atakulyyewa_humay
03.08.2023 12:41

Biz žurnalist hünärini iň gyzykly hünärleriň biri hasaplaýarys. Dünýäniň ähli möhüm wakalaryndan habardar bolmak, haýsydyr bir meseläni orta atmak, adamlara ýardam bermek - bularyň ählisi žurnalistleriň işiniň aýratynlygydyr. Žurnalistleriň hünäri köplenç, özüniň ilkinjileriň hatarynda şaýat bolýan gyzykly we garaşylmadyk duşuşyklary we syýahatlary bilen baglanyşyklydyr.


Žurnalist - maksada okgunly, tutanýerli, şol bir wagtyň özünde hem ýeňil gürleşip bilýän, ünsli adam diýmekdir. Ökde žurnalist öz güýjüni, zehinini, wagtyny jemgyýetde bolup geçýän möhüm wakalary öwrenmäge gönükdirýär.


Žurnalistika - döredijilik gözlegleriniň romantikasydyr. Žurnalist adalgasy fransuz sözi «Journal»-dan gelip çykyp, «Gündelik» ýa-da «Žurnal» diýen manyny berýär. XV asyrda Germaniýada I.Gutenberg çap enjamyny oýlap tapandan soň, bu adalga hem peýda bolýar. Russiýada Pýotr I döwründe 1703-nji ýylda «Wedomosti» gazeti neşir edilip başlaýar.


«Žurnalist» adalgasy biziň sebitlerimizde ilkinji gezek XIX asyryň ortalarynda peýda bolup, giňden ulanylyp başlanýar. Şol döwürlerde žurnalistikanyň ýüze çykmagy üçin jemgyýetiň medeniýetiniň belli bir derejesi, ozaly bilen bolsa, ilatyň sowatlylygy zerur bolupdyr.

19
108
atakulyyewa_humay
4 Awgust 2023
@guzela_bay, bolýa arkaýyn bol 😇
atakulyyewa_humay
4 Awgust 2023
@guzela_bay, hiç wagt:))
atakulyyewa_humay
3 Awgust 2023
@garlawac_, boldy onda, žurnalistikadan okasama göni editor hem bolarynmyka diýýän:))
atakulyyewa_humay
3 Awgust 2023
@moonlight, gowudygyny @moana, 🙂
atakulyyewa_humay
3 Awgust 2023
@guzela_bay, şu wagta ugrumyz bir ýaly görünýär :)
moonlight
3 Awgust 2023
Doganym şul ugurdan okaýar)
atakulyyewa_humay
3 Awgust 2023
@guldesse, öň eşidipdim
atakulyyewa_humay
3 Awgust 2023
@garlawac_, daşary yurda gitsem okayasammykam žurnalistikany :))
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.