Ýylboýy gazanan şahsy netijeleriňi nädip hasaplamaly?
Ahyrlanyp barýan ýylyň netijelerini jemlemek — bize bütin ýylyň dowamynda öz gazanan üstünliklerimizi hasaplamaga, olara baha bermäge, bu netijeleri has-da täze ösüş basgançaklaryna çykarmaga ýardam edýän işdir.
Geçen ýylyňy nädip seljermeli?
Gazanylan üstünlikleriň sanawyny düzüň. Tamamlanýan ýylda size oňyn netijelere eýe bolmak başardan kiçili-ululy üstünlikleriňizi ýadyňyza salyň. Munda netijeleriňizi diňe bir has uly derejedäki ýeňişleriňiz bilen däl-de, eýsem, uly bolmadyk hasap edýän üstünlikleriňiz bilen hasaplap bilersiňiz.
Ýalňyşlaryňyzy seljeriň. Geçen ýylda goýberilen ýalňyşlyklary ýatlaman bolmaz. Olary ýadyňa salmak hem seljermek bilen, geljekki ädimleriňde nämeleri etmelidigiňi oňat seljerip, meýilleşdirip bolýar.
Geljek ýyldaky maksatlaryňyzyň sanawyny düzüň. Üstünlikleriňizi we ýalňyşlyklaryňyzy gözden geçireniňizden soň, indiki ýylda nämelere ýetmek isleýändigiňiz barada pikirlenmegiň wagty gelip ýetýär. Sizi höweslendirjek, kämilleşmäge kömek etjek maksatlaryň sanawyny düzüň.
Ýylyň netijelerini jemlemek üçin birnäçe sowallar:
Şu ýylda meniň durmuşymda haýsy waka iň ähmiýetli boldy?
Bu ýylda men nämeler gazandym?
Tamamlanyp barýan ýylda men nämelere göz ýetirdim?
Geljek ýylda esasy nämäni üýtgetmek isleýän?
Ýylyň netijeleri bilen bagly anyk we jikme-jik hasabat ýazmak bilen, gün tertibiňizi has gowy seljerip bilersiňiz, geljege uly hem-de hakykata laýyk maksatlary goýup bilersiňiz. Bu çemeleşme sizi geçmişiň kynçylyklaryndan azat eder, şeýle-de täze üstünliklere ýetmäge ylhamlandyrar.
Goý, ahyrlanýan ýyly seljermek siziň üçin täze üstünliklere badalga bolup, durmuşyňyzy gowy tarapa özgertsin!