altyyeva
19.10.2023 00:10

Ýaryn-a setire sygdyrjak bolýan,

Ýarynam içimde bukýan derdimiň...

Üýtgeşik ekeniň meniň çakymdan,

Gerdenli däl, hut özi sen gerdeniň.


Seňkä meňzeş ýylgyryş ýok hiç kimde,

Ýygrylyş ýok ýüregimi gor eden.

Iki dünýe bagyşlanmaz, melegim,

Ýylgyrşyňy, ýygrylşyňy har eden...


Süýji ýaşlaň sallananda kirpikden,

Göwnüm sowuklykdan irende, dünýäm,

Dahandan söz bolup atylan yşkyň

Köz bolup gursaga girende, dünýäm,

Düşündim dünýäniň özüňdigiňe,

Sendedigne göz ýetirdim bagtymyň.

Gözüme, köňlüme öwüşgin çaýdy

Menden gizläp başarmadyk ýalkymyň.


Ana, şondan soňam älemgoşarly

günler derýa bolup akdy deňimden.

Söýgim durmuşymy ýyladyp durka

Diýdim: “Indi menem gamdan ýeňilmen!”


Hyýallamda Aýy gujaklap bilýän,

Günem gaty uzakda däl depämden.

Hawa, jöwzalarda, aýaz günlerde

Diňe seniň mähriň bilen bekän men!


Nirde sen, eý, ýagtyldanym ömrümi?!

Nirde sen, ynjamda göwnümi tapjak?!

Lowlamaga gorkup durun,

Çydaman,

“Ah çeksem, alawym dünýäni ýakjak”...


SAPA HOMMADOW

25
66
altyyeva
19 Oktýabr 2023
@angelface, tanyşmy biz !? Kim bolyaňyz ozi ?
altyyeva
19 Oktýabr 2023
@angelface, Salam. Tüweleme postlarma ilkinji dislike baryny basyp çykan agza. Mbah geçen gadym eyyamdan galan gaçan aryňyz barmydy !?
angelface
19 Oktýabr 2023
Salam
gurbanowa
19 Oktýabr 2023
👍🏻
royall
19 Oktýabr 2023
Molodes
altyyeva
19 Oktýabr 2023
Küýseýän zadyňa ýetmegiň iň aňsat usuly – şony äsgermezlik, pisint etmezlik. Gözleseň – tapmarsyň, pikirini etmeseňem – unudarsyň, emma, gör-de duruber – öz-özi eliňe geler.
altyyeva
19 Oktýabr 2023
Iň gowy haklaşyk – unutmakdyr. Unutmak duşmany öz jesedi bilen guma garýar-da, ömürlik ýere duwlaýar.
altyyeva
19 Oktýabr 2023
Kim üçin dilemekden agyr iş ýok, kim üçinem şundan ýeňil iş ýok! * * * Ökde syýasatçylaryň usulyny aýdaýynmy: öňünden ýagşylyk edýän ýaly et, soňundan ol seniň sylag etdigiň bolar! * * * Hiç kimiň syryny diňleme, öz syryňy-da ile ýaýma! Kime syryňy aýtsaň, şonuň guluna öwrülersiň! * * * Kime agraslyk ýetmeýän bolsa, onuň gül ýaly başarnygy sönüp ýitip gidýär. * * * Öte akylly hem boljak bolma, iň gowusy – etjek işjagazyňy bil!
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.