atakulyyewa_humay
03.08.2023 01:16

XVIII asyryň ahyrynda adamlar «kanwas» aýakgaplary diýlip atlandyrylýan kauçuk aýakgaplary geýýärdiler, ýöne olaryň daşky görnüşi gaty gödekdi we sag, çep aýaklara bölünişik ýokdy. Ilkinji aýakgaplar 1895-nji ýylda Jozef William Foster tarapyndan ýasaldy.


Takmynan 1892-nji ýylda Amerikan Kauçuk Kompaniýasy «keds» diýlip atlandyrylýan, üsti matadan tikilen has amatly rezin aýakgaplary oýlap tapdy. 1917-nji ýyla çenli bu aýakgaplar köpçülikleýin öndürilip başlandy, iňlislerden alnan «krossowka» adyny aldy, sebäbi olary geýen adam ýörän mahaly hiç hili ses çykarmaýan eken.


1920-nji ýylda Germaniýada nemes telekeçileri Adolf we Rudolf Dassler sportuň ylgamak görnüşini taýýarlamak üçin aýakgap öndürýän zawod gurdular.


1930-40-njy ýyllarda aýakgap kompaniýalary sportuň her bir aýratyn görnüşi üçin aýratyn aýakgap öndürip başladylar. Ilkinji tennis aýakgaplary Fransiýada tarapyndan öndürildi.


1950-nji ýyllarda ABŞ-da demografiki ösüş sebäpli krossowkalar ýeňil we amaly aýakgap hökmünde meşhurlyk gazandy. Şol döwürde krossowkalar klassiki deri aýakgaplary bilen deňeşdirilende gaty gymmat däldi. 20-nji asyryň birinji ýarymynda sport aýakgaplary esasan sport üçin geýilýärdi. Emma 50-nji ýyllarda Jeýms Diniň baş keşbi janlandyran meşhur «Sebäpsiz gozgalaň» filmi çykandan soň çagalar hem geýip başladylar.


1960-njy ýyllaryň başynda käbir krossowkalar ABŞ-nyň bazaryna Ýaponiýadan getirildi. Şol wagt «Nike» ady bilen ýapon aýakgaplaryny import edilip başlandy.


1970-nji ýyllarda Amerikanyň kärhanalarynda sport bilen meşgullanýanlardan başga-da beýleki raýatlar üçin hem krossowkalar öndürilip başlandy. Köp tanymal şahsyýetler hem köpçülige krossowka geýip çykyp başladylar. Eýýäm 1990-njy ýyllarda dünýäniň köp aýakgap kompaniýalary krossowka önümçiligine geçdiler. Bu döwürde Adidas, ASICS, Fila, Gola, Nike, Puma, Reebok ýaly markalar krossowka pudagynda öňdebaryjy aýakgap markalaryna öwrüldi.

31
194
g888
4 Awgust 2023
Malades gowy post men adidas dp eşdipdim
atakulyyewa_humay
3 Awgust 2023
@blue_sky, Salam. Özüm şolar ýaly zatlaryň gözleginde:)
blue_sky
3 Awgust 2023
Siziň postlaryňyzyň köpüsi birzatlaryň gelip cykysy hakda oydyan🤔
twinkle
3 Awgust 2023
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.