Yhlasb
15.07.2020 00:19
Salam dostlar bu gün size ýalan sözlemek barada maglumat bermekçi.

Gözleglere görä her adam günde iñ az üç gezek ýalan sözleýär. Ýalan sözlemegi käbir adamlar käbir ýagdaýlarda beýlekileriñ ünsüni çekmek üçin ýalan sözleýärler, ýagny etmedik zatlaryny men etdim, men gitdim diýip başga adamlaryñ gözünde öz şahsyýetlerini bezeýärler. Kiçiräk mysal käbir adamlar meşhur ýyldyzlary , adamlary tanaýaryn diýip siziñ ünsüñizi özüne çekmäge çalyşýarlar bu adamlara pseudelogia fantastika diýip at berýärler.

Çaga psihology Jean Piaget ,,Ýalan sözlemek adaty tebigy tendensiýa '' diýýär. Ýalan sözlemek diñe bir adamlaryñ tebigatynda däl-de eýsem haýwanlarda hem görülýär. Meselem Koko atly bir gorilla müñden köp alamat dilini bilýärdi , we 2 müñe ýakyn iñlis dilindäki sözlere düşünýärdi. Günlerde bir gün özüne pişik sowgat etmelerini isleýär, oņa aýdan sowgadyny alyp berýärler we gorilla bilen pişik dost bolýar. Bir gün diwardaky ýüz ýuwýan gaby döwüp, pişigiñ üstüne atýar, ýagny gorilla adama ýalan sözleýär.

Biz çagalygymyzdan ýalan sözlemegi öwrenýäris we wagtyñ geçmegi bilen ýalanlar hem biz bilen ulalýar. Ýalan geplemek tebigy bir zat bolsa hem eger öz sözlän ýalanyñyza ynanyp başlasañyz bu artyk meseläñiziñ bardygyny görkezýär. Günorta California uniwersitetiniñ gözleglerine göra köplenç ýalan sözleýän adamlarda beýnisiniñ gurluş taýdan näsazlygynyñ ilkinji subutnamasyny tapdyk diýdiler.Bu gözlegde gatnaşan adamlary psihologiki soraglardan we synaglardan soñ 3 topara aýyrýarlar
1) ýalany gaýtalanýan
2) Jemgyýetçilik şahsyýetiniñ alamatlarynyñ bozuklyk alamatlaryny görkezýän, ýöne patologiki ýalançy däl.
3) Adaty gözegçilik edilýänler
Soñra bolsa toparlaryñ arasyndaky beýnileriñ gurluş tapawudyny öwrenmek üçin tamografiýa (tomography) edilýär. Netijede ýalan sözleýän adamlaryñ beýlekilere garanyñda beýnilerinde ak maddasy köp we çal maddasy bolsa azyrak bolýar.

Aslynda ýalan geplemek beýniñiziñ başgalaryna zyýan bermekden gorkysyny peseldýär, bu bolsa siziñ bähbidiñize ýalan sözlemegi ep-esli ýeñilleşdirýär.Ýakynlaryñyza ýalan sözlemek bilen üýtgeşik zat bolman hem biler ýöne jemgyýete ýalan sözleýän adamlary barlamak üçin her hili ýollary barlap görýärdiler. Mysal üçin gadym döwürlerde Hindistanda şübhelini garañky otaga salyp eşegiñ guýrugyndan çekdirýärdiler. Eger eşek aññyrsa onda şübheli günäkär bolýardy. Elbetde daşyndan gülkünç görünip biler :)

Afrikanyñ bir taýpasynda ýoldaşyna biwepalyk eden aýaly anyklamak üçin aksakallardan biri gyzyp duran demire 3 gezek dilini degirdipdirler. Eger dili köýen bolsa biwepalyk köýmedik bolsa wepaly diýip pikir edipdirler.

Bular öñki döwürde ýalany bilmek üçin ulanylan bolsa häzirki döwürde poligraf ulanýarlar.Bu apparat barlanýan adamyñ dem alyş parametrlerini ýürek gan aýlanyş işjeñligini barlap ýalan gepläp geplemedigini subut edýär. Ýöne bu apparaty hem aldap bilýänleri bar. Olaryñ biri Gary Ridgway 50-ä ýakyn adamyñ janyna kast edipdi we bu apparady añsatlyk bilen aldamagy başardy. Bu apparat hem 2 adamdan bir adamda ýalñyşyp bilýändir, şol sebäpli köp döwletler bu apparaty ulanmaýarlar.

Ýalan öñ bardy, häzir hem bar we mundan soñam bolar muña mysal taryhda birnäçe ýalanlar boldy özüñ hem ýalan sözleýärsiñ başgalarynyñ göwnüne degmejek bolup, özüñi gorajak bolup ýa-da käwagt tankytdan (kritikadan) gaçmak üçin- bulara ak ýalan diýilýär. Umumy sözlenilýän ýalanlaryñ 100-de 82-si gynansakda bilinmeýär ýa-da subut edilmeýär. Adamlar bilen gatnaşyklarda iñ köp ýalan sözleýän ýerimiz bolsa telefonda gürleşdigimizdedir. Ikinji bolsa ýüz-ýüze gürleşdigimizde ýalan sözleýäris.

Halan bolsañyz like basyñ. Teswirlerde hem bu tema bilen bagly şahsy pikirleriñizi ýazyp bilersiñiz. Geliñ özümizde bir barlag geçireliñ uzynly günüñ dowamynda ýalan sözlemän gezmäge çalyşalyñ. Daşyndan görnüşi ýaly gaty bir añsat hem däl kim başarýa kim başaranok. Men ýalan sözlemän gezdi diýip ýalan sözlemek ýokdur ýöne . Bütin gün hiç hili ýalan sözlemän gezip bilen bolsañyz teswirde ýazyp bilersiñiz!
23
1 996
Myhman Myhman
16 Iýul 2020
8 a gowy bilyan daway yarysyp goeeli
Ylham.G
16 Iýul 2020
9 algebra
Myhman Myhman
15 Iýul 2020
Nahili mysal yaz bizem islali

Geleyinmi gideyin
Yhlasb
15 Iýul 2020
Howa
Ylham.G
15 Iýul 2020
Mysal islap otyryn. Haysy kitapdandygynam aydayynmy
Yhlasb
15 Iýul 2020
Uly soraglara gysgaca jogaplar
Myhman Myhman
15 Iýul 2020
Kitabyn adynyn terjimesini aytmasan mna rusca nol
Yhlasb
15 Iýul 2020
Rusca ,, краткие ответы на большие вопросы"

Turkmenca gecirsen uly soraglara gysga jogaplar bolya
Myhman Myhman
15 Iýul 2020
Bah ai bizar diysemem boljak . nm kitap.Ylham G yatdynmai
Yhlasb
15 Iýul 2020
Yokla kitapsyz gunum gecenoga owrensipdirin
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.