altyyeva
27.10.2023 00:29

Perwaz urduň, däli köňül,

Jahyllygyň ýelgininde;

Köýdi gitdi aýlar-ýyllar

Yşgyň-söwdaň ýangynynda.

Näme görüp otlandyň sen

Müň gülleriň bir gülünde?

Tiken bardyr öýtmediň den

Bu dünýäniň her gülünde.

Jöwlan urduň, boş çyrpyndyň

Hyýalatyň duzagynda;

Ile-güne hiç sygmadyň –

Saýry bolduň ýer ýüzünde.

Ýalňyzlyga kaýyl etdiň

Meni-de öz sürgüniňde:

Aýakýalaň kän ýöretdiň

Ýanar çägäň ürgüninde.


Dynç alaly, argyn köňül,

Düşläp hylwat jülgesinde;

Ukla biraz sergin-sergin

Kanagatyň külbesine.


yaran_yagmur

19
23
altyyeva
26.10.2023 00:05

Men juwan

Don Žuan

Hem şu wagt

Ýüregime edemok höküm

Özgeleň öňünde dyzyna çöküp

Ýatlaryň eline berip erkini

Taryp edip gözelligini, görküni

Edil häzir söýüp ýör ol kimi

Bilemok.Bilmeklik nämäme gerek ?

Bir zady bilýärin men oňa derek

Ýürek atygsaýar göýä kebelek

Gülleriň yşgynda dönüp perwana

Dünýä içre ganat kakýar her ýana

Ömrüniň bir günün tamamlap bir gün

Ol özüni oda urar ýanmana...


Ilmyrat Babaýew

17
61
altyyeva
25.10.2023 08:05

Dünýä üç sany kit läheňiniň üstünde däl-de, gözelligiň üstünde dur.

Eger dünýä şeýle owadan bolmadyk bolsady, onda ýaşasyň hem gelmezdi, ýaşanyňa-da degmezdi.

Gözellik özüne bendiwan edýär. Gözellige maýyl bolýarsyň. Serediň, durşuna dartgynly gözellige öwrülen durnalar niçe menzillerden, yklymlardan geçip göçüp gonýarlar. Olar ýazyň aşygy, ýazyň ýaraşygy. Eger-de zemine bahar gelip, asmandan hem durnalar geçmese nähili bolardy?!

Adatça, biz gözelligi gözümiz bilen görýäris, duýgularymyz bilen duýýarys. Gözelligi gulagymyz bilen eşidýäris. Akyl-paýhasymyz bilen gözellige düşünip aşyk bolýarys. Hut şonuň üçinem, her bir eýýamyň özüne mahsus gözelligi bolýar.

Biz mekdepde algebra sapagyny geçýäris. Ildeşimiz Muhammet al-Horezminiň dünýä beren ylmy al-jebir. Algebra sapagyny okuwçylaryň aglabasy halamaýar, çünki oňa düşünmek kyn, ýöne oňa düşünenler algebranyň gözelligini birinji derejeli hasaplaýarlar.

Jorj Bul garyp maşgalada dünýä inýär, ol ýokary, orta okuw jaýynyň gapysyndan barmaýar. Diňe garyp çagalary üçin bolan mekdepde başlangyç bilim alýar, dessine latyn hem gadymy ýunan dilini özbaşdak öwrenýär, matematika ýykgyn edip, on iki ýaşynda matematika mekdebini açýar. Mugallym hem bir özi. Onuň matematika degişli işlerini okap gören meşhur matematikaçylar haýran galyp, ony professorlyga göterýärler.

Eger-de Jorj Bul başdan baý maşgalada doglup, göwnejaý ylym alanynda matematika üçin, gör, nähili işler ederdi...

Jorj Buluň matematikasynyň gözelligine, ýönekeýden çylşyrymlylygyna akylyň haýran. Ol beýik alym, onuň gyzy Etel Lilian Woýniç bolsa «Gögeýin» romany bilen dünýäniň beýik ýazyjylarynyň biri bolýar.

Meniň pikirimçe, gözellik öwrenilmedik ylym. Gözelligiň, sazlaşygyň öz kanunlary bar. Şol kanunlary açan alymlary inkwizasiýa ýowuzlyk bilen otda otlapdyr, emma, barybir, alymlar açyşyny bes etmändirler. Sebäbi gözellik olary öz erkine goýmaýar. Gözellik ölümden-de rüstem!

Daňatar Öwezow, Nury Halmämmedow ýaly beýik kompozitorlar döreýänçä biz türkmen topragynyň gözelliginiň owazyny dutardyr gyjak arkaly diňledik, «Aýgytly ädim» filminiň sazyna bir gulak goýuň, diňläň, ýüregiňiz bilen diňläň! Türkmen topragy, çöli-düzi, tokaýy-derýasy bilen nähili owaz eýleýär. Kalbyňy heýjana salyp duran, çyrpynyp duran ajaýyp owazlaryň tagamyny hem duýýarsyň!

Gözellik gudrat!

Gözelligi göreniňde gözleriň dokunýar, göwnüňi telwaslandyrýar.

Gözelligi diňleseň, ruhuň Humaý guşy ýaly al-asmanda pel-pelleýär.

Gözelligi ýüregiň bilen duýanyňda bolsa, bagtdan ýaňa lerzana gelýärsiň.

Gözelligiň aňyrsynda adam aňy ýetmedik gudrat ýatyr.

Allatagala ähli zehin-başarnygyny, ukybyny sarp edip, sünnäläp, dünýä diýlip atlandyran gözelligini döredipdir. Dünýä – Beýik Allatagalanyň fantaziýasy.

Bu dünýäniň hakyky ady Gözellik bolmaly.


Osman Öde

23
66
altyyeva
24.10.2023 00:57

Bethowen ýaşy gaýdyşansoň ker bolýar. Dünýäni owaz hökmünde kabul edýän, her bir gözelligiň reňkinden ozal owazyny eşidýän kompozitor ker! Örän eýmenç pajyga! Bu durmuşda şeýle gapma-garşylyk gaty köp. Dünýäniň owadanlygyna aşyk şahyrlaryň, gör, näçesi ker! Gomerden başlap!..

Bethowen men ker boldum diýip oturmaýar, saz guralyna özüniň paýhasy bilen döreden taýajygyny – saz guralyna diräp, sesiň yrgyldysyny duýup saz eserini ýazypdyr.

Özüňi adam etmeli! Göwrede paýhas ýok, göwre nadan, ony edil bedew at seýislän ýaly gije-gündiz seýislemeseň, belki, ertir gara garnyň işi bolar! Göwre doýmaz-dolmaz bolýar. Oňa süýjüden-süýji naz-nygmat gerek, tagamly-tagamly nahar gerek, arak, piwo, çilim gerek! Durmuşda köp adam öz göwresiniň erksiz guluna öwrülýär.

Göwre akyl-paýhasa gulluk etmeli!

Akyl-paýhas beýik maksada gulluk etmeli!

Adam, özüňi adam et! – Bethowen bu pikiri ýüreginden aýdýar.

21
60
altyyeva
23.10.2023 00:12

Ýagasy gelýär buludyň

Endam-jany bogun-bogun.

Saňa diýjek jümlelerim

Damagymda boldy düwün.


Uçrap biçäre ýollara

Hesrete döndi gargyşym.

Men deý içigip-içigip,

Aglasy gelýär ýagyşyň.


Kim düşünýär öz bagtymy

Özge bilen paýlaşanma.

Bolar-a mahal-bimahal

Içiňi döküp boşanma.


Bir naşy melege dönüp,

Penjiresinden jyklasam,

Özi duýsa-da owarram

Dabanlaryn gujaklasam.

Oýananda säherlerde

Şärik bolsam dilegine,

Jan-u-dilden söýýänimi

Pyşyrdasam gulagyna

Gör, niçik bordy durmuşym...


Ýagasy gelýär ýagyşyň...


Suraý Babanyýazowa

15
18
altyyeva
22.10.2023 00:12

Gurbannazar Ezizowyň aýaly Hally ejä ýazan haty


Salam, Hally!


Hatyň gelmänkä birdim, emma gelensoň iki boldum: birim-ä oturyp şu haty ýazýar, ikinjimem çagalaň arasynda gezip ýör: Sähragül: “Hany getiren sowgadyň?” diýýär weli, ikinji: “Sowgat getirmeli Ýalta şäherinde ýapyrylyp (ýazyp) ýatyr” diýýär. Sähragülüň bu zatlara düşünjek gümany barmy?! Ýüzüni turşardyp, beýleki tama gidýär.


Seniň beýle hatlary ýazyp bilýäniňi bilen bolsam, men ýörite hat ýazyşmak üçin, üç-dört aýlap öýden gitmäge razy bolardym.


Saglygyňyzy eşidip, gaty begendim. Atasy üçin çagalaryň hemmesem-ä gowudyr weli, ýöne şu Sährany hasam gowy görýänmi, nämemi, biçak göresim gelýär. Wagt tapyp, suratyny aldyryp iberseň-ä, gaty gowy bolardy. Dördüsiniňkinem iberseň-ä, oňa ýetesi zat ýok.


Sen o taýda howa sowuk diýipsiň. Bu ýerler-ä jennet. Gyş diýjeksiň weli, baglar göm-gök. Işleýşim erbet däl, 250 000 000-ny (poema) gutardym... Sahna eseri agyr düşýär. Uzyn gün oturyp, bir görnüşini ýazýan, ertesem ýolbaşçym üçin ony rusça geçirýän. Edil bir wagtyň özünde iki eser ýazan ýaly.


Kakamyň haty geldi. Içinde Ýazgül janyň haty bar ekeni...


Ýogsa-da, bärdäki 50-ä golaý adamyň içinde (iň garrysynyň ertir 70 ýaşy dolýar, iň ýaşynyň, ýagny meniň 1-nji martda 34 ýaşym dolýar) men iň köpçagalysy.


Hawa, martyň 2-ne maslahat jemlenýär...


Hatyňyza garaşýan.


Gurbannazar.


1974 ýyl.

25
191
altyyeva
21.10.2023 00:01

• Amala aşmajak arzuw

Kellesindäki pikiriniň amala aşmaýanam bir gowy zat. Ýogsam, ol ganhor bolup, birwagt tussaghana düşerdi. Ol her gezek gahary gelende çyny bilen aýalyny öldüresi gelýär. Hyýalynda öldürip, hezil edýär. Ýöne, diňe pikir edýär goýýar... Soň gahary gaçýar, köşeşýär. Aslynda, hiç haçan adam öldürip biljek ynsanam däl ol.


• Öýüňde huzur bolmasa

Toýa bardy, oturdy. Millet tans edýär, ala-goh, şatlyk-şowhun. Emma, munuň içi gysdy. Köpçülikden haýyr ýok. Sebäbi häzir bu şowhun gutarar welin, öýüne dolanyp barmaly bolar. Öýünde-de mydama bolşy ýaly rahatlyk ýokdur. İgenjeň aýaly, öýüň ýeter-ýetmezçiligi. Garaz toýa barybam göwni açylmady.


• Işdäki eden-etdilik

İşde-de adalat ýokdy. Aýlygy öň-de köp däldi welin, öňküdenem azaltdylar oturyberdiler. İşden bir-iki gezek gijä galany üçin duýduryşam berdiler. Başga-da kän-ä, gijä galýan. Başlyk bolsa diňe şuny gören ýaly. İşden çykasy geldi. Arman, çaşyp ýatan iş-de ýok. Ol öýe gelip, zeýrenip, aýalynyň ýanynda içini dökdi. Aýalam geplemän diňledi oturdy. Muňa-da ýene onuň özüni goldamaýandygyna gahary geldi. Ýene ganhorlyk duýgusy oýandy. Üstesine indi başlygynam öldüresi gelýärdi.


• Toba edip, dogry ýola düşmek

Arak içmegini goýaly bäri iki ýyl geçdi. Asyl dünýe düzeläýdi. Öň içginiň güýjüne aýalyny öldüresi gelýän eken görüp otursa. Asyl toýlaryň şowhunyny indi ýüregi bilen duýup başlady. Toýdan diňe gök çaý içip, serhoş bolman, kimdir biri goltugyna girmän, öz aýaklary bilen barsa, aýaly asla igenjegem däl eken- ä. Güler ýüzli aýalynyň şunça ýyl gadryny bilmän gezipdir. Öň içgä gidýän pul indi öýüň gerek-ýaragyna sowlansoň, pulam köpeliberdi öýde. Asyl başlygam gowy adam eken. Ony öldürmek pikirinem kelleden çykarmaly boldy. Wezipesini ulaltdy, aýlygyny köpeltdi. Öň içgili bolup, işden telim günläp galandygy üçin berlen duýduryşlar ýyrtylyp taşlandy. Asyl bar günä özünde bolsa nätjek...

23
56
altyyeva
20.10.2023 08:12

Bäş sany başlangyç bar: birinji başlangyç – suw, ikinji – ot (ýalyn), üçünji – agaç (daragt), dördünji – demir, bäşinji – ýer (toprak).

Suwuň mydamalyk bolşy – öl bolmaly, özem aşak akmaly.

Oduň mydamalyk bolşy – ýanmaly we ýokaryk göterilmeli.

Demriň mydamalyk bolşy – daşardan edilýän güýje tabynlyk we durkuny üýtgetmek.

Ýeriň hemişelik bolşy – ýer tohum kabul edip, hasyl berýär.

Öl bolup, aşak akýan zat duzly zat döredýär; meselem, derýalar deňze, köle guýýarlar, kölde, deňizde şor suw köp, olardaky ot-çöp hem, jandarlar hem duz, şor bilen baglanyşykly.

Ýanyp, ýokary galýan zat – ajy zat döredýär.

Boýun bolýan we üýtgeýän zat – ýiti zat döredýär.

Sepilen tohumy kabul edýän we hasyl berýän zat – süýji zat döredýär.


Osman Öde

23
231
altyyeva
19.10.2023 00:10

Ýaryn-a setire sygdyrjak bolýan,

Ýarynam içimde bukýan derdimiň...

Üýtgeşik ekeniň meniň çakymdan,

Gerdenli däl, hut özi sen gerdeniň.


Seňkä meňzeş ýylgyryş ýok hiç kimde,

Ýygrylyş ýok ýüregimi gor eden.

Iki dünýe bagyşlanmaz, melegim,

Ýylgyrşyňy, ýygrylşyňy har eden...


Süýji ýaşlaň sallananda kirpikden,

Göwnüm sowuklykdan irende, dünýäm,

Dahandan söz bolup atylan yşkyň

Köz bolup gursaga girende, dünýäm,

Düşündim dünýäniň özüňdigiňe,

Sendedigne göz ýetirdim bagtymyň.

Gözüme, köňlüme öwüşgin çaýdy

Menden gizläp başarmadyk ýalkymyň.


Ana, şondan soňam älemgoşarly

günler derýa bolup akdy deňimden.

Söýgim durmuşymy ýyladyp durka

Diýdim: “Indi menem gamdan ýeňilmen!”


Hyýallamda Aýy gujaklap bilýän,

Günem gaty uzakda däl depämden.

Hawa, jöwzalarda, aýaz günlerde

Diňe seniň mähriň bilen bekän men!


Nirde sen, eý, ýagtyldanym ömrümi?!

Nirde sen, ynjamda göwnümi tapjak?!

Lowlamaga gorkup durun,

Çydaman,

“Ah çeksem, alawym dünýäni ýakjak”...


SAPA HOMMADOW

25
66
altyyeva
18.10.2023 00:13

Durmuş men saňa minnetdar. Maňa kän zat öwretdiň. Entäk mekdebe barmadyk çagajykkam maňa seni rehimsiz diýipdi atam. Men oňa ynanasym gelmändi. Şuwagtam ynanamok. Belki sen meni aýansyň. Şondan şeýle netijä gelen bolmagymam ahmal. Hernäçe aýasaňam men senden kän zat öwrendim.

Sen maňa hemme zadyň wagtlaýynlygyny öwretdiň. Diňe ejem bilen kakamyň meni çyn ýürekden söýýändigini öwretdiň. Sen algebra ýa himiýa ýaly çylşyrymly bolmasaňam şolarça bar megerem. Öwrümleriň edebiýatdan okan eserlerimdäki ýaly hemişe gowluga ýazmasa-da her gezek bir zady sapak edindim. Mekdebe gatnap ýa ýokary okuw mekdebinde okap kitaplardan tapmadyk soraglarymyň jogabyny tapdym men senden. Çyndanam sen maňa dost bolmaly. Sebäbi ýagşyny ýamany kemçiliklerimi hemişe ýüzüme diýdiň.

Gurbannazar şahyryň Durmuş goşgusyndaky ýaly seni idäp hiç ýerik gitmedim ýa töweregime soragly bakmadym. Ejem maňa durmuş mekdebinden bahaňy hemişe ýokary aljak bol sebäbi şol alan bahalaryň seniň ertiriň kepilnamasy diýerdi.

Belki ejem maňa durmuşy öwretdi. Garaz maňa kyn bolmady. Garyňy depeläp ýagşyňa ezilmegi bagt bildim hemişe. Seni hemmeler rehimsiz diýse-de senden närazy bolýan bolsalaram men barybir saňa minnetdar. Sen maňa kän zat öwretdiň. Sag bol durmuş!


Şanazar Muhammedow

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

25
71