atakulyyewa_humay
07.08.2023 21:03
- Hindistan dünýädäki iň köp dilli halk hasaplanýar, ol ýerdäki adamlar  400-den gowrak dilde  gepleşýärler;

- Köpçülik Hindistanda diňe hindiler ýaşaýar diýip pikir edýärler, ýöne bu nädogry  bu ýurtda musulman, hristian we başga din wekilleri hem ýaşaýar;

- Hindistanda sygyrlar mukaddes haýwan hasaplanýar. Şonuň  üçin olar şäher köçelerinde arkaýyn aýlanyp gezýärler;

- Hindi halky daşary ýurtly syýahatçylary gowy görýär, olar bilen tanyşmaga, surata düşmäge hereket edýärler;

- Hindistan iň köp milletli ýurt hasaplanýar. Ol ýerde 400-den gowrak millet ýaşaýar;

- Hindistanda ýylda 1000 sany kino çykarylýar;

- Hindiler aýdym aýtmagy we tans etmegi juda gowy görýärler. Şonuň üçin hem olaryň kinolary  aýdymsyz we  tanssyz bolmaýar;

- Hindi kalendarynda 6 sany möwsüm bar: bahar, ýaz, ýagyş möwsümi, güýz, gyş, ir bahar;

- Şampun ilkinji bolup Hindistanda oýlap tapylan. Şampun sözi «champu» sözünden gelip çykyp, massaž etmek manysyny aňladýar;

- Hindistan dünýäde iňlis dilinde gepleýänler sany boýunça ikinji ýerde durýar (ABŞ- dan soň);

- Hindistanda 300000 sany metjit hasaba alnan;

- Häzirki biziň ulanýan sanlarymyz we nol düşünjesi hem Hindistanda oýlanyp tapylan;

- 2050-nji ýyla baryp Hindistan ilatynyň sany boýunça Hytaýdan hem öňe geçjekdigi çaklanýar;

- Dünýäniň ähli altynlarynyň 11%-ine  hindi aýallary eýe;

- Hindistan sözi Hind köli adyndan gelip çykan;

- Şahmat oýny hem biziň eýýamymyzdan öňki 5-6 asyrda Hindistanda oýlap tapylan;

- Hindistandaky mukaddes Varanasi  şäheri dünýädäki iň gadymy şäher hasaplanýar. Onuň ýaşy 3000 ýyla deň diýip  çaklanýar.
30
203
atakulyyewa_humay
9 Awgust 2023
@rhgb, Salam. Minnetdar 🌹
rhgb
8 Awgust 2023
@atakulyyewa_humay gaty gyzykly we peydaly maglumatlar un sağ bolun
myrataly_
8 Awgust 2023
Ilatynyň 80% wegeterian
atakulyyewa_humay
7 Awgust 2023
gulshatayewa97
7 Awgust 2023
In hapa ýurtlaňam biri dämi🤔
g888
7 Awgust 2023
Täçmahal hem Hindistanda ýerleşýär
gurbanowa
7 Awgust 2023
👍🏻
a_e_r
7 Awgust 2023
@Relax,Hawa geçdi
Relax
7 Awgust 2023
Hindistangeçdi ilaty boyunca Hytaydan
9404
7 Awgust 2023
👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.