyň oňat özleşdirilmegine ýardam edýär. Injir kişdesi gury üsgülewükde hem peýdalanylýar. Injir kişdesiniň dürli täze döremelere garşy durmaga ukyplylygy hem öňe sürülýär.

Guradylan garaly. Bu ýokumly önüm öz düzüminde köp mukdarda karotin we pektin maddalaryny saklaýar. Karotin bedeninde A witaminini emele getirýär. A witamini bolsa bedeniň ýokanç kesellere, bakteriýalara garşy durnuklylygyny ýokarlandyrýar, görüjiligi ýiteldýär. Pektin maddalary içegäniň işleýşini gowulandyrýar, onda emele gelýän zäherli maddalary ýok edýär. Bu önüm bedendäki maddalaryň alyş-çalşygyny kadalaşdyrýar. Ol iýmit siňdirişe oňyn täsir edýär we işjeňleşdirýär.
14
37
atakulyyewa_humay
04.08.2023 18:17

Iýmitiň siňmeginde uly ähmiýete eýe bolup durýan öt pigmentleri bagyrda işlenilip çykarylýar we öthaltada ýygnanýar. Adam bir zat iýende ýa-da içende öthaltanyň diwarjyklary ýygrylyp, öt öthaltadan on iki barmak içegä düşýär. Belli-belli sebäplere görä (öt-daş keseline nesilleýin meýillilik, maddalaryň alyş-çalşynyň bozulmagy, nerw bozulmalary) öthaltanyň, ödi çykaryjy ýollaryň işjeňligi peselip bilýär. Munuň netijesinde hereketi, akmagy haýallaşýan öt goýalýar. Toksiki häsiýete eýe bolan goýy ödüň çökündileri öthaltada ululy-kiçili daşlary emele getirýär. Holesistektomiýa operasiýasyny geçirip, daşy öthalta bilen bilelikde aýyrmaga zerurlyk ýüze çykýar.


Operasiýadan soň öthalta bolmanda-da öt umumy akabalar arkaly on iki barmak içegä akyp barýar hem-de özüniň iýmiti siňdirmek funksiýasyny ýerine ýetirmegi dowam etdirýär. Belli-belli düzgünler ýerine ýetirilende näsagyň ýagdaýyna laýyklykda 1,5 aýdan 3-4 aýa çenli wagtyň dowamynda berhiz tutmaly. Içiňi ýellendirýän, gatadýan, içegäni dykýan ýagly, ýiti, öte şor, ajy tagamly önümleri, hamyrly ýa-da gowrulyp bişirilen naharlary, gazly, alkogolly içgileri, tiz tagam (fast-fud) önümlerini iýmitiňden aýyrmaly.


Naharlary gaýnadyp ýa-da buglap bişirmeli. Ýagsyz mal hem-de guş etinden, balykdan gök önümler we ýarmalar goşulyp taýýarlanýan çorbalar, greçka, süle şüleleri, ýagy alnan süýt, gatyk, ýumşak peýnir peýdaly. Çöregi gatadyp iýmeli. Bedene artykmaç psihiki ýa-da fiziki agram salmakdan gaça durmaly. Sagdyn iýmitlenmegi mydamalyk endige öwürmeli.


Elbetde, operasiýadan soň lukmanyň gözegçiliginde bolup, onuň maslahatlaryny gyşarnyksyz berjaý etmeli. Aýratyn hem, ödüň işjeňliginiň bozulmagy sebäpli içki agzalary, hususan-da, aşgazanasty mäzi zeperlenen näsaglar ätiýaçly bolmalydyr. Olar wagtal-wagtal degişli barlaglardan geçip, zerur bolanda bejeriş almalydyr.

32
193
atakulyyewa_humay
04.08.2023 07:35

Kletçatka ýa-da süýüm uglewodlara degişlidir. Bedeniň kletçatkany gündelik energiýa çeşmesi üçin ulanmaýandygy, bu onuň beden saglygy üçin ähmiýetini peseltmeýär. ABŞ-nyň iýmitleniş we berhizlik akademiýasy her 1000 kaloriýa üçin her gün takmynan 14 gram süýüm iýmegi maslahat berýär. Bu görkeziji zenanlar üçin takmynan 24 grama, erkekler üçin 38 grama deňdir. Dünýädäki adamlaryň köpüsi günde 20 gramdan az bolmadyk mukdarda süýümi kabul edýärler. Onuň üçin diňe süýümli iýmitleri iýmitimize goşmak ýeterlikdir.


Süýümiň ereýän we eräp bilmeýän görnüşi bar. Ereýän süýümi öz içine alýan önümler: alma, erik, brokkoli, un, dürli miweler, tohumlar, süle.


Ereýän süýüm suwda çişýär, suwuklyklary saklaýar. Ýaglaryň, glýukozanyň we öt haltasynyň siňdirilmegini peseldýär, şeýle hem içege mikroflorasynyň ösmegine kömek edýär.


Eremedik süýüm däne gabyklarynda we gök önümleriň we miweleriň daşky böleginde, baldakda, kökde we ýaprakda bolýar. Üýtgemedik görnüşde eremeýän süýüm içegäniň üsti bilen doly çykarylýar. Onuň bolmagy içegäniň boşamagyna oňyn täsir edýär.


100 g çig önüm üçin süýüm düzümi:


Awakado sagdyn ýaglaryň, C witaminiň, kaliý, magniý, E we B witaminleriniň ajaýyp ýygyndysydyr. Süýüm mukdary: 6,7 gr.


Malina C witamine we marganese baýdyr. Süýüm: 6,5 gr.


Armyt hem tagamly, hem ýokumly meşhur miwedir. Ol süýümiň iň oňat çeşmelerinden biridir. Süýüm: 3,1 gr.


Käşir K we B6 witamine, magniý we beta-karotine baý, A witamine öwrülýän antioksidant. Süýüm: 2,8 gr.


Şugundyr gan aýlanyş we immunitet ulgamynyň ösmegi üçin zerur, demir, mis, marganes we kaliý bolan köki miweli önümdir. Süýüm: 2,8 gr.


Brokkoli C we K witaminlerine, foliý turşusyna, B witaminlerine, kaliý, demir we marganese, şeýle hem antioksidantlara baýdyr. Süýüm: 2,6 gr.


Banan C witamini, B6 witamini we kaliý ýaly köp iýmit maddalarynyň gowy çeşmesidir. Ýaşyl ýa-da bişmedik bananda süýüm köp bolýar. Süýüm: ýetişen bananda 2,6 gr.


Ýeralmada beta-karotin we dürli minerallar köp. Süýüm: 2,5 gr.


Ýertudana C witaminiň, marganesiň we dürli güýçli antioksidantlaryň düzümi bilen tapawutlanýar. Süýüm: 2 gr.


Süle ýer togalagynyň iň peýdaly dänelerinden biridir. Witaminlere, minerallara we antioksidantlara baý. Süle beta-glukan diýilýän güýçli ereýän süýümi öz içine alýar, bu madda ganyň şekerine we holesteriniň derejesine uly peýdaly täsir edýär. Süýüm: 10.1 gr.


Badam sagdyn ýaglara, E witamine, marganes we magniý ýaly köp elementlere baýdyr. Süýüm: 13,3 gr.


Ösümliklerden tapylan süýüm, adatça, minerallara birikdirilýär, bu olaryň bio-elýeterliligini peseldýär. Şireleriň süýüm düzümi içginiň öndürilişine baglydyr. Süzülmedik şirelerde has köp süýüm bar. Mysal üçin, 200 ml süzülmedik alma suwunyň düzüminde 0,5 g süýüm bar, 1 ýaşyl almanyň özi bolsa 5 g töweregi süýümi öz içine alýar.


Süýümiň şu aşakdaky peýdalary bar:


• Holesteriniň derejesini peseltmek. Aşgazan-içege ulgamynda süýümiň bolmagy bedendäki holesteriniň siňdirilmegini azaltmaga kömek edip biler.


• Sagdyn agramy ýokarlandyrmak. Miwe we gök önümler ýaly ýokary süýümli iýmitleriň kaloriýalylygy pes bolýar. Mundan başga-da, süýümiň bolmagy aşgazanda iýmit siňdirişini haýalladyp biler.


• Gandaky şekeriň derejesini sazlaýar. Ol gan şekeriniň derejesini has sazlaşykly, kadaly saklamaga kömek edýär, bu bolsa 2-nji görnüşli süýji keseli bolan adamlar üçin peýdalydyr.


• Ýeterlik süýüm iýmek, içegäniň düwnük keselini öz içine alýan käbir görnüşlerden goraýjy täsir edip biler. Munuň köp sebäbi bar, şol sanda almadaky pektin ýaly iýmit süýüminiň käbir görnüşleriniň antioksidant häsiýetleri bolup biler.

12
18
atakulyyewa_humay
03.08.2023 12:41

Biz žurnalist hünärini iň gyzykly hünärleriň biri hasaplaýarys. Dünýäniň ähli möhüm wakalaryndan habardar bolmak, haýsydyr bir meseläni orta atmak, adamlara ýardam bermek - bularyň ählisi žurnalistleriň işiniň aýratynlygydyr. Žurnalistleriň hünäri köplenç, özüniň ilkinjileriň hatarynda şaýat bolýan gyzykly we garaşylmadyk duşuşyklary we syýahatlary bilen baglanyşyklydyr.


Žurnalist - maksada okgunly, tutanýerli, şol bir wagtyň özünde hem ýeňil gürleşip bilýän, ünsli adam diýmekdir. Ökde žurnalist öz güýjüni, zehinini, wagtyny jemgyýetde bolup geçýän möhüm wakalary öwrenmäge gönükdirýär.


Žurnalistika - döredijilik gözlegleriniň romantikasydyr. Žurnalist adalgasy fransuz sözi «Journal»-dan gelip çykyp, «Gündelik» ýa-da «Žurnal» diýen manyny berýär. XV asyrda Germaniýada I.Gutenberg çap enjamyny oýlap tapandan soň, bu adalga hem peýda bolýar. Russiýada Pýotr I döwründe 1703-nji ýylda «Wedomosti» gazeti neşir edilip başlaýar.


«Žurnalist» adalgasy biziň sebitlerimizde ilkinji gezek XIX asyryň ortalarynda peýda bolup, giňden ulanylyp başlanýar. Şol döwürlerde žurnalistikanyň ýüze çykmagy üçin jemgyýetiň medeniýetiniň belli bir derejesi, ozaly bilen bolsa, ilatyň sowatlylygy zerur bolupdyr.

19
108
atakulyyewa_humay
03.08.2023 01:16

XVIII asyryň ahyrynda adamlar «kanwas» aýakgaplary diýlip atlandyrylýan kauçuk aýakgaplary geýýärdiler, ýöne olaryň daşky görnüşi gaty gödekdi we sag, çep aýaklara bölünişik ýokdy. Ilkinji aýakgaplar 1895-nji ýylda Jozef William Foster tarapyndan ýasaldy.


Takmynan 1892-nji ýylda Amerikan Kauçuk Kompaniýasy «keds» diýlip atlandyrylýan, üsti matadan tikilen has amatly rezin aýakgaplary oýlap tapdy. 1917-nji ýyla çenli bu aýakgaplar köpçülikleýin öndürilip başlandy, iňlislerden alnan «krossowka» adyny aldy, sebäbi olary geýen adam ýörän mahaly hiç hili ses çykarmaýan eken.


1920-nji ýylda Germaniýada nemes telekeçileri Adolf we Rudolf Dassler sportuň ylgamak görnüşini taýýarlamak üçin aýakgap öndürýän zawod gurdular.


1930-40-njy ýyllarda aýakgap kompaniýalary sportuň her bir aýratyn görnüşi üçin aýratyn aýakgap öndürip başladylar. Ilkinji tennis aýakgaplary Fransiýada tarapyndan öndürildi.


1950-nji ýyllarda ABŞ-da demografiki ösüş sebäpli krossowkalar ýeňil we amaly aýakgap hökmünde meşhurlyk gazandy. Şol döwürde krossowkalar klassiki deri aýakgaplary bilen deňeşdirilende gaty gymmat däldi. 20-nji asyryň birinji ýarymynda sport aýakgaplary esasan sport üçin geýilýärdi. Emma 50-nji ýyllarda Jeýms Diniň baş keşbi janlandyran meşhur «Sebäpsiz gozgalaň» filmi çykandan soň çagalar hem geýip başladylar.


1960-njy ýyllaryň başynda käbir krossowkalar ABŞ-nyň bazaryna Ýaponiýadan getirildi. Şol wagt «Nike» ady bilen ýapon aýakgaplaryny import edilip başlandy.


1970-nji ýyllarda Amerikanyň kärhanalarynda sport bilen meşgullanýanlardan başga-da beýleki raýatlar üçin hem krossowkalar öndürilip başlandy. Köp tanymal şahsyýetler hem köpçülige krossowka geýip çykyp başladylar. Eýýäm 1990-njy ýyllarda dünýäniň köp aýakgap kompaniýalary krossowka önümçiligine geçdiler. Bu döwürde Adidas, ASICS, Fila, Gola, Nike, Puma, Reebok ýaly markalar krossowka pudagynda öňdebaryjy aýakgap markalaryna öwrüldi.

31
194