Kerim Hally Ýaşulynyñ oýlanmasyndan
( ýarym degişme).
Kä oýnaklap ynjydamda ýüregni ,
Gözlerinden ajy göz ýaş guýardy .
"Aglama" diýp sypanymda ýañagny .
"Çigit ýaljak göwnüm bardyr ... " diýerdi.
Gyz kalby-da ... näzijekdi mähremdi,
Gyzyl , elwan bägülleri söýerdi .
Ýatdan çykyp, gülsüz barsam ýanyna,
"Çigit ýaljak göwnüm bardyr ..." diýerdi.
Şokoladdy şol döwüriñ modasy.
Dok bolsa - da iküçisin iýerdi.
Duşuşukda şol çykmasa jübiden,
"Çigit ýaljak göwnüm bardyr ..." diýerdi.
Hamylalyk gynaýarka işdäsin,
Süýji ukudan müñ bir gezek oýardy .
"Ýat! Irden guş süýdün tapjak " diýemde ,
"Çigit ýaljak göwnüm bardyr ..." diýerdi .
Çeper däldi eli kän bir biş - düşe,
Iñ datly tagamnyñ teýi köýerdi.
Duzly çorba dadyp bürşende ýüzüm ,
"Çigit ýaljak gownüm bardyr ... " diýerdi .
Sähel ýeri ýyrtylsa-da eşikleñ ,
Ony men däl , egnagajym geýerdi.
"Haçan tikin öwrenerkäñ ? " diýemde ,
" Çigit ýaljak göwnüm bardyr ... " diýerdi .
Aç bolsagam , ýyrtyk köýnek geýsegem,
Bir Wepaly ýara eýe ýigitdik .
Şoñ çigitdek göwnün ýykmajak bolup ,
Şemal ýaly şuwlap gitdi ýigitlik .
Ýykylsamam şonly geçen ömrümde ,
Ýeke gezek onuñ göwnün ýykmadym .
Şoña görä çigit yaljak göwünden ,
Aldym dünýä ýaly mähir hikmetin.