altyyeva
08.11.2023 14:33

Aldajy gyş kükräp gelip,

Gar syraýar, ýollar uçut.

Gaýa galan ene keýik,

Mähribanym, halyň niçik.


Goşa gumry, küýsäp bahar,

Zaryn aglar gonup, uçup,

Erte çynar çykjak nahal,

Mähribanym, halyň niçik.


Berdim köňlümiň sonaryn,

Eziz ejem—Käbäm, hajym,

Derdine derman bolanym,

Mähribanym, halyň niçik.


Öwlüýäň içinde öwlüýäm,

Kakam—gelen „ obaň“göçüp,

Soňam iman bersin Möwlam,

Mähribanym, halyň niçik.


Asman-zemin gatyşanda,

Ýollar yrak, ýoda-öçük,

Eý, ugrun ýitiren bende,

Mähribanym, halyň niçik.


Men sen bilen, eziz bende,

Umytlaň meýinden içip.


Azaşsam bile azaşyp,

Gel, saňa syrdaş bolaýyn,

Başga çäräm ýok golumda,

Mähribanym, halyň niçik.

26
70
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.