altyyeva
10.11.2023 00:07

"Söýgüňi unutsaň ýeňýäňmi näme?"

G.Saryýew


Ýalan höwesleriň yzyna düşüp,

Ömür ýaşanyňa degýämi näme?!

"Men seni unutdym" diýen bolýarsyň,

Söýgüňi unutsaň ýeňýäňmi näme?!


Bir pursatlyk hyýalmydy ählisi,

Dargasyz gämide gark boldy yşkym.

Ýaz ýakymyň bilen maýylkaň maňa,

A men gar burjulan sowujak gyşdym.


Perwana saýanym belki, hozanak

Yşk oduna dözmän eziz ýüregin.

Gezip ýörmi uzaklardan garaşyp,

Özge kişiň doldurmagna deregin.


Arzuwlara ýugrulan süýji düýşlerem,

Oýansaň, görenňe degýämi näme?!

Unutmak çäremi ýanan gursaga,

Söýgüňi unutsaň ýeňýäňmi näme?!


Annabeg Aýmakowa

14
53
bagulya
10 Noýabr 2023
Iki gunde owrensen adamlaryny unutmak ucin iki omurem yeterlik dal
okan
10 Noýabr 2023
Unutmak cäremi ýanan gursaga 👍😔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.