amanmyradowna_
06.12.2023 00:15
Peýdaly maslahat.
Uniwersitetde bir professor sapakda eline bir stakan suw alýardanym (eli uzadylan ýagdaýda), studentlerden soraýa:
- siziñ pikiriñizçe şu stakanyñ naçe agramy bar?
Her ýerden herhilek jogap gelyàr 200, 500 diýip. Professor diýýà;
- şu wagt men muny agram òlçenýàne goýup agramyny aýdardym ýòne şumat ol zerur dàl. Siziñ pikiriñizçe men stakany şeýle 3-4 mint tutup dursam maña name bolar?
Bir student jogap berýà:
- Hiçzadam bolmaz!
- Eger-de şeýle ýagdaýda 1-2 sagat saklap dursam?
- Eliñiz agyryp başlar!
- Eger-de şeýle ýagdaýda bir gùn dursam?
- Siziñ eliñiz òzùni duýmaz, belki-de bolnissa àkitmeli bolar.
- Siziñ pikiriñizçe men şeýleelimde tutup durmagym bilen wagta gòra stakanyñ agramy ùýtgeýàrmi?
- Ýok!
- Onda muña nahili çòzùm tapyp bolar?
- Ýòne stoluñ ùstùne goýuñ stakany!
- Dogry! Şeýle-de siziñ durmuşyñyzda bolýar, problemmalar, bir problemma hakda 3-4 minut pikir edersiñ! Eýýàm problemma ýanyñda bolar, o problemma hakda 1-2 sagat pikir edersiñ nerwiñ çydaman başlaýar. Bir gùnùñ dowamynda pikir etseñ depresýa ugradýa. Umuman pikir edeniñde problemmañ agramy ùytgànok,... problemmany çòzmek ùçin hereket gerek. Çòz we problemmany gapdala sùýir. Seni depresýa gidirjek derejede pikir etmekde many ýok.
30
47
amanmyradowna_
05.12.2023 01:30
♨ ýöʀäɴ ýᴏʟʟᴀʀʏñᴅᴀɴ ýᴇɴᴇ-ᴅᴇ ʙɪʀ ɢᴇᴢᴇᴋ ɢᴇçɪᴘ ʙɪʟᴇʀꜱɪñ ᴇᴍᴍᴀ, ýᴀᴛʟᴀᴍᴀʟᴀʀᴅᴀɴ ᴀꜱʟᴀ!❧
32
190
amanmyradowna_
04.12.2023 01:38
ý𝐚𝐫𝐝𝐲𝐫 öý𝐭𝐦äñ 𝐡𝐞𝐫 𝐠𝐞𝐫ş𝐢ñ𝐢 𝐠𝐚ş𝐚𝐧𝐲,
ä𝐫𝐝𝐢𝐫 öý𝐭𝐦äñ 𝐡𝐞𝐫 𝐛𝐢𝐥𝐢𝐧𝐢 𝐠𝐮ş𝐚𝐧𝐲,
𝐦𝐞𝐫𝐭𝐥𝐞𝐫 𝐠ü𝐥𝐬𝐞, 𝐫𝐚𝐡𝐚𝐭𝐥𝐲𝐠𝐲ñ 𝐧𝐲ş𝐚𝐧𝐲,
𝐧𝐚𝐦𝐚𝐫𝐝𝐲 𝐠ü𝐥𝐝ü𝐫ýä𝐧 𝐝ö𝐰ü𝐫 𝐠𝐞𝐥𝐦𝐞𝐬𝐢𝐧.
32
70
amanmyradowna_
03.12.2023 09:46
ᴋᴇʙᴇʟᴇᴋ ýᴀʟʏᴅʏʀ ʏşᴋ;
ᴅüşüɴᴍᴇᴅɪɢᴇ öᴍʀɪ ʙɪʀ ɢüɴʟüᴋ,
ᴅüşüɴᴇɴᴇ ʙɪʀ öᴍüʀʟɪᴋ!
29
41
amanmyradowna_
29.11.2023 20:34
Armanym galdy

Zübeýda, naçarym, diňle!
Kalbymda armanym galdy;
Kuýaşymdan akdyrdym gan,
Zemine bak, ganym galdy.


Bilbilem, çekmişem zary,
Sowuldy yşkyň bazary,
Uruldy hijran hanjary,
Aglap Meňli hanym galdy.


Öten günlerim düýş bolup,
Gezdim ilimden uýalyp.
Bakyň, jesedim boş galyp,
Lahat içre janym galdy.


Günbe-günden derdim artyp,
Ýörmedim jahany ýortup,
Zähmet çekip, azar tartyp,
Düzdügim destanym galdy.


Zalym pelek, gahba pelek!
Çoh janlary kyldyň heläk,
Läle, zemin, asman, melek!
Wah, mahy-tabanym galdy


Magtymguly, gara ýüzüň,
Diňlemezler zaryn sözüň.
Zübeýdäm, ýaşlasaň gözüň,
Harytsyz dükanym galdy
28
88
amanmyradowna_
28.11.2023 19:39
Söýemok men bu jahanda,

Ýaranjaklap gün görmäni.

Ýagşy görýän beýle günden,

Öz ajalma jan bermäni.


Niçik bolar şemal ýaly,

Çar tarapa öwsüp dursam?

Ýan bermeli bolar onda,

Garşymda gaý tupan görsem.

Dönmerin öz pikirimden,

Atslarda ýanar oda.

Ömrüm boýy hyzmat etjek.

―Ynsan diýlen belent ada!


Awtor: Annasoltan Kekilowa.
31
67
amanmyradowna_
23.11.2023 20:34
Doglan gùnùm
Doglan günüm... Ùýşùp dosty-ýarlarym,
Ýetip sahylygyñ añry hetdine.
Dilàp àhli gowulygyñ barlygyñ,
Uzak-uzak òmùr arzuw etdiler.
💥💥💥
Hoş sòz herne gòwne gop beraýgiçdir,
Men bolsa, tersine... galdym howsala:
Uzak òmùr hakda munça arzuwyñ,
Ýeri, birden-biri hasyl bolsa nà?!
💥💥💥
Mazasy bildirmez maña hiç zadyñ,
Sensizligiñ ezýet-ejirlerinde.
Uzynlygynda dàl...
Ýoluñ manysy,
Megerem kim bilen geçenligiñde.
💥💥💥
Gelsene, ýetiş sen dadyma derhal.
Sowgadam, hoş sòzem... dàl hazir derkar.
Edip boljak àhli arzuw edildi...
Gel, àhli arzuwlañ hasyly bol-da,
Maña uzak òmri bagyşlap serpaý.
36
87
amanmyradowna_
15.11.2023 23:17

Günleriň birinde bir dananyň ogly elem-tas

bolup, ylgap gelipdir: “Kaka, buşluk, bir hoş

habar bar, bazarda kilosy bir dinardan hurma satylýan eken. Satyja bir çuwal hurmany aýryp goýmagyny haýyş etdim, pulumy alyp

gelýänçäm garaşmagyny soradym...” —

diýipdir. Dana ýaşuly bu sözlere ýylgyrypdyr

we ogluna bakyp: “Şu iki dinary al-da, oňa

düşýän zerur zatlary al” — diýipdir.

Ogly kakasynyň sözlerine geňirgenipdir-de,

hiç hili garşylyk görkezmezden, bazara

eňipdir. Aradan köp wagt geçmänkä, kakasy ogluny ýanyna çagyrypdyr: “Bu günler bazarda hurmanyň nyrhy näçe boldy?” — diýip sorapdyr. Ogly: “Bir kilosy bäş dinara çykdy” — diýipdir. Kakasy: “Bar, onda, gitde, bir çuwal hurma getir” — diýip, ogluna pul

uzadypdyr. Ogly muňa geň galypdyr: “Kaka,

seniň bolşuň birgeňsi, hurmaň bahasy bir

dinarka almakdan ýüz öwürýäň. Bäş dinarka bolsa göwünjeň satyn alýaň” — diýipdir.

Kakasy: “Oglum, hurmaň bahasy bir dinarka

meniň ýanymda iki dinardan başga pul ýokdy, emma bu wagt pulum kän, gurbum bar, şonuň üçin hem arkaýyn alýaryn” — diýipdir.


Akyldarlaryň ýöreýän iň dogry durmuş

ýörelgesi — zada zar bolmazlyk strategiýasy. Gazanyp bilmeýän, häzirki pursatda ýagdaýyň ýok zady küýsäp, isläp başlasaň, dessine onuň tamasyny hem, pikirini hem kalbyňdan çykar. Diňe şeýtmek bilen ony gazanmak şehwetinden we onuň täsirine berilmekden halas bolarsyň. Ýogsam, ýagdaýyň ýok zada gultunyp, gaýta-gaýta ýatlap ýa-da göz gezdirip dursaň, ol seni birahat we ynjalyksyz eder. Köp zatlara ünsüňi jemlemekden ünsüňi sowar. Has ýamany-da, özüňde bar zatlaryň we daş-töweregiňdäki zatlaryň ajaýyplygyny,

gözelligini görmekden mahrum bolarsyň,

ýakymly zatlaryň gözelligini duýup bilmersiň

33
87
amanmyradowna_
14.11.2023 00:06

Günleriň birinde meşhur suratkeş Pikasso

köçeden ýöräp barýan ekeni. Pikassonyň

sungatyna aşyk zenanlaryň biri muny

görüpdir-de, suratkeşiň ýanyna ylgap baryp,

mähir bilen salamlaşypdyr. Ýantorbasyndan bir ak kagyzy çykaryp: “Jenabym, men siziň

çeken suratlaryňyzyň jandan-tenden muşdagy.

Öz täsin hünäriňizden şu ak kagyza bir surat çekip, meni begendirip bilermisiňiz?” diýipdir. Pikasso muňa ýylgyrypdyr. Ak kagyzy alypdyr we onuň ýüzüne surat çekip başlapdyr.


Tamamladym edip, ýaňky suratly kagyzy

eýesine uzadypdyr: “Hanym, bu suraty aýawly sakla, wagty gelende sen ony million dollara satyp bilersiň!” diýipdir.


Muşdak zenan muňa geň galypdyr: “Pikasso halypa, siz bu kiçijik surat üçin bary-ýogy otuz sekunt sarp etdiňiz. Onuň millionlyk gymmaty bolup bilermi?” — diýipdir.


Pikasso ýylgyrypdyr we oňa garap: “Hanym,

otuz sekuntda sowgatlyk (ýadygärlik) surat

çekmek üçin, men ömrümiň otuz ýylyny sarp etdim” — diýipdir.


Ýokardaky söhbetdeşlikde meşhur suratkeş

bize juda ähmiýetli bir maglumaty — ömrüň

wajyp wezipesini ýetirýär: täsinligi, täsin bir

zady döretmegiň köp wagt almazlygy mümkin, ýöne şol derejä barýançaň mazaly

taýýarlanmagyň, taplanmagyň gerek.

36
53
amanmyradowna_
04.11.2023 00:54

Durmuş — göreş meýdany. Göreş bolsa käteler


örän zabun bolýar. Birdenkä, bu gowgaly


meýdanyň ortasyna nädip düşeniňi duýman


galýarsyň. Öz gymmatyň, mertebäň, ynanjyň,


maksadyň, pikiriň, prinsipiň, arzuwyň, ýerine


ýetirýän işiň üçin, sen göreşmäge mejbur


bolýarsyň.


Belki ýeňilersiň... kimdir biri iň pis usullary


ulanyp, pes hereketler bilen seni heläk etmek


ýa-da aşak basmak islär. Şol halatda sen näme


etmeli..?! Näme edesiň geler? Gör, ikimiz


pikirdeş ekenik — ar alasymyz geler.


Ine, şeýle ýagdaýlarda, hormatly professor


Abdyl Mutawygyň sözleri ýerlikli


görünýär:“Saňa ýamanlyk edýänlerden ar


almagyň iň gowy usuly — olaryň özi ýaly


bolmazlykdyr. Durmuşyňda olaryň sökel


ýörelgelerini, näsag garaýyşlaryny, keselli


düşünjelerini gaýtalamakdan, olaryň özleri


ýaly bolmakdan gaça durmakdyr. Olara özleri


ýaly jogap bermekden özüňi belent tut, goý,


olar özleriniň pesdigini, düşünjeleriniň


çüýrükdigini, ahlaklarynyň nogsanlydygyny


duýsunlar”.





Kerim Aş Şazili-"Atamyñ durmuş hakda aýtmadyk zatlary"

38
65