atakulyyewa_humay
04.08.2023 18:17

Iýmitiň siňmeginde uly ähmiýete eýe bolup durýan öt pigmentleri bagyrda işlenilip çykarylýar we öthaltada ýygnanýar. Adam bir zat iýende ýa-da içende öthaltanyň diwarjyklary ýygrylyp, öt öthaltadan on iki barmak içegä düşýär. Belli-belli sebäplere görä (öt-daş keseline nesilleýin meýillilik, maddalaryň alyş-çalşynyň bozulmagy, nerw bozulmalary) öthaltanyň, ödi çykaryjy ýollaryň işjeňligi peselip bilýär. Munuň netijesinde hereketi, akmagy haýallaşýan öt goýalýar. Toksiki häsiýete eýe bolan goýy ödüň çökündileri öthaltada ululy-kiçili daşlary emele getirýär. Holesistektomiýa operasiýasyny geçirip, daşy öthalta bilen bilelikde aýyrmaga zerurlyk ýüze çykýar.


Operasiýadan soň öthalta bolmanda-da öt umumy akabalar arkaly on iki barmak içegä akyp barýar hem-de özüniň iýmiti siňdirmek funksiýasyny ýerine ýetirmegi dowam etdirýär. Belli-belli düzgünler ýerine ýetirilende näsagyň ýagdaýyna laýyklykda 1,5 aýdan 3-4 aýa çenli wagtyň dowamynda berhiz tutmaly. Içiňi ýellendirýän, gatadýan, içegäni dykýan ýagly, ýiti, öte şor, ajy tagamly önümleri, hamyrly ýa-da gowrulyp bişirilen naharlary, gazly, alkogolly içgileri, tiz tagam (fast-fud) önümlerini iýmitiňden aýyrmaly.


Naharlary gaýnadyp ýa-da buglap bişirmeli. Ýagsyz mal hem-de guş etinden, balykdan gök önümler we ýarmalar goşulyp taýýarlanýan çorbalar, greçka, süle şüleleri, ýagy alnan süýt, gatyk, ýumşak peýnir peýdaly. Çöregi gatadyp iýmeli. Bedene artykmaç psihiki ýa-da fiziki agram salmakdan gaça durmaly. Sagdyn iýmitlenmegi mydamalyk endige öwürmeli.


Elbetde, operasiýadan soň lukmanyň gözegçiliginde bolup, onuň maslahatlaryny gyşarnyksyz berjaý etmeli. Aýratyn hem, ödüň işjeňliginiň bozulmagy sebäpli içki agzalary, hususan-da, aşgazanasty mäzi zeperlenen näsaglar ätiýaçly bolmalydyr. Olar wagtal-wagtal degişli barlaglardan geçip, zerur bolanda bejeriş almalydyr.

32
193
kakos
5 Awgust 2023
Barynyzyn aytyan zadlanyz yalan allatagala almasa olum yok
milasxka
4 Awgust 2023
@garajaoglan, Hemise gou bolsun ömrü uzun bolsun 🤲🏻🧿
rhgb
4 Awgust 2023
Shondan bashga doktorlaram bara biri bolmasa beylekisi. Hem tehnologiy osup dur mumkin yene taze zat oylap tapylar we koprak yashar.
milasxka
4 Awgust 2023
rhgb
4 Awgust 2023
@garajaoglan yüreğin yerine batareya goyup yashasa bolya onam iki gezek goyup bolyar. Her batareya 18yyl yashamaga mumkincilik beryar. İkisi 36yyl yashamaga mumkincilik beryar. Yöne adam olumini bilip yashasa nahili elhenc oran agyr zat
rhgb
4 Awgust 2023
Salam othaltasyz yashap bolyar. Yöne gozegcilikde.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.