Ähliñize salam dostlar bu gün size meşhur teorik-fizik, astrofizik, kosmolog , ýazyjy Stephen Hawking barada gysgaça gürrüñ bermekçi. Stephen Hawking barada esasan hem durup geçmek isleýän zadym onda fizikadan başga hem öwrenip biljek zatlarymyz.
Stephen Hawking 1942-nji ýylyñ 8-nji ýanwarynda Oksfordda dugulýar.Artykmaç zat ýazyp durmakçy hem däl barybir maşgalasy barada internetden gyzyklanyp tapyp bilersiñiz. Stephen Hawking gysgaça aýtsak bu dünýä düşünmäge çalyşdy Einstein-iñ dowam etdirip bilmedik işlerini hem dowam etdirmäge çalyşdy. Umuman hem fizika, astranomiýa we beýleki ugurlara ýeterlik derejede goşandyny goşan bir ynsandy. 2018-nji ýylyñ 14-nji martynda aradan çykdy. Stephen Hawking-iñ durmuşunda maña iñ ylham beriji zatlardan biri 21 ýaşynda bir hassalygynyñ boldygyny bilýär amyotrophic lateral sclerosis (боковой амиотрофический склероз ). Bu beýni öýjükleri ýagny neýronlar bilen bagly bolsa hem adamyñ hereketini, gürlemegini, hat-da dem almasyny hem kynlaşdyrmaga başlaýar. Şeýlelikde oña 2 ýyl ýaşajagyny aýtýarlar.Ýöne ol şonda-da umytdan düşmeýär lukmandan bolsa ,,beýnime özüm erk edip bilerinmi?'' diýip soraýar. Galan ömrüni maýyp arabasynda geçirmeli bolýar. Soñra onuñ keseli biraz haýallamaga başlaýar we ol hem her bir güni sowgat hökmünde kabul edýär. Kembrij (Cambridge) uniwersitetinde işleýär we birnäçe fiziki kanunlaryñ üstüni ýetirmäge çalyşýar.
Stephen Hawking-iñ esasy öwrenmäge çalyşan zady hem gara delikler (чёрная дыра) bolupdyr. Bu 1916-njy ýylda Einstein-iñ orta goýan teoriýasydyr. Ýeri gelende aýtsak gynansakda gara delikleriñ hakykatdan bar boldugyny Stephen Hawking görüp bilmedi wagtynda gara delikler barada birnäçe teoriýalary orta atypdy. Gara delikleriñ hakykatdan hem bardygy 2019-njy ýylyñ 10-njy aprelinde bilindi. Ýüz ýyl öñ aýdylan teoriýa hakykat bolup çykdy.
Sizi bilmerin ýöne Stephen Hawking durmuşda maña köp zat öwretdi. Sesi bolmasada bütin dünýä özüni eşitdirip bilýärdi. Agyzlaryny gymyldatmagy başarmasada gülmegi we güldürmegi başaran bir ynsandy. Postumy hem şonuñ aýdan sözleriniñ biri bilen jemlemekçi ,,Durmuş näçe kyn görünse görünsin, edip biljegiñ, başaryp biljegiñ zat hökman bardyr. Diñe boýun egmezligiñe baglydyr "
Ýene şeýle postlaryñ dowamy üçin like basmagy unutmañ!