Yhlasb
20.07.2020 14:08
Uzak gün ol hakda pikirlenersiñ, näme edýärkä?!
Boşaşan wagtyñ jañ etmek üçin telefony eliñe alarsyñ,jañ etseñ öçükdir. Pikiriñde-oýuñda şodur diñe. Aýtjak sözleriñi her hili edip pikirlenersiñ, aýdyp bilmersiñ. Özüñe gaharyñ geler ,, Şo pursat näme üçin aýtmadymkam?!"
Nädibem bolsa gabat gelmek üçin öýlerine golaý ýerlere köp bararsyñ, ýene netije ýok, ýene kellede pikir. Ýatmakañam oýaly-ukuly telefondadyr ünsüñ: ,, SMS-lerime jogap bermezmikä?! " Tanyşlaryñdan soraşdyrarsyñ, gören bar bolsa habarlaşmagyny tabşyrarsyñ. Telefonuny öçürip senden gaçyp gezse-de algy algy bolýada, 2 mln pul az pul däl, soramasañ, gözlemeseñ özüñe kyn.?
10
1 511
Yhlasb
20.07.2020 00:43
Özüñize iñ köp berýän soragyñyz haýsy?
4
994
Yhlasb
18.07.2020 22:15
Kerim Hally Ýaşulynyñ oýlanmasyndan
( ýarym degişme).

Kä oýnaklap ynjydamda ýüregni ,
Gözlerinden ajy göz ýaş guýardy .
"Aglama" diýp sypanymda ýañagny .
"Çigit ýaljak göwnüm bardyr ... " diýerdi.

Gyz kalby-da ... näzijekdi mähremdi,
Gyzyl , elwan bägülleri söýerdi .
Ýatdan çykyp, gülsüz barsam ýanyna,
"Çigit ýaljak göwnüm bardyr ..." diýerdi.

Şokoladdy şol döwüriñ modasy.
Dok bolsa - da iküçisin iýerdi.
Duşuşukda şol çykmasa jübiden,
"Çigit ýaljak göwnüm bardyr ..." diýerdi.

Hamylalyk gynaýarka işdäsin,
Süýji ukudan müñ bir gezek oýardy .
"Ýat! Irden guş süýdün tapjak " diýemde ,
"Çigit ýaljak göwnüm bardyr ..." diýerdi .

Çeper däldi eli kän bir biş - düşe,
Iñ datly tagamnyñ teýi köýerdi.
Duzly çorba dadyp bürşende ýüzüm ,
"Çigit ýaljak gownüm bardyr ... " diýerdi .

Sähel ýeri ýyrtylsa-da eşikleñ ,
Ony men däl , egnagajym geýerdi.
"Haçan tikin öwrenerkäñ ? " diýemde ,
" Çigit ýaljak göwnüm bardyr ... " diýerdi .

Aç bolsagam , ýyrtyk köýnek geýsegem,
Bir Wepaly ýara eýe ýigitdik .
Şoñ çigitdek göwnün ýykmajak bolup ,
Şemal ýaly şuwlap gitdi ýigitlik .

Ýykylsamam şonly geçen ömrümde ,
Ýeke gezek onuñ göwnün ýykmadym .
Şoña görä çigit yaljak göwünden ,
Aldym dünýä ýaly mähir hikmetin.
10
687
Yhlasb
Yhlasb
17.07.2020 12:13
Ähliñize salam dostlar bu gün size meşhur teorik-fizik, astrofizik, kosmolog ýazyjy Stephen Hawking barada gysgaça gürrüñ bermekçi. Stephen Hawking barada esasan hem durup geçmek isleýän zadym onda
Yhlasb
16.07.2020 22:43
Bir iñils uriwensitetinde giçilern bagalra gröe süzöñ hyrapalyrny nilähi natobda guýalsoda ikjinli we syñko hyrplarynyñ ýirende bomlasy
ogmakamyz üiçn ýeretlikdir. Säbebi sezlöri arysynadky harpalra gröä deldä bir bitülnigine akoýarys.
Düşünip bildiñizmi?

Düşünmedikler üçin
Bir iñlis uniwersitetinde geçirilen barlaga görä sözüñ harplarynyñ nähili nobatda goýulsa-da ilkinji we soñky harplarynyñ ýerinde bolmasy okamagymyz üçin ýeterlikdir.Sebäbi sözleri arasyndaky harplara görä dälde bir bütinligine okaýarys.
Şeýle postlaryñ dowamy üçin like basmagy we teswir ýazmagy unutmañ.
6
448
Yhlasb
Yhlasb
15.07.2020 00:19
Salam dostlar bu gün size ýalan sözlemek barada maglumat bermekçi. Gözleglere görä her adam günde iñ az üç gezek ýalan sözleýär. Ýalan sözlemegi käbir adamlar käbir ýagdaýlarda beýlekileriñ ünsüni
Yhlasb
14.07.2020 07:00
Mitomaniýa-bu adamyñ öz sözlän ýalanyna ynanma hassalygydyr.Şeýle adamlar ýalñyşynyñ üstüni örtmek üçin ýalana ýüz urýarlar we bellibir wagtdan soñ aýdan ýalan geplerine özleri hem ynanmaga başlaýarlar.

Ýalan sözlemek barada giñişleýin paýlaşmagymy isleseñiz teswir ýazyñ we like basyñ! Eger isleýänler bar bolsa giñişleýin paýlaşmakçy.
13
990
Yhlasb
13.07.2020 04:36
Men bir zada düşünemok näme üçin diliñi bilmän dişläniñde agyrtýar a näme üçin bilgeşleýin dişleseñ agyrtmaýar?

Ýene bir zada düşünemok sen näme üçin şuwagt diliñi dişlediñ???
0
17
1 745
Yhlasb
12.07.2020 00:09
Salam dostlar bu gün siziñ bilen ýene bir logiki sorag paýlaşmakçy. Şeýle postlaryñ dowamy üçin like basmagy unutmañ!

Sorag şeýle: 2 sany ýüp bar we her biri dogry 1 sagatda ýanyp gutarýar. Şolaryñ kömegi bilen 45 minut ölçemeli.
0
24
2 005
Yhlasb
11.07.2020 07:18
Kim bilmeşek.
Üç sany dost myhmanhana barýar. Dolandyryjydan bir gije üçin näçe diýip soraýarlar . Ol hem 30 $ diýýär. Hersi 10 $ berýärler. Otaga ýerleşip durkalar dolandyyryjy bu gün arzanladyş eken 25 $ diýýär we 5 $ getirýär. Oglanlardan biri hem muny biz deñ paýlaşyp bilmeris 2 $ siz alyñ diýip oña berýär galan 3 $ bolsa hersi 1 $ dan paýlaşýarlar. Başda 10 $ berdiler birinem yzyna aldylar 9$ berdikleri bolýa. 9-y 3-e köpeltseñ 27 dolandyryja berilen 2 $ goýsañam 29 $ , bir dollar nirede?
18
1 754