altyyeva
11.11.2023 00:30

Bu dünýäni päk göresiň gelýämi?

Öz kalbyňdan başla!

"Döwür üýtgän" hemmeleriň bilýäni,

A sen ähli zatdan galdyňmy daşda?

Sen özüňden sora,

Päkmi ynsabyň?!

Niçik jogap berer saňa wyždanyň,

Kalby adyl terezisi ynsanyň,

Çek günäleň, sogaplaryň agramyn

Gabahatçylykdan özüňi gora!

Oňarsaň, hasap ber ilki özüňe,

Ýalan töhmet goşman ýeke sözüňe.

Bu dünýäni päk göresiň gelýämi?

Aýnaň öňüne geç-de, seret özüňe,

Päkmi sen,

Dünýäňde ýokmy kir-kimir?

Arassalap bilseň gözleriň öňün,

Dünýä arassadyr,

Abatdyr döwür.


Annabeg Aýmakowa

23
34
altyyeva
10.11.2023 04:32

Onuň bolşy meniň beren soragymy eşitmedik ýalydy. Penjireden daşarda ýagýan ýaz ýagşyny synlap, oýa batypdy. Belki-de, öz ýatlamalaryna gümra bolup, dogrudanam meniň soragymy eşitmedik bolmagy hem ahmaldy. Men bu soragy ikinji gezek gaýtalamygy gelşiksiz gördüm. Sesimi çykarman ony synladym. Şol wagt biziň beýlerägimizde oturan işdeşlerimiziň birini soragyň jogaby gaty gyzyklandyrdymy, nämemi birden: “Dogrudanam, siz ony söýmediňizmi?” diýip, meniň beren soragymy gaýtalady. Dogrusy işdeşim öz işine gümra bolup oturansoň biziň gürrüňimize üns berýändirem öýtmändim. Işdeşimiň soragyndan soň, ol ýerine geçip oturdy. Bu ýaşuly zenanyň bolup oturyşy bize bir zat gürrüň beresi gelip, nämeden başlajygyny bilmän oturana meňzeýärdi. Birdenem: “Men onuň goşgularyna aşykdym” diýdi-de, ýene-de dymdy. Bu wagt ýaşy ýetmişden geçen zenanyň ýaşlyk ýatlamalarynyň ummanyna çümendigini daşyndan hem bilip bolýardy. Hawa, ýaşy ýetmişden geçen hem bolsa bu zenanyň saryýagyz ýüzi häzirem nuranady. Maňlaýyndaky sähelçe gasynlar bolaýmasa, garrylygyň bu görmegeý zenanyň gül meňzini soldurmaga güýji ýetmändir. Biz gürrüňiň başlamagyna garaşyp, sesimizi çykarman otyrdyk. Ol gözüni bir nokada dikip oturşyna ýaşlyk ýyllarynyň ýatlamasyny gürrüň bermäge başlady.

Men entek mekdepde okap ýören wagtlarym onuň goşgularyny höwes bilen okardym. Ejem onuň ejesi bilen tanyşdy. Iş sapary bilen olaryň ýaşaýan welaýatyna gitse, köplenç şolarda myhmançylykda bolardy. Onsoň bu ýigdiň ykbaly, başyndan geçiren kynçylyklary, ýaşaýyşa, durmuşa bolan söýgüsi barada bize gürrüň bererdi. Şeýdibem mende onuň ýazýan goşgularyny okamaga, synmaz ruhly merdana ýigididň özi bilen tanyşmaga höwes döredi. Hawa... — diýdi-de, ýene dymdy. Biraz wagtdan gürrüňini dowam etdi.

Soňra men oňa hat ýazdym. Hatymda onuň goşgularyny söýüp okaýanlygymy, özüniňem ruhdan düşmän, döredijiligini dowam etdirmegini ýazdym. Soňra meniň hatyma jogap geldi. Garaz, şeýdip aramyzda salam hatlar ýygy-ýygydan gatnap başlady. Mekdebi tamamlan ýylym tomus ejem bilen olaryň öýlerine myhmançylyga bardym. Onuň bilen ýakyndan tanyşdym. Ol düşege baglanyp ýatanlygyna garamazdan, ýüz-gözi nurana, görmegeý ýigit ekeni. Özem men şeýle kösenip ýatyryn diýip müzzerenok. Men oňa Uniwersitetiň türkmen dili we edebiýaty fakultetine okuwa girmekçidigimi aýdamda ol: “Gowy edýäň. Okamaly. Menem şol ýerde okamagy arzuw edýän. Emma... meňki diňe arzuwda... şollugna-da galar” diýip, aňysyna bakdy. Menden göz ýaşyny gizledi. Maňa ejizlänini görkezmek islemedi. Men onuň bozulanyny bilsemem, bilmediklige saldym. Gürrüňimizi başga tema gönükdirdim. Biziň aramyzda hatlar ýygy-ýygydan gatnaýardy. Soňra her tomus okuwdan boş wagtymyz onuň halyndan habar almaga bardym. Hatlaryma hem özüme intizar gözleri bilen garaşýandygyny bilýädim. Şonuň üçin hem her gelen haty jogapsyz goýmaýardym. Soňabaka ol hatlara özümem imrinip gitdim. Onuň her hatynda maňa bagyşlanan goşgy bardy. Maňa bolan gyzgyn söýgüsini gönüläp aýtmanda-da, goşgularyndan bilmek kyn däldi. Gatnaşygymyz esli wagta çekdi. Soň ol meni söýýändigini gizläbem durmady. Meniň bolsa oňa nebsim agyrýardy. Dogry, onuň şeýle ajaýyp kalby bardy, ol ajaýyplyklaram öz şygyrlaryna siňdirip bilýärdi. Şeýle kalply ynsany, ýazan şygyrlaryny söýmezlik mümkin däldi. Men ony özümçe söýýärdim. Emma duýgularyma çyndan berilsem, soňunyň näme bilen gutarjagyna akylym ýetenokdy. Şonuň üçinem duýgularyma-da, bu ýigide-de gaty seresap çemeleşýärdim. Çünki sähelçe säwlik onuň bar umydyny, ýaşaýşa bolan höwesini puja çykaryp biljekdi. Men bolsa onuň ýaşamagyny isleýärdim, ýanyp duran zehiniň köýüp gitmegini islämokdym. Şonuň üçinem oňa çynym bilen kömek edesim gelýärdi. Ýazýan hatlarym onuň ýaşamaga bolan höwesini, özüne bolan ynamyny artdyrýardy. Şonuň üçin hatlarymda edil onuň özüniňki ýaly hörpden gopýardym— diýdi-de, gürrüňiň yzyny aýtman esli oturdy. Şol wagt uly gyzyklanma bilen diňläp oturan işdeşim:

Siz ony aldadyňyzmy? Onuň duýgulary bilen oýun etdiňizmi? Bü-ýä birhiliräk bolupdyr— diýip, geňirgendi. Işdeşimiziň bu mortarak soragyna onuň ýüzi gyzardy. Gaharynyň gelendigem bildirdi. Emma şonda-da, özüni asuda alyp barmaga çalyşdy.

Ýok, men ony allamadym. Meniň oňa bolan hormatym gaty uludy. Onuň ýazýan goşgularynyň ölemen aşygydym. Onsoňam meniň ýazýan hatlarym onuň ýaşaýşa bolan höwesini artyrýan bolsa, söýmek, söýülmek bagtyndan mahrum etmeýän bolsa... nämesi birhilimiş? Nämesi bolmaýamyş? Meniň hatlarym oňa azajygam bolsa ýaşamaga höwes döretdi. Ana, men şony bilýän. Şonuň üçinem men ol duýgyny ýalan hasap edemok— diýende sesi sannyrady. Ara dymyşlyk düşdi. Emma gürrüňiň soňuny diňläsimiz gelýädi. Onuň gürrüňi dowam ederine garaşyp, sesimizi çykarman oturdyk. Ol bolsa öýkeli ýaly aşak seredip, dymyp esli oturdy. Dymyşlygy men bozdum. Ýerimden turup, onuň arkasyna elimi goýdum-da:

Soňra näme boldy? — diýdim.

Soňramy? Soňra men durmuşa çykdym. Ýöne çykmazymdan öň onuň bilen bu meselede maslahatlaşdyk. Dogrusy onuň özi maňa: “Sen özüň ýaly gowy ýigide mynasyp. Ikimiziň bile bolup bilmejegimize akylym ýetýär. Eger bile bolaýsak, sen menden ýadarsyň. Men bolsa muny islämok. Söýgimiziň baky bolmagyny isleýän. Şonuň üçinem kyýamatlyk dogan bolup galaly. Sen bagtly bolsaň, menem bagtly bolaryn. Saňa bolan söýgim janym tenimi terk edýançä kalbymda ýaşar” diýdi. Durmuşa çykanymdan soň maşgalamyz bilen bile gatnaşdyk. Begenjimizem, gynanjymyzam deň paýlaşdyk. Ol häzirem biziň ýüregimizde ýaşap ýör— diýdi. Men:

Siziň bu duýgyňyz ynsan ömrüne ömür goşan duýgy. Ony allawçylyk hasap etmek ýalňyşlyk. Bu söýginiň iň ajaýyby, iň mukaddesi. Sizden görelde almaly! — diýip öz minnetdarlygymy bildirdim. Ýanymyzdaky işdeşimizem meniň bu pikirim bilen ylalaşdy.


Oguljahan Sopyýewa.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli

dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy

23
74
altyyeva
10.11.2023 00:07

"Söýgüňi unutsaň ýeňýäňmi näme?"

G.Saryýew


Ýalan höwesleriň yzyna düşüp,

Ömür ýaşanyňa degýämi näme?!

"Men seni unutdym" diýen bolýarsyň,

Söýgüňi unutsaň ýeňýäňmi näme?!


Bir pursatlyk hyýalmydy ählisi,

Dargasyz gämide gark boldy yşkym.

Ýaz ýakymyň bilen maýylkaň maňa,

A men gar burjulan sowujak gyşdym.


Perwana saýanym belki, hozanak

Yşk oduna dözmän eziz ýüregin.

Gezip ýörmi uzaklardan garaşyp,

Özge kişiň doldurmagna deregin.


Arzuwlara ýugrulan süýji düýşlerem,

Oýansaň, görenňe degýämi näme?!

Unutmak çäremi ýanan gursaga,

Söýgüňi unutsaň ýeňýäňmi näme?!


Annabeg Aýmakowa

14
53
altyyeva
09.11.2023 17:22

Sa­rym­sak. Da­mar dy­kyl­ma­gy­nyň öňü­ni al­ýar, gan ba­sy­şy­ny we gan li­pid­le­ri­ni pe­seld­ýär.

Po­mi­dor. Po­mi­do­ra gy­zyl reň­k ber­ýän li­ko­pen ýü­rek ke­sel­le­ri­niň dö­re­mek how­pu­ny azald­ýar we ho­les­te­ri­ni ka­da­laş­dyr­ýar. Luk­man­la­ryň bel­le­me­gi­ne gö­rä, bi­şi­ri­len po­mi­dor has peý­da­ly­dyr.

Ys­ma­nak. Ys­ma­nak gan ba­sy­şy­ny kadaly sak­la­ýar, ho­les­te­ri­ni pe­seld­ýär we ýü­rek myş­sa­sy­nyň yzy­gi­der­li iş­le­me­gi­ni üp­jün ed­ýär.

Al­ma. Al­ma, esa­san, pek­tin dü­zü­mi bi­len ýa­ra­maz ho­les­te­ri­ni ýok et­mek ar­ka­ly ýü­rek ke­sel­le­ri­niň dö­re­mek how­pu­ny azald­ýar.

Zeý­tun ýa­gy. Ýü­rek-da­mar ke­sel­le­rin­iň öňü­ni al­ýar we ho­les­te­ri­ni pe­seld­ýär. Zeý­tun ýa­gy­ny gün­de 2-3 na­har çem­çe­sin­den köp ka­bul et­mek­ zy­ýan­ly­dyr.

Ba­lyk. Süý­ji we ýü­rek ke­se­li bo­lan adam­la­ra hep­de­de 2 gün ba­lyk iý­mek mas­la­hat be­ril­ýär. Ba­lyk ýü­rek ur­gu­sy­ny ka­da­laş­dyr­ýar. Ýö­ne ba­ly­gy go­wur­man, bug­lap iý­mek­ peý­da­ly­dyr!

Üzüm şiresi. Alymlar tarapyndan geçirilen barlaglar bu içginiň ýüregiň dokumalaryny goramakda, işjeňligini artdyrmakda uly peýdasynyň bardygyny ýüze çykardy. Onuň sebäbi üzümiň düzüminde kaliýniň we magniniň mukdarynyň artykmaçlygy bilen düşündirilýär. Bir bulgur üzüm şiresinde ynsan bedeni üçin zerur bolan gündelik kaliý mukdarynyň 6-10%, magniniň, demiriň we marganesiň 5-8% saklanýandygy bellenilýär.

Gök çaý. Bu içgide antioksidantlar bolup, ol gan damarlaryny giňeldýär we diwarlarynyň hereketini ýeňilleşdirýär. Gök çaýyň düzüminde kofein, minerallar, wajyp antioksidant bolan kahetinler saklanýar.

Naryň şiresi. Suw bilen garylan bir bulgur nar şiresini gündelik içmek ýürege gan akymyny gowulandyrýar, gandaky kislorod derejesini ýokarlandyrýar, gan basyşyny peseldýär. Bu miwäniň düzümi aminokislotalara, magniý, kalsiý, fosfor, kaliý, marganes, ýod, demir we natriý ýaly mikroelementlere, С, В6, В12 we Р witaminlerine, fruktoza, glýukoza we ösümlik süýümine baýdyr. Naryň şiresini suw bilen garyp içmek maslahat berilýär.

Pomidor şiresi. Pomidor şiresini günde içmeli, ýöne mukdaryny ýarym bulgurdan geçirmeli däl diýip hünärmenler maslahat berýär. Bu bakja önüminiň düzüminde natriýniň köp mukdarda bolmagy sebäpli artykmaç kabul edilen pomidor şiresi bedene zyýan ýetirip bilýär.

19
32
altyyeva
09.11.2023 00:13

Bizi Ispaniýanyň Maýorka adasyna seminar we aýdym-saz programmasy üçin çagyrdylar. Programma gutaransoň, adada ýene birnäçe gün galmak we gezelenç etmek isledik. Çagalygymdan bäri elmydama aýlanmagy we nätanyş ýerlerde ýitmegi gowy görýärin. Şol sebäpli awtoulag kärendesine almak we adanyň her künjeginde diýen ýaly özbaşdak syýahat etmek isledik. Köp owadan ýerleri görenimizden soň, çöllük aýlaga öwrüldik. Uly kenarda 4-5 adam ýygnandy. Gün ýaşmagyna tomaşa etdik we öz aramyzda söhbet edip başladyk. Soňra 5-6 adam bolan şol çöllük kenarda bir aýal bize geldi. Ol meni iňlis dilinde garşylady we "Türkçe gürleýärsiňizmi?" Diýip sorady. "Hawa ..." diýdik. Şondan soň aýal türkçe nä derejede söýýändigini aýdyp başlady. Ol ispan. Onuň ady Merlin ... Ispan we Katalon terjimeçisi bolup işleýär. Biziň hemmämiz bilelikde süýji söhbetdeş bolduk. Gepleşip başlanymyzda, ol Rumy, ýagny Mewlanany tanaýarysmy diýip sorady. Sopuçylyk bilen gyzyklanýarysmy ýa-da ýokmy. diýip gyzyklandy. Men gülüp başladym. Gepleýän zatlarymyzyň dünýäniň bir burçunda, asuda adadaky çöllük aýlagda bolandygyna ynanmadym. Bir ispan sopuçylyk akademiýasynyň düýbüni tutujydan "Rumy tanaýaňyzmy?" Diýip soraýardy. Bu duşuşyk hemmämize gaty täsir etdi. Gözümiz bardy. Görnüşi ýaly, Merlin sopuçylyk we sopuçylyk pelsepesini öwrenmek isledi. Howöne nädip öwrenmelidigini we nireden başlamalydygyny bilenok, şonuň üçin köp wagt bäri gözleýär. Ol hem biziň bilen duşuşandygyna ynanmady. Biziň hemmämiz gaty begendik. Maýorka gelmezden ozal, “No Encounter” atly kitabymyň iňlis dilindäki wersiýasy tötänlikdir, öýdäki kitaphanada gözümi aldy. Birine sowgat edip bilerin öýdüp, bir ýa-da ikisini aldym. Kitaby Stambuldan bäri birnäçe gün bäri ýanymda alyp barýaryn. Görnüşi ýaly, men ony Merline bermäge garaşýardym. Aslynda, tüýs ýürekden islemek tükeniksiz ynamy, söýgini we boýun egmegi öz içine alýar. Ambisiýa bar, göreş bar, aşa köp islemekde we ymtylmakda gapma-garşylyk bar we bularyň hemmesi isleýän zadyňyzy gijikdirmekden ýa-da daşlaşmakdan başga maksat bilen hyzmat etmeýär. Bu siziň çagyrýan islegiňize ynam bildirmek, munuň nähili we haýsy görnüşde boljakdygyny hasaplamazlyk we sorag bermezlik, nämäniň ýa-da ýoklugyň eýýäm gowydygyna çyn ýürekden ynanmak diýmekdir. Diýjek bolýan zadym, islemegi bes etme, çekmegi bes et. Ünsüňizi ýüregiňizden çagyrýan zadyňyzda saklasyn. Munuň näme üçin we nädip boljakdygyna goşulanyňyzda, aladalaryňyz we şübheleriňiz bilen aklyňyz bilen ebedi we çäksiz ajaýyp tertibe päsgel berersiňiz we gudratlar üçin päsgelçilik bolarsyňyz. Durmuş size garaşylmadyk zatlary hödürlesin. Gowy zatlar saňa ýagsyn. Goý, gowy zat özüňe gelsin. Merlin ikimiz dost bolduk. Munuň bilen, niýetleriňiz we islegleriňiz ylahy sistema erkin tabşyrylanda, aňyň "mümkin däl" diýýän zady hem aňsat bolup biler. Bir niýeti hakykata öwürmegiň zerurlygy ýokdy. Bir zady eşidiň. Şol bir dilden, şol bir medeniýetden, şol bir toprakdan bolmak isleseňiz hem-de islegiňizi sistema ynam bilen tabşyrsaňyz, zerur zatlaryň hemmesi size, hatda bilmeýän uzak ýurtlardanam geler. dili, haýsy medeniýeti bilen keseki bolsaňyz ýa-da haýsy dini bilmeýän bolsaňyz uzak ýerlerden tapyp geler ýanyňyza, hatda elinde we sumkasynda size hödürlemäge taýyn sowgatlary bilen sizi goldaýar. Merlin derrew sopuçylyk akademiýasynyň bir bölegine öwrüldi. Ol diňe bir özüni gowy görýän türk dilini öwrenmän, sopuçylyk pelsepesini hem çuňlaşdyryp, uzak ýol geçdi. Soňundan näme boljagy, nähili boljakdygy barada alada etmeýär ... Ol diňe niýetine we ulgamyna ynanýar...


Hakan Mengüç "Sen yola çik yol sana görünür" kitabyndan

19
101
altyyeva
08.11.2023 17:28

+Tuk tuk.

-bagyşlaň, kim siz?

+"Bu ýürege ilkinji gadam basan adam bolmak bagtyna ýeteniňiz bilen gutlaýas."

-Näme?

+ Ýok, ýok ýüregiňize girmezden ozal ol maňa şol sözleri gaýtalady

-Gapyny nädip açdyňyz?

+Sözlerim bilen...

- Sözlerim bilen? Ol sadaja sözleri başgalaram aýdypdy. Emma girip bilmediler. Başga ýene?

+bakyşlarym bilen...

- hehe, bakyşlary bilen girjek bolup synanşanlaryň ilkinjisi siz däl. Bu ýerde başga syr bar

+Belki...

-Aýakgabyňyz bilen giripsiňiz

+ Zeleli ýok... Bu ýer näme... "Haýranlyk" otagy diýýärmi? Bu otagda nämeler bar?

- biriniň ýüregine rugsatsyz girmek sizi biynjalyk edenokmy?

+ Ýok... "Sozleri bilen halananlar" diwary diýýärmi? Bu diwarda ýekeje suraty duran bagty gelen kim?

- özdemir Asaf

+Ol kim?

- Ýazyjy.

+Söýýäňmi ony?

-Sözlerini.

+ Ýanyna menem suratymy goýsam?

- sebäp?

+ Men ýüregiňe ilkinji giren adam hökmünde bir gün gelip bu diwarda suratym durjagyna ynanýan.... Bu atlar ýazylan diwar näme? ... "Daşky görnüşi bilen halananlar" diwary diýýämi? Ol nähili diwar? Bu kimiň atlary? Baran.. Baran näme diýýär?

- Baranjre.

+ Kim ol?

- bloger

+ Halaýaňmy ony?

- gelşikli...

+El... Näme üçin "El..." sözüniň yzy doly ýazylmadyk.

- Entäk ony halap başlanyma köp bolmady

+ Kim ol?

- Elman

+ Men bu diwarda adym durmajagyna ynanýan. Sebäbi men betnyşanja?

- seniň betnyşan bolmadygyňy subut etmek üçin hem bu ýere adyňy ýazýan. "…." Ynha. Indi seniňem bu diwarda adyň bar.

+ Näme üçin ähli ýere romaşka gülleri ekilen.

- iň halaýan gülüm bolany üçin.

+Otagdan gelýän ýakymly yslar nämäniň yslary?

- Kitaplaň, ýagyşdan soňky howanyň ysy, çagalaň ysy.

+ hool dagda kimler ýaşaýar?

- ýitirmekden gorkýan adamlarym

+Bu gara reňkli gapy näme?

- Dur... barma ol ýere.bu umydymy, ynamymy ýitirmegime sebäpçi bolan ynsanlaryň gapysy. Olaryň käbiri hatda şol gapydan ýüregimden çykyp gitdiler. Käbiri entägem şol ýerde ýaşaýar. Sen asla giräýme ol ýere. Olar köpçülik. Seni tapmaryn ol ýerde. Girmegiňi islämok....

+ Ýeri ...

- saňa bir otagy görkezjek, şuwagta çenli asla hiç kimi salmaga het edip bilmedik otagymy.

+Men ol otaga girmäge laýykmy?

- Gel meniň bilen

+Beýbää... Bu gülüň owadanlygyny. Bu näme gül?

- men bu güli ýyllardyr ýekeje adam üçin aýawlap, ezizläp saklap gelýän. Diňeje laýyk adamy üçin. Ony ynjytman, soldurman saklap biljek adam üçin. Megerem ol sen bolsaň gerek. Men ol güli saňa bagş etmekçi. Ony öz ýüregiňe ek. Oňa seret, aýawla. Başgalaryň nazaryndan, dünýäň erbetliklerinden gora...

+Neme... Men bu güle laýyk bolmak üçin hiç hili hereket etmedim. Men muňa seredip bilmerin diýip gorkýan.

-ýok men saňa ynanýan. Al...

+Ýeri bolýar, isleýşiň ýaly bolsun... Wah...

- näme boldy?

+ gülüň tikenleri meniň elime batdy. Olar maňa azar berýär.

- bu meniň gülümiň tikenleri däl. Bu senin ýüregiñdäki gülüñ tikenleri. Diýmek seniň ýüregiňde başga güli ýetişdirýäň...Çekil yza. Gülümi ýere gaçyrdyň

+Meni bagyşla...

- näme üçin maňa bu barada ýüregime girmezden ozal aýtmadyň?

+aýtmaga pursat bermediň.

- näme sebäpden geldiň aslynda?

+ Gelmegimi özüň islediň... Meni bagyşla men gitmekçi. Bu ýer, bu gurşaw meni biynjalyk edýär.

- gitmek aňsatmy seniň üçin. Geleniňde ýüregimiň näçe ýerinde yzlaryňy goýup gideniňi bilýäňmi?

+Bilýän bagyşla...

-senem şol gara gapydan çykmak üçin geldiňmi durmuşyma

+Ýok men bu gapa girmek islemezdim ýöne başga ýol ýok.

- " ýara bolanlar" kolleksiýama hoş geldiň...Gidip bilersiň!

+ saňa bir zat aýtmakçy, ýüregiňe girenimde ol maňa " bu ýere giren ikinji we ahyrky adam bolmak" ähtimallygymyň gaty ulydyguny aýdypdy. Sen başga söýmezligiň mümkin

-Bilýän..Möhüm däl. Gidip bilersiň...

+Meni bagyşla

--------------------------------------------------

*Tuk tuk

-Bagyşlaň bu ýürek siziň üçin elýeterli däldir.


Abat Aşyrgeldiýewa

27
186
altyyeva
08.11.2023 14:33

Aldajy gyş kükräp gelip,

Gar syraýar, ýollar uçut.

Gaýa galan ene keýik,

Mähribanym, halyň niçik.


Goşa gumry, küýsäp bahar,

Zaryn aglar gonup, uçup,

Erte çynar çykjak nahal,

Mähribanym, halyň niçik.


Berdim köňlümiň sonaryn,

Eziz ejem—Käbäm, hajym,

Derdine derman bolanym,

Mähribanym, halyň niçik.


Öwlüýäň içinde öwlüýäm,

Kakam—gelen „ obaň“göçüp,

Soňam iman bersin Möwlam,

Mähribanym, halyň niçik.


Asman-zemin gatyşanda,

Ýollar yrak, ýoda-öçük,

Eý, ugrun ýitiren bende,

Mähribanym, halyň niçik.


Men sen bilen, eziz bende,

Umytlaň meýinden içip.


Azaşsam bile azaşyp,

Gel, saňa syrdaş bolaýyn,

Başga çäräm ýok golumda,

Mähribanym, halyň niçik.

26
70
altyyeva
07.11.2023 12:06

Irki döwürlere göz aýlasak, täleýnama düşünjesi biziň eýýamymyzdan öň V asyrda Mesopotamiýada ýüze çykypdyr. Şol döwürler ilkinji gezek täleýnama bilen bagly tejribeler synanşylypdyr. Eýýäm biziň eýýamymyzdan öň II-I asyrda Müsürde goroskopiki astrologiýa ylmynda anyk ädimler ädilipdir.

Goroskopiki astrologiýa ylmynda zodiak düşünjesi hem gabat gelýär. Eýsem ol näme? Zodiak latyn sözünden gelip çykyp, «haýwanlardan ybarat bolan halka» manysyny berýär. 12 sany zadiagyň umumy häsiýetnamasyny Size ýetirmegi makul bildik.


Hamal (Guzy 21.03—20.04)

Hamallar ähli zady gowulyga ýorýarlar. Bu ýyldyzyň astynda doglanlaryň arasynda pälwanlar köp gabat gelýär. Hamallar kesirlilik edip, öz diýeninden gaýtmaýarlar. Bu ýyldyzyň astynda doglanlar şol bir iş bilen köp wagtlap meşgullanyp bilmeýär. Olar söýmegi başarýarlar. Emma duýgulary uzak wagt dowam etmeýär. Şonuň üçin täze duýgularyň gözlegine çykýarlar.


Sowur (Öküzçe 21.04—20.05)

Bu ýyldyzyň astynda doglanlar özüniň bu dünýä diňe gowulyklary peşgeş bermek üçin ýaradylandygyna ynanýarlar. Köplenç halatlarda olar mamla. Olaryň ähli ugurlardan başy çykýar. Olaryň ukyp-başarnyklary we mümkinçilikleri ýokary bolýar. Sowurlara iş buýurdyňmy, onuň iň ussatlyk bilen ýerine ýetiriljekdigine ynanaý. Sowurlar baran ýerine diňe şatlyk getirýär. Olar ýakynlaryna, dogan-garyndaşlaryna juda wepaly.


Jöwza (Ekizekler 21.05—21.06)

Ekizekler juda akylly, ugurtapyjy we şadyýan adamlar. Olar bilen wagtyň örän gyzykly we şagalaňly geçýär. Olaryň asuda wagtyna az gabat gelinýär. Köneçil pikirleri asla halamaýarlar. Ekizekler döwrebap bolup, olaryň arasynda aýdymçylar, sungat we döredijilik işgärleri köp gabat gelinýär.


Seretan (Leňňeç 22.06—22.07)

Bu ýyldyzyň astynda doglan adamlar inçe duýgulara eýedirler. Olar ähli zada ýürekden ýapyşýarlar. Seretanlar gödekligi halamaýarlar we durmuşdaky barlyk düşünjeleri olary az gyzyklandyrýar. Owadan we göze gelimli geýinmegi halaýarlar. Maşgala seretanlar üçin ilkinji orundadyr. Ýakynlarynyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin jan edýärler.


Eset (Ýolbars 23.07—23.08)

Esetlere üns bermezlik mümkin däl. Baran ýerinde üns merkezinde bolmagy halaýarlar. Gymmatbahaly we owadan eşikleri geýinmegi halaýarlar. Eseti söýmän bolar, emma onuň gözelligine maýyl bolmazlyk mümkin däl. Ähli zada garamazdan, olar kiçigöwünlidirler.


Sünbüle (Gyz 24.08—23.09)

Müneçjimleriň aýtmagyna görä, bu ýyldyzyň astynda doglan zenanlar, juda zehinli bolýarlar. Olar diňe bir oýlanyşykly hereket etmän, özi üçin peýdaly bolmadyk duýgulara garşy çykyp bilýärler. Sünbüleler özlerine erk edip bilýärler. Olaryň köpüsi berk we agzybir maşgala gurýar.


Mizan (Terezi 24.09—23.10)

Mizanlar elmydama oý-pikirde. Şeýlelikde islendik meselede «ýedi ölçäp, bir kes» diýlen nakyla eýerýärler. Olar islendik meselede oýlanyşykly hereket edip, beýleki ýyldyzlaryň pikir etmeýän taraplaryny hem göz öňünde tutýarlar. Olar hoşniýetli we dostana adamlar. Olaryň aňsat-aňsat keýpi gaçmaýar.


Akrap (Içýan 24.10—22.11)

Akraplar – agyr häsiýetli, emma göze gelimli adamlar. Olar özleriniň hereketleri we owadanlygy bilen islendik adamy haýrana goýmagy başarýar. Olaryň köplenç şahsy durmuşy gowy bolýar. Emma kähalatlarda ynamdan gaçyp hem bilýär. Sebäbi bu ýyldyzyň astynda doglan adamlar ynamdar hasaplanmaýar.


Kowus (Keman 23.11—21.12)

Kowuslaryň durmuşda belli maksatlarynyň bolmagy zerurdyr. Şol sanda maksatlaryny hem dogry saýlamaklygy möhümdir. Sebäbi bu ýyldyzyň astynda doglan adamlar maksadyna ýetmek üçin dyrjaşýar. Kowuslar durmuşdaky kynçylyklardan ýa-da şowsuzlyklardan gorkmaýar we ruhdan düşmeýär. Bu ýyldyzyň astynda doglan adamlaryň dosty bolmak örän ýakymly. Kowuslaryň daşynda elmydama özüne wepaly ynsanlar bardyr.


Jedi (Owlak 22.12—20.01)

Zähmetsöýüjilik, oýlanyşykly hereket etmek — jedileriň üstünlikleriniň açarydyr. Hut şu häsiýetler bu ýyldyzyň astynda doglan adamlara kynçylyklary ýeňip geçmeklerine we maksatlaryna ýetmeklerine ýardam berýär.


Daluw (Gowa 21.01—20.02)

Daluwlar özgäniň pikirine bagly bolman, özbaşdak hereket etmegi halaýarlar. Elbetde, bu ýyldyzyň astynda doglan adamlaryň dostlary, deň-duşlary, garyndaşlary, ýakynlary bar, emma olaryň hiçisi daluwlara doly düşünmeýär. Olaryň öňdengörüjilik duýgulary has ýokary.


Hut (Balyk 21.02—20.03)

Hutlaryň örän ýakymly häsiýetleri bar. Olar duýguçyl, romantik. Olaryň ýanynda özüňi rahat duýýarsyň. Özüniň ajaýyp gylyk-häsiýeti, üns-hemaýaty bilen söýgüde «doň ýürekleri hem eredip bilýär». Olar işde üstünlikli bolup, islendik kynçylykdan ugur tapmagy başarýar.

37
712
altyyeva
07.11.2023 00:09

Gögiň ýüzi birzatdan-a nägile,

Gyş-da garalyp dur minnetin satyp.

Bulutlar hasratdan eňreýä göýä,

Ýere kä gar sepip, käte buz sepip.


Bu görnüşi synlap diÿýdi bir goja :

- Gyş aňzagy, gary bilen tanalar.

Gyş kimin gyňyr bol, ýaz ýaly ýumşak,

Her kimiŋ ömründen bir gylyk galar.


Geň däldir harasat, apy-tupanlar,

Gyşyň öz häsiýeti özüne mahsus.

Bir gyşa, bur ýaza meňzejek bolman,

Herkimiň öz häsiýeti bolsun özüne mahsus.


Allamyrat Sazakow

20
54
altyyeva
06.11.2023 16:34

Ýene kimde nähili öý haýwany bar ?

26
417