GRIPP.
Gripp - bu giňden ýaýran, dem alyş ýollarynyň zeperlenmesi we mahsus
bolan umumy zäherlenme alamatlary bilen geçýän ýokanç keseldir. Bütindünýä
Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatlaryna görä ýaýraýyşy boýunça ýokanç keselleriň arasynda birinji orny eýeleýär
Kesel dörediji barada. Grippiň wirusy ORTHO MYXOVIRIDAE maşgalasynyň degişlidir. Gripp ýokanjy düzüminde RNK saklaýan adatça togalak, käte ol sapak görnüşde hem duş gelýär. Özünde içki nukleoproteid (S-antigen) hem-de daşky glýukoproteid –gemoglýutinin (H) we neýroaminidaza (N)
saklanýar.. Wirusyň birnäçe kiçi antigen görnüşleri bolup, olar wirusyň antigen
gurluşyndaky gemagglýutinin (H) we neýraminidaza (N) boýunçatapawutlanýarlar. Şu günki gün H-niň 16 görnüşi (H1-H16), N-nyň 10 görnüşi (N1-N10) belli we olar öz aralarynda üýtgäp durup birnäçe antigen birleşmeli görnüşleri emele getirip bilýärler. Antigenlilik, zäherlilik, ýokançlylyk, gemagglýutinirleýji we enzimatik işjeňlige eýedir.
Epidemiologiýasy. Keseliň çeşmesi bolup, näsaglar hyzmat edýärler. Gripp
ýokanjy bilen kesellän adamlar töweregindäkiler üçin keseliň birinji gününden tädoly gutulýança, ýagny keseliň 5-7 gününe çenli howply hasaplanýarlar.
Kesel howa-damja ýoly bilen, kähalatlarda bolsa oýnawaçlaryň, emzigiň, gapgaçlaryň üsti bilen hem ýokuşmaklygy mümkin.
Keselleýjiligiň derejesi sowuk pasyllarda has artýar. Ilkinji keselleýjilik howanyň sowamagy bilen oktýabr-noýabr, ikinji – dekabr-fewral, üçünji – martaprel aýlarynda bellenýär. Onuň derejesiniň sowuk aýlarda has-da artmagy ýaşaýyş düzgüniniň üýtgemegi, ýagny otaglarda ýakyn aragatnaşykda bolunmaklygy bilen
düşündirilýär. Bu döwürde adamlaryň otaglarda köp bolmaklygy,wagtly-wagtynda
otagy şemallatmaýanlygy hem belli bir derejede keselleýjiligiň derejesiniň
artmagyna ýardam edýär.
Keseliņ döreýiş we ösüş yzygiderligi. Dörediji bedene ýokarky dem alyş
ýollaryndan düşýär. Kesel dörediji nemli örtükleri zeperleýji häsiýete eýedir.
Keseliň döreýşinde we ösüşinde 5 döwür bellenýär.
I-nji döwür–döredijiniň dem alyş ýollarynyň nemli bardalaryna düşmegi we
köpelmegi.
II-nji döwür – döredijiniň gana düşmegi we dürli ulgamlara we içki agzalara
zäherli we zäherleýji-allergiki täsir etmegi.
III-nji döwür – dem alyş ulgamynyň dürli bölümlerinde çişme hadysasynyň
ýüze çykmagy.
IV-nji döwür – ikilenji gaýraüzülmeleriň ýüze çykmagy.
V-nji döwür – dürli üýtgeşmeleriň kadalaşýan döwri.
Dörediji dem alyş ulgamyna düşen ýerinde, zeperleýji täsirini ýetirip,
gaýnaglama hadysasyny ýüze çykarýar. Ondan başga-da döredijiniň zäherli
maddasynyň täsiri netijesinde bronhlaryň geçirijiligi bozulýar we kislorod
ýetmezçiligi ýüze çykýar.
...dowamy bar.