Sarymsak. Damar dykylmagynyň öňüni alýar, gan basyşyny we gan lipidlerini peseldýär.
Pomidor. Pomidora gyzyl reňk berýän likopen ýürek keselleriniň döremek howpuny azaldýar we holesterini kadalaşdyrýar. Lukmanlaryň bellemegine görä, bişirilen pomidor has peýdalydyr.
Ysmanak. Ysmanak gan basyşyny kadaly saklaýar, holesterini peseldýär we ýürek myşsasynyň yzygiderli işlemegini üpjün edýär.
Alma. Alma, esasan, pektin düzümi bilen ýaramaz holesterini ýok etmek arkaly ýürek keselleriniň döremek howpuny azaldýar.
Zeýtun ýagy. Ýürek-damar keselleriniň öňüni alýar we holesterini peseldýär. Zeýtun ýagyny günde 2-3 nahar çemçesinden köp kabul etmek zyýanlydyr.
Balyk. Süýji we ýürek keseli bolan adamlara hepdede 2 gün balyk iýmek maslahat berilýär. Balyk ýürek urgusyny kadalaşdyrýar. Ýöne balygy gowurman, buglap iýmek peýdalydyr!
Üzüm şiresi. Alymlar tarapyndan geçirilen barlaglar bu içginiň ýüregiň dokumalaryny goramakda, işjeňligini artdyrmakda uly peýdasynyň bardygyny ýüze çykardy. Onuň sebäbi üzümiň düzüminde kaliýniň we magniniň mukdarynyň artykmaçlygy bilen düşündirilýär. Bir bulgur üzüm şiresinde ynsan bedeni üçin zerur bolan gündelik kaliý mukdarynyň 6-10%, magniniň, demiriň we marganesiň 5-8% saklanýandygy bellenilýär.
Gök çaý. Bu içgide antioksidantlar bolup, ol gan damarlaryny giňeldýär we diwarlarynyň hereketini ýeňilleşdirýär. Gök çaýyň düzüminde kofein, minerallar, wajyp antioksidant bolan kahetinler saklanýar.
Naryň şiresi. Suw bilen garylan bir bulgur nar şiresini gündelik içmek ýürege gan akymyny gowulandyrýar, gandaky kislorod derejesini ýokarlandyrýar, gan basyşyny peseldýär. Bu miwäniň düzümi aminokislotalara, magniý, kalsiý, fosfor, kaliý, marganes, ýod, demir we natriý ýaly mikroelementlere, С, В6, В12 we Р witaminlerine, fruktoza, glýukoza we ösümlik süýümine baýdyr. Naryň şiresini suw bilen garyp içmek maslahat berilýär.
Pomidor şiresi. Pomidor şiresini günde içmeli, ýöne mukdaryny ýarym bulgurdan geçirmeli däl diýip hünärmenler maslahat berýär. Bu bakja önüminiň düzüminde natriýniň köp mukdarda bolmagy sebäpli artykmaç kabul edilen pomidor şiresi bedene zyýan ýetirip bilýär.