amanmyradowna_
08.12.2023 00:08
.....Dowamy...


Kesel dörediji ýokarky dem alyş ulgamynyň nemli örtüginde köpelýär we oňa

zeper ýetirýär, ondan soň gana düşýär. Şol sebäpden hem döredijiniň antigeni kelle

beýnisinde, böwrekde, limfa düwünlerinde, badam şekilli mäzlerde, dalakda

tapylýar. Dürli agzalara hem-de ulgamlara diňe bir dörediji däl-de, dargan

öýjükleriň gana düşen önümleri hem bedene zäherleýji täsir edýär. Zäherleýji täsir has duýgur bolan agzalara we ulgamlara nerw hem-de gan - damar ulgamlary

degişlidir.

Merkezi nerw ulgamynyň dürli bölümlerine, ilki bilen diensefal

meýdançasyna zeper ýetýär, şol sebäpden wegetatiw nerw ulgamynyň işjeňligi

bozulýar. Ol hem öz gezeginde wegetatiw bölümiň işini sazlaýşynyň üýtgemegine,

kapillýar birleşdiriji dokumalaryň geçirijiliginiň ýokarlanmagyna getirýär. Ýerli

gan aýlanyşynyň bozulmasy, bu ýokanjyň döreýşinde we ösüşinde esasy orun

eýeleýär.

O2

ýetmezçiligi hem-de ýerli gan aýlanyşyň bozulmasy nerw, endokrin

ulgamlarynyň işjeňliginiň dürli bozulmasyna, ýürek muskulsynyň zeperlenmesine

getirýär. Ol hem madda çalşygynyň bozulmasyna, natriý duzunyň bedende

ýygnanmagyna, zäherlenme alamatlarynyň derejesiniň ýokarlanmagyna getirýär.

Ondan başga-da, döredijiniň öýjüge täsiri netijesinde, öýjük iýmitlenmesiniň dürli

bozulmasy, agzalaryň, dokumalaryň zeperlenmesi, ganyň turşy-aşgar

deňagramlylygynyň üýtgemesi bellenýär. Keseliň agyr derejesinde, zäherlenmäniň

başlangyç döwründe-de çuňňur üýtgeşmeler ýüze çykýar, dem alyş ýollarynda

gaýnaglama hadysasy başlanýar. Kesele mahsus üýtgeşmeler traheýanyň we

bronhyň ýüzleý öýjüklerinde ýerleşýär. Öýjüklerde döredijiniň antigeni tapylýar.

Ondan soň ikilenji ýokanjyň goşulmagy netijesinde dürli gaýraüzülmeler ýüze

çykýar. Ikilenji ýokanjyň goşulyşmagy, dem alyş ýollarynyň hem-de bedeniň

goranyş ulgamynyň işjeňliginiň bozulmagy netijesinde keseliň agyr derejeleriniň

ýüze çykmagyna we erbet netijelere getirmegi mümkin. Stafilokokk döredijisi

goşulanda kesel ýaýran görnüşde geçýär, çüýremeli traheobronhit, beýleki

agzalarda we ulgamlarda bolsa dürli gaýraüzülmeler bellenýär. Wirus we bakterial

antigenleriň dargan önümleriniň täsiri netijesinde bedende sensibilizasiýa hadysasy

ýüze çykýar. Bedende allergiýa hadysasynyň ýüze çykmagy, bogujy üsgülewik,

dispepsiýa alamatlary, deri örtüginiň zeperlenmesi bilen häsiýetlendirilýär. Ondan

soň bedendäki dürli üýtgeşmeleriň kadaly derejesine gelmegi bellenýär we näsag

gutulýar
29
108
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.