Uzak gün ol hakda pikirlenersiñ, näme edýärkä?!
Boşaşan wagtyñ jañ etmek üçin telefony eliñe alarsyñ,jañ etseñ öçükdir. Pikiriñde-oýuñda şodur diñe. Aýtjak sözleriñi her hili edip pikirlenersiñ, aýdyp bilmersiñ. Özüñe gaharyñ geler ,, Şo pursat näme üçin aýtmadymkam?!"
Nädibem bolsa gabat gelmek üçin öýlerine golaý ýerlere köp bararsyñ, ýene netije ýok, ýene kellede pikir. Ýatmakañam oýaly-ukuly telefondadyr ünsüñ: ,, SMS-lerime jogap bermezmikä?! " Tanyşlaryñdan soraşdyrarsyñ, gören bar bolsa habarlaşmagyny tabşyrarsyñ. Telefonuny öçürip senden gaçyp gezse-de algy algy bolýada, 2 mln pul az pul däl, soramasañ, gözlemeseñ özüñe kyn.?