altyyeva
07.11.2023 00:09

Gögiň ýüzi birzatdan-a nägile,

Gyş-da garalyp dur minnetin satyp.

Bulutlar hasratdan eňreýä göýä,

Ýere kä gar sepip, käte buz sepip.


Bu görnüşi synlap diÿýdi bir goja :

- Gyş aňzagy, gary bilen tanalar.

Gyş kimin gyňyr bol, ýaz ýaly ýumşak,

Her kimiŋ ömründen bir gylyk galar.


Geň däldir harasat, apy-tupanlar,

Gyşyň öz häsiýeti özüne mahsus.

Bir gyşa, bur ýaza meňzejek bolman,

Herkimiň öz häsiýeti bolsun özüne mahsus.


Allamyrat Sazakow

20
54
sazsoft
13 Dekabr 2023
"Öz häsiýetiň bolsun özüne mahsus" bolmaly iň soňky setir :))
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.