amanmyradowna_
19.12.2023 11:07

Kaju (кешью)- mañyzy şekeri pesdir we kletçatka, ýùrege peýdaly ýaglara, ösümlik beloklaryna baýdyr. Ondan başga-da energiýa emele getirmäge, beýniñ saglygyna, immuniteti berkitmäge, süñkleriñ saglygy üçin gymmatly demir, magniý we birnaçe elementleri òzünde saklaýar. Kaju gan basyşyny kadalaşdyrýar, ýürek kesellerinden goraýar. Dowamly ulansañ ýùrek ritmini kadalaşdyrýar. Kaju mañyzyny peýdaly ulanmak ùçin gùnde 4 sany iýmek ýeterlik, gereginden köp iýmek zyýanly.

32
252
amanmyradowna_
18.12.2023 12:13
Ýylboýy gazanan şahsy netijeleriňi nädip hasaplamaly?


Ahyrlanyp barýan ýylyň netijelerini jemlemek — bize bütin ýylyň dowamynda öz gazanan üstünliklerimizi hasaplamaga, olara baha bermäge, bu netijeleri has-da täze ösüş basgançaklaryna çykarmaga ýardam edýän işdir.

Geçen ýylyňy nädip seljermeli?

Gazanylan üstünlikleriň sanawyny düzüň. Tamamlanýan ýylda size oňyn netijelere eýe bolmak başardan kiçili-ululy üstünlikleriňizi ýadyňyza salyň. Munda netijeleriňizi diňe bir has uly derejedäki ýeňişleriňiz bilen däl-de, eýsem, uly bolmadyk hasap edýän üstünlikleriňiz bilen hasaplap bilersiňiz.

Ýalňyşlaryňyzy seljeriň. Geçen ýylda goýberilen ýalňyşlyklary ýatlaman bolmaz. Olary ýadyňa salmak hem seljermek bilen, geljekki ädimleriňde nämeleri etmelidigiňi oňat seljerip, meýilleşdirip bolýar.

Geljek ýyldaky maksatlaryňyzyň sanawyny düzüň. Üstünlikleriňizi we ýalňyşlyklaryňyzy gözden geçireniňizden soň, indiki ýylda nämelere ýetmek isleýändigiňiz barada pikirlenmegiň wagty gelip ýetýär. Sizi höweslendirjek, kämilleşmäge kömek etjek maksatlaryň sanawyny düzüň.

Ýylyň netijelerini jemlemek üçin birnäçe sowallar:

Şu ýylda meniň durmuşymda haýsy waka iň ähmiýetli boldy?
Bu ýylda men nämeler gazandym?
Tamamlanyp barýan ýylda men nämelere göz ýetirdim?
Geljek ýylda esasy nämäni üýtgetmek isleýän?

Ýylyň netijeleri bilen bagly anyk we jikme-jik hasabat ýazmak bilen, gün tertibiňizi has gowy seljerip bilersiňiz, geljege uly hem-de hakykata laýyk maksatlary goýup bilersiňiz. Bu çemeleşme sizi geçmişiň kynçylyklaryndan azat eder, şeýle-de täze üstünliklere ýetmäge ylhamlandyrar.

Goý, ahyrlanýan ýyly seljermek siziň üçin täze üstünliklere badalga bolup, durmuşyňyzy gowy tarapa özgertsin!
30
62
amanmyradowna_
16.12.2023 20:32
Italiýa dünýäniň iň gowy aşhanalarynyň reýtinginde birinjiligi eýeledi.


«Tasteatlas» serwisi dünýäniň 100 sany iň gowy aşhanasynyň reýtingini neşir etdi. Ol tagamlara berlen 395 müňden gowrak bahalara we hyzmatlardan peýdalanyjylar tarapyndan iýmitlere berlen 115 müňden gowrak bahalara esaslanyp düzüldi.

Pizzanyň, makaronyň we jelatonyň watany hasap edilýän Italiýa reýtingde birinji orny eýeledi. Ýaponiýa ikinji, Gresiýa üçünji ýerlerde diýlip kesgitlenildi. Şeýle hem ilkinji onluga Portugaliýa, Hytaý, Indoneziýa, Meksika, Fransiýa, Ispaniýa we Peru ýaly ýurtlaryň aşhanalary girizildi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda tapawutlanan sanawdan Özbegistan (76-njy ýer), Gazagystan (90-njy ýer) we Gyrgyzystan (92-nji ýer) orun aldy. Rus aşhanasy bolsa reýtingde 41-nji, türk aşhanasy hem 15-nji orunda durýar.
29
36
amanmyradowna_
14.12.2023 11:31

Atça bolmaz


Haryň işi hardyr, dostlar,

Müň magtasaň, atça bolmaz.

Bedasyla emel ýetse,

Biliň, asylzadça bolmaz.



Pany dünýäge ynanmaň,

Altyn-kümüşe guwanmaň,

Giýewlere köňül bermäň, —

Bir dogan zürýatça bolmaz.



Köp ýollarny görse gözüň,

Her magnydan bilseň ozüň,

Bir nadana aýdan sözüň

Ösüp giden badça bolmaz.



Başyň ýassyga ýetende,

Sabyr, karar bolmaz sende.

Güýjüň-kuwwatyň gidende,

Ogul-gyzyň ýatça bolmaz.



Magtymguly, ajap çaglar,

Kimse güler, kimse aglar,

Dürli miwe beren baglar

Sowular, jennetçe bolmaz.

27
36
amanmyradowna_
13.12.2023 02:40

Ogul- gyzyñ bezår gõwůn tagtyñy,

Nesip etsin gõrmek şolañ bagtyny.

Gapyñda toý tutup taýla perzendi,

Ir õýerseñ-ir sõýersiñ agtygy.

32
79
amanmyradowna_
11.12.2023 09:05

Sag elini ulanýanlar çep elini ulanýanlardan ortaça 9 ýyl has uzak ýaşaýar.

37
167
amanmyradowna_
10.12.2023 02:32
Ynsanlar uzak wagt bir bòwrek we bir òýken bilen, aşgazansyz, dalaksyz ýaşap biler emma, bagyr bolmasa bir minudam ýaşap bilmez
35
111
amanmyradowna_
09.12.2023 15:15
ᴀɴᴛɪʙýᴏᴛɪᴋʟᴇʀ ᴡɪʀᴜꜱʟᴀʀ üçɪɴ ᴛäꜱɪʀʟɪ ᴅäʟᴅɪʀ. ᴀɴᴛɪʙýᴏᴛɪᴋʟᴇʀ ᴅɪñᴇ ʙᴇᴅᴇɴɪᴍɪᴢᴅäᴋɪ ʙᴀᴋᴛᴇʀýᴀʟᴀʀʏ öʟᴅüʀýäʀ ᴡᴇ ᴡɪʀᴜꜱʟᴀʀ ᴛᴀʀᴀᴘʏɴᴅᴀɴ ᴅöʀᴇᴅɪʟýäɴ (ɢʀɪᴘ, ꜱᴏᴡᴜᴋʟᴀᴍᴀ...)ýᴀʟʏ ᴋᴇꜱᴇʟʟᴇʀᴇ ᴛäꜱɪʀꜱɪᴢᴅɪʀ. ʜᴇᴍ-ᴅᴇ ýᴀʟñʏş ᴜʟᴀɴʏʟᴀɴᴅᴀ ʙᴇᴅᴇɴᴇ ᴘᴇýᴅᴀꜱʏɴᴅᴀɴ ᴋòᴘ ᴢʏýᴀɴʏ ʙᴀʀᴅʏʀ.
32
42
amanmyradowna_
08.12.2023 00:08
.....Dowamy...


Kesel dörediji ýokarky dem alyş ulgamynyň nemli örtüginde köpelýär we oňa

zeper ýetirýär, ondan soň gana düşýär. Şol sebäpden hem döredijiniň antigeni kelle

beýnisinde, böwrekde, limfa düwünlerinde, badam şekilli mäzlerde, dalakda

tapylýar. Dürli agzalara hem-de ulgamlara diňe bir dörediji däl-de, dargan

öýjükleriň gana düşen önümleri hem bedene zäherleýji täsir edýär. Zäherleýji täsir has duýgur bolan agzalara we ulgamlara nerw hem-de gan - damar ulgamlary

degişlidir.

Merkezi nerw ulgamynyň dürli bölümlerine, ilki bilen diensefal

meýdançasyna zeper ýetýär, şol sebäpden wegetatiw nerw ulgamynyň işjeňligi

bozulýar. Ol hem öz gezeginde wegetatiw bölümiň işini sazlaýşynyň üýtgemegine,

kapillýar birleşdiriji dokumalaryň geçirijiliginiň ýokarlanmagyna getirýär. Ýerli

gan aýlanyşynyň bozulmasy, bu ýokanjyň döreýşinde we ösüşinde esasy orun

eýeleýär.

O2

ýetmezçiligi hem-de ýerli gan aýlanyşyň bozulmasy nerw, endokrin

ulgamlarynyň işjeňliginiň dürli bozulmasyna, ýürek muskulsynyň zeperlenmesine

getirýär. Ol hem madda çalşygynyň bozulmasyna, natriý duzunyň bedende

ýygnanmagyna, zäherlenme alamatlarynyň derejesiniň ýokarlanmagyna getirýär.

Ondan başga-da, döredijiniň öýjüge täsiri netijesinde, öýjük iýmitlenmesiniň dürli

bozulmasy, agzalaryň, dokumalaryň zeperlenmesi, ganyň turşy-aşgar

deňagramlylygynyň üýtgemesi bellenýär. Keseliň agyr derejesinde, zäherlenmäniň

başlangyç döwründe-de çuňňur üýtgeşmeler ýüze çykýar, dem alyş ýollarynda

gaýnaglama hadysasy başlanýar. Kesele mahsus üýtgeşmeler traheýanyň we

bronhyň ýüzleý öýjüklerinde ýerleşýär. Öýjüklerde döredijiniň antigeni tapylýar.

Ondan soň ikilenji ýokanjyň goşulmagy netijesinde dürli gaýraüzülmeler ýüze

çykýar. Ikilenji ýokanjyň goşulyşmagy, dem alyş ýollarynyň hem-de bedeniň

goranyş ulgamynyň işjeňliginiň bozulmagy netijesinde keseliň agyr derejeleriniň

ýüze çykmagyna we erbet netijelere getirmegi mümkin. Stafilokokk döredijisi

goşulanda kesel ýaýran görnüşde geçýär, çüýremeli traheobronhit, beýleki

agzalarda we ulgamlarda bolsa dürli gaýraüzülmeler bellenýär. Wirus we bakterial

antigenleriň dargan önümleriniň täsiri netijesinde bedende sensibilizasiýa hadysasy

ýüze çykýar. Bedende allergiýa hadysasynyň ýüze çykmagy, bogujy üsgülewik,

dispepsiýa alamatlary, deri örtüginiň zeperlenmesi bilen häsiýetlendirilýär. Ondan

soň bedendäki dürli üýtgeşmeleriň kadaly derejesine gelmegi bellenýär we näsag

gutulýar
29
108
amanmyradowna_
07.12.2023 17:22
GRIPP.

Gripp - bu giňden ýaýran, dem alyş ýollarynyň zeperlenmesi we mahsus
bolan umumy zäherlenme alamatlary bilen geçýän ýokanç keseldir. Bütindünýä

Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatlaryna görä ýaýraýyşy boýunça ýokanç keselleriň arasynda birinji orny eýeleýär
Kesel dörediji barada. Grippiň wirusy ORTHO MYXOVIRIDAE maşgalasynyň degişlidir. Gripp ýokanjy düzüminde RNK saklaýan adatça togalak, käte ol sapak görnüşde hem duş gelýär. Özünde içki nukleoproteid (S-antigen) hem-de daşky glýukoproteid –gemoglýutinin (H) we neýroaminidaza (N)
saklanýar.. Wirusyň birnäçe kiçi antigen görnüşleri bolup, olar wirusyň antigen
gurluşyndaky gemagglýutinin (H) we neýraminidaza (N) boýunçatapawutlanýarlar. Şu günki gün H-niň 16 görnüşi (H1-H16), N-nyň 10 görnüşi (N1-N10) belli we olar öz aralarynda üýtgäp durup birnäçe antigen birleşmeli görnüşleri emele getirip bilýärler. Antigenlilik, zäherlilik, ýokançlylyk, gemagglýutinirleýji we enzimatik işjeňlige eýedir.

Epidemiologiýasy. Keseliň çeşmesi bolup, näsaglar hyzmat edýärler. Gripp
ýokanjy bilen kesellän adamlar töweregindäkiler üçin keseliň birinji gününden tädoly gutulýança, ýagny keseliň 5-7 gününe çenli howply hasaplanýarlar.
Kesel howa-damja ýoly bilen, kähalatlarda bolsa oýnawaçlaryň, emzigiň, gapgaçlaryň üsti bilen hem ýokuşmaklygy mümkin.
Keselleýjiligiň derejesi sowuk pasyllarda has artýar. Ilkinji keselleýjilik howanyň sowamagy bilen oktýabr-noýabr, ikinji – dekabr-fewral, üçünji – martaprel aýlarynda bellenýär. Onuň derejesiniň sowuk aýlarda has-da artmagy ýaşaýyş düzgüniniň üýtgemegi, ýagny otaglarda ýakyn aragatnaşykda bolunmaklygy bilen
düşündirilýär. Bu döwürde adamlaryň otaglarda köp bolmaklygy,wagtly-wagtynda
otagy şemallatmaýanlygy hem belli bir derejede keselleýjiligiň derejesiniň
artmagyna ýardam edýär.
Keseliņ döreýiş we ösüş yzygiderligi. Dörediji bedene ýokarky dem alyş
ýollaryndan düşýär. Kesel dörediji nemli örtükleri zeperleýji häsiýete eýedir.

Keseliň döreýşinde we ösüşinde 5 döwür bellenýär.

I-nji döwür–döredijiniň dem alyş ýollarynyň nemli bardalaryna düşmegi we
köpelmegi.

II-nji döwür – döredijiniň gana düşmegi we dürli ulgamlara we içki agzalara

zäherli we zäherleýji-allergiki täsir etmegi.

III-nji döwür – dem alyş ulgamynyň dürli bölümlerinde çişme hadysasynyň
ýüze çykmagy.

IV-nji döwür – ikilenji gaýraüzülmeleriň ýüze çykmagy.

V-nji döwür – dürli üýtgeşmeleriň kadalaşýan döwri.

Dörediji dem alyş ulgamyna düşen ýerinde, zeperleýji täsirini ýetirip,
gaýnaglama hadysasyny ýüze çykarýar. Ondan başga-da döredijiniň zäherli
maddasynyň täsiri netijesinde bronhlaryň geçirijiligi bozulýar we kislorod
ýetmezçiligi ýüze çykýar.



...dowamy bar.
26
33