altyyeva
25.10.2023 08:05

Dünýä üç sany kit läheňiniň üstünde däl-de, gözelligiň üstünde dur.

Eger dünýä şeýle owadan bolmadyk bolsady, onda ýaşasyň hem gelmezdi, ýaşanyňa-da degmezdi.

Gözellik özüne bendiwan edýär. Gözellige maýyl bolýarsyň. Serediň, durşuna dartgynly gözellige öwrülen durnalar niçe menzillerden, yklymlardan geçip göçüp gonýarlar. Olar ýazyň aşygy, ýazyň ýaraşygy. Eger-de zemine bahar gelip, asmandan hem durnalar geçmese nähili bolardy?!

Adatça, biz gözelligi gözümiz bilen görýäris, duýgularymyz bilen duýýarys. Gözelligi gulagymyz bilen eşidýäris. Akyl-paýhasymyz bilen gözellige düşünip aşyk bolýarys. Hut şonuň üçinem, her bir eýýamyň özüne mahsus gözelligi bolýar.

Biz mekdepde algebra sapagyny geçýäris. Ildeşimiz Muhammet al-Horezminiň dünýä beren ylmy al-jebir. Algebra sapagyny okuwçylaryň aglabasy halamaýar, çünki oňa düşünmek kyn, ýöne oňa düşünenler algebranyň gözelligini birinji derejeli hasaplaýarlar.

Jorj Bul garyp maşgalada dünýä inýär, ol ýokary, orta okuw jaýynyň gapysyndan barmaýar. Diňe garyp çagalary üçin bolan mekdepde başlangyç bilim alýar, dessine latyn hem gadymy ýunan dilini özbaşdak öwrenýär, matematika ýykgyn edip, on iki ýaşynda matematika mekdebini açýar. Mugallym hem bir özi. Onuň matematika degişli işlerini okap gören meşhur matematikaçylar haýran galyp, ony professorlyga göterýärler.

Eger-de Jorj Bul başdan baý maşgalada doglup, göwnejaý ylym alanynda matematika üçin, gör, nähili işler ederdi...

Jorj Buluň matematikasynyň gözelligine, ýönekeýden çylşyrymlylygyna akylyň haýran. Ol beýik alym, onuň gyzy Etel Lilian Woýniç bolsa «Gögeýin» romany bilen dünýäniň beýik ýazyjylarynyň biri bolýar.

Meniň pikirimçe, gözellik öwrenilmedik ylym. Gözelligiň, sazlaşygyň öz kanunlary bar. Şol kanunlary açan alymlary inkwizasiýa ýowuzlyk bilen otda otlapdyr, emma, barybir, alymlar açyşyny bes etmändirler. Sebäbi gözellik olary öz erkine goýmaýar. Gözellik ölümden-de rüstem!

Daňatar Öwezow, Nury Halmämmedow ýaly beýik kompozitorlar döreýänçä biz türkmen topragynyň gözelliginiň owazyny dutardyr gyjak arkaly diňledik, «Aýgytly ädim» filminiň sazyna bir gulak goýuň, diňläň, ýüregiňiz bilen diňläň! Türkmen topragy, çöli-düzi, tokaýy-derýasy bilen nähili owaz eýleýär. Kalbyňy heýjana salyp duran, çyrpynyp duran ajaýyp owazlaryň tagamyny hem duýýarsyň!

Gözellik gudrat!

Gözelligi göreniňde gözleriň dokunýar, göwnüňi telwaslandyrýar.

Gözelligi diňleseň, ruhuň Humaý guşy ýaly al-asmanda pel-pelleýär.

Gözelligi ýüregiň bilen duýanyňda bolsa, bagtdan ýaňa lerzana gelýärsiň.

Gözelligiň aňyrsynda adam aňy ýetmedik gudrat ýatyr.

Allatagala ähli zehin-başarnygyny, ukybyny sarp edip, sünnäläp, dünýä diýlip atlandyran gözelligini döredipdir. Dünýä – Beýik Allatagalanyň fantaziýasy.

Bu dünýäniň hakyky ady Gözellik bolmaly.


Osman Öde

23
66
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.