altyyeva
21.10.2023 00:01

• Amala aşmajak arzuw

Kellesindäki pikiriniň amala aşmaýanam bir gowy zat. Ýogsam, ol ganhor bolup, birwagt tussaghana düşerdi. Ol her gezek gahary gelende çyny bilen aýalyny öldüresi gelýär. Hyýalynda öldürip, hezil edýär. Ýöne, diňe pikir edýär goýýar... Soň gahary gaçýar, köşeşýär. Aslynda, hiç haçan adam öldürip biljek ynsanam däl ol.


• Öýüňde huzur bolmasa

Toýa bardy, oturdy. Millet tans edýär, ala-goh, şatlyk-şowhun. Emma, munuň içi gysdy. Köpçülikden haýyr ýok. Sebäbi häzir bu şowhun gutarar welin, öýüne dolanyp barmaly bolar. Öýünde-de mydama bolşy ýaly rahatlyk ýokdur. İgenjeň aýaly, öýüň ýeter-ýetmezçiligi. Garaz toýa barybam göwni açylmady.


• Işdäki eden-etdilik

İşde-de adalat ýokdy. Aýlygy öň-de köp däldi welin, öňküdenem azaltdylar oturyberdiler. İşden bir-iki gezek gijä galany üçin duýduryşam berdiler. Başga-da kän-ä, gijä galýan. Başlyk bolsa diňe şuny gören ýaly. İşden çykasy geldi. Arman, çaşyp ýatan iş-de ýok. Ol öýe gelip, zeýrenip, aýalynyň ýanynda içini dökdi. Aýalam geplemän diňledi oturdy. Muňa-da ýene onuň özüni goldamaýandygyna gahary geldi. Ýene ganhorlyk duýgusy oýandy. Üstesine indi başlygynam öldüresi gelýärdi.


• Toba edip, dogry ýola düşmek

Arak içmegini goýaly bäri iki ýyl geçdi. Asyl dünýe düzeläýdi. Öň içginiň güýjüne aýalyny öldüresi gelýän eken görüp otursa. Asyl toýlaryň şowhunyny indi ýüregi bilen duýup başlady. Toýdan diňe gök çaý içip, serhoş bolman, kimdir biri goltugyna girmän, öz aýaklary bilen barsa, aýaly asla igenjegem däl eken- ä. Güler ýüzli aýalynyň şunça ýyl gadryny bilmän gezipdir. Öň içgä gidýän pul indi öýüň gerek-ýaragyna sowlansoň, pulam köpeliberdi öýde. Asyl başlygam gowy adam eken. Ony öldürmek pikirinem kelleden çykarmaly boldy. Wezipesini ulaltdy, aýlygyny köpeltdi. Öň içgili bolup, işden telim günläp galandygy üçin berlen duýduryşlar ýyrtylyp taşlandy. Asyl bar günä özünde bolsa nätjek...

23
56
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.